16:11

"Arşy hakyda" / sonetler çemeni

Категория: Goşgular | Просмотров: 500 | Добавил: Bagabat | Теги: Eziz Amannazarоw | Рейтинг: 5.0/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Nar / Goşgular - 22.04.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 11
0
1 Bagabat  
43
Neresse. Ýaman ýaş ekeni. Heniz görjegi öňünde eken. Arman ömri gysga berlipdir.
Iman baýlygyny bersin.

0
2 Bagabat  
43
Adam ölýär,
Şeýdip ýapylýar perde.
Ölen däl,
diriler galýarlar derde.
Ýöne ölen adam
ölerine çen
Tanyşýar dünýäniň geçmişi bilen.
Gije-gündiz kitaplara bolup ýar,
Geçmiş bilen-taryh bilen ýaşaýar
Gomer bilen ýaşaýar,
Baýron bilen ýaşaýar,
Pyragy, Lenin bilen —
Bary bilen ýaşaýar!
Bulam az deý ol oturýar oýlanyp,
Soňra gelejege çykýar aýlanyp.
Ençe ýyldyzlaryň dünýesin açýar,
Soň ol ýyldyz bolup, süýnýär-de geçýär.
Adam ölýär,
Şeýdip ýapylýar perde.
Adam az ýaşaýar
Kän ýaşan Ýerde.

Gurbannazar Ezizow

0
3 Bagabat  
43
Asmanyň manysyn, dünýäniň syryn
Durnalaryň setirinde okaýan.
Ýetmiş ýyllap aýra düşen mysaly,
Çygly ota kükregimi oýkaýan.

Bag astynda göge garap ýatyryn,
Düşek edip ýaş maýsaly topragy.
Barmaga gök ýuwa sarap ýatyryn
Men — dünýäniň daragtynyň ýapragy.

Unudýan özümi. Unudýan bada.
Ýaşyl tebigata siňýän-de gidýän.
Baky tebigatda,
Baky dünýäde,
Özümi gül, toprak, maýsadyr öýdýän.

Juda ir höwrükdim ýaşyl baglara,
Sähranyň üstünden öwsen şat ýele.
Şoň üçinem gussa batan çaglarym
Keselmi bejerýän tebigat bile.

Garylýan dünýäniň baky sazyna,
Deňiz bolup güwwüldeýän, güňleýän.
Goşulyp baldaklaň ýaş owazyna
Hiç wagt kesellämok,
Hiç wagt ölmeýän.

Adam ölüm diýip tapypdyr bir zat,
Ölüm näme?
Tebigata garylmak,
Bahara gül bolup getirmek şöhrat
Daň-säherler pyntyk bolup ýarylmak.

Dostlar näme,
Giden günüň atlarlar,
Birnäçe gün seni ýatlar-köýerler.
Çyn ýürekden köňüllerin daglarlar
Soňra?
Soňra aglamasyn goýarlar.

Ýöne ýyllar geçip, üýşüp deň-duşlar
Gök otuň üstünden basanda gadam
Otlar olaň aýagyna çyrmaşar,
«Saklan! — diýýän ýaly — mähriban adam.

Keýpiňiz neneňsi? Barmydyr bir tap?
Gezip ýörmüsiňiz başlarynyz jem?!»
Emma şol otlaryň ýüzüne garap,
Mendigimi bilmez olaň birisem...

Gurbannazar Ezizow

0
4 kungfuu  
1292
Orta mekdebe gijräk baran bolmaly, 2019-da gutarypdyr welin.
Neressäň ýatan ýeri ýagty bolsun, Alla rehmet etsin!

0
5 MмС  
850
Okap diňe baş ýaýkaýmak galdy. Gör, nähili zehinimiz bar eken. Bütin ömrüne etmeli işini şu ýaşynda tamamlan bolmaly-da. Göwher guma garyşyp ýatmal-a däl. Nähilem bolsa her kim elinden, dilinden gelen kömegi etse ýagşy.

0
6 Gerceknazar96  
1464
Dirikä edilmedik kömegi indi nähili etjek? Tagam öleninden soň gadyry bilinýär dirikär-ä bardygam bilinenokdy.

0
7 Haweran  
411
Gerçeknazar, nähili kömek etmeli, aýdyp otur? Belkäm, bularyñ pikir edişinden has başgaçarak teklibiñiz bardyr? Bilmän, anygyna ýetmän morta bir zat aýdyp goýbermegem, anyk bilmeýän zadymyza baha kesmek we akyl satmagam köpimizde bar gylyk. Muny mertlerçe boýun alalyñ.

* * *

Ýañy Eziziñ näme üçin ýogalanlygyny soradym. Neresse öz janyna kast eden eken...
Bolmandyr... Azapdan dynmak ü.nem özüñe beýle azaby rowa göräýmelem däl eken diýesim gelýärem welin, oña-da bognum ysanok. Dünýä dogrudanam petiş, bezikdiriji, käte şeýle bir ýüregiñe düşýär welin, bar zady owarrama çalyp, nirädir bir ýere (hiçlige!) güm bolup gidesiñ gelýär... Şeýle pikiriñ men hemmelerde bolýandygyny anyk bilýärin. Bolmady diýibiljek bar bolsa, ýazaýsyn, galat aýdýañ diýip.
Ýöne neressäñ ruhy hemrasy, söz bilenem bolsa ýakyndan goldaw berjegi bolan däldir, haýygandyr, kejigendir agyr durmuşdan...
Bilemok... Sebäbi-de kändir, tutarygy-da... Ol indi diñe özüne we Hudaýa aýan.
Eziziñ dyrnagyna degmeýän mugthor ejemogullar ýatan çöpi galdyrman zowky-sapa sürüp ýaşaýarka bular ýaly ýiti zehine pukara durmuşy, agyr gara zähmeti we ýetde-gütdeligi rowa gören adalatsyz dünýäde kimi ýazgarjak, kime berekella diýjek... Ony her kim öz wyždan terezisinde ölçeribersin.

* * *

Alla rehmet etsin. Başga diýibiljek, edibiljek zadymyz ýok. Özi-hä dyndy azapdan, boldy boldy, ejesi görgülä boldy... Naçar nädip döz gelsin ýeke dikrarynyñ hasratyna...
Hernä ýüregine gar ýagsyn, giñlik bersin-dä oñam.

0
8 sylapberdimuhamov  
1428
Başyndanam oýlapdym. Ýöne gorkdum gerek eden pikirimden. Ýa basga bir zat. Aý bognum ysmady-da, "janyna kast etmedimikä özi bir" diýen sowuk pikirden gaçdym. Barybir şol eken.

0
9 Bagabat  
43
Öz-özünden şu aşakdaky zatlar ýazylyp ugrady:
Beýtmek azapdan dynmakmyka?!
Estagpurulla, gybatam gözlämok, hiç zadam. Ýöne şu mesele ýaman kyn mesele.
Ýaşlyk juda egoizme, maksimalizme, egosentrizme...başga-da birtopar “izmlere” çakdan aşa ýugrulan bolýar.
Ýaşy kyrka ýeten, geçen, ýeteňkirlän hemme kişem şonuň ýaly "izmlerden" depme-dykyn möwritden geçen bolmaly.
Hudaý saklasyn, çaklamalam etmesin, saýlamalam. Ýöne eýtmek çykalga däl. Hasam ynanjyň bar bolsa.
Amanat özüňki däl. Ony özüň alaňok. Ol saňa ýapylan serpaý hem synag serişdesi.
Serpaýy inkär etmegem, synagdan ýüz öwürmegem...
Bilmedim-dä.
“Ýazgarma ýazgarylmarsyň” diýilýä...
Eziz Amannazar bendesine-de Allaň özi rahmet etsin.
Ýöne şunuň ýaly ýerlerde hemişe öňküler ýadyma düşýär.
Babam pahyryň dogan okaşan adamy bardy.
6 ýaşynda doly ýetim halyna zabun doganoglan agasynyň elinde galypdyr. Berilýän bir döwüm çöregiň minneti bogazyna tegek ekeni. Hatda il deňinde sünnet etdirilmänsoň deň-duşlaryndan utanypdyr. Çagalaram muň ýaly zatda ýaman birehim bolýar. Ony: “sünnetsiz” diýip kemsider ekenler. Onsoň ol obalarynda ýeňňesidir-agasyndan ogryn-dogrynlykda, oň-muň uşak-düşek işini edip beren bolup, toplanja iki-ýeke mis şaýylyklaryny jüllük kesýänçä “elaklygy” üçin ýumrujagyna düwüpdir-de, ýedi ýaşynda goňşy obada ýaşaýan tebip ýaşulyň ýanyna, öz-özüni sünnet etdirmäge gidişini ejem pahyra gürrüň bererdi.
(Pahyr, babam, ir aýrylansoň, ejem görgülini öz çagalaryndan eziz görerdi. Adyny diňe “jan” diýip tutardy. Ejeme bolan mähri bize-de ýaýrardy. Gözüne öz agtyklaryndan ýegdik).
Ine babamyň şol dogany, ýedi ýaşynda öz-özüni sünnet etdirenden soň, jaryň içi bilen şalkyldap paýu-pyýada obalaryna gaýdypdyr. Özem o wagtlar nä derman barmy, em barmy, sepgi-çalgy barmy, kesilen ýerine gum sepilip, çala gany durzulyp goýberilýän eken. Ýolda gelýärkä-de çuň jaryň kert raýyşyna çykyp bilmän togalanyp gaýdýarmyş. Soň ýene-de dyzap dyrmaşmaga başlaýarmyş. Ýene ýykylýarmyş. Gasygyndan al ganyny sarkdyryp, ylaýyk on bir gezek dyrmaşyp, yzyna ýykylypdyr. On ikinjide çykyp, zordan öldüm-öldüm-de şo “Pylan kakasynyň” öýüne özüni atypdyr. Özem, owal-a horugan, iglije çaga, üstesine-de mydama ýarym aç, üstesine-de, sünnet edilip, ganam gidip dur, gözüniň öňi garaňkyrap, başy aýlanyp, çaşyp barýarmyş.
O taýda-da nä saňa gujak açyp garşy alyp duran barmy?
Hyrsyz ýeňňesi: “Me, şü döwüm tötegi al-da, ýok bol, düýeleri bakmaga! Şumada çenli nirä güm bolduň?” diýip, meýdana kowýarmyş.
Nätsin?
Ýene birki owurt suw içip, şo eline tutdurylan gaty tötegi bogazyndan ötmese-de çeýnän bolup, düýe bakmaga gaýdypdyr.
Soňam onuň şo hor-homsy güzeranynam özlerine ýük görüp, şo ýeňňesidir-agasy ony internata tabşyrypdyr. Şo taýda oglanjykka babam bilen tanşybam, urşa gitmezleriniň öňýanynda iki ýaş ýigit dogan okaşypdyrlar. Ýöne babam her niçigem bolsa, kakasy-ejesi bolmasa-da enesi bar eken.
Soň uruşda-da ýaňky ýaşuly top okuna seňseläp, faşistlere ýesir düşüpdir. Dört ýyllabam, tä sowet goşunlary azat edýänçäler Oswensim konslagerinde ýesirlikde bolupdyr. Ondan soň uruş gutaransoňam Aşgabada gelip lukmançylyk institutyna okuwa girip, şonuň birinji kursunda okap ýörkä-de, 1946-njy ýylda “ýesirlikde bolan, dönük” diýip NKWD-äň işgärleri ony täzeden tussag edýärler-de, GULAG-yň (Главное управление лагерей) iň aýylganç filtrasion lagerleriniň biri bolan, bendiler açyk usulda mis känlerinde işledilýän Jezkazgan lagerinde tä Stalin ölüp, 1954-nji ýylda Beriýaň amnistiýasy yglan edilýänçä bendilikde bolupdyr. Jezkazgan lageriniň näderejede elhençdigini görjek bolsaňyz, rus režissýory Gennadiý Zemelýanyň 1991-nji ýylda düşüren “Adamhor” (Людоед) atly filmine tomaşa edäýiň. Ine şo filmdäki lager Jezkazgan lageri. Oswensim hakda bolsa ýüzläp kinofilmem, dokumental filmem bar.

0
10 Bagabat  
43
Ondan soňam bendilikden öldüm-öldüm-de boşap gelen doganyny babam esli wagtlap idi-yssywat edip aýaga galdyrypdyr. Ilk-ä o bendäni Daşkendiň wokzalynda “bu gün erte demi sogrulýa” edip, otludan düşürip, taşlap gaýdypdyrlar. Onsoň şoň bilen bilelikde boşap gelýän ýoldaşlarynyň birem gijäň içinde babamyň öýüne gelip: “Doganyň şo taýda ýatyr, özem: “şondan başga hossarym ýokdur, maslygymy bir ýygnasyn” diýip habar ýetirmegi haýyş etdi” diýip gidipdir.
Onsoň babamam, uruşda aýagyny ok zaýalan agsak halyna, gara gijäň içinde köne ýük ulagy bilen Aşgabatdan Daşkende ýola düşüpdir. Ol döwürler bu mahalky ýollaram ýok. Onsoň ertesi gün Daşkende baryp, doganyny çalajan halda alyp gaýdyp, getiribem Aşgabatda hassahana ýerleşdiripdir. Özem şomatlar babamyň özünde-de arta-taşa zat ýok, gahatçylyk bolsa-da, öýünde 3-4 çagasy baram bolsa, günde işden gaýdanda, eýdip-beýdip, karz-kowal edibem bolsa ýa-da nesýesine bolsa-da, üç-dört sany ullakan alma alyp gaýdar ekeni. Getiribem hassahanada, şol almalaň daşyny ardyp, dilimläp, bogazyndan suwdan başga zat ötmän ýatan, haly teň doganynyň agzyna almaň suwuny sykyp, berer ekeni.
Babamyň dogany ejem pahyra: “Men derman ýa dogtor bilen däl-de, agamyň şojagaz almalary bilen ölmän galdym. Özüm-ä dünýeden doýgundym, ýöne onuň maňa yhlas edişine dözmän, şoň yhlasynyň ýüzüne urmaýyn diýen niýet bilen, ymykly ýakamdan ebşitlän ajala-da per bermedim-aýt, men zaluwat!” diýip gülerdi.
Şondan soň ol 40 ýaşynda täzeden okap, lukman bolupdyr. Öýlenipdir, ylmy iş ýazyp, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, professor bolupdyr. Ençeme ýyllap Lukmançylyk institutynda mugallym bolup işläpdir. Özem güýçli trawmatolog-lukmandy. Öte okumyşdy. “Bilmeýän zady bir barmyka?” diýdirerdi.
Çagakam üç-dört ýylyň içinde iki gezek elim döwüldi. Şonda-da ol iki gezegem meniň elimi seýiklände, düzüwli agyrysynam duýanym ýadyma düşenok. Gürläp, güldürip, başymy sypap, garnymy gyjyklap, meň jykyrdyma-da özem hezil edip şyg-şyglap, gözüni ýaşardyp gülerdi.
“Äý bü biziň agtyk ýamanammyr zordur-laý! Aglamaly bolsa dagy edil nemis ýalydyr. Wursaňam gözünden damja şor çykarmaz-laý, meň munym! Şeýle däm-ow, döwekgäm?! Ýa meň aýdanymy zyrrajym ýalana çykaryp, sähel bahana tapdygyň, zörletdi baýa başlamaga çemelenipjik otyrmyň?” diýişdirip, doga sanan ýaly sanardy. Söz bilen başymy-gözümi aýlabam, süýşen süňklerimi jaýba-jaý edişdirip, elimi gipsleýäni welin, şumadam gözümiň öňünde.
Pahyr, türkmen dilinden başga-da alty dil bilýärdi: rus, azerbeýjan, pars, nemes, özbek, kürt dillerini. Dutarda saz çalýardy. Özem 80 ýaşdan geçip ýogaldy. Tä ölýänçä-de şeýlebir şahandaz, alçak, göwrümi giň, mert, edermen, dogumly, baran ýerinde elmydama daş-töweregini alaýaz edýän adamdy.
Şu adamlar barada pikirlendigiň Nikolaý Tihonowyň “Çüýler hakda balladasynyň” soňky setirleri ýadyňa düşýär:
Гвозди б делать из этих людей:
Крепче б не было в мире гвоздей.
(Bu adamlardan çüý ýasasaň:
Dünýäde şolardan mäkäm çüý bolmaz).
Ýöne, ýene bir gezek aýdýan: Hiç kimi ýazgaramogam, seljeremogam. Hudaý saklasyn, seljermelem etmesin, saýlamalam, ýazgarmalam.
Eziz neressäňem maňlaýyna ýazylan kysmaty şeýle keçdir-dä.

0
11 Remezan  
1397
Özünde ruhyhassalyk dörän bolsa, şeýle bolýar. Bu barada öñem bir professor gyzyklanyp näme sebäpden janyna kast edýändigini biljek bolup, ahyr soñy özüni öldüripdir. Diýmek öz janyna kast eden adam syryny öz ýanynda alyp gidýär. Biziñki bolsa ýöne samrama

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]