22:26

Däli gelin

DÄLI GELIN

Gapy-gapy aýlanyp ýör,
Obamyzda däli gelin.
Göwnün tapyp sözleşäýseñ,
Dürdäne-de ýaly gelin.

"Eý, waý, däli gelýä."- diýip,
Çagajyklar gaçyp gider.
Gapysyny açanlara,
Ol hem göwnün açyp gider.

Gapy kakyp dileýäni,
Bir döwümjik çörek onuñ,
Açylmadyk gapysy bar,
Çünki, onuñ ýüreginiñ.

Öñ dutarda saz çalardy,
Şoñ bilen toý toýlanardy.
Ýigitleri bendi eden,
Saçlar dyzda towlanardy.

Ýöne onuñ gara bagty,
Çolaşypdyr çarkandakda.
Hiç kim bilmez, juwan wagty,
Oñ güllerin çürten hakda.

Dälilik hetdine ýetip,
Çürkense-de hyýallary.
Bagt hakda aýdym aýdyp,
Güýmäp ýör ol aýallary.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 423 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Şert / Goşgular - 09.02.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Gumlygelin  
8
@Ependi agañ "Çagalykdan bir parça"-syny okap ýazylan goşgy...

0
2 Remezan  
1397
Berekella

0
3 Atsyzatly  
1393
Okaý, her hili ýagdaý bolýar we käte il içinde däliler hem duş gelýär. Olar her hili ýagdaý bilen dälilik katdyna ýetýäler. Kimsi içki biohimiýa gurluşynda näsazlygyň barlygy, kimsiniň beýnisi güýçli fiziki zeperi görüp kadaly işläp bilmeýänligi, kimsi-de bolsa durmuşdan ýeňlip, ýan berip, göreşmäne we özüni arap özüni tapmana gujur-gaýratynyň ýoklugy sebäpli dälilige urýarlar. Ýene bir görnüş däli bar biziň diline düşünmän "däli" diýip atlandyrýan dälilerimiz. Indi goşgudaky "däli gelin" bu kategoriýalaryň haýsyna mahsus we onuň üsti bilen näme beýan ediljek boldy?! Göräýmäne dürdäne ýaly, göwün açyp dur, çöregi nireden almalydygyny bilýär we ýaş wagty katdy-kamaty görkana ezber dutarçy bolan. "Däli" diýmäne diliňem öwrülenok, ýöne awtor "däli" diýýär bizem näalaç ylalaşmaly bolýas. Garaz goşgynyň mantygyna ýetip bilmedim, eger şeýle zat göz öňüne tutulan bolsa.
Ýene bir bellemeli zadam "Bagt hakda aýdym aýdyp, güýmäp ýör ol aýallary" setirlerindäki aýdylýan pikiriň goşgy we soňky iki setiriň öz aralarynda çaprazlygy. Özi däli bolsa bagt hakda aýdym aýtmagy ynandyryjy däl we bagt hakda aýdym aýtmaklyk bu güýmemek, wagtyňy bisarp ulanmak bolýarmy?!

0
4 Atsyzatly  
1393
Adamlaryň "berekella", "ajaýyp", "genialno" sözlerini-de ýeňil-ýelpaý ulanmagam meni örän geň galdyrýar. Ýa men düşünemok, ýa-da meň düşünjämde kemçilik bar. Lýubom sluçiý problema mende.))

0
5 Gumlygelin  
8
@Atsyzatly,"Berekella"-lardan has gymmatly teswiriñiz üçin sag boluñ!

0
6 Yusup  
50
Dälilik erbet zat. Ýnsanyň beýni progrmmasynyň näsaglyk ýüze çykanda döreýär. Ýöne, käbir däliler sag adamdan şat ýaşaýar. Ine bularyň utuşy.

Dälileriň üstünden gülmäň, olaryň ugruna kowuň! Ine edip bolçak iň gowy derman

0
7 Remezan  
1397
Ýerlikli belläpsiñiz,

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]