10:31

Abdyrahymyñ almaz şemşiri we şahyr ýüregi / eserden bölekler

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 435 | Добавил: Нawеran | Теги: Prem Çandr Maheş | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Bagabat  
43
Bu ýerde Prem Çandr Maheş Abdyrahym hanyň belent adamkärçiligini çeper beýan etmekçi bolup, gereginden has artykmaç çeperçiligi ulanypdyr öýdýän yes Abdyrahym han döwründe kümüş rupyýanyň agramy, tegelekleseň 11,5 gram bolupdyr. Diýmek 100.000 rupyýa - 1150 kg bolýar. Şony hem Abdyrahym hanyň hazynaçysy garyba berjek bolsa her adam 40 kg-den göterende ony, tegelekläp alnanda 29 adam daşamaly bolýar. "lvivmedievalclub.wordpress.com" çeşmesiniň maglumatlaryna görä orta asyrlarda iň gymmat gyrnaklary 1,5 kg  kümüşe ýagny 500 dirheme ýa-da 43,5 rupiýa satyn alyp bolýar ekeni.

0
2 Bagabat  
43
Diýmek, Abdyrahym hanyň "serpaý ýapan" garyby bir wagtyň özünde 2298,8 sany zenana öýlenip biljek ekeni. Soň ol olaryň hemmesini nädip ekläp bilerdikä?! suspect

0
3 Нawеran  
9
smile gowy bellik. Üns berseñiz, yene-de bir zat barde. Awtor Abdyrahym hany Krişna hem uýýan edipdir. Dogry Ekber şanyn döwründe yslam dini bilen indus dini gatyşyk bir zat ýasaljak bolupdyram. Emma bu Abdyrahym hanyñ bu bolgusyzlyga eyerendigine delil däl bolsa gerek. Sebäbi yslamyñ ikinji müñýyllygynyñ iñ beyik müjtehidi hasaplanýan Ymam Rabbanynyñ Abdyrahym han bilen alşan hatlary bar we şol hatlaryñ birinde beýik alym Rabbany Abdyrahym hana hatda gaýry dinlileriñ adam atlaryna öýkünip adam adyny goýmagyñ oñlanyljak zat däldigini ýazýar. Diýmek, Abdyrahym han Prem Çandryñ gorkezişi yaly gundiz Krişnañ oñunde eglip, agşam namazda rukuwa gidenlerden däl-de adam adyny goymak meselesinde-de diyseñ dannawly çemeleşendigini görkezýär. Agzalan hatlaryñ birini terjme edip saytda goyupdym.
Yone hindileşdirmek meyliniñ bardygyna garamazdan eseriñ gymmatly eserdigini aytman bolmaz.

0
4 Bagabat  
43
Äý, onsoňam, gadymy taryhy çeşmelere salgylanylanda gaty seresaply bolmak dogry. Sebäbi orta asyr çeşmelerinde haýsydyr bir hökümdaryň goşun sürende onuň goşunynyň sanyny hökmany ýagdaýda 100.000-lerde beýan edýärler. Ol beýan edilýän patyşalygyň ilatynyň sany bir şonça barmyka diýip dörüp başlaýarsyňam welin, onuň goşunynyň hakyky sany 2-3 müň bolýar duruberýär.

0
5 Нawеran  
9
Umuman orta asyr taryhçylarynyñ maglumatlaryna seresaply çemeleşmeli diýeniñ gaty dogry. Geçmiş taryhçylar häzirki käbir taryhy ýoýujylardan has beterräk bolupdyrmyka diýýän. Mysal ü.n abbasy halyflygy döwründäki taryhçylar emewi hökümdarlaryny ýepbekläp ýazýarlar. Ýogsam bolmasa yslam taryhynda yslam dinini dünýäniñ çar künjüne ulaşdyrmakda şolardan yhlaslysy we şolardan köp iş bitireni bolmadam. Şaýy taryhçylary welin emewilerem, abbasylaram gara donly görkezjek bolup jan edipdirler. Turkmen taryhyndan mysal alsagam şeyle, eyranly, hywaly, buharaly köşk taryhçylary bir-birlerini, şol sanda türkmenleri yamanlamakda bir-birine ýeñ berenoklar.
Yene bir mysal getireyin: Teymirleñi ýigrenyan taryhçylar onuñ Eyranyñ şaherlerinde alaly Yspyhanda 100 müñ, Hemedanda 100 müñ, Maşatda 80 müñ, yene bir şaherinde yene şonça ilatyñ öldürlendigini yazlarlar, sanalan şaherlerde oldurildi diyilyan ilatyn sanyny jemleseñ 1 milliondan agyp gidýär. Öñräk ylmy işiniñ agramly bolegini Teymirleñ dowrunuñ taryhyna beren bir turk taryhçysy şol dowürde tutuş Eyranyñ ilatynyñ 1 milliondan kop bolmandygyna ünsi çekdi. Diymek antiteymirleñçiler Teymirleñiñ garşysyna soweşde wepat bolanlaryñ sanyny artdyryp beryan ekenler, yogsa bolmasa Eyranyn ilaty 1 mln bolsa, berilyan sanlara hem ynanjak bolsañ Eyranda uly kiçi diyman oldurlen bolup çykýa-da....

0
6 Bagabat  
43
Dogry. Menem şeýle ýagdaýa duş geldim. Nirede okandygym-a ýadyma düşmeýär welin, Çingiz hanyň ogly Tuli hanyň Merwde 1.300.000 adamy gyrdyrandygy, ondan başga-da Merwiň ilatyndan ökde külallary, mata, ýarag, agaç ussalaryny Mongolystana ýesir edip sürendigini ýazypdyrlar. Arada Merw hakynda bir zat ýazmakçy bolup, şonuň gurluşyny öwrenip başlanymda soňraky rus arheologlarynyň Orta asyr Merwiniň daşky diwarlary hasaplanýan we rowaýata görä Keýumersiň ogly Tahmurazyň gurduran seljuklar döwründe "Köne diwar" diýlip atlandyrylan "Gelýakyn-Çilburç" diwarynyň içinde 9.000 tanap ýagny, 1800 gektar meýdany eýeländigini okadym. Içki şäher bolan Soltangala-da, Soltangalanyň ýanynda ýerleşen Şähristanam Gelýakyn-Çilburçyň içinde ýerleşipdir. Erk galada, Isgender Zülkarnaýnyň gurduran şäheri diýilýän Gäwürgala-da şol Şähristanyň içinde ýerleşipdir. Okan çeşmelerimde Merwiň ilatynyň sany barada anyk maglumatlaryň ýokdugy sebäpli özümçe "çopan hasabyny" geçirip başladym. Altyndepäniň galanyň içindäki umumy meýdany 50 gektar bolup, onda takmynan 5.000 adamyň ýaşandygy çeşmeleriň köpüsinde ýazylýardy. Özem Altyndepede adamlar örän daryşgan-gysby ýaşapdyrlar. Şeýlelik-de 1800 gektary 50-ä bölýäris. 36 bolýar. Onam 5000-e köpeldýäris. 180 müň adam bolýar. Ine şu san ýapa degýär. Ýöne elbetde bu san şol wagtky Merwiň daş-töweregindäki obalary öz içine almaýar. Merwiň töwereginde bolsa taryhçylaryň maglumatyna görä orta asyrlarda müňe ýakyn ownukly-irili obalar bolupdyr. Olaryň Hurmuzfarra ýaly käbirleriniň ilaty 2-3 müňdenem geçipdir. Şol sebäpli-de umumy oazisde 2 milliona golaý adamyň ýaşan bolmagy mümkin. Hasam Merwiň şol döwürleriň Dubaýy we Stambuly hökmünde dünýäniň söwda hem logistika merkezi bolandygyny, bu ýagdaýyň bolsa söwda kerwenlerine, bazarlara hyzmat etmek arkaly millionlarça adama arkaýyn eklenmäge mümkinçilik berýändigini göz öňünde tutsaň.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]