08:19 Zyýa Gökalp | |
DÜNÝÄ EDEBIÝATY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
▶ ZYÝA GÖKALP Mehmet Zyýa, asly türkmen türkiýeli şahyr, ýazyjy, ideolog, syýasatçy. "Mejlis-i Mebusanyñ" we Türkiýäniñ Ýokary Halk mejlisiniñ agzasy. "Türk milliýetçiliginiñ atasy" hasap edilýär. 23.03.1876-njy ýylda Diýarbekirde eneden doglan Zyýa Gökalpyñ aslynyñ kürt ýa-da zaza bolandygyna degişli çaklamalar baram bolsa, onuñ kakasynyñ asly Siriýaly türkmenlerden bolan Mehmet Tewfik Efendidir (1851-1890). Ejesi Pirinçjizada maşgalasyndan Züleýha Hanym (1856-1923), daýysy Diýarbekir munisipialetiniñ başlygy bolan 1895-nji ýylda ermenilere garşy garşylyklaýyn hüjümleri gurnan Pirinçjizada Aryf Efendidir. Araplaryñ we parslaryñ golastynda bolan Diýarbekir soñra türkmenleriñ, türkleriñ, kürtleriñ, ermenileriñ milli çekişmeleriniñ merkezinde ýer alypdyr. Zyýa Gökalp aslynyñ kürtdigi soralanda, ol aslynyñ türkmendiginden şübhesiniñ ýokdugyny, emma munuñ aslynda gereksiz jedeldigini, "sosiologik barlaglarymdan öwrenşim ýaly milliýet bilime esaslanýan zatdyr" diýip aýdypdyr. ♣ Okuw ýyllary: Bilimi Diýarbekirde alýar. 1886-njy ýylda Harby orta mekdebe girýär. Ol ýerde maýor (onýüzbaşy) Ysmaýyl Hakky Begden progressiw düşünjeleri edinýär. Okuwynyñ soñky ýylynda kakasy aradan çykýar. 1890-njy ýylda agasy Hajy Hasyp Begden yslam bilen baglanşykly dersleri öwrenýär. Stambulda okuwy dowam etdirmek islese-de, maddy kynçylyklar sebäpli, 1891-nji ýylda Diýarbekiriñ Jemgyýetçilik Liseýiniñ (Idadi Mülkiýe) ikinji synpynda okamaga başlaýar. Soñky synpda okap ýörkä ýoñ bolan "Patyşahym, uzak ýaşa!" şygarynyñ deregine "Halkym, uzak ýaşa!" diýip gygyrandygy üçin ol barada derñew işi açylýar. Şol wagtam okuw möhletiniñ bäş ýyldan ýedi ýyla uzaldylmagy bilen 1894-nji ýylda okuwdan çykýar. Liseýden çykandan soñra agasyndan arap we pars dillerini öwrenýär. Tasawwuf bilen içgin gyzyklanýar. Diýarbekirde köpçülikleýin ýaýraýan keseller boýunça gözegçilige bellenen lukman Abdylla Jewdet beg bilen tanyşyp dostlaşýar, ondan täsirlenýär. Maddy kynçylyklar zerarly okuwyna dowam etmek üçin Stambula gidip bilmezligi, maşgalasynyñ öýlenmäge gyssamaklary ýaly sebäpleri bahana edinip 18 ýaşyndaka öz janyna kast edýär. Kast etmäge sebäpleriñ biri hökmünde mugallymy Ýorgi Efendiden alan filosofik bilimi we maşgalasynyñ beren dini biliminiñ arasyndaky çaprazlyklaryñ sebäp bolandygyny hem aýdýarlar. Kellesine giren gülläni agyr şertler astynda morfinsiz operasiýa arkaly çykarmagy başarýarlar. Operasiýany amal aşyran Abdylla Jewdet Beg we Diýarbekirde ýaşaýan ýaşajyk rus operatorydy. Saglygyna gowuşandan soñra gaýtadan ylym almaga üns berýär. Erkinlige garşy gidýänleri tankytlap birnäçe goşgulary ýazýar. 1896-njy ýylda Erzinjanyñ Harby Liseýinde okaýan dogany Nihatyñ goldawy bilen Harby mrkdebiñ talyplary bilen birlikde Stambula giden Gökalp tölegsiz bolandygy üçin Weterinar mekdebine ýazylýar. Ol ýerde okaýarka ýurduñ azat edijilik hereketine aktiw gatnaşýan adamlar bilen tanyşmak üçin jan edýär. Ybraýym Temo, Yshak Sukuty ýaly belli şahsyýetler bilen duşuşýar. "Jon türklerden" täsirlenýär. "Yttyhat we Terakky" jemgyýetiniñ işlerine gatnaşýar. "Gadagan edilen neşirleri okamak we oppozision toparlara agza bolmakda" aýyplanyp 1898-nji ýylda tussag edilýär we bir ýyl türmede oturýar. ♣ Diýarbekir ýyllary: Azatlyga çykandan soñra 1900-njy ýylda Diýarbekire sürgüne ugradylýar. Ýokary okuwy tamamlap bilmedik Mehmet Zyýanyñ Diýarbekirdäki agasy aradan çykypdy we ölmänkä gyzy Wejihe bilen nikalaşmagy wesýet edip gidipdi. Agasynyñ wesýetini berjaý edip doganoglanyna öýlenen Gökalpyñ Wejihe Hanymdan bir ogly (Sedat), üç gyzy (Seniha, Hürriýet, Türkan) boldy. 1908-nji ýyla çenli Diýarbekirde dürli işlerde işledi. Aýalynyñ gurplydygy üçin arkaýynlykda ýaşan Gökalp gizlinlikde erkinlik hereketlerini amala aşyrýar. Şol wagtlar sebitiñ howpsuzlygy üçin döredilen we kürt asylly Ybraýym Paşanyñ baştutanlyk edýän "Hamidiýe Alaýlary" brigadasynyñ talañçylyga we ogurlyga ýüz tutmagy bilen ol halky bu brigada garşy aýaga galdyrdy. Diýarbekir Telegrafyny üç günläp elinde saklap ol ýerden Ybraýym Paşany we adamlaryna temmi bermekleri üçin köşge telegrammalar ugratdy. Gündogar bilen Günbataryñ arasyndaky möhüm nokatlaryñ biri bolan Diýarbekir Telegrafynyñ eýelenmegine Günbatarly döwletler hem goşulýar. Olar hem köşge bu babatda gysyş edensoñlar sebite ýörite derñew topary ugradylýar. Emma az wagtlyk ýuwaşan Ybraýym Paşa we adamlary soñra ýene-de öñki bikanunçylykly hereketlerine başlaýarlar. Zyýa Gökalpyñ we egindeşleriniñ ýolbaşçylygyndaky halk bu gezek hüjüme geçip telegrafy 11 günläp ellerinde saklaýarlar. Bu hereketiñ netijesinde Ybraýym Paşa we onuñ adamlary sebitden kowulýar. 1904-1908-nji ýyllarda "Diýarbekir" gazetinde goşgulary we makalalary çykýar. Ybraýym Paşanyñ halka eden sütemlerini "Şaky Ybraýym dessany" atly eserinde giñden beýan edýär. ♣ Meşrutyýetden soñra: Ikinji meşrutyýetden (progressiwleşmek döwri) "Yttyhat we Terakkynyñ" Diýarbekir şahamçasyny gurýar we wekili bolýar. "Peyman" gazetini çykarýar. Mehmet Zyýa 1909-njy ýylda Selanikde toplanan "Yttyhat we Terakkynyñ" kongresine Diýarbekir delegaty bolup gatnaşýar we guramanyñ Selanikdäki dolandyryş merkezine agzalyga kabul edilýär. Tewfik Sedat, Demirtaş, Gökalp ýaly lakamlar bilen Selanikde çykýan filosofiki žurnalda çykyş edýär. Bütin dünýädäki türki kowumlary birleşdirip biljek kuwwatly bir türki döwletiñ gurulmagyny arzuw eden Zyýa Gökalp bu ideal barada söz açýan "Altyn Dessan" eserini 1911-nji ýylda "Genç Kalemler" žurnalynda neşir etdirýär. 1912-nji ýylyñ martynda Mejlis-i Mebusana saýlanýar. Dört aýdan soñra Edebiýat fakultetinuñ mugallymlar kollegiýasyna alynýar. Darulfünunda ders programmalary, okuw kitaplary babatda ilki bilen Zyýa Gökalpa sala salynýardy. 1913-nji ýylda Magaryf ministri bolmak teklibinden ýüz öwürýär. 1915-nji ýylda Stambul uniwersitetiniñ Pelsepe bölümine Sosiologiýadan jogapkär pedagog edilip bellenýär. Ol Stambul uniwersitetiniñ sosiologiýadan ilkinji professordy. Garaýyşlaryny pantürkizm ideasynda şekillendiren Zyýa Gökalp Stambula gelen badyna "Türk Ojaklary" merkezlerini gurujylaryñ biri boldy. Merkeziñ metbugat organy bolan "Türk ýurdy", "Halka dogry", "Yslam Mejmuasy", "Milli Tetebbular", "Ikdisadiyat", "Içtimaiyat", "Yeni Mejmua" žurnallarynda çykyş etdi. Balkan uruşyndan öñ tä Birinji Jahan urşunyñ başlaryna çenli "Türk Ýurdy" žurnalynda işleýär. Zyýa Gökalp bir ýandan döredijilik bilen meşgullanmagy hem ýatdan çykarmaýardy. 1914-nji ýylda "Gyzyl alma", 1918-nji ýylda "Türkleşmek, yslamlaşmak, döwrebaplaşmak" eserlerini we "Täze durmuş" goşgular kitabyny çykarýar. ♣ Soñky ýyllary: Birinji Jahan urşunda Osmanlynyñ ýeñilmeginden soñra hemme ygtyýtlarlygy elinden alynýar. 1919-njy ýylda iñlisler tarapyndan tussag edilýär, dört aýdan soñra "ermeni gyrgynçylygy" aýyplamalary bilen basybalyjylaryñ tribunalynda sud edilýär. Sud prosesinde ol aýyplamalary düýpli inkär edýär we ermenileri öldüren bolsa zerur goranyşda bolup öldürmäge mejbur bolandygyny aýdýar. Netijede Gökalp Malta sürgün edilýär. Sürgün döwründe maşgalasy bilen ýazyşan hatlaryny soñra "Limni we Malta hatlary" ady bilen kitaplaşdyrýar. Zyýa Gökalp iki ýyldan soñra Stambula dolanýar we uniwersitetde ders bermäge dowam etmek islegi kanagatlandyrylmaýar. Bir aý Ankarada ýaşap soñra Diýarbekire gidýär. Ahmet Agaoglynyñ goldawy bilen "Küçük Mejmua" žurnalyny çykarýar, makalalary bilen Azat edijilik hereketini goldaýar. 1923-nji ýylda Magaryf Wekilliginiñ Terjime toparynyñ başlygy wezipesine bellenýär, Ankara gidýär. Şol ýyl "Türkçiligiñ esaslary" atly meşhur eserini ýazýar. Awgustda Türkiýäniñ Ýokary Halk mejlisine Atatürk tarapyndan Diýarbekir wekili hökmünde saýlanýar. Ankara ýerleşen Gökalp barha öndümli işleýär. Dünýa klassyklarynyñ eserlerini türk diline terjime edilmegi bilen meşgullanýar. 25.10.1924-nji ýylda Stambulda aradan çykýar. ♣ Garaýyşlary: Zyýa Gökalp Osmanly döwletiniñ dagap barýan döwründe bütinleý täze bir ideýany emele getirmäge girişdi. Liberalizm we kapitalistik jemgyýetiñ synpy göreşine üns berip synpsyz jemgyýetiñ gurulmagyny maksat edinýän marksizme garşy, synpy däl-de hünär tapawutlyklary öñe sürýän, hünär aýratynlyklaryny jemgyýetiñ esasy şerti kabul eden, hünär guramalarynyñ bileleşigi bilen jemgyýetçilik huzuryñ üpjün edilip bilinjek solidarizm garaýyşyny öñe sürdi. Jemgyýetçilik we syýasy garaýyşlaryny beýan edip ençeme makala ýazdy. "Türkçilik" (pantürkizm) taglymatyny sistemalaşdyrdy. Milli edebiýatyñ düýbüniñ tutulmagynda we ösmeginde köp işleri bitirdi. ♣ Eserleri: 1."Limni we Malta hatlary"; 2. "Gyzyl alma" (1914 ý); 3. "Türkleşmek, yslamlaşmak, döwrebaplaşmak" (1929 ý); 4. "Täze durmuş" (1930 ý); 5. "Altyn yşyk" (1927 ý); 6. "Türk töresi" (1923 ý); 7. "Dogry ýol" (1923 ý); 8. "Türkçüligiñ esaslary"; 9. "Türk medeniýetiniñ taryhy" (1923 ý); 10. "Kürt taýpalary barada sosiologik barlaglar" (1926 ý); 11. "Altyn dessan"; 12. "Üç hadysa"; 13. "Hars we medeniýet"; 14. "Guwlar"; 15. "Pelsepe dersleri" (2006). ◆ ◆ ◆ ♣ ZYÝA GÖKALPYÑ GOŞGULARYNDAN: "Jeñ aýdymy, türk ogullaryna ýüzlenme" Duşman ýene watanyma el atdy, Mazaryndan posly gylyç uzatdy. "Ýöre" diýýär, Haky zulum ynjatdy, Atillanyñ oglusyñ sen unutma! Medeniýet diýme, duýmaz ol sañsar, Daş üstünde daş galmasyn, birme-bir. Kellelerden tekizlensin her baýyr, Atillanyñ oglusyñ sen unutma! Tur, Plewne ýene al baýdak daksyn, Dunaý gije-gündiz gan bolup aksyn. Gaharyñ gaýnasyn, Balkany ýaksyn, Atillanyñ oglusyñ sen unutma! ◆ ◆ ◆ "Özümize tarap" "Atanyñ içgisi köpükli gymyz, Arpa suwy içme!" diýdi bir gyrgyz. Öýüñde bar bolsa erikdir alma, Goñşynyñ bagyndan bir hurma ýolma. Başga dile sygmaz enäniñ sözi, Gözleseñ her sözüñ bardyr türkçesi. Duýmazdan düşünme, sygmazdan görme, Öz duýgulañ bolsun, ýetene berme. Dileg et! Tañrynyñ sensiñ bilegi, Göktürkiñ sendedir uly dilegi. Demir saña uýar, ýyldyrym egler, Isleme, sen döret! Görme, sen görkez! © Kitapçy | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |