07:37 Ysraýylyñ sary sygyrlary | |
YSRAÝYLYÑ SARY SYGYRLARY
Publisistika
Surat: Fruugo Ysraýyl terror döwleti diñe halkara etika görä däl, şol bir wagtyñ özünde häzirki iudeý ynanjyna görä-de doly bikanundyr. Iudeý ynanjynda kanuny Ysraýyl döwletiniñ gurulmagy üçin Mesihiñ gelmegi, Mesjidi-Aksanyñ doly ýumrulyp, ýerine Süleýman pygamberiñ ybadathanasynyñ gurulmagy, Armageddon uruşlarynyñ turmagy ýaly birnäçe haý-haýly wakalar bolup geçmeli. Geçmişde bu prosesi çaltlandyrmak üçin wagtal-wagtal Sebataý Sewi ýaly ýalançy Mesihler orta çykanam bolsa, netijesiz tamamlandy. Şeýle-de bolsa, 1847-nji ýylyñ Bazel konferensiýasynyñ netijesinde Teodor Gersliñ yglan eden sionist topary şu maksady durmuşa geçirmek üçin guruldy. Sionizm prosesiñ tebigy akymyna garaşmakdan ýüz öwrüp tizleşdirmek, özlerine wada berilendigini aýdýan ýerleriñ üstünde (Nil derýasyndan Ýewfrat derýasyna çenli aralykda) Beýik Ysraýyl döwletini gurmak üçin agzalan senede herekete geçdi. Birinji sionist kongresinden soñ Teodor Gersl bu ýagdaýy "Bazelde jöhit döwletini gurdum, eger häzir muny aýtsam, hemmeler meniñ üstümden güler. Belkäm bäş ýylda, ýöne gürrüñsiz elli ýylyñ dowamynda hemmeler bu hakykaty görerler" diýip, ýazuw üsti bilen yglan etdi. Şeýle-de, Gersl "Birinji elli ýylda Ysraýyl döwleti, ikinji elli ýylda bolsa beýik Ysraýyl döwletini gurup, "Arzy-Mewudy" amala aşyrjakdyklaryny" sözüniñ üstüne goşdy. Şol maksada laýyklykda, 1997-nji ýylda ýüzünji ýylyny doldurandygyna garamazdan, Palestinadan çykyp Müsüriñ, Siriýanyñ üstünden Ýewfrata baryp ýetme prosesini başladyp bilmedik sionistik Ysraýyl gijä galandygynyñ gahary bilen gözüne gan öýen psihopatlyk görkezmäge başlady. Bilnişi ýaly, 1948-nji ýylda iñlis basybalyjylarynyñ ýaraglarynyñ saýasynda gurulan terror döwleti netijesinde halkara kadalara laýyklykda 45 kilometr meýdany tutýan Gaza sektory Müsüriñ, Gündogar Ierusalim we Günbatar Şeria bolsa Iordaniýanyñ gözegçiligine geçdi. Ysraýyl palestin göreşiniñ harby-syýasy ýüregi hasaplaýan Gazäniñ goranyşyny döwmek üçin 2007-nji ýylda daş-töweregini haýatlar bilen örüp, daşky dünýäden mahrum etdi. Şeýdip daşky dünýä bilen gatnaşygy kesip bilerin öýdüp, hamana dem aldyrman ölüme itermek isledi. Emma bu gorkunç blokada palestin halkyny dyza çökeril bilmeýşi ýaly, gaza halky gazan tunnelleri arkaly daşky dünýä bilen gatnaşyklaryny (juda kyn şertlerde-de bolsa) dowam etdirmegi başaryp bildiler. 2010-njy ýylda adamkärçilige sygyşmaýan bu blokadany döwmek, dünýäniñ wyždanyna eşitdirmek üçin IHH-niñ öñbaşçylygynda köp sanly halkara aktiwistiñ gatnaşan "Mawy Marmara" gämisi we onuñ bile barýan ynsanperwer kömek gämilerine halkara deñiz suwlarynda çozan Ysraýyl on adamy şehit edipdi. Aparteid režimli Ysraýyl ähli agressiwligine garamazdan, palestin goranyşyny böwsüp bilmänsoñ, bu gezek 2023-nji ýylyñ 7-nji oktýabrynda Gazä çozup, ony doly boşatmagy maksat edindi. Şeýleik bilen Birinji Nakba netijesinde Ierusalimde guran Ysraýyl terror döwleti ýaly ikinji Nakba bilenem goranyşy doly böwsüp, beýik Ysraýyl döwletini gurmagy (öñden bäri) meýilleşdirdi. Basybalyjy Ysraýyl bir ýandan Gazada genosid edip gandöküşlikleri dowam etdirýär, beýleki bir ýandanam mifiki ynançlaryñ üstünden öñe gitmegi-de ýatdan çykaranok. Mälim bolşy ýaly, Ysraýylyñ ABŞ-nyñ Tehas ştatynda ýörite ýetişdirilen sary sygyrlary Palestina getirendigi habar beriş serişdeleriniñ diline düşdi. Mifologiýa görä aýdylýan sygyrlaryñ Zeýtun dagynda gurban edilmegi, ýakylyp külleriniñ suwa garylmagy, onuñam adamlaryñ we şäheriñ üstünden sepilmegi gerek. Şeýlelik bilen ýülünip ybadathanalaryna girjeklermiş. Ýagny, "Mesjidi-Aksany" ýykyp, ýerine Süleýman ybadathanasyny gurup biljeklermiş we Mesihiñ gelmegini üpjün edip, beýik Ysraýyl döwletini gurjaklarmyş. Ysraýylyñ mifiki sary sygyrlary baradaky kyssa Gurhanda şeýle beýan edilýär: Ysraýyl ogullarynyñ arasynda jenaýat edilýär, öldürilen şahs başga biriniñ gapysyna taşlanyp, gümana sebäp bolýar. Biri-birleri bilen dawalaşyp başlan ysraýyl ogullarynyñ arasyndan akylly-başly biri çykyp, ýagdaýy Musa pygambere habar berýär. Musa aleýhyssalam ysraýyl ogullaryny jemläp, bu boýunça Hudaýdan alynan wahyny aýdyp, "Rebbimiz size sygyr kesmegiñizi buýurýar" diýýär. Ysraýyl ogullary buýrugy ýerine ýetirmeýişleri ýaly Musa pygambere "Sen biziñ bilen oýun edýärsiñmi?" diýip dyzarylyşýarlar. Musa pygamber (a.s): "Men jahyllardan bolmakdan Allaha sygynýaryn" diýip, buýrugy gaýtalaýar. Emma ysraýyl ogullary işi kynlaşdyrmak üçin "Rebbiñ onuñ nähili görnüşde bolmalydygyny aýtsyn" diýýärler. Hezreti Musa "Bakara" süresiniñ 67-71-nji aýatlarynda aýdylyşy ýaly düşündirýär. "Rebbim buýurdy, ol ne-hä garry, ne-de ýaş, ikisiniñ aralygynda bolmaly, derrew bu buýrugy ýerine ýetiriñ". Ysraýyl ogullary ýene hoşnutsyz ýagdaýda: "Rebbiñden sora, onuñ reñki nähili bolmaly?" diýýärler. Musa pygamber (a.s) "Rebbim buýurdy, ol seredenleriñ gözlerini gamaşdyrjak sary reñkli sygyrdyr" diýýär. Ysraýyl ogullary ýene nägilelik bildirip: "Bu bize örän bulaşyk göründi, Rebbiñden sora, bize gowy düşündirsin" diýýärler. Musa pygamber "Rebbim buýurdy, ol ne-hä jübüt mala goşulyp ýer süren, ne-de peýwagtyna gezen we reñkinde-de ýeke menegi bolmadyk sygyrdyr" diýýär. Ahyrynda islemeselerem, ol sygyry tapyp kesýärler. Gurban edilen sygyryñ bir bölegi bilen öldürilen adama urulýar welin, adam direlip, ganhorynyñ kimdigini aýdýar we şeýlelikde goh-galmagal ýatyşýar. "Bakara" süresiniñ 72-73-nji aýatlarynda "Hany bir adamy öldürip, onuñ üçin biri-biriñiz bilen dawalaşypdyñyz, şonda-da gizleýän zadyñyzy orta çykardyk. Hany, indi öldürilen adama kesilen sygyryñ parçasy bilen uruñ diýdik, şeýlelikde Alla ölüleri direldþär we düşünersiñiz diýip mugjyzalar görkezýär" diýilýär. Elbetde, gürrüñi geçen temanyñ jöhit çeşmelerindäki beýan edilişi has tapawutly. Sary sygyr gurban etmegi "günäleriniñ kefareti we ýülünme" hasaplaýan iudeý garaýşy umuman şular ýalydyr: "Rebbiñ mülk edinmek üçin saña beren ýurdunda kim tarapyndan urulandygy belli däl öldürilen adam tapsa, şonda seniñ garrylaryñ we häkimleriñ çykyp, öldürilen adamyñ töweregindäki şäherlere uzaklygyny ölçärler we bir zada göz ýetirerler: öldürilen adama iñ ýakyn ýerdäki şäheriñ garrylary sygyrlardan, işledilmedik we boýunturyk urulmadyk ýaş sygyr alarlar we şäheriñ garrylary sygyry sürülmedik, ekilmedik ýer bolan suwly derä äkiderler, ol ýerde sygryñ boýnuny oñrarlar. Hem Lewi ogullary, ruhanylar ýakynlaşarlar, çünki Hudaýyñ Reb özüne hyzmat etmek üçin we Rebbiñ ady bilen mübärek kylmak üçin olary saýlady, her dawada we her döwüşde olaryñ sözüne görä bolar. Şol şäheriñ hemme garrylary, öldürilen adama iñ ýakyn dursnlar derede boýny oñrulan sygyryñ üstünde ellerini ýuwarlar we jogap berip şeýle diýerler: "Ellerimiz bu gany dökmedi we gözlerimiz ony görmedi". Halas eden kowmuñ Ysraýyla bagyşla, ýa Reb, kowmuñ Ysraýylyñ arasynda günäsiz gan goýma. Gan olara bagyşlanýandyr. Rebbiñ gözünde dogry bolany eden wagtyñda günäsiz gany arañyzdan aýyrýandyr". ("Tesniýe": 21: 1-9) Giñ mazmuna eýe bu temanyñ gysgaça mazmunyny "Hamasyñ" metbugat wekilleriniñ biri ýeke sözde şeýle düşündirdi: "Munuñ özi bir jemgyýetiñ arap kimliginiñ we pygamberiniñ ýoluna hüjüm etmek maksady bilen gurlan tisgindiriji dini mifologiýanyñ berjaý edilişidir". Musa pygamberiñ döwründe ysraýyl ogullarynyñ birem "altyn sygyr" kyssasy bar, bu barada indiki ýazgymyzda durup geçeris. Aýşe MÜZEÝÝEN TAŞÇY, pedagog, ýazyjy. Duşenbe, 22.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |