21:15

Bir uruş gutarsa, ýene biri başlaýar

Категория: Publisistika | Просмотров: 340 | Добавил: Gökböri | Теги: Semir Ataullah | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Ependi  
284
Uruşy kim halasyn? Putinçilermi ýa Baýdençilermi, ýagny amerikoslarmy ruslarmy diýjegim? Şolaň hijisiniňem tarapdary däl. SSSR - üçinem, Amerika üçinem ol wagtlar iki sany iti uruşdyrandan parhy ýokdy, halklary. Netijäň gelip çykyşy diňe, özlerine ýokary baha bermekde... Mesele kän, mysal milliondanam kän, ýaltanýan şu wagt ýazmaga. Aýdyp galaýyn: ýazary jypdyrmasyn, ol beýle däl...

0
2 Ependi  
284
Düýn, işlikäm, ýüzleý jogaplapdyryn @Gökböri, bagyşlarsyň-da. Ýazaryň eserem dogry aýdypdyr, ýöne, teswirimi tankytlarlar öýdüp garaşdym. Tankytlamadylar, herkim bu zatlardan ellibizar öýdýän. Ýene özümiz pikir alyşaýmasak.

Uruşy hakykatdanam halaýanlar kän. Olar üçin diňe daşyndan hop berip, keýp edip synlamak. Halklar bir-birini öldürsin, etjegini etsin, bildirenok olara. Ýöne, şu meselede Russiýany goşmak bilen ýalňyşýarlar. Düşündireýin:

2014-ýyl, Russiýa Krymy anneksiýa etdi, hataryna goşdy. Wagtynda, Ukrain lideri Hruşşýew (asylly gelip çykyşy Ukrain) Krym adasyny Ukraina birikdirmegi teklip etdi, ýagny, halkyny galkyndyrdy. Şonda, hiçkim onuň garşysyna çykmady, Krym adasy Ukrainleň eline geçdi. Uruşyň ilki başlangyjam ine şu sebäpli. Ony özüňizem menden gowy bilýänsiňiz. 2014-2022-nji ýyllar, Russiýa bu uruşy saýlamazlyk üçin kän garaşdy. Putinçi eken bulam diýmegiňiz mümkin, ýokarda aýdanym hakykatdanam nädogry. Aslynda, Putiniň syýasatyny goldanymy kem göremok. Gepden-gep ýasalyp gidip otyr. Bolgusyz, syýasy anekdoty aýdaýyn:

Dünýäň ähli prezidentleri Dubaýda agşamlyk naharyny iýip otyrlarmyş. Dubaýyň häkimem (Dubaý häkimi diýlende ýene birzat ýadyma düşdi. Başga ýurtly prezidentler oň bilen salamlaşyp oturanda üsti başy geýnüwli, köwşünden başlap galstugyna çenli. Dubaý häkimine üns beren barmy şonda? Aýagy pak şypbykly, olam aýagyna zordan ilýär) prezidentleň öňünde ähli zadyna çenli sap altyndan goýýar. Jamyna, käsesine, çemçesine çenli. Herkim iýip-içmek bilen başagaý bolup otyrka, Baýden şonda öňündäki çemçesine gözi gidip, ýuwaşlyk bilen goltuk jübüsine salýar. Muny diňe Putin görüp ýetişýär. "Baýden ogurlan bolsa, menem ogurlaýyn" diýen niýet bilenem Putin çemçäni golrugyna salýar welin ähli prezident görüp ýetişýär. "Ana aldy-da, ana aldy, gördüňizmi?" diýip, goh turup başlaýar. Putin şonda märekäni ýuwaşadýar:
- Halaýyk, men ogurlyk etjek bolamok, diňeje fokus görkezmekçidim. Serediň häzir, men şu gyzyl çemçäni goltugyma salýan welin, Baýdeniň goltuk jübüsinden çykmasa hasabam däl...

Göräýmäge bolgusyz anekdot ýalydyr. Edil beýle däl. (ýene işim çykdy, bagyşlaň...)

0
3 Ependi  
284
Düşünseňiz, şo taýda Baýden (ýagny Amerika) goltugyna şol çemçäni sokdy. Muny görmezlige salýanlar kimler? Elbetde hemmesi. Putin çemçäni bilgeşlin salanda görýän kimler, ýene-de şolar. Şu, ýönekeý anekdotdanam bir zady biläýmeli.

Ertir ýazaryn jogabyny. Ýadyma düşse...

0
4 sylapberdimuhamov  
1428
Ependi aga gyzyk adam ekeniñ, tüweleme. Gyzykdyryp goýýañ :)

0
5 Haweran  
411
"Keýmirkör serdar "Kürtleriň sadalygam, hoşgylawlygam biziň adamlarymyzňky ýaly, ýeri, şu iki halky uruşdyryp-gyrlyşdyryp ýörmek nämä gerekkä?" diýip, öz-özüne sowal berdi, emma sowaly jogapsyz galdy. Ýöne edýän oýy welin dowam etdi. "Hiç halk beýleki halk bilen uruş turuzmaýar. Diňe olary biri-biriniň üstüne öjükdirýänler-küşgürýänler bar, uruş şolar üçin gerek, uruşlarda olaryň haram bähbitleri bar, olar üçin sen öldüňmi-galdyňmy, bildirenok, abyrsyz, ymgyr köp, ummasyz olja eýe çyksalar - bes". Hiç haçan halk halk bilen uruşmaýar, galp galp bilen halky gyrlyşdyrýar. Şu ýerde şu nakyly üýtgedip, "Iki eşek depişer, arasynda at öler" diýsek, makullap, baş atjaklar tapylsa gerek."
(Bir ýazyjymyzyň ýakynda ýazyp gutaran roman-trilogiýasyndan.)

0
6 Ependi  
284
Putin çemçäni oýnap, Baýdeniň goltugyndan näme sebäpli çykarşyna welin üns beren bolmady... Ýagny, kimiň akyllydygyny, öňden görüjiligini aňan bolmady. Özüne edilýän "oýunlara" gaýduwsyz, aýlawly jogap berip, günä özüne ýöňkelende-de, ilki başlany utandyran kim boldy?

Ýokarky anekdotyň manysam şundan ybarat. Nähili düşünseňizem.

@Haweran dogry aýdypdyr ýazyjy, olar üçin daşyndan synlasa hezil. Gyrylsa hezil.

0
7 Ependi  
284
@Haweran, aşaky kommentariýaňyzdaky diýen romanyňyz çykdymy? Täsin, entek okamandym? Bir habaryny duýduraýsaňyz?!

0
8 Haweran  
411
Ýok, gynansak-da, çykmadyk. Golýazma görnüşinde awtoryň özünden alyp okadym, häzirçilikçe mälim edilmezligi haýyş etdi, şondan awtoryň we romanyň adyny at tutup aýdyp bilemok (ýogsa, begenibem näler aýdasym gelýär), bagyşlaň.

0
9 Ependi  
284
@Haweran düşündim. Bize-de okamak nesip etsin. Gylyjy giň ýazyjyň sudury, okarys hökman!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]