17:13

Aýdarhanyň ýaýdarhany / hekaýa

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 665 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Bagabat  
43
Bilmedim, ýa men ýalňyş çemeleşýän ýa-da taryhy bir zat ýazmagy gaty oňarmaýaryn ýa-da gereginden artyk çynlakaý çemeleşýärin, arhaizmleri kän ulanmajak bolsam-da, düşündirişleri hekaýanyň özünden köp bolýar duruberýär...Ýöne gerek ýerinde wakanyň bolup geçýän döwrüne mahsus zatlary mümkin boldugyndan beýan ediş yzygiderliligine girizmeseňem, taryhylyk ýitip, ýazylýan waka farspisint bir zat bolup barýan ýaly...

0
2 Bagabat  
43
"Taryhy eser ýazylanda "Göroglydan" mysal almaly" diýlen gürrüňe-de gabat geldim. Ýöne...Bagyşlaň welin, "Görogly" ilki bilen taryhy eser däl-dä. Ol halk köpçüliginiň üýşüp, "toýdan topukça" edip düzen gyzykly, başdan geçirmeler eseri. Dogry gyzykly, dogry gülkünç, dogry bir demde okalýar, ýöne ol ýerde haýsydyr bir taryhy döwri okyjylaryň göz öňünde janlandyrmaklyga synanyşyk barmy?! Nireden bolsun?!

0
3 Bagabat  
43
Meniň pikirimç-ä taryhy eseriň birinji maksady, halka öz köküni mümkin boldugyndan dogruçyl görkezmek hem-de asyrlaryň dowamynda nämeden nämäniň emele gelendigini akyl satmazdan düşündirjek bolmakmyka diýýärin...Ýöne, ilkinji nobatda taryhy eser gyzykly bolmaly. Mysal üçin Moris Drýonyň "Gargyş siňen korollary" gyzykly, Genrih Senkewiçiň eserleri gyzykly, Walter Skottyň eserlerem, olarda uzyn-uzyn peýzaž gürrüňleri bolsa-da, belli bir derejede gyzykly. A.Dýumanyň eserleriniňem taryhylygyna şübhe bolsa-da gyzykly, W.Pikulyň eserleriniň arasynda gyzyklysam bar, dokumental ylmy işe çalym edýänem, W.Ýançeweskiýniň eserleri gyzykly, Isaý Kalaşnikowyňky gyzykly - hakyky taryhy romanlar, Walentin Rybiniň eserlerini hezil edip okaýarsyň, Alekseý Tolstoýyň Pýotr I hakynda romany "Kümüş Knýazy" gyzykly, Lew Tolstoýyň "Uruş we Parahatçylygyny" özüňe sütem edip okamaly, Puşkiniň "Kapitanyň gyzyny" bir demde okaýarsyň...umuman şeýleräk-dä...

1
4 Bagabat  
43
Türkmen ýazyjylarynyň taryhy eserlerinden E.Ataýewiň "Jeň tozy", "Zulmat tününde", "Ýüz müň ýyl mundan ozal" eserlerini, Atajan Taganyň "Keseki", "Türkmenleriňkide ýesirlikde" eserlerini, Ýazmyrat Mämmediýewiň "Şapak" romanyny, Ata Gowşudowyň romanlaryny heziller edip okandygym ýadymda galypdyr. Hasam Ata Gowşudow taryhy iri göwrümli eser ýazmagyň ussady. Ýadatman okadýar.

0
5 Bagabat  
43
Bäh, "Nusaý galasyny" okamandyryn. Aňsat milli taryhy romanlary sypdyrýan däldirin welin, sataşmandyryn. Ýöne soň bir "Nusaý" barada roman bardy. "Garagum" žurnalynda bölekleýin çap edilýärdi. Awtory ýalňyşmasam Owadan Gurdowady öýdýän.

0
6 Bagabat  
43
@Haweran, sag bol maglumatyň üçin. Eger-de ýetirseň, uly sogap gazanarsyň. E.Ataýew özi taryhçy bolandygy sebäpli eserlerinde üýtgeşik maglumatlary ulanýar. Şol bir wagtda-da çakdan aşa pelsepeçillige ýa-da ylymdarlyga ýüz urup, okyjyny ýadatmaýar.

0
7 Bagabat  
43
Bu zamanyň çagalary anatomiki atlasam, fiziologiýanam ýatdan bilýärler. Özümiz ýadyma düşýär. On-on bir ýaşaýançagam çagalar "balnisa" diýilýän ýerde satylýarmyka diýip pikir eder ýörerdik. Emansipasiýa we akselerasiýa diňe bir beden taýdan däl-de, akyl hem dünýägaraýyş taýdanam bolup geçýän bolaýmasa. Kämahal çagalar jogapsyz goýaýmasaň başga alaç bolmaýan sowallary bermegiň juda ezber ussadyna öwrülýärler. Kiçiräkkäler ogullarymyň biri: "Kaka, sen näme üçin kaka?!" diýibem soraýardy. biggrin

0
8 Bagabat  
43
@Haweran, bujagaz sorag bolsa ýeri gelende hekaýalaryň birinde ulanaýmaga gaty ylaýyjak ekeni tongue

0
9 *  
Hahaa name diydiniz onnon oglunza

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]