10:54 Ýylgyryñ!.. | |
ÝYLGYRYÑ!
Degişmeler
Mugallym okuwçydan soraýar: - Goýundan biz näme alýarys? Okuwçy: - Ýüñ alýarys! - A ýüñden näme edýäris? - Bilemok! - Aýdaly, seniñ penjegiñ nämeden edilen? - Kakamyñ köne penjeginden.. * * * Talyplara leksiýa berip duran professor talyplaryñ birine ýüzlenýär: - Gapdalyñda uklap ýatan ýigidi oýar! Talyp oña şeýle jogap berýär: - Ony siz özüñiz uklamaga mejbur etdiñiz ahyry! * * * Dişi agyrýan diş doktoryna ýüzlenýär: - Bir diş sogranyñyz üçin 10 müñ manat soraýarsyñyz, doktor. Men on müñ manat üçin uzyn günläp işleýärin... Diş doktory: - Men hem, isleseñiz, bir dişiñizi uzak günüñ dowamynda sogrup bilerin. * * * - Eje, süýtli jamyña syçan gaçypdyr. - Çykaryp, zyñyp taşladyñ dälmi? - Ýok-la, men onuñ içine pişigi goýberäýdim. * * * Iki boýdaş ýoluñ gyrasynda durup, özleriniñ maşgala ýagdaýlary barada gürrüñ edýärler: - Men ärim bilen sögüşjek bolanymda, çagalary daşaryk oýnamaga iberýän. - Dogrudyr, jora jan, seniñ bu eýjejik çagalaryñ ýüzlerine seretseñem, olaryñ tiz-tizden daşaryñ arassa howasynda bolýandygy bildirip dur. * * * - Başlyk, meni bölüm müdiri ogşady. - Ýoldaş Näzliýewa, men her näçe gynanýan bolsamam, biziñ edaramyzyñ ululygy sebäpli ähli zada bir özümiñ ýetişip bilmeýänligime siziñ düşünmegiñizi haýyş edýärin. * * * - Dost jan, işden soñ oýna gidelimi? - Sag bol gardaş, Hudaýa şükür, her gün öýde mugt oýun görkezip durlar. * * * - Gyzym, ýöne özüñe timar berip otyrsyñ. Öýüñem arassalygyna seredäýmeli ahyry! - Wiý, ejemi, ýigitler öýi däl-de, gyzy synlaýarlar ahyry! * * * - Tüweleme, soñky wagtlar etiñe-ganyña gelip ugrapsyñ? - Indi bir aý bäri aýalymyñ bokurdagy agyrýar-da! * * * Bir işigaýdany it dalapdyr. Göwnüne güman gidibem, özüni barlatmak üçin doktoryñ huzuryna barypdyr. - Ýagdaýyñ öwerlik däl - diýip, wraç gönüsinden gelipdir. - Sizi guduzlan it dişläpdir. Işigaýdanyñ tüýsi üýtgäpdir. Birdenem ol tapyr-tupur ýerinden turup, stoluñ başyna geçipdir-de, bir tagta kagyz alyp, ýazyp ugrapdyr. - Halys dowla düşüp oturman, men sizi aýaga galar ýaly ederin. Şonuñ üçinem wesýetnama ýazyp, azara galyp oturmañ - diýip, wraç ony köşeşdiripdir. - Ýok-la, men wesýetnama ýazamok-da, siz meni bejermäge girişmezden öñürti özümiñ "dişlemeli" adamlarymyñ spisogyny düzýän - diýip, ol göwnühoş dillenipdir. * * * Ussa ep-esli wagtlap maşynyñ aşagynda agyp-dönüp, ahyry daşyna çykypdyr-da, onuñ eýesine şeýle diýipdir: - Näme diýseñizläñ, eger maşyñyz eşek bolan bolsady, onda size satmagy maslahat bererdim. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||