16:27 "Ýene ýarag hakda, ýene ok hakda..." | |
"ÝENE ÝARAG HAKDA, ÝENE OK HAKDA..."
Goşgular
Ýene ýarag hakda, ýene ok hakda, Oýlanmalam boldy, ýazmalam boldy. Parahatlyk ýan berenok şu çakda, Tüf, tüf, şükür, ýöne bahyl köpeldi. Karteriñ sözsoñun ýazdy-da Reýgan, Täze bir sözbaşy ýazmaga durdy. Şeýdibem zähmetkeş barça adamyñ Müýnürgemän ýüregine el urdy. Ol, belki, älemi sahnadyr öýdüp, Sähnelik edýändir bilip bolanok. Käte "howp" hakda ajy söz aýdyp, Ili rahat ýatyrasy gelenok. Taryh akyllydyr hemem adyldyr, Garaýşyny ýazar, okap göreris. Dünýämizi gaýmak saýsak şu günler, Geljegmize ak guş bolup bararys. Häzirem bir pursat pälinden gaýdyp, Gül hakda, bal hakda oýlansa gowy. Çitige mündürip dünýäñ ykbalyn, Nämekä ol adamhoruñ arzuwy. Ýakut derimizi çalyp gündize, Matal aýdyşalyñ agşam çaýdan soñ. Çalym edip asylzada bir gyza, Ýigit ýüreginden, goý, örsün her dañ! Amandurdy JANMYRADOW. | |
|
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Ýatlama / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Din-u millet sorar iseň, aşyklara din ne hajat? / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Ýar gara gözli / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ogluma pent / Goşgular - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |