14:29 Yşk şarpygy | |
YŞK ŞARPYGY
Goşgular
![]() Dodaklarym dodaklaňda eredi, Gözlerim kör boldy gözlerňe garap. Jan sözleriň ýüregimden ýöredi, Oýardy kalbymy çalaja yrap. Näzik şemal deýin näziň ýarady, Ýumşak saçlaryňy boýnuma orap. Barmaklaryň saçlarymy darady, Näzijek elleriň beýnime ýarap. Yşgyň aýy bize arşdan garady, Ýolumyzy ýagtyltdy bolup çyrag. Bagt çatrygy bize ýakyn arady, Emma, biz bilmedik başmyzy çarap. Onsoň, söýgi bize gaty darady, Gözlem kör bolansoň gözlerňe garap. Heniz gulak ker bolup ýetişmänkä, Yşk ýetişdi menden bir zady sorap. - Ol seni söýýärmi? - yşgym sorady, A men - Söýýär - diýdim haýbatly garap. Yşk şarpygy meni birden oýardy, Görsem, saçlaryňy boýnuma orap, Ýykjak ekeniň. Ýüzüň bolsa garady, Gabra gaçmalydym daşa büdüräp. Ýöne Allam, senden meni gorady, Gulagmy ker etjek sözleňden gorap. Soň, galdyň yzymda, öl diýip gargap, A men ýaşap ýörün, gün-günden garrap. Eziz AMANNAZAROW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||