17:57 Durmuşyň ýaňy | |
DURMUŞYŇ ÝAŇY
Günlerde bir gün kakasy kiçijik ogly bilen daglara seýle gidipdir. Dag ýodasy bilen belentlige ýetip barýarkalar, atdanlykda oglanjygyň aýagy daşa degip, ol agyrysyna çydaman, nädip gygyrany duýman galypdyr: -Eý wäk-eý! Bada-badam oglanjyk özüne jogap hökmünde ýaňlanan sese geň galypdyr: -Eý wäk-eý! Eý! Eý!!!... -Kim sen?-diýip oglanjyk gaty gygyryp, özüne jogap beren göze görünmezekden sorapdyr. -Kim sen? Sen! Sen!!!...-diýip oňa ýene-de jogap gelipdir. Soragyna jogap berilmän diňe özüniň diýeniniň gaýtalanyp durulmagyna gahary gelen oglanjyk, gazap bilen sögüp goýberipdir: -Züwwetdin! -Züwwetdin! Din! Din!!!...-diýip ýene-de oglanjygyň aýdany bat bilen gaýtalanyp-gaýtalanyp gidipdir. Munuň ýaly düşnüksiz hadysa ilkinji gezek sataşýan oglanjyk kakasyndan sorapdyr: -Bu näme boldugy, kaka? Kakasy ýylgyrypdyr-da, dag belentliklerine garşy zowladyp goýberipdir: -Salawmaleýkim! Dem salym geçip-geçmänkä-de oňa jogap ýaňlanypdyr: -Salawmaleýkim!!!... -Bagtly boluň! Ýene-de oňa jogap gelipdir: -Bagtly boluň!!!... Oglanjyk kakasynyň bolşuna hasam haýran galypdyr. Onsoň kakasy oňa düşündirip başlapdyr: -Bu hadysa “ýaň” diýýärler, oglum! Ýöne, munuň ýaly hadysa diňe daglarda bolmaýar. Biziň ýaşaýan durmuşymyzam edil şunuň ýaly ýaň görnüşinde hereket edýär. Durmuş seniň ähli edýän işleriňem, göwnüňdäki ýagşy-ýaman niýetleriňem, gepleýän gepleriňem aýlaýar-dolaýar-da, ýene-de üýtgetmänjik özüňe gaýtaryp berýär... Çeşmesi: http://www.orator.ru/pritcha_exo.html. 25.08.2020ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||
| ||