04:03 Žoze Žowanni | |
ŽOZE ŽOWANNI
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Žoze Žowanni (grammatiki ýalñyşlyk sebäpli Hose Žowanni diýip tanalýar) meşhur fransuz-şweýsar ýazyjysy, kinomatografiýaçy, aktýor, ssenarist (fr. José Giovanni, hakyky ady: Josef Damiani). 1923-nji ýylyñ 22-nji iýunynda Parižde dogulýar. Ž.Žowanni Žanson-de-Saýi liseýinde we Korsikadaky Polşanyñ koroly Stanislaw Leşinskiniñ adyny göterýän "Stanislas" kolležinde okaýar. Ol güzeran üçin birnäçe agyr işlerde işleýär: günlükçilik edýär, wagon-restoranlarda gap-gaç ýuwýar, tokaýçylyk edýär, şahtada işleýär, Şamondaky restoranda ofisiant bolýar... Ikinji Jahan urşy başlanyp, Fransiýanyñ faşistik Germaniýanyñ golastyna düşmegi bilen ol fransuz watançy ýaşlarynyñ toparyna goşulýar. 1945-nji ýylda Žosef we onuñ uly erkek dogany bilelikde Pariže gelenlerinde uly bolmadyk bandanyñ daýysynyñ maşgalasyna hüjüm edip durandyklaryny görüp, olary goramaga çalyşýarlar. Gorag wagtynda Žosefiñ oky seresapsyzlyk bilen öý eýesine degýär. Netijede onuñ agasy we daýysy şol ýerde jan berýär. Netijede Žosefiñ özi banditler bilen deñ hatarda jenaýat jogapkärçiligine çekilýär. Derñew prosesi üç ýyla çekýär. 1948-nji ýylyñ 17-nji noýabrynda Žosef Damiani we Jorj Akkad ölüm jezasyna höküm edilýär. Fransiýanyñ şol wagtky Prezidenti Wensan Oriolyñ atuwa berlen tussaglaryñ jezasyny 20 ýyl zähmet-düzediş koloniýasynda geçirmekligi baradaky karary bilen çalyşmagy gelejekki ýazyjynyñ ölmän galmagyna sebäp bolýar. On bir ýylyny türmede geçiren ýazyjy 1956-njy ýylda möhletinden öñ tussaglykdan azat bolýar. 1985-nji ýylda 1945-nji ýyldaky derñew işini gaýtadan sökýär we ýazyjyny doly bigünä diýip ykrar edýär. Ýazyjy türmeden çykansoñ "Deşik" ("Le Trou") atly ilkinji romanyny ýazýar. Roman onuñ türmede başdan geçirenlerini we beýleki tussaglaryñ durmuşyny ussatlyk bilen suratlandyrýar. Ol bu eseriñ ýazylmagyna beren goldawlary üçin özüniñ aklawjysy Stiwen Ekä, ýazyjy Rože Nimýä, dünýä belli ýazyjy Alber Kamýuwa we Antuan Blondene minnetdarlyk bildirýär. Roman hiç kimiñkä meñzemeýän adaty däl stilde ýazylyp, örän güýçli naturalistik ssenasy bilen okyjylar köpçüliginiñ gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. 1958-nji ýylda "Gara tapgyr" ("Série noire") atly ostrosýužetli eserini ýazyp gutardy. Şol ýylyñ ahyryna çenli bolsa ol ýene "Hemme howpy duý" ("Classe tous risques"), «Отлучённый» ("l’Excommunié") we «Ikinji nepes» ("Le Deuxième Souffle") romanlaryny edebiýat muşdaklaryna hödürledi. Ýazyjynyñ "Gara tapgyr" romany kinomatografiýaçylaryñ ünsüne düşüp, ekranlaşdyrmagy netijesinde, polisiýa we sud organlarynyñ durmuşy baradaky tema fransuz kinomatografiýasynyñ hemişelik ýüzlenýän temasy bolup galdy. 1959-njy ýylda režissýor Žak Bekker onuñ adybir romany esasynda "Deşik"(«Дыра») kinofilmini düşürdi. Bu bolsa onuñ ençeme ýyllyk aktýorlyk, ssenaristlik we režissýorlyk karýerasynyñ başlanmagyna sebäp boldy. Ýazyjynyñ başga-da birnäçe eseri ekranlaşdyryldy we uly üstünlikler gazandy. Ýazyjy jemi alanyñda 20 roman, 2 kitaplyk memuar (ýatlamalar) we 33 ssenariýa ýazdy. Şeýle hem ol 15 kinofilme we 5 telefilme režissýorlyk etdi. Türme durmuşy onuñ eserleriniñ ählisinden eriş-argaç bolup geçýär. Ýazyjy 1969-njy ýylda aýalyny we iki çagasyny alyp Şweýsariýa göçýär we ömrüniñ soñky ýylyny Lozannada geçirýär. Meşhur ýazyjy 2004-nji ýylyñ 24-nji aprelinde kelle beýin ganamasy zerarly aradan çykýar. Ýazyjynyñ romanlarynyñ aglabasy rus diline terjime edildi we 2000-nji ýylda Russiýanyñ «Терра-Книжный Клуб» neşirýaty tarapyndan dolulygyna ýygyndy edip edebiýat muşdaklaryna hödürlendi. ROMANLARY: 1957: Le Trou («Дыра»); 1958: Le Deuxième Souffle («Второе дыхание»); 1958: Classe tous risque («Просчитай все риски»); 1958: L’Excommunié («Отлучённый»); 1959: Histoire de fou («История сумасшедшего»); 1960: Les Aventuriers («Искатели приключений»); 1960: Le Haut-Fer; 1964: Ho !; 1964: Meurtre au sommet («Убийство на вершине»); 1983: Le Ruffian («Бандит»); 1983: Le Musher; 1995: Il avait dans le cœur des jardins introuvables («У него в сердце были сады, которых никто не мог найти», премия Леото, 1995); 1995: La Mort du poisson rouge(«Смерть золотой рыбки», премия Шарля Эксбрая, 1997); 1995: Chemins fauves («Дикие дороги»); 1995: Comme un vol de vautours(«Как грифы в полете»); 1995: Le pardon du grand Nord («Прощение севера») we başgalar... | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |