19:54

Bir sada ýigit sen, sähra mysaly

BIR SADA ÝIGIT SEN, SÄHRA MYSALY

Ynsan durmuşynyň dowamynda ykbalyna ýazylan kän gowy zatlara öwrenişip, soňabaka şol gowluklar onuň üçin adaty bir zada öwrülýär. Köpümiz säher bilen Günüň dogşuna ünsem bermeýäris ahyry. Aslynda ak Günüň garaňkylygy ýeňip, asman üzre galkmasy ýaly ajaýyp zat barmyka?!
Şahyr Guwanç Saparowyň goşgularyny indi näçenji gezek okap oturşyma meniň nazarymda adaty zada öwrülip giden üýtgeşik bir zehin hakynda pikire çümdüm. Ol meniň obadaşym, ikimiziň doglan ýylymyz, aýymyz bir, hatda iki gün tapawut bilen doglan günümiz hem bir wagtda diýsem gaty bir ýalňyşamok. Emma ony seýrek adamlarda görüp bolýan sadalyk bezeýär. Bu häsiýet şahyryň goşgularynda hem öz beýanyny tapýar.
Şu ýerde Guwanjyň bir ömür sarpa goýup gelýan halypasy Kerim Gurbannepesiň ömrüniň soňky ýyllarynda ýazan “Ähli beýik zatlar sada bolýarlar, ähli sada zatlar beýikdir beýik” diýen setirleri ýadyma düşýär. Ýöne sadalyk diýen zat hem, edil zehin ýaly tebygy berilýär. Ony özüňde terbiýeläp ýetişdirip bolanok.
Olaryň öýi obanyň sähra bilen araçäkleşýän ýerinde. Şol ýerde olaryň öýleriniň ilersinde at gaýtarym aralykda belent gum alaňlary seleňläp ýatyr. Alaňlaryň düýbünden hem giň jar geçýär. Aýdyşlaryna görä, şu jar gadymky Tüni derýanyň hanasyndan galanmyş. Bu rowaýata ýakyn gürrüňi Guwanjyň öz agzyndan eşidenimemi, bilemok, her gezek şu jaryň içinden geçip, şahyr dostumka barýarkam bir täsin duýgular kalbyma dolýar. Onsaň käte degşip “Guwanç, seň gowy şahyr bolmagyňa, aşyklary gören şu Tüni derýanyň köne hanasynyň hem täsiri bardyr-la” diýýärin.
Bir ömür bir egne, tutuş çärýek asyr galama-kagyza ýüregini açýan, ony hem il-gününe ýetirýän şahyr ýigit hem dýhan hem bagban, sözüň doly manysynda ene topragyň kyýamatlyk balasy. Melleginiň töweregini görke getirip oturan bagynda aka bişen ir-iýmişleriň, dürli miweleriň daň säherde ýa-da şam şapagyna öwşün atyp oturşy, ir baharda ekýän ak-gyzyl, ýene dürli görnüşli gülleri onuň durmuşda hem bir şahyrçarak ýaşaýandygyna şaýatlyk edýär. Eger-de şahyr bolmaýanda hem gepi-sözi, hüý-häsiýeti bilen hem tüýs şahyra mahsus hereketleri bilen her göreniň kalbyny awlap bilýän şahyr dostumyň balaryly gutularynyň arasynda, şadyýan wyzzyldaşýan balarylaryndan gypynç etmän arkaýyn ýörşüni synlap, “Guwanç jan, seniň golaýyňa barar ýaly däl-aý” diýip başymy ýaýkaýaryn. Bu görnüşi synlap durşuma belli özbek şahyry Ykbal Mürzäniň “Şahyryň ýanyna baryp bolmaýar” diýen goşgusy ýadyma düşýär.
Şahyr Guwanç Saparowyň sada emma many, pikir ýüki ýetik, saldamly goşgulary ynsanyň tebigatyna täsir edip bilýän döredijilik dünýäsiniň merjen däneleri mysaly turuwbaşdan okyjyny özüne imrindirýär, soňra kalbynda ýer tapýar. Ony bir okap başlasaň sähra bilen asmanyň birleşýän ýerine-gözýetime çenli uzalýan nazaryňa bereketli şygryýet kerwenine sataşýar. Şygrýetiň jaňly kerweniniň düňňür-düňňür owazy bize täze bir şahyryň bu meýdana gelýändigini buşlaýar.

Sylapberdi MUHAMOW,
şahyr.


• Türkmenistanym

Buýsanjym, namysym, ykbalym, genjim.
Ata Watan, Türkmenistanym sensiň.
Düýnüm hem şu günüm, ertirli ýurdum,
Täleými täleýňe baglaýyp dursuň.
Ýazlaryň ýazlaga çykan ýeri sen,
Taňryň nazar salyp bakan ýeri sen.
Bu topragyň kerem-dermany bardyr,
Okap bilseň näçe ter many bardyr.
Sährasyna seýle çykaýsaň irden,
Asyl bu ýer gözel jennetden diýrsen.
Gören haýran gözelligňe muşdak men,
Asmanyňda uçup ýören guş dek men.
Seýil baglaň bu ýazlaryň törüdir,
Hassa bolsaň lukman bilen däridir.
Jahyllaryň ýüňi ýeten goç guzy,
Aýdymlary Pyragynyň goşgusy.
Gözelleri söýgüňdir hem mertebäň,
Öwüdinden kemallanan mert enäň.
Arkadag paýhasy bagt berdi bize,
Hem ynam paýlady ýüreklermize.
Çümüp çuňlugyna mawy asmanyň,
Biz bile galkyndyk Türkmenistanym.

• Şahyryň içgepletmesi

Misli baharlaryň bägüli kimin,
Göwnümde lowurdap açylýar gunça.
Müň setirmi sykyp teşnäň dodagna,
Damdyryp başarsam ýekeje damja.

Gämiçimiň tolkunlary böwsüp git.
Saňa uly, äpet ýürek berilen.
Dýme gämiçiniň jany bir ahyr,
Oňa derek goşa kürek berilen.

• Saňa

Bir-birege mähir berip, gunçalap,
Durmuşyň açylan güli bolaly.
Seni söýşüm ýaly senem şonçarak
Söý. Söýülip hasam uly bolaly.
Men sowuk suw bolsam, sen gaýnag bolgun.
Ikimiz goşulyp ýyly bolaly.

• Göwnüm

Eý, sen melul göwnüm, meni bagyşla.
Öt günämi, ötür meni ötükden.
Ýazygym ýara deý böwrümden dömüp,
Görnüşimi gamgyn gyş deý gytyksy
eýledi. Neýläýin meniň bu bolşum,
kimlere ýakymsyz, kime hoş haldy.
Kimler dost goluny uzatdy maňa,
Kimler gol galdyryp geçdi.
...Hoş galdym.

2.

Ynjalyk bermedi ýabany sözler,
Hatda olar düýşlerme-de girdiler.
“Bizi bir kerwene düzmekçi bolsaň,
Arkamyza ýüküňi ur” diýdiler.

Ýeri, munça ýüki nirden alýyn,
Gollaryň özi bir özüne ýükdür.
Gowsy men argyşa gitmän oňaýyn,
Entek alabahar, bahar bir çyksyn.

Nämetjek çyrşalap munça setiri,
Azmy maňlaýdaky bişow setirleň.
Tur, goluňy çyzga, mertden meýdan ol,
Ömür geçer böwrüň diňläp otursaň.

3.

Eý göwnüm, kör düýe köprüden ötdi,
Ýazgytdyr, takdyra ten beren däldim.
Ulanyşdan galan pul birigi deý,
galdy-la, bir gursak arzuwlam galdy.

4.

Juda köp dymýaň diýp, öýkeli göwnüm,
Bagyşla dost, tekrarlaplar aýdýaryn.
Dymma daglaň peselenni gördüňmi,
Eýsem, olaň göwni ýokdur öýdýärmiň?!
Bu durmuş ajysam-süýjüsem ýetik,
Ajysyny işdäň almaklygam kyn.
Ýaşamaklyk üçin nämede bolsa
Bir zatlary ýuwutmaly ahyryn.

• Seň adyň

Magtymgulynyň “Meňzär hökümli” atly şygryna nezire

Seň adyň Leýlimi ýa-da Şirinmi,
Gözel kaddy-roýuň gülden ýakymly.
Mejnun edip bu köreýän ýürekni,
Basdyň oňa yşgyň öçmez möhürni.

Oturyşyň eda, turuşyň eda,
Ýylgyryň eda, gülüşiň eda,
Bolsun gara başym ugruňda pida,
Görmedim seniň deý dana-akylly.

Elimi asmana uzatdym derhal,
Eý Taňrym, şu bolgaý ýazanyň herhal.
Dergähiňden ýetse gudratly perman,
Peşeden pile çen bitir hökümňi.

Janymyň janany, zülpleri syýa,
Utanyp, ýygrylyp bakmagyn gyýa.
Adyň aý, adyňa ýetirmen zyýan,
Ýa-da yşarat et, aýdan şekilli.

Alnymda dur, bagtym mäňzäp çynara,
“Bor” diýýän deý gelip köňli karara.
Diýdi: ismim on harpdan ybarart,
Altysy çekimsiz, tördi çekimli.

• Duşuşyk

Salam mähribanym, salam ezizim,
Ýene-de men geldim seniň gaşyňa.
Bu gün soňky güni tyllaýy güýzüň,
Ýene-de men geldim seniň gaşyňa.

Akyp ýatyr yşgymyzyň derýasy,
Gark edip hijrany, ahmyr-perýady.
Saňa sowgat bermek üçin ter ýazy,
Ýene-de men geldim seniň gaşyňa.

Ýazlarymda bilbil bolup saýranym,
Ýör, men seni ykbalyma aýlaýyn.
Tämizligi, gözelligi eýýamyň,
Ýene-de men geldim seniň gaşyňa.

Läläm, ap-ak ýüzüň bagtyň keşbimi,
Gandyraýyn ondan suwsan yşgymy.
Ynha, ellerimde sowgat goşguly,
Ýene-de men geldim seniň gaşyňa.

Toýda okalan goşgy

Şol gyz diýp nägüne düşmändiň ýigit,
Düýşde otdan-suwa atylypdyňam.
Ýekeje näz üçin dagdan aşypdyň,
Käte utupdyňam, utulypdyňam.

Şonda-da dänmändiň beýik söýgüden,
Bu ýolda dänmezlik myrada ýeti:r.
Eliň gülli dolansaňam yzyňa,
“Gelerin” diýipdiň ýene-de ertir.

Hawa, şol ynamly ajap ertirler,
Bu gün seň gapyňa toý bolup geldi.
Ynha, siziň bagtdan paýly günüňiz,
Ýigit tansa çyka:r owadan gelni.

Pessaýdan ýaňlanýar mylaýym, hoş saz,
Orta çykýar gelin, bagtyýar ýigit.
Olar birazajyk ýaýdanýan ýaly,
Bize müňläp gözler bakýarlar diýip.

Ýok, ýaýdanmaň, olar ýaman göz däldir.
Ol gözler siz üçin şeýlebir ýakyn.
Bagtyňyz gujaklaň, siz erkin indi,
Toý söýginiň ýeňiş güni ahyryn.

• Ýürekde galan yzlar

Ähli zat ýadymda, bar zat ýadymda,
Pikir etme ýatdan çykandyr öýdüp.
Sen meni terk edip gidenem bolsaň,
Men seni ýatlaýan bagrymy tüýdüp.

Nazarymda galdy, kalbymda galdy,
Uz basyp ýöreýşiň, elwan näzleriň.
Mekan tutan ýüregiňe barýardy,
Ýüregimde galan aýak yzlaryň.

Men ony yzarlap, gözlegne çykdym,
Haýadan haýykman täleýňi syryp.
Seň aýak yzlaryň ýolbeledimdi,
Barýardym olary ýüzüme sylyp.

Ine, soňky ädim, soňkuja ädim,
Meni seniň huzuryňa getirdi.
Duýdansyz garşylap doňup galdym men,
Okap maňlaýyma ýazlan setiri.

Birdenem hopugyp aglasym geldi,
Görsem ol setirler sende-de bardy.
Ýüzdäki gasyny gizlejek bolup,
Bar güýjüni jemläp ýylgyryp durdy.

• Durmuş

Bu durmuşda söýýän diýip ýaşadym,
Şu söz bilen tutdum seniň adyňy.
Geldim ýeňles gylyklarma daş atyp,
Agraslygym bilen gitdim adygyp.

Söýgüden hiç haçan zyýan çekmedim,
Durmadym uly bir peýdada arap,
Bu söz meniň ynamymy ekledow,
Gowy niýetlerim alnymdan diräp.

Göz üçin etmedim eden işimi,
Gulagym üçinem hoş sözi küýsäp.
Gadyry gaçarmyş çakmak daşynyň,
Ýöne süýkäberseň öwürip çüýşä.

Ýüregiňi ýüregime basdym men,
Gözleriňde ýylap gitdi ynamym,
Göz diýilýän ojak eken aslynda,
Bütin ömre ýörün oňa ýylanyp.

Bu durmuş käteler şeýle mylaýym,
Joşdurar ýüregiň ähli güýjüni.
Ýöne horramlyga berme hyýalyň,
Dodagyňy ýaryp gitse süýjüsi.

Bolsa-da bu durmuş kejeňek, hötjet,
Gara başyň egip ýörmek telek bor.
Ajysy bar gözüň gitjek çöwrülip,
Entek bu baş köp ýerlerde gerek bor.

• Iki pursat

Seň geleňde yşk gämisin kürekläp,
Girdimäpet deňze, serhoş, dälidim.
Gaýa deý galkynýan gomlary böwsüp
Däl-de bagt kürekläp barýan ýalydym.

Diýdim: “Maňa garaş söýgüli ýarym,
Ynha, barýan, söýgim bilen doly men.
Ýöne sen şonda-da garaşman gitdiň,
Indem daş kürekläp barýan ýaly men.

• Bentler

Ýalandan aglama, gülmegin hemem,
Ýürek diýen zadyň bar bolsa seňem.
Eger-de sen ony aýaýan bolsaň,
Onda ol öz-özün gutarmak bilen.

***

Söýgidir ýaşaýşyň barlyk ölçegi,
Şoň bilen açylýar dünýäň geljegi.
Men ýüregmiň söýgi sözün eşitdim,
Şol ekeni zybanyňam diýjegi.

***

Egri dogry bolmaz öweniň bilen,
Dogry egri bolmaz döweniň bilen.
Haram zat hiç haçan halal bolmaýar,
Sen ony müň gezek ýuwanyň bilen.

***

Ärimkäm aňsat däl, diýýär aýaly,
Işde-de şu stol, öýde-de häli,
Hat-da gijesinem işläp geçirýär,
Gijesi gündize bergili ýaly.

***

Suw içer göwünden göwün diýdiler,
Olam edil bogun-bogun diýdiler.
Gaýa daňan ýüpüň üzmekçi bolsaň,
Elmydama öwün-öwün diýdiler.

***

Dünýe danalardan akyl alarmyş,
Eýýamlar, heňňamlar nakyl alarmyş.
Öz ugruna batly gitmeklik üçin,
Akyllar akyldan akym alarmyş.

***

Geldiň ömür güzerne,
Gulajyň ýaý ýüzrege.
Garaşyp oturmaga
Gelmediň sen gezegne.

***

Öwünme öwselerem,
Degmegin degselerem.
Barly baglar döwülmez,
Şahasyn egselerem.

***

Ýaşaýyş bar, ýalňyş bar,
Kim ýaşap ýör ýalňyşman.
Diňe, diňe ýalňyşman
Ýaşap biler ýalňyşýan.

***

Owadansyň güljemalym,
Açylan ter gunça ýaly.
Hiç kim söýen däldir mençe,
Arzuw eýläp sen jenany.

***

Ýatma gijäň uzak edip,
Gündizlerňi uzalt has-da,
Çünki gijesi uzagyň,
Gündizleri bolýar gysga.

***

Kimler ýüzer ummanda,
Kim kenarda gark bolar.
Kim ömrün ile berse,
Kimki nebse sarp bolar.

***

Ýazdy, ýazdygysaýyn
Kemäp barýardy deri.
Ýöne birden ýykylyp,
Söz üstünde jan berdi.

***

Pikir şahyryň galamny
Ýazdyrmaga kaýyl eder.
Ýogsam daşdan agyrdyr ol
Gozgaýdygyň maýyp eder.

• Mesnewiler

Dil bir ýarag, okdur söz,
Degse bäri bakdyrmaz.

***

Haýyrdan gizlemek şer diýpdi atam,
Ýol şaýyňam bolsa ber diýpdi atam.

***

Gapyňy kaksalar, salsalar dileg,
Bar bolsa goşup ber hoş sözüň bilen.

***

Gülleri ýolup däl, egilip ysga,
Egileniň bilen bolmarsyň gysga.

***

Ynamyň ykbala nurana ýoldur,
Şol ýol bagta eltmän öwrülýän däldir.

***

Oturmagyn törde bigadyr bitip,
Bilseň iç işigiňem hormaty ýetik.

***

Ýürek söýse hyrydar,
Diýseler-de peri däl.

***

Duşuşyk. Göz gözüň söýgüsin okar.
Ne ajap pursatdy ömürde şo hal.

***

Aýal tarap-kaýan tarap,
Aýal tarap-aýan tarap.

***

Şahyrmyň okyja ýürekdeş dost bol,
Ýogsam-da biz oňa bermäli päsgel.
Просмотров: 85 | Добавил: Haweran | Теги: Guwanç Saparow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 silapmuham  
1368
Jahyllaryň ýüňi ýeten goç guzy,
Aýdymlary Pyragynyň goşgusy.
Gözelleri söýgüňdir hem mertebäň,
Öwüdinden kemallanan mert enäň.


Guwanjyň Watan mowzukly goşgularynda gaty kän şahyrda ýoň bolan gaýtalanýan setir-sozler seýrek duşýar.
Şahyr dostumyza döredijilik üstünlikleri ýar bolsun! Kitapçyda hem hoş gördük.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]