13:00 Zakaspi teatral sungaty taryhyndan | |
ZAKASPI TEATRAL SUNGATY TARYHYNDAN
Teatr we kino sungaty
(1919-1920-nji ýyllar) Beýik Oktýabr Sosilaistik rewolýusiýasynyň ýeňip üstün çykmagy we proletar diktaturasynyň berkarar edilmegi Günogarda Orta Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň hojalyk, syýasy, medeni yzagalaklygyny düýpgöter ýok etmek üçin ähli mümkinçilikleri döretdi. Eýýäm 1919-njy ýyllardan başlap, Zakaspi oblastynda medeni özgerişlikler hem kem-kemdern amala aşyrylyp başlandy. Zakaspi oblastynda hereket edýän Gyzyl Goşun bölümleri ýurduň içinden daşary ýurt duşmanlaryny kowup çykarmak, rewolýusiýanyň gazanan üstünliklerini gorap saklamak bilen birilikde medeni çäreler hem geçirýärdi. Zakaspi oblastyndaky goşun bölüminiň ýanynda çeper höwesjeňler kružoklarynyň esasynda dörän drama studiýasy öz döwründe uly medeni-syýasy çäreleri geçirdi. Bu drama studiýasy goşun bölümleriniň duşmana gazaply göreş alyp barýan günlerinde goşunklary täze ýeňişlere ruhlandyrmak üçin konsertler, pýesalar görkezýärdi. Studiýanyň repertuarynda “Şpion”, “Başganyň toýunda pýançylyk”, “Düýpde” diýen ýaly pýesalar bardy. Gyzyl Goşunyň bu drama studiýasy oba ýerlerinde kiçijik çeper höwesjeňler kružoklaryny döretmekde hem uly rol oýnady. Goşun drama studiýasynyň guramaçylyk we syýasy kömek bermegi netijesinde ýerlerde dörän çeper höwesjeňler kružoklary 1919-njy ýyllardan başlap pýesalar görkezip başladylar. Çeper höwesjeňler kružoklarynyň güýji bilen 1919-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Maryda A.N.Ostrowskiniň “Zähmet çöregi” diýen pýesasy, 9-njy noýabrda bolsa “Bigünä günäkärler” diýen pýesasy görkezildi. Şunuň ýaly medeni çäreler geçirmeklik türkmen halkynyň arasynda, feodal-patriarhal galyndylaryň berk saklanyp galan ýerinde has hem zerurdy. M.W.Frunze bu hakda şeýle diýipdi: “Häzir biziň wezipämiz Gyzyl Goşunyň wezipesi, Türküstan we Zakaspi oblastynyň halklaryna, size – türkmen halkyna özüňiziň hojalgyňyzy, medeniýetiňizi ösdürmäge, türkmen halkyna täze düzügüniň, täze sowet gurluşynyň eşretini duýmaga mümkinçilik bermekdir”. Dogrudan hem goşun bölümleriniň ýanyndaky drama studiýasy ýerli halklaryň syýasy aňlylygyny ýokary götermekde uly rol oýnady. 1920-nji ýylyň başlarynda Aşgabatda musulman truppasy döredildi. Musulman truppasy özüniň ilki dörän günlerinden başlap, rewolýusion oýunlary görkezip başlady. 1920-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Aşgabatda “Gündogary azat etmek ugrunda göreş” atluy spektakly görkezdi. Musulman truppasynyň sostawynda ýerli milletden aýal artistler ýokdy. Sebäbi, şerigatyň kanunyna görä, aýallara erkekleriň üýşen ýerine barmak gadagandy. Aýal-gyzlardan kadrlar ýetmezçilik edeni üçin sahnalarda aýallaryň roluny islese-islemese erkekler ýerine ýetirmeli bolýardylar. Ine, şonuň üçinem musulman truppasy aýal-gyzlaryň durmuşyna degişli ýörite spektakllar goýýardy. Munuň özi aýal-gyzlary köpçülik işine aktiw çekmekde, olaryň medeni we syýasy düşünjelerini artdyrmakda uly terbiýeçilik ähmiýete eýe boldy. 1919-njy ýylyň ahyrynda Aşgabatda Türkmenistan halk magaryf komissariaty tarapyndan Proletar konserwatoriýasy açyldy. Proletar konserwatoriýasy özüniň ilki dörän günlerinde uly kynçylyklara we ýetmezçiliklere duş geldi. Çünki, bu döwürde saz gurallary, pedagoglar we sungata degişli başga-da köp esbaplar ýetmezçilik edýärdi. Emma muňa garamazdan, Proletar konserwatoriýasy özüniň ösüş ýolundady. 1920-nji ýylyň ahyrynda konserwatoriýa öz ýanynda döwlet horuny döretdi. Zakaspi oblastynyň zähmetkeşleri üçin indi teatrlaryň gapylary giňden açylypdy. 1920-nji ýylyň ortalarynda Gyzyl Goşunyň syýasy bölümi täze ukrain drama studiýasyny döretdi, ol studiýa hem Aşgabat şäherinde ýerleşýärdi. Teatrlar aktual temalardan bolan täze programmalar bilen çykyş edip, buržuaz mazmunly programmalary gysyp çykarýardylar. Teatrlaryň repertuarlarynda günbatar-ýewropa we rus klassyklarynyň eserlerini hem görmek bolýardy. Dikeldiş döwründe teatrlar zähmetkeş köpçüligi arasynda uruş zerarly weýran bolan halk hojalygyny dikeltmek meselesini propogandirleýärdi we açlykdan horlanýan merkezi raýonlaryň zähmetkeşleriniň haýryna oýunlar görkezýärdi. Zakaspi oblastynda ilkinji dörän kiçijik çeper höwesjeňler kružoklary we kiçi göwrümli teatrlar soňky wagtlarda Türkmenistanda uly professional teatrlaryň döremegine uly mümkinçilik berdi. Kömek ÖWEZOW, Türkmen döwlet arhiwiniň ylmy işgäri. “Edebiýat we sungat” gazeti, 06.06.1959 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |