Annatagan Nurgeldiýew
ANNATATAN NURGELDIÝEW Annatagan Nurgeldiýew, belli türkmen ýazyjysy, şahyr, mirasgär, pedagog, jemgyýetçilik işgäri. Annatagan Nurgeldiýew 1946-njy ýylyñ 23-nji noýabrynda Balkan welaýatynyñ Esenguly etrabynyñ Madaw obasynda dünýä indi. Ol 11 ýyllyk oba mekdebi tamamlandan soñ ýokary bilim aldy we oba mekdebinde türkmen dili we edebiýaty dersinden okatdy, soñra şol mekdepde direktor boldy. Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soñky ýyllarda birnäçe ýyllap oba arçyny bolan Annatagan Nurgeldiýew soñra Balkan welaýatynyñ oba ilatyny agyz suwy bilen üpjün edýän edaranyñ başlygy bolup işledi. Döredijilik dünýäsine baryp mekdep okuwçysyka başlan Annatagan Nurgeldiýewiñ "Wesýetli nazar" atly ilkinji goşgusy heniz 7-nji klasda okap ýörkä "Mydam taýýar" gazetinde çap boldy. Dürli ýyllarda ululy-kiçili "Bäş käkilik", "Gaplañ çagasy", "Bedew takdyry", "Azat bilen atasy", "Gara biý", "Baýram han" ýaly kitaplary neşir edildi we ol kitaplaryñ hemmesi hem okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy, gowy baha berildi. Annatagan Nurgeldiýew detektiw žanrynda-da eserleri döretdi. "Günäsiz günäkär", "Sygan", "Töwekgelçilik"... ýaly detektiw powestler onuñ galamyndan çykan şowly eserlerdir. Ömrüniñ soñky ýyllaryna çenli öndümli işlän ýazyjynyñ "Balkan", "Watan", "Edebiýat we sungat", "Garagum" ýaly gazet-žurnallarda powestdir hekaýalary we taryhy şahsyýetlere bagyşlanan oçerkleri, halk döredijiliginden dürli žanrlaryndan toplan nusgalary yzygiderli çap edildi. Döredijilik işini türkmen taryhy bilen baglanyşdyran watanperwer ýazyjy "Baýram han", "Aba serdar", "Çarhypelek" ýaly taryhy romanlary türkmen edebiýatyna miras goýup gitdi. Annatagan Nurgeldiýew 2006-njy ýylyñ 23-nji dekabrynda aradan çykdy. Источник: http://www.kitapcy.ga/search/?q=Annatagan+Nurgeldi%C3%BDew | |
| |
Просмотров: 464 | | |
Всего комментариев: 0 | |