09:02 Zülkefil pygamber | |
ZÜLKEFIL PYGAMBER (a.s)
Taryhy şahslar
Zülkefil pygamber. (ibrany dilinde Ezekiel). "Gurhanda" ady agzalyp geçilen 25 pygamberden biri. "Gurhanda" "Enbiýa" we "Sad" sürelerinde ondan söz açylýar. ■ Zülkefil pygamber kim bolupdyr? Zülkefiliñ pygamber däldigini aýdýanlar baram bolsa, yslam alymlarynyñ aglabasynyñ pikirine görä pygamberdir we iñ ynamly pikir-de şoldur. Aýatda ady agzalan "Zülkefil" pygamberiñ (a.s) ady däl-de lakamydyr we "Zülkefil" "nesip we kysmat eýesi" diýen manylary añladýar. Emma bu ýerde "Zülkefil" sözi onuñ bu dünýä degişli baýlygyny, derejesini däl-de, pygamberiñ ýokary ahlagyny we ahyretdäki derejesini kesgitlemek üçin ulanylypdyr. Onuñ hakyky ady hakynda birnäçe rowaýatlar we çaklamalar bar. Ýewreýler Zülkefil pygamberiñ (a.s) Ysraýyl ogullarynyñ sürgün edilen ýyllarynda Pygamber edilip ugradylan we Habur derýasynyñ ýakynlarynda bir ýerde Pygamberlik eden Herekseldigini aýdýarlar. Alymlaryñ käbiri bolsa, onuñ Eýýup pygamberiñ (a.s) özünden soñky pygamber bolan ogly Bişr bolandygyny orta atýarlar. Emma bu iki çaklama hem ylmy taýdan anyk subut edilen däldir. Şeýle-de bolsa, Zülkefiliñ Eýýup pygamberiñ ogly bolandygy we adynyñ Bişr bolandygy baradaky maglumat onuñ ýurdumyzyñ Baýramaly etrabynda ýerleşen aramgähindäki tanyşdyryş sütünine-de ýazylypdyr. "Gurhanda" Eýýup pygamberiñ (a.s) kyssasy beýan edilenden soñra pygamberleriñ käbirleri ýatlanýar we öwülýär. Ol pygamberleriñ biri hem Zülkefildir. ■ Sowukganlylyga berilen kepil Allatagalanyñ ýewreýlere ugradan pygamberlerinden biri bolan Elýesanyñ panydan bakyýete göçmeli pursaty golaýlaşanda, Alla onuñ ruhuny aljakdygy barada wahyý üsti bilen: "Mülküñi Ysraýyl ogullarynyñ arasynda daña çenli ybadat edýän, namaz okaýan, gündizlerine oraza tutýan we adamlara azgyrylman aýdanyny etdirip bilýän birine tabşyr" diýýär. Elýesa pygamber (a.s) özüne gelen bu emri halka aýan edýär. Köpçüligiñ arasyndan bir ýaş ýigit ýerinden turup: "Men muña kepil geçýän!" diýip, bu bildirilen talaplary özüniñ ýerine ýetirjekdigini aýdýar. Hezreti Elýesa (a.s) oña: "Bu kowmuñ içinde senden has ululary bar, sen oturyber" diýýär. Soñra ol gelen emirleri ýene iki gezek gaýtalaýar. Her gezegem ýene şol ýaş ýigit turýar. Üçünji gezekden soñ Elýesa pygamber ony öz oruntutary edip belleýär. Ol ýaş ýigidiñ ady Bişr ekeni. "Men kepil geçerin!" diýeni üçin oña “Zül-kefil” ("Kepil geçiji") lakamy galýar. Bişr boýnuna alan borçlaryny gylyny gymşatman ýerine ýetirip ýörkä näletsiñen Iblis ony büdretmek isleýär we ony ýalñyşdyrmak üçin her dürli hilegärlige ýüz urýar. Emma ol Iblisiñ hilelerine aldanmazdan boýnuna alan borçlaryny ýerine ýetirmegiñ hötdesinden gelipdir. Hezreti Zülkefil (a.s) gijelerine ýatman ybadat edýändigi üçin guşluk wagty azajyk uklap dynjyny alar eken. Şolar ýaly wagtda Iblis öz kömekçilerini onuñ üstüne ugradyp, pygamberi eden ähtinden dändermäge çalyşýanam bolsa, her gezekde-de şowsuzlyga uçraýarmyşyn. "Aýakçylarynyñ" iş oñarmajagyna göz ýetiren Iblisiñ hut özi onuñ üstüne gaýdýar. Hemişeki uklaýan wagtynda dynjyny almak üçin ýerine geçjek bolup durka, şeýtan gapyny kakýar. Pygamber: "Kim bu?" diýip seslenýär. Iblis: "Kemsidilen bir biçäre garry" diýip jogap berýär. Hezreti Zülkefil (a.s) gapyny açýar we “Näme meseläñ bar?” diýip soraýar. İblis aleýhyragna “Şeýle-şeýle meseläm bar. Pylany meniñ hakymy iýdi, pysmydan maña zulum etdi.." we ş.m birtopar toslama patarrakysyny otarýar. Şeýlelik bilenem pygamberiñ uklamaly möhleti geçipdi. Hezreti Zülkefil oña “Men ertir arz-şikaýatlara seretjek wagtymda gelip bu meseläñi aýtgyn" diýýär. Adam sypatyna giren Iblis ertesi gün aýdylan wagtda gelmeýär we ýene guşluk çagy pygamberiñ dynç aljak wagtynda gapyny kakýar. Zülkefil pygamber ondan: "Näme üçin aýdylan wagtda gelmediñ" diýip sorasa, Iblis: “Aýdan wagtyñda gelsem, olar senden çekinýärler we hakymy gaýdyp berýärler, seniñ ýok ýeriñde bolsa ýene maña zulum edip başlaýarlar" diýip jogap berýär. Pygamber oña ýene erte aýdylan wagtda gelmegi tabşyrýar. Iblis ýene gelmeýär. Zülkefil pygamberem eýýäm birnäçe gün ukudan galansoñ, ep-eslije tapdan düşüpdi. Şonuñ üçin adamlaryna kim gelse-de, ýanyna goýbermezligi berk sargap gözüniñ awusyny almak üçin ýerine geçýär. Gojanyñ sypatyna giren melgun şeýtan ýene gelenem bolsa, ony içerik salmaýarlar. Şonuñ üçin näletsiñen Iblis gönüden-göni içerde peýda bolýar we zenzele turuzýar. Ýakymsyz sese başyny galdyran Zülkefil pygamber bir seretse, ýene düýn-öññinki garry öñünde duranmyşyn. Gapa seretse, gapy-da içinden kilitlenişi ýalymyşyn. Pygamber bu gezek onuñ şeýtandygyny magat bilýär we gaharlanman pessaýja ses bilen: “Sen Allanyñ duşmany Iblis gerek?” diýip soraýar. Iblis bolsa: “Hawa, meni hemişe edişiñ ýaly zelil hala saldyñ. Şu gezeg-ä seniñ gaharyñy getirip bilerin öýdüp, ahyrynda şu ýola baş goşup gördüm. Emma bu gezegem paşmady" diýip jogap berýär. ■ Ölüleriñ tobasyna berilen kepil ...Birwagtlar Rum (Kiçi Aziýa) obalarynyñ birine mergi keseli ýaýraýar. Özüni oñaranlar gaçyp, daga siñýärler. Obada galanlar welin, keselläp ölüpdirler. Soñky ýyl ýene bu ýagdaý gaýtalanýar. Ýene-de ýagdaýy bolanlar mal-garalaryny alyp daga gaçýarlar. Allatagala adamlaryñ toba etmegiñ deregine, berilen jezadan gaçyp ýörmeklerini halamaýar we olaryñ hemmesini, mal-garasyna çenli janlaryny alýar. Bir sebäp bilen olaryñ gyrlan ýeriniñ üstünden Harkyýl pygamber geçýär. Ol gören ahwalyna nebsi agyryp durka, oña Alladan owaz gelýär: "Sen näme bulardan bir nyşan bilesiñ gelýärmi?" Harkyýl "Hawa" diýende, Allatagala oña: "Sen bulara ýüzlen-de: "Alladan emir boldy, turuñ diý-de gygyr" diýýär. Harkyýl buýrugy ýerine ýetirýär welin, olaryñ hemmesi mal-garalary bilen birlikde direlýärler. Harkyýl şeýle ýagdaýa başga ýerlerde-de duşupdyr we ýene-de olaryñ direlmegine sebäp bolupdyr. Adamlaryñ toba etmeklerine kepil geçip, olaryñ direlmeklerini Allatagaladan diläp alyp ýörensoñ, Harkyýl pygambere Zülkefil at galypdyr. Zül - Eýe, Hudaý, kefil - kepil geçmek, güwä geçmek (Hudaýa kepillik beren) manylaryny berýär. (Seret: "Gurhan" /türkmen dilinde/, "Bakara" süresiniñ 245-nji aýatyna Hoja Ahmet ahunyñ beren düşündirişi). ■ Zülkefil pygamberiñ "Gurhandaky" keşbi "Ysmaýyl, Idris we Zülkefil, hemmesi sabyr edenlerdendi. Olary rehmetimize gowuşdyrdyk. Şübhesiz olar salyhlardandy". ("Enbiýa" süresi, 85, 86-njy aýatlar). "Kuwwatly we basyretli gullarymyz Ybraýymy, Yshaky we Ýakuby-da ýatla. Biz olary ahyret ýurduny düşünme aýratynlygy bilen tämizläp, özümize halys (gul) eýledik. Olar biziñ ýanymyzda saýlamalardandyr, haýyrlylardandyr. Ysmaýyly, Elýesany, Zülkefili hem ýatla. Olaryñ hemmesi-de ýagşylardandyr". (Seret: "Sad" süresi, 38/45, 46, 47, 48). ■ Zülkefil pygamberiñ Türkiýedäki mazary Taberiniñ "Taryhynda" ýer alan bir rowaýata görä, Zülkefil pygamber (a.s) Şamda (Damaskda) ýaşapdyr. Ol ýerdäki halky Alla ynanmaga, Oña ybadat etmäge, dogruçyl ýaşamaga çagyrypdyr we ol ýerde hem aradan çykypdyr. Mazarynyñ Türkiýäniñ Diýarbekir şäheriniñ Egil raýonynyñ Elýesa pygamber (a.s) bilen bile Makam dagyndaky kümmetde ýatandygy çak edilýär. ■ Zülkefil pygamberiñ Türkmenistandaky mazary Şeýle hem Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziñ Mary welaýatynyñ Baýramaly etrabynda hem "Zülkefil baba" diýip, Zülkefil pygamberiñ (a.s) ýatandygyna ynanylýan we halkyñ zyýarata barýan ýeriniñ bardygyny hem aýtmak gerek. Anygyny Alla bilýär, emma Zülkefil pygamberiñ (a.s) Baýramaly etrabynda ýatandygy hakykat bolsa, onda Hezreti Muhammet Pygamberimiziñ (s.a.w) ilkinji baýdak göterijisi Bureýde el-Esleminiñ (r.a) hem Arabystandan gelip-gelip Baýramalyda jaýlanmagy tötänlik däl bolsa gerek. Zülkefil pygamberiñ Türkmenistandaky guburyna daşary ýurtlardan hem bir ýarym zyýarata gelýänleriñ barlygy guburyñ Zülkefil pygambere degişli bolup çykmak ähtimallygyny hasam güýçlendirýän bir faktdyr. Gelen myhmanlar "Zülkefil pygamberiñ gubury Marydadyr" diýip köne kitaplarda okandyklaryny aýdýarlar. Munuñ ýaly gyzyldan gymmatly maglumatlardan daşary ýurtlularyñ habarly bolup, heniz biziñ bihabarlygymyz bolsa, öz taryhymyza juda ýüzleý seredýänligimizden gelip çykýar. Her garyş topragy keramata ýugrulan mukaddes Watanymyzyñ taryhyny, bu mukaddes watanda kimleriñ gelip-geçendigini, nähili beýik şahsyýetleriñ ýatandygyny doly öwrenmek biziñ üçin parzdyr, wajypdyr. ■ Peýdalanylan çeşmeler: 1. Kurtuby "el Jamyly Ahkamy'l Kur'ân"; 2. Alusy "Ruhu'l Meani"; 3. Mewdudy "Tefhimu'l Kur'an"; 4. "Gurhan", (türkmen dilindäki neşiri), 1-nji tom, "Bakara" süresi, 245; 5. Öwelek Durdymyradow "Pygamberiñ gubury Baýramalyda", "Watan" gazeti, 1997 ý; Taýýarlan: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||