12:48

Kyrk ýaşa ýüzlenme

KYRK ÝAŞA ÝÜZLENME

Çüñküñ almazdandyr, dyrnaklañ aran,
Ganatlaryñ çeýe, polat şuñkarym.
Alaw gözleriñi añk bolar gören,
Hünärine ezber-belet şuñkarym.

Edil häzir seniñ dokuzyñ doly,
Gujuryñ-gaýratyñ saklajak sili,
Asmandan taşlanan tokga daş ýaly,
Inni gel, awuñy kül et şuñkarym.

Sypdyrma tilkini, küren tapmasyn,
Hüşgär bol, al salyp gözüñ gapmasyn,
Güýjüñe bäs gelmän ýagşyñ çatmasyn,
Ýykaýdygyñ saña nälet şuñkarym.

Awuñy sypdyrsañ durkuñ ýas tutar,
Ertir giç, gojalyk yzyñdan ýeter,
Ýagşy zat bolarmy alkyşdan beter,
Eliñde, ömrüñi gül et şuñkarym.

Amandurdy JANMYRADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 106 | Добавил: Moderator | Теги: Amandurdy Janmyradow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Bir gün / Goşgular - 14.02.2024
Gelersiñ... duşuşarys / Goşgular - 27.01.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
...Fewral, heniz gyş / Goşgular - 06.02.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]