21:38 ZEMZEM/ Ibn Battutañ "Syýahatnamasyndan" | |
ZEMZEM/ ibn BATTUTA
Ýol ýazgylary
Zemzem guýusynyñ üstine galdyrylan gümmez Hajaryl-Eswediñ garşysynda ýerleşýär. Aralary ýigrimi dört ädim. Ybraýym makamy gümmeziñ sagynda. Aralygy gaty gitse on ädim. Gümmeziñ içine ak mermer düşelipdir. Zemzem guýysy gümmeziñ aşagynda ýerleşip, Käbäniñ garşysyndaky diwara has golaý. Guýynyñ agzyna örän nepislik bilen biri-birine sepleşdirilen mermer örilipdir. Üstine-de gurşun çaýylypdyr. Onuñ aýlaw görnişli meýdanynyñ giñligi kyrk, belentligi bolsa dört ýarym garyş. Guýynyñ çuñlygy on bir gulaç bolaýmasa. Halkyñ gürriñ bermegine görä, her anna gijesi guýyñ suwy köpelýärmiş. Gümmeziñ girelgesi gündogar tarapda. Gümmeziñ içinde togalak lüle bar. Onuñ agzynyñ giñligi-de, çuñlygy-da bir garyş. Ýerden bäş garyş ýokarda dur. Onuñ içine täret üçin suw doldurulýar. Töweregine-de adamlaryñ oturyp, arkaýyn täret almaklary üçin tagta seki aýlanypdyr. Zemzem gümmeziniñ beýleräginde hezreti Abbas tarapyndan gurdyrylandygy çaklanylýan Şarab gümmezi bar. Bu gümmeziñ girelgesi demirgazyk tarapda. Häzirki döwirde bu gümmeziñ içinde "dawaryk" diýip atlandyrylýan agzy gulply hum küýzelerde zemzem suwy saklanýar. Bu küýzelerde suw sowadylyp, adamlara hödür edilýär. Mukaddes öýe degişli Gurhany Kerim we beýleki kitaplar hem şu gümmeziñ içinde saklanýar. Ol ýerdäki kitaphanada inli hem uzyn sandygyñ içinde Pygamberimiz aradan çykandan on sekiz ýyl soñ, Zeýd bin Sabit tarapyndan göçirilen Gurhany Kerimiñ nusgasy bar. Mekgeliler gytlyk ýa-da şoña meñzeş bela-beterlere duçar bolanlarynda bu nusgany çykaryp, Käbäniñ bosagasynda, soñam Ybraýym makamynda goýýarlar. Ondan soñ kellelerine hiç zat geýmän, başlary açyk ýagdaýda onuñ daşyndan aýlanýarlar-da, mynajat etmäge başlaýarlar, Haktagaladan Gurhany Kerimiñ we Ybraýymyñ makamynyñ hormatyna ýalkamagyny dileýärler. Beýik Biribar rehmet nazaryny salýança-da, Gurhany Kerimiñ daşyndan aýrylmaýarlar. Hezreti Abbasyñ saldyran gümmezinden sähel gyra sowulsañ, öñüñden Ýahudy gümmezi çykýar. Ibn Battuta, Syýahatnama. Terjime eden: Ahmet Meläýew Dünýä edebiýaty žurnaly, No4 (40) 2017ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |