19:29 Aňmadylar... | |
AŇMADYLAR...
Goşgular
![]() Dürlere gatyşmadyk, Bir dänejik dürdügimi, Zergäre sataşmadyk, Bir zerrejik zerdigimi, Pikir etmän, Añşyrman, Biri maña "Dana" diýdi, Biri: "Bolşuñ näme?" diýdi, Kimse meni adyl saýdy, Kimse bolsa duşman saýyp, Diýdi: "Dardan asylsady". Herkim baha berdi, Göwnüne görä. Hiç kim tanamady, Göwnüme görä. Meniñ bolsa, Asmakçy bolýanyñam, Garynja deý üstümden, Basmakçy bolýanyñam, Üstüne saýa bolup, Ganatymy gerdigimi, Ýörejek ýodasynda, Tüm gijede nurdugymy, Añmadylar... Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||