Agageldi Allanazarow
AGAGELDI ALLANAZAROW

Agageldi Allanazarow, tanymal türkmen ýazyjysy, şahyr.

A.Allanazarow 1948-nji ýylda Tagtabazar etrabynyñ Marçak obasynda doguldy. Ol şol obadaky orta mekdebiñ 8-nji synpyny gutaryp, Mary şäherindäki 2-nji peduçilişede okuwyny dowam etdirýär. Ony tamamlap, bir ýyl Mary şäherindäki 6-njy orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işleýär.
1969-1971-nji ýyllar aralygynda ol Litwada desantçy goşun bölüminde gulluk edýär. Harby gullukdan soñ Moskwantñ A.M.Gorkiý adyndaky edebiýat institutyna okuwa girýär we ony tamamlap, 1976-njy ýylda Aşgabada gelip, "Türkmenistan" neşirýatynda redaktor bolup, işe başlaýar.
1971-1983-nji ýyllar aralygynda Agageldi Allanazarow Türkmenistan Ýazyjylar birleşmesiniñ Çeper edebiýaty ýaýradyjy edarasynyñ başlygy bolup işleýär. Soñra 1988-1992-nji ýyllar aralygynda "Türkmenistan" neşirýatynda baş redaktor bolup işleýär. 1992-nji ýylda ol Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ ýanyndaky neşir işleri boýunça Komitetiñ başlygynyñ orunbasarlygyna bellenilýär. 1995-nji ýyldan 2001-nji ýyla çenli "Türkmenistan" neşirýatynyñ başlygy bolup işleýär. 2001-nji ýylda Türkmen döwlet kitap palatasynyñ başlyklygyna bellenilýär. Häzirki wagtda ol Türkmen döwlet neşirýat gullugynyñ neşir ulgamynda işleýär.
A.Allanazarow döredijilik işini mekdepde okaýan ýyllarynda başlaýar. 1964-nji ýylda onuñ "Ussanyñ jogaby" atly goşgusy we "Lageriñ sährasy" atly hekaýasy "Mydam taýýar" gazetiniñ şol bir sanynda çap edilýär. Maryda okan ýyllary onuñ goşgulary metbugat sahypalarynda ýygy-ýygydan peýda bolup ugraýar. Agageldini Moskwanyñ institutyna getiren hem onuñ şol eser ýazmak arzuwy bolýar.
Institutyñ soñky kursunda okap ýörkä Aşgabatda onuñ "Günüñ öýi", Moskwada "Çal, tüýdügim" atly çagalara niýetlän kitapçalary bir ýylda çap edilýär.
Häzir Agageldi Allanazarow "A" ýazýan", "At gaýraty", "Üç murtlak kapitan", "Ertekiler", "Şadyýan harplyk", "Şol bir gezek uçan it", "Çölüñ deñiz günleri" ýaly çagalara niýetlenip döredilen, şeýle hem "Ýedi däne", "Iner ýüki", "Çat açan menzil", "Söýgi pursatlary", "Ýoldan gelen hat", "Gyratyñ howalasy", "Kalvyma we alysa syýahat", "Ojak" ýaly türkmen dilinde neşir edilen 50-ä golaý kyssadyr goşgular kitaplarynyñ awtory. Onuñ eserleri dünýä halklarynyñ hem ençemesiniñ dilinde neşir edildi.
A.Allanazarowyñ "Ýedi däne", "Çat açan menzil" powestleriniñ esasynda iki sany çeper film döredildi. Onuñ "Tilkiniñ doglan güni" pýesasy teatrlaryñ ençemesinde goýuldy.

Источник: http://www.kitapcy.ga/search/?q=Agageldi+Allanazarow
Категория: Мои статьи | Добавил: Hаwеrаn (04.07.2019) | Автор: Agageldi Allanazarow
Просмотров: 446 | Комментарии: 2 | Теги: Agageldi Allanazarow | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 yazlyseyidow58  
863
Ýokarda belleýşimiz ýaly bu wakalar 1847-nji ýylda, ýagny Gowşut hanyň 24 ýaşly wagtynda bolup geçipdir. Muhammet Ryza Mirap Agehiniň bu eserinde Gowşut hanyň ady 1855-nji ýyldaky Sarahs uruşy bilen bagly agzalýar. Gowşut han hanlyga 1853-nji ýylda (30 ýaşynda) göterlendigini göz öňünde tutsak, A.Allanazarowyň Hojamşükür bilen Gowşut han arasyndaky gapma-garşylyklar baradaky ýazanlary hem çyna berimsiz bolýar.
Awtor Gowşut han we onuň ýoldaşlaryny garalamak üçin dini wekilleri tüýsini üýtgedip bilýän ( hi ertekilerden başga ýerde gabat geldiňizmi ?) edip hem görkezipdir. Taryh barada ýazýan adam hakykat bilen ertekiniň arasyny açsa gowy bolaýjak ýaly.
Ruslaryň 1884-nji ýylda Maryny eýelänlerinden soň bu ýerde bolan we ýerli ilat bilen gürrüňdeş bolan rus ofiserleri öz ýatlamalarynda Gowşut hanyň diňe bir, atarman, çaparman bolman örän paýhasly, parasatly, adalatly serkerde adam bolandygyny belläpdirler. Eger ol şeýle bolmadyk bolsa Sarahs tekeleri onuň ýolbaşçylygynda nädip Hywa hany Mädeminiň 40 müňlik goşunyny ýeňsin.
Ýene bir bellejek zadym pereňli ýesir Genrih Gulibef-de Blokwil Hemze mürzäniň goşunynda top ussasy däl-de karta çyzyjy we suratkeş bolupdyr.

0
1 yazlyseyidow58  
863
Agageldi Allanazarowyň Kalbyma syýahat eserini okadym we özümde şeýle täsirler galdy.
Awtor bu eserinde ençeme taryhy ýerler we şahslar barada ýazypdyr. Meň ünsümi çeken zat Gowşut han we Sarahs tekeleri barada ýazylan jümleler boldy. Awtor Hojamşükür hany ak jüýje edip, Gowşut hany bolsa alamançy atarman, çaparman edip görkezipdir. Hojamşükür hany alamançylyga garşy, Gowşut han we onuň ýoldaşlary bolsa esasy işini talaňçylyk bilen meşgullanýan edip görkezipdir.
Eýsem-de alamançylyk Gowşut han döwründe döredimikä ? Taryha ünüs berýän adamlar alamançylygyň örän ir wagtdan bäri, şol sanda Hojamşükür hanyň döwründe hem giňden ýaýrandygyny taryhy eserlerden görse bolýar. Özünem Türkmenleriň taýpalary aýry-aýralykda alamançylyk eden bolsalar, Eýran şasy, Hywa hany we Buhara emiri köpsanly goşunlary bilen ýylyň ýylyna türkmenleri talap durupdyrlar.
Sowet taryhçysy O. Tumanowiç özüniň 1926-njy ýylda çykaran “Türkmenistan we türkmenler’ atly kitabynda, türkmenleriň alamançylygynyň taryhy-ykdysady esasy barada şeýle ýazypdyr: “Türkmenleriň taryhy – durşuna nan we suw ugrunda göreşdir, ýagny özleriniň ýaşaýşy ugrunda göreşdir. Olary ähli ýerde gysypdyrlar we gysyp çykarypdyrlar. Olar bolsa goranyp çozupdyrlar.” Başgaça aýdylanda alamançylygy alamançylyga jogap höküminde edipdirler.
Awtor Gowşut hanyň alamançylykdan alan zatlaryny Hojamşükür hanyň garşysyna gönükdiripdir diýip ýazýar.
Hywa hanynyň köşk taryhçysy Muhammet Ryza Mirap Agehi “Soltan wakalarynyň ýygyndysy” atly eserinde 1847-nji ýylyň wakalaryny beýan etmek bilen Sarahs tekeleriniň iki sany baştutanynyň bardygyny, ýagny olaryň Oraz ýagly we Hojamşükürdigini ýazyp, Oraz ýaglynyň Hywa hanynyň garamagyndan çykyp Buhara emiri Nasrulla gol ýapýany sebäpli Hojamşükür onuň bilen oňuşman we Hywa hanynyň gazabyndan gorkujyna bütin neberesi bilen Marydan 5 menzil (120-125 km) aşakda ýerleşen Garaburun atly ýerde mesgen tutandygyny we ol ýere saryklardan Aganyýaz parwançy, Omar beg we Mustapakuly kazy dagy hem Marydan çykyp nebereleri bilen göçüp barandyklaryny ýazýar. Soňra olaryň dördüsiniň Hywa hanynyň huzyryna öz etmişleri üçin ötünç sorap barandyklaryny, han günälerini geçenden soň yzlaryna dolanandyklaryny, öýlerine dolanyp gelmäkäler olaryň obasyna saryklar çozup talandyklaryny ýazypdyr. Wakalaryň dowamyny ýazmak bilen Hojamşüküriň ýolbaşçylygynda maslahat geçirilip Mary saryklarynyň üstünden arza ýazylyp Hywa hanyna ýüztutulandygyny, han goşun çekip gelip saryklaryň ýaşaýan Baýramaly han we Niýazmuhammet han galalary basyp alyp bilmän, Mary saryklarynyň ekin meýdanlarynyň tozdurandygyny, mallarynyň köp bölegini olja alyp sürüp alyp gidendigini, galadan daşda gabat gelen adamlarynyň ýoklandygy barada ýazypdyr.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]