08:51 Akpamyk | |
AKPAMYK
Miwe ejeme bagyşlaýaryn. Edepli, menikli, tämiz Görnügi asmanyň aýy. Ýylgyrsa guzy dişleri Lowurdarmyşyn enaýy. Galksa gökde gün halkasy, Ýer gark bolsa gün nuruna. Gün şöhlesi oň gulpagy Meňzeşmiş biri-birine. Gözleri duranja ylla Ýazyň damjasy ýalymyş. Gören diýýär: “Berekella” Ýüzleri gülleň alymyş. Ylganda üstünde garyň Gyş gelende aýakýalaň Seljerip bilmezmiş hiç kim, Haýsy aýak, haýsy gar olaň. Basan ýerinden ot çykýan, Ýanyp duran közjagazmyş. Elinden gülleriň ysy, Gelýän, edep işlerinde Eliniň yzy galmaýan, Ýöne käte çete çykyp, Gama batyp kän aglaýan Bir naşyja gyzjagazmyş. *** Türkmen topragyna bahar gelende, Älemgoşar ýuwnup, göge galanda, Bakanmyşyn al-asmandan intizar. Çünki gyzyň gözlerinde ünji bar. – Edepli sen, menikli sen, tämiz sen! Çete çykyp, gama batýaň nä gyz sen?! Gül görmegiň kem däl gögüň aýyndan. Ýaý derdiňi, diý derdiňi maýyl men, Derdiň bile çekişmäge taýyn men. Geň pyşyrdysyna älemgoşaryň, Tisginenmiş gyzjagazyň ýüregi, – Bilseň maňa kömek edip başaryp, Eziz dogan, erkek dogan geregim. Adyny dilimde aýdym ederdim Gerçek doganym bolsa. Keşbini halyma öýdüm ederdim Erkek doganym bolsa. Ýüzleri nurana, eli gabarçak, Işläninde maňlaýynda der burçak- burçak doganym bolsa Lälede şat setir-beýdim ederdim. Duşman gelse, Watan diýip öňünde Durjak doganym bolsa. “Goý, aglama uýam!” diýip göwünlik Berjek doganym bolsa… – Gidiber gülleriň arasy bilen Hemra bolar saňa çopantelpekler, Gökde Günüň, Aýyň parasy bilen Gidiber, ýol daşdyr diýip entekler. Bag görseň saýala, ýel görseň ýar bol. “Arma!” diýenlere diýiber “Bar bol!” Çeşme görseň owazyny diňle-de, “Doganlarym kaýda?!” diýseň dillener. Ak külçe ýugur sen Günüň nuruna Oňa yhlasyňy, arzuwňy gatda Göwün ýüwürdiber doganlaň hakda Hemem gidiber sen islän ugruňa. *** Arzuw bilen Akpamyk Bolýar ýola rowana. Ýoluň ak bolsun bala! Maksadyň myrat bolsun! Şatlygyň zyýat bolsun! *** Kökejigim tigirlen Tap meniň doganlarmy. Iline gerek bolsa Çeşme dek çoganlarmy. Ili duşmandan gorap, Ýagyny kowanlarmy. Gara gyşda gaýratly, Ýazda gül boganlarmy… Gyşda agaryp ýatan, Ýazda bugaryp ýatan, Sary sähraň üstünden Düşüpdir ýoly gyzyň. Gözleri umyt-arzuw Gussadan doly gyzyň. Kökesini tigirläp, Kän ýöräp usurgapdyr, Ýardam isläp sähradan Ýuwaşja pyşyrdapdyr. – Dünýäde ýer barmy seniň Zeýilli, sähram, golda! Göýülli sähram golda! Sähra ene, ene hiç Balasyna dözmeýär. Balam diýip Akpamyga Pata berýär, sözleýär: – Agtaran tapýandyr, Gözlän tapýandyr, Ýollary ýumak deý Çözlän tapýandyr. Gidiber gyzjagaz, Tapýandyr idän, Gidiber gyzjagaz, Ýaşlama didäň. *** Gyz gidipdir, hoş bolup, Ylgap, uçup guş bolup, Ýolunda şol barmana Bir del çeşmä duş bolup, Ýüzlenipdir şol çeşmä: – Şildireýän çeşmejik, Bulduraýan çeşmejik, Agşamna aý nuruna Ýaldyraýan çeşmejik. Syryňy çöşledejik, Aýt, arkadag çeşmejik. Doganlam nirde meniň, Nirede Böri dogan, Nirede Şir doganym?! – Ýedi gerçek, ýedi ner, Gözler ýanýar dowumdan. Hezil edinerdiler Içip meniň suwumdan. Ýedi gerçek, ýedi ner Awlar awlap, guş guşlap, Ýollarna giderdiler Dynç alyp, göwün hoşlap. Ýedi gerçek, ýedi ner, Döşlerinde galkany. Suw içip, “sag bol!” diýer Hem giderler ýalkanyp. Ýerdäki ýedi owaz, Ýedi gerçek, ýedi ner. Zemindäki Ýedigen, Zemindäki ýedi reňk. Ýalňyz uýalaryny Gussadan halas eder. Alysda däl, şu taýdan Ýedi gerçek, ýedi ner. *** Tigirlen kökejigim, Aý dek, Gün dek arassa, Çelpek dek ýukajygym. Göwnüm guş bolup uçdy. Tap meniň doganlarmy Ýanlarna golaýlaşdyk Tap meniň doganlarmy. Gyz gidipdir, hoş bolup Ylgap, uçup, guş bolup, Ýolunda şol barmana Duşupdyr Gara daga. – Dagym, dagym, Gara dag! Bäriňe bir gara dag! Ýedi dogan yzynda Synam ýedi para dag Eziz doganlarymy Jigisine garadaý! Geýimlerni ýuwaýyn, Ýuwaýyn dolaklarny. Ýeke özüm sowaýyn, Dostlaryn, gonaklarny. Ýedigeniň sanynda Ýyldyz bolasym gelýär. Ýedi ýeňňäň ýanynda Baldyz bolasym gelýär. – Özüm gara bolsam-da, Ýüregim akdyr meniň. Göni gelen jerene Zelelim ýokdur meniň. Ýatyr seniň doganlaň Meň ýumşak gowagymda Meň ýyljak gowagymda. Gyz gidipdir, hoş bolup, Ylgap, uçup guş bolup. Kökesini tigirläp, Şol gowagy tapypdyr Ýedi gerçek, ýedi ner Şol gowakda ýatypdyr. Salam, eziz doganlam, Sizi gözläp al Günüň, Dogýan ýerinde boldum. Gün ýöräp orta ýola Ýetýän ýerinde boldum. Batýan ýerinde boldum. Sary çölde saralyp, Tapyp bilmedim-dä men. Sizi düýşde görerdim, Ýöne sizi tapýançam Ýatyp bilmedim-dä men. Uka batdyňyzmy siz Gelerime garaşyp, Meniň eziz doganlam Ýaýlasyna ýaraşyk, Öz halkyna delalat. Iliniň ýaýlasyna, Iliniň galasyna Getirmedik del adam, Gulan gelse toýnakdan, Guş gelse ganatyndan, Apalap, aýap, söýüp, “Siz bolsaňyz bor” diýip, Ilimiň öwenleri. Oýanyň doganlarym! Asgyryşyp oýanyp, Ýedi dogan owaza “Kim sen, nireden geldiň, Düýşmi ýa-da oýalyk?” Ýüzlenipdirler gyza. – Meniň adym Akpamyk Kökejigim elimde. Päk söýgim köňlümde Gül adyňyz dilimde. Ýerdäki ýedi owaz, Zemindäki ýedi reňk, Zemindäki Ýedigen Meniň eziz ýedilem. Gulaklarna ynanman, Ynanman gözlerine Gyzy bagryna basýar, Olar gezek-gezegne. – Bilen bolsak sen ýaly Uýamyzyň barlygyn. Biziň gül keşbimize Dideleriň zarlygyn. Atlanyp atymyza Çar tarapa çapardyk Tutuş dünýäň ýüzüni Ýol-ýodasyn sökerdik. Ýedisi-de ak atly Gyzyl ýüzli ýigitler. Gözler joşup bagtdan, Ýaş bolup akanmyşyn. Öz eziz jigilerne Intizar bakanmyşyn. Atlarna atlanyp, Hoşal bolup, şatlanyp, Bagt hakda şat aýdym Aýdanmyş olaň bary. Akpamygyň iline Gaýdan ýerine sary Gaýdanmyş olaň bary. *** Ak öýleriň işiginde Atarylypdyr gazan bary Çagyrylypdyr çyn bagşylar, Çagyrylypdyr sazandary. Toý şapak deý tutaşypdyr Bu toýuň at-owazasy Gülli ýaýlany tutupdyr, Külli älemi tutupdyr. Ýedi nere ýedi gül dek Ýedi sany zyba gyzy Beripdirler nika gyýyp Toý toýlapdyrlar türkmen ýazy. Bahar kibi öwsüp elwan, Gözeller çelpek ýaýypdyr. Begenç ýaşyn saklap bilmän Akpamyk, päk pamyk şonda Özüni bagtly saýypdyr. Ýigitleriň gyrmyz dony Gelin-gyzlaň ketenisi Şapak misli lowurdapdyr Dabara, şowhun, şagalaň, Ýedi günläp sowulmandyr. Gurbandurdy ORAZOW #çagalara degişli 11-nji goşgy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |