19:13 Açylsa ýüregiñ derwezeleri | |
AÇYLSA ÝÜREGIŇ DERWEZELERI
Ynsan ýüreginiň adaty söz bilen açyp bolmaýan derwezeleri bar, olary diňe şygryýetiň çeper dili bilen açmak mümkin. Ynsan ýüreginiň derwezeleri hem şygryýete bagly bolýar. Çünki şygryýet ýüregi zeňlemekden goraýar, ömrümizi mazmunly, durmuşymyzy gözel edýär, ýaşamagyň we göreşmegiň syrlaryny öwredýär. * * * Ir zamanlarda ýaşap geçen bir akyldar: «Men wagtyň nämeligini bilýärin, ýöne «Wagt näme?» diýip sorasalar, jogap berip bilmerin» diýipdir. Şygyr hakda hem hut şuny aýtmak mümkin. * * * Kagyzdan ýasalan gülüň ysy bolmaýar. Ol barybir üstüne suw dökülse, ezilip, ýok bolup gidýär. Gowşak eserleriň ömri edil kagyzdan ýasalan güle meňzeýär. * * * Ylymdyr döredijilik bilen meşgullanýan alymlaryň we ýazyjylaryň köpüsi uzak ýaşaýar. Olaryň ruhy dünýäsinde mydama ýaşlyk höküm sürýär. Ýaşlyk gaýdyp gelmeýär. Ýöne ýazyjy-şahyrlar ýaşlygyň gaýdyp gelýänligi bilen baglanyşykly duýgulary köp başdan geçirýärler. Bu ýagdaý täze bir eser ýazylan pursady ýüze çykýar. * * * Köp goşgy ýat tutmak ynsanyň ýatkeşligini ösdürýär. Şygry gaýta-gaýta okamak, ony aňyna sindirmek netijesinde şahyryň zehini ötgür bolýar. Ikinjiden, okyjynyň söz baýlygy artyp, onuň ruhy baýlygyna öwrülýär. Söz ylahy bir gudrat. Ol öz jylawyny aňsatlyk bilen eliňe tutdurybermeýär. * * * Şahyryň wezipesi adamlaryň dilde beýan etmedik duýgularyny owadanlap kagyza geçirmekden we galamyň güýji bilen olara ruhy taýdan goldaw bermekden ybarat. Adamlar onuň ýazýan şygyrlaryny teşnelik bilen okasa-da, şahyrda ulumsylyk, badyhowalyk ýaly häsiýetler ýüze çykmazlygy üçin, ol özüni urýar. Onuň özüňi ykrar etdirmegi üçin uly tejribe toplamagy we mekdep döretmegi zerur bolup durýar. Ata-babalarymyz ir döwürlerden bäri döredijilik edebiniň ýazylmadyk kanunlaryny berk berjaý edipdirler. * * * Köp ýazyjynyň hyýalbentligi ahyry hakykata gabat gelýänligi bilen haýrana galdyrýar. Žyul Wern özi görmedik ülkelerini, şäherlerini hakykata ýakyn edip teswirläpdir. Mahym ROZYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||