11:04 Bagyşla zemin | |
BAGYŞLA ZEMIN
Goşgular
![]() Bedenimi palçyk bilen almaşdym, Almaşdym dünýämi ýyldyzlar bilen. Dogry, ýaşamadym asyl ýalňyşsyz, Çalyşyp gijämi gündizler bilen. Çalyşdym ruhum bilen gök asmanymy, Hem şol boldy saýawanym ýagyşda. Aýa çykyp ýere bakdym yzlarym Gördüm, basgylanan zemin bagyşla! Ýagyş ýagdy, siňdirmedi bedenmi Saňa, dolamadyň etegňe meni. Men gorkajyk ogluň, şeýle edenli, Ýagyş bolan ýaşlaňda görüp seni, Bedenimi palçyk bilen almaşdym, Asman bilen almaşdym-da ruhumy. Ýalaňaç ýyldyzma ýalaňaç düşdüm, Saňa eştdirmezlik üçin gohumy. Ömrümiň dykdymda howa deşigni, Men asmana gaýtdym, bagyşla zemin. Şonda bildim saňa gereklidigim, Etegiňe düýräp galdyň eşigmi. Indi meň çün aglan gözýaşlaň ýagşa Goşlup birazajyk artygrak ýagar. Aşa söýgüm üçin gaýtdym, bagyşla, Göz ýaş saňa, ahyňam maňa deger. Eziz AMANNAZAROW. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||