23:45

Eziz Amannazarow aradan çykdy...

Категория: Taryhda şu gün | Просмотров: 976 | Добавил: Haweran | Теги: Eziz Amannazarоw | Рейтинг: 4.1/7
Awtoryň başga makalalary

Taryhda şu gün bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Haweran  
411
Nähili manysyz dünýe...
Ýañy açylyp gelýän gunça ýaly ter zehin... Beýle-de bir nowça ölüm bormy diýsene. Dünýäñ öñem bir tekeri sypyk, bir ondan-bir mundan urup, haçan nirä gapgaryljagy belli däl halda şalkyldap barşyna halaýygyñ göwni bar zatdan sowady welin, onda-da beýle ýaş ölüm bolmasa gowy ýaly.
Allaha öwretmäge bendesiniñ çakam bolmaz, hetdem. Ýogsam bolmanda bu biderek dünýäñ sansyzy, ile-güne peýdasyz nekgendesi, garamöý ýaly ebeteýini tapsa öñünden çykany awundyrjak bolup ýören zannyýamany... gytmy aljak diýse...
Nobat bilen, öz islegimiz bilen, ýa zakaz bilen gidilenok-da, edil gelişimizdäki ýaly..

* * *

Neresse, utanjañ oglan bolmaly çakymça. Goşgularyny deñ-duşy @Edebiyatşynas (Merdan Babaýew) agza goýardy. Tankydy bellik edilmegini, gozgayan meseleleriniñ üstünde garşylyklaýyn pikir alşylmagyny isleyän bolmaly, her gezek goşgusy goýlanda, @Edebiyatşynas agza okyjylaryñ goşgy hakda pikirlerini sorardy. Diýmek, tankydy pikire açyk, öz üstünde işlemegi bilýän, ösmäge-kämilleşmäge ilgezik, şol sanda öwgä mätäçlik duýmaýan, ýöne şoña añryýany bilen mynasyp zehinli oglan eken. Alkymymyza geldi, saýtda goşgularyny paýlaşdy, bugdaý sözümizi gysgandyk. Sen bizden razy bol, inim. Şu gynanjy okap, Seniñ ü.n gynanç bildirjek, doga-dileg etjek ildeşlerimiziñ hem dilegleri duş bolsun, alnyña barsyn!
Ýatan ýeriñ ýagty, jaýyñ jennet, perişdeler ýaranyñ, ahyret ýoldaşyñ imanyñ bolsun!

* * *

Nätjek, elimizden başga zat gelmedi, pataña görünmäge mümkinçilik ýok, hem ara daş, hem işden sypynyp bolanok. Şoñ üçinem ýakynlaryña sabyr-kanagat, giñlik diläp, gynanç bildirmek üçin şu blogy paýlaşdyk. Ruhuñ bizden şat bolsun!
Allahym, ahyretde saña jennet guşy bolup ene-atañ öñünden çykmak we olaryñam özüñ bilen bile jennete girmäge sebäpkär boljak ýagşy perzentlerinden etsin!

0
2 sylapberdimuhamov  
1428
Merhuma iman baylygyny dileýän diýen yaly şablon bolan sözler kelläñe gelýär. Bada özüñi ýigrenip gidýäñ.
Jaýy jennetden bolsun!
Imany hemra bolsun!
Bu sözjükler merhuma gerek däl. Ol bu dünýäñ azabyndan dynansoñ...
Men bolsa şeyle şahyr yigidiñ bardygynam bilemok. Başagaý dünýäde...
Gör, nähili gapyl biz...
Ey-y dünýee.

0
3 Yusup  
50
Hemmämizem bu dünýäde ötegçi. Ýöne ölüm bilen ölümiň parhy kän. Ýaş gitmek gynandyrjy. Allah rahmat etsin

0
4 Aydogdy  
1407
Çagasynyñ aýagyna tiken çümse, enañ ýuregine çümen ýaly bolýa. Perzent dagyny çekmek ene-ata, hasam ene üçin kyn. Durmuş oýlaýşyñdan has ýowuz... Enesiniñ ýuregine, kalbyna Allañ ozi giñlik, aram bersin. Eziziñem ýatan ýeri yagty bolsyn.

0
5 Ependi  
284
Neresse, aramyzdan ir gidipdir. Talanty, zehini ir ýetişen oglan eken. Gynandym, nebir şygryýetiň ýaş nahallarynyň biri. Yzynda galanlara, maşgasyna saglyk dileýän! Giňräk bolsunlar.

0
6 Baradin  
1465
Alla jan iman baýlygyny bersin.

0
7 Remezan  
1397
Iman baýlygyny bersin! Goşgularynda welin gidenden soñ düşünýäñ, bu bolsa geleñsizlik ýa-da tanalmaýanlygy üçin üns bermeýäs. Goşgularynda özüniñ haraý isleýändigi barasynda belläp geçipdir. Ýalan barysy ýalan. Özüniñ geljegini öñünden aýdypdyr. Iki dünýäñ owarrasy bolup, özi ahyr ýoluny seçipdir. Hossarlaryna bolsa giñlik bersin. Zehinli ogul, Alla goý, onuñ şahyr bolup dogulup ýaşamagyny dowamyny bersin.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]