09:58

“Döredijilik adamy” tagamynyň :-) resepti

Категория: Degişmeler | Просмотров: 318 | Добавил: Bagabat | Теги: Tapbatçy Ýepbekçiýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Degişmeler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Injener  
1
Soňky döwür Kerim Hally bilen @Nowçaň arasynda meňzeşlik görüp başladym....)))

0
2 Injener  
1
Edebiýat adamzadyň içki dünýäsini belli bir akyma göýbermek üçin diýseň gowy gural. Islendik ideýaň tohumyny adamyň kellesinde ekseň bolýar. Tohum öz özünden ösýär, ýetişýär, iň soňunda baga öwrülýär we öz hasylny berýär. Ýöne Magtymguly Pyragy ýaly gös göni bag ekjek bolmaly dälde, tohum ekmeli. Bagy adam öz melleginden soguryp zyňýar, sebäbi ony özi ekmedi. Eger bag şänikden gögerip çyksa, adam oňa degenok, oňa öz bagydyr öýdýär. Adamyň kellesinde ekilen ýaramaz ideýalary, adamyň jynlary (demon) ösdürýärler we adama ol pikirler oň öziniňki diýip ynandyrýarlar. Eger adamyň kellesinde gowy pikirleri döredýän ideýalary ekseň, ol ideýalary kimiň ösdürip ýetişdirýäni belli däl? Belki perişdelerdir, olar hem adamlaryň ýoldaşy.

0
3 Bagabat  
43
Jaýdar aýdylan zat.
Has giňelstseň: "Adamyň kellesinde ekýän gowulygyň tohumyny, onuň aňyna atýanyňy bildirmän ekmeli" diýsene.
Sebäbi, adam – juda kakabaş, özdiýenli, täksöýer, mensöýer, merkezimen, “meňki bitsin, seňki ýitsine” eýlenen jandar.
Şol sebäpli, ol, şahsy aň-düşünje, ruhy taýdan kämillik meselesinde, öz “mülküne” özünden özge hiç kimiň “gatyşmagyny, tokunmagyny” islemeýär, öz içini hemmelerden we hemme zatdan gabanýar, gysganýar.
Diňe Allatagala hem-de onuň nebileri babatda onuň mensöýer-merkezimenligi belli bir derejede mugyra gelýär.
Edebiýatyň, sungatyň ynsana täsir etmekde iň derwaýys häsiýeti bolsa - olar terbiýeleýändigini bildirmän terbiýeläp bilýärler.

0
4 Injener  
1
Men, teorýada edebiýatyň köp tehnalogiýalaryndan baş çykarýan, (ýa-da özüme baş çykarýan diýip hasap edýän). Eger 3-4 sany gowy redaktor we başgaa adamlar bolsa, türkmen halkynyň dünýä garaýşyny üýtgedip biljek eserleri döredip boljagyny bilýän, özem gowy tarapa, şol sanda hem ýaramaz tarapa. Eger eserde erotika we ýeňil pornagrafiýa elementlary bolsa, eseri ýaşlar okaýar, eger gara doga barada informasyýa bolsa, gyzlar köp okaýar. Ýöne bir näçe adam bolup eseri gowy edip sazlamaly, dialoglar, personažlar, atmosfera we sýužet. Iň esasam eseriň ideýasy. Jelepçiligi azaltmak üçin ideýa, ýa-da oň tersine. Dini ösdürer ýaly ideýa, ýa-da oň tersine. Eger ýalňyşmasam islendik gowy, ýa-da ýaramaz ideýany halka ýaýradyp bolýar. Edebiýat edil telewidenýa ýaly bahym hasyl berenok, ýöne edebiýatyň hasyly diýseň bol bolýar. Eger ýalňyşmasam, 3-4 sany adam bolup tutuş halkyň dünýägaraýşyny üýtgedip boljak ýaly bolup dur, ýöne ähli zat diňe teorýada. Ýagdaýa başga bir tarapdan seredeňde, hiç adam öz aňynda ýeke däl. Her bir adamy aňynda arwah bilen perişde bar. Döwrebap köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, adamyň aňyndaky arwaha, adamy ýaramaz zatlara yrmak üçin, täze argumentlary döredip berýär. Ýöne perişde üçin hiç kim argument döredenok. Eger nýetiň gowy bolsa, edebiýatyň üsti bilen, her bir adamyň perişdesine kömek etseň hem bolýar, adamy dogry ýola salar ýaly. Garaz ýene örän fantastiki temalara geçmeli bolýar, şonuň üçin azajyk togtaýyn....

0
5 Yusup  
50
Dünýä edebiýatynyň klassikleriniň terjime edilen eserlerini käte gaýtalap okaýan. Haýran galýan, ýazyjylar üçin kyn däl ýaly. Ýöne näme üçin şolar ýaly ýazyp bolanok. Köp eserler ýönekeý sözlerden düzülen. Emma meşgurlygy ýokary, ýa-da men düşünemok. Dogry, adam pisgalogiýasyna girýän romanlar bar. Meselem Çek Londan "Martin Iden", Kawerin "Iki kapitan". Beýle eserleriň 5 sahypasyny ýazmak ýönekeý prozaça hezil bermez. Men olar barada aýdamok. Mark Twen "Tom Soýeriň başdan geçirenleri", Maýn Rig "Başsyz atly" romanlarda üýtgeşiklik kän ýok, erteki okan ýaly. Ýöne Meşgur

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]