09:42 Edebiýatçynyň ýazgylary | |
Muhammetguly Amansähedow, 1971-nji ýyldan häzirki wagta çenli Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda işleýär. Muhammetguly Amansähedow 1982-nji ýylda “Türkmen romanlarynda gahrymanyň sosial aktiwligi” diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. 1983-nji ýylda kafedranyň uly mugallymy, 1987-nji ýylda kafedranyň dosenti atlary berilýär. Ol 1987-nji ýylda Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. 1993-nji ýyldan bäri türkmen edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiri wezipesinde işleýär. 1995-nji ýylda “Türkmen lirikasynda obrazlar sistemasy we şahyrana şahsyýet problemasy” diýen temadan doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. Alyma 1998-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Alymlar geňeşiniň karary bilen professor ady berilýär. Muhammetguly Amansähedowa 2009-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Filologiýa ylymlarynyň doktory” diýen alymlyk derejesiniň diplomyny gowşurdy. M.Amansähedow umumy bilim berýän orta mekdepleri üçin “Türkmen edebiýaty” (5-nji synplar üçin), ýokary okuw mekdeplerine niýetlenilen “Edebiýat teoriýasy” (2012) okuw kitaplarynyň, 10-dan gowrak ylmy gollanmalaryň, 200-den gowrak ylmy hem publisistik makalalaryň awtorydyr. Çeşmesi: https://tdmugi.edu.tm/detailkafedra/16. 10.10.2022ý. EDEBIÝATÇYNYŇ ÝAZGYLARY Abraýlyny biabraý edip, abraýly boljak bolsaň, özüň biabraý bolaýmagyň gaty ahmaldyr. * * * Men palçylara ynanmaýaryn. Palçy pal atyp, ertir näme boljagyny biliberse, onda tebigatyň ynsanyň öňünde ejizligi bolar. Ynsan durmuşynyň bezegi, gyzygy ertirki günümiziň syrlylygynda. Ertir-ä däl, hat-da her bir pursatdan soň, indiki pursady meýilleşdirýän hem bolsak, onuň nähili amala aşjagyny bilmeýänligimiz tebigatyň iň täsin, iň beýik gudraty. Ynsan durmuşynyň gyzygy, bezegi. * * * Beýik nemes şahyrlary Iogann Wolfank Gýote (1749-1832) hem-de Fridrih Şiller (1759-1805) ikisi köçeden ýöräp barýarkalar: «Gýote beýikmi, Şiller?» diýip jedelleşýän märekäni görýärler. Olar mähelläniň ýanyndan özlerini tanatman geçip gidýärler. Olar: «Bu märekä sered-ä, iki belli şahyry bire getirjek bolýarlar» diýip ýylgyryşýarlar. Gýote bilen Şilleriň birek-birek bilen gatnaşygy maňa şahyrlar Atamyrat Atabaýew bilen Nobatguly Rejebowyň gatnaşygyny ýatladýar. Atamyrat Atabaýew hem Nobatguly Rejebow bilen ýarym asyrlyk dostluk gatnaşygyny saklanym üçin bu ikisiniň gatnaşygyna belet. Olar biri-birine özleri bar wagtynda «Sen beýik!», biri ýok wagtynda «Ol beýik!» diýip bilýärdiler. Şeýlelikde, bular biri-birini beýgeltmek bilen, ikisi-de beýgelýärdi. Bu olaryň diňe şahyrlykda däl, eýsem, ynsanlyk, intellektuallyk derejeleriniň hem beýikligini aňladýar. * * * Ol mertdi, güýçlüdi, batyrdy. Ol mertlerden, güýçlülerden, batyrlardan gorkmazdy. Ol namartlygyň, ejizligiň, gorkaklygyň nämedigini bilmeýärdi. Ol namartlardan, ejizlerden, gorkaklardan gorkardy. Ony namartlar, ejizler, gorkaklar alyp ýatjak boldular, emma başarmadylar. * * * Taryhy, döwürdeş, real şahsyýetleriň çeper obrazlaryny döretmek, çeper döredijiligiň aýratyn möhüm temasy. Çeper obrazlar görnükli şahsyýetleriň görünmeýän taraplaryny açýar. Şahsyýetiň içki dünýäsi, gylyk-häsiýeti, emosiýalary emosionallaşýar. Bu aýratyn-da şekillendiriş sungatynyň portret žanryna mahsusdyr. Belli rus suratkeşi Ilýa Repin belli döwürdeşleri Gorkiniň, Maýakowskiniň, Şalýapiniň, Bloguň, Kupriniň, Glazunowyň, Marşagyň, Çukowskiniň, Kataýewiň, Mihalkowyň, Mendeleýewiň portretlerini çekýär. Bu portretler Russiýanyň görnükli adamlaryny nesillere tanatmakda şu günki günde uly hyzmat edýär. Diňe bir ruslarda däl, tutuş adamzada tanatmakda hyzmaty uly. Sebäbi bu ady agzalanlar diňe bir rus sungatyna, edebiýatyna, ylmyna däl, eýsem, dünýä möçberindäki sungata, edebiýata, ylma goşant goşan şahsyýetlerdir. Men bu zatlary aýtmak bilen, Türkmenistanyň halk suratkeşi Durdy Baýramowyň portret žanrynda Ilýa Repiniň ýörelgesine eýerendigini ýatlamakçy boldum. Ussat suratkeşiň akademikler Agajan Babaýewiň, Yzzat Gylyjowyň, belli režissýor Alty Garlyýewiň, ajaýyp kompozitorlar Nury Halmämmedowyň, Aman Agajykowyň, şahyr Atamyrat Atabaýewiň, bagşy Ödenyýaz Nobatowyň, ussat aýdymçy Atageldi Garýagdyýewiň şekillendiriş sungatyndaky şowly obrazlaryny döretmek bilen, olary ýene bir gezek belende göterendigini nygtamak isleýärin (ýeri gelende ýatlasam, meniň kakam Amansähet Goşa oglunyň hem portretini döredeni üçin ussat suratkeş Durdy Baýramowa biziň maşgalamyzyň egsizlmez hoşallygyny aýdýaryn). Belli filosof Benedikt Spinozanyň (1632-1672) «Paweliň Pýotr baradaky aýdanlary onuň Pýotr barada aýdanlygyndan özi barada köp zat aýdýar» diýen jümlelerine men: «Seniň kimdir birine berýän bahaň, seniň baha berýäniňden sen barada has köp düşünje berýär» diýip düşünýärin. * * * Belli alym Eýnşteýn ylmyň çäksizligi barada aýdýar, bu dogry. Çäksizlik babatda çeper döredijilik bilen hiç zat deňleşip bilmez. Sebäbi çeper döredijilik ynsanyň häsiýeti, içki dünýäsi bilen iş salyşýar. Ylym hakykaty näçe dogruçyl, takyk açyp bilse şonça-da güýçli. Hakykat bolsa ýeke-täk. Çeper döredijiligiň iş salyşýan hakykaty çeper hakykat. Çeper hakykat — fantaziýa, romantizm. Fantaziýa, romantizm çäksizdir. * * * Beden agzalarynyň arzysyzy ýok. Biri kem bolsa, adam adam hökmündäki barlygyny dolulygyna amal edip bilmeýär. Şonuň bilen birlikde käre, hünäre degişli has zerur beden agzalary-da bar. Aýdaly suratkeş üçin göz, kompozitor üçin gulak... Belli suratkeş Rafaeliň batyl, meşhur kompozitor Bethoweniň ker bolmagy adaty kerlikden, adaty körlükden has aýylganç. Beýik serkerdeligi bilen taryha giren Napoleon Bonapartyň ömrüniň ahyrynda esgersiz galmagy hem şuňa meňzeş. * * * Ykbal meni ajaýyp adamlar, uly alymlar bilen duş etdi. Olaryň ýardamyny, kömegini gördüm, durmuş tejribelerinden köp zat öwrendim. Hakyky alymyň häsiýetine adamlara ýagşylyk etmek, ruhy goldaw bermek mahsus. Alym ylmy gözlegleriň, tejribeleriň üsti bilen hakykata ýetmäge, hakykaty açmaga ymtylýar. Edebiýatçy alym munuň üstesine ynsan häsiýeti bilen iş salyşýan söz sungatyny öwrenýändigi, sungatyň gözellige, ynsanperwerlige dahyllydygy üçin adamkärçiligiň iň gowy sypatlaryny özünde jemleýär. Men öz ýazgylarymda şeýle alymlaryň birnäçesi: Öde Abdyllaýew, Rahman Rejebow, Jora Allakow, Muhammetnazar Annamuhammedow, Ahmet Bekmyradow, Sapar Kürenow... barada azda-kände aýdypdym. Azda-kände diýýänim, bularyň her birisi aýratyn kitap ýazylmagyna, olaryň ylmy gözlegleri barada monografiýalar döredilmegine mynasyp. Şolaryň biri filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Aşyr Orazow. Ol meniň doktorlyk dissertasiýamy ýazmagyma sebäp boldy. Ol maňa: «Sen doktorlyk işini ýazmaly. Men saňa ylmy konsultant boljak» diýdi. Doktorlyk dissertasiýa ýazanymda ruhy kömegini gaýgyrmady. Ondan şeýle ýagşylyk görenler bir-iki däl. Filologiýa ylymlarynyň doktorlary Ahmet Mämmedowyň, Babyş Mämmetýazowyň, Muhammetnazar Annamuhammedowyň... doktorlyk dissertasiýalaryny ýazmaklarynda hem-de üstünlikli goramaklarynda professor Aşyr Orazowyň hemaýatynyň bolandygyny men bilýärin. Ol uly alymlygyndan başga-da, ylmyň uly guramaçysydy. Adama, alyma uly sarpa goýýan professor Aşyr Orazow «Ylymdaky yzlar» kitabyny edebiýat öwreniş ylmynyň görnükli wekilleri Rahman Rejebow, Kaka Salyh, Geldi Nazarow, Muhammetnazar Annamuhammedow, Ahmet Mämmedow, Annagurban Aşyrow hem-de şu setirleriň awtorynyň ylmy işleriniň derňewine bagyşlady. Bu kitabyň redaktory bolmagy Aşyr Orazow maňa ynanypdy. Meniň professor Aşyr Orazow baradaky ýazgy ýatlamalarym häzirlikçe toýdan topukça diýleni. * * * Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew şahyr, kyssaçy, dramaturg, terjimeçi, publisist hökmünde tanalýan, özüni ykrar etdiren şahsyýet. Häzir men onuň şygyrlary, kyssa eserleri, hindi alymy Oşodan eden terjimeleri, häzirki wagtda «Garagum» žurnalynda yzygiderli çap edilen «Alp Attilanyň ömür beýany» barada köp zatlar aýdyp bilerdim. Ýöne häzir gürrüň Orazguly Annaýewiň teleýaýlymda «Bagtyýarlyk ylhamy» atly köp ýyllardan bäri alyp barýan gepleşigi barada. Meniň kärim mugallymçylyk bolansoň, ýaşlara öwretmegiň, düşündirmegiň syrlaryna azda-kände belet. Bu örän kyn iş. Ýaş döredijiniň hersiniň öz dilini tapmaly, özüne laýyk maslahat bermeli. Indi ençeme ýyl bäri Orazguly Annaýew ýüzlerçe döredijilige ymtylýan ýaşlara sapak berip gelýär. Şol sapaklary men yzygiderli diňleýärin hem-de Orazguly Annaýewiň çeper döredijiligiň derňewinden inçelik bilen baş çykarýandygyna şaýat bolýaryn. Döretmek başga zat, oňa baha bermek başga zat. Şeýlelikde, bu iki biri-birinden aýry ugry, hünäri utgaşdyrýandygy Orazguly Annaýewiň ýiti zehinine, okumyşlygyna güwä geçýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew «Bagtyýarlyk ylhamy» ady bilen özboluşly mekdep döretdi. Şol mekdepde okan ýaşlaryň ýüzlerçesiniň Orazguly Annaýewi halypa saýýandyklaryna ynanýaryn. * * * Gözbаşyny 1930-njy ýyldа Kеrkiniň Аstаnаbаbа оbаsyndаn аlyp gаýdýаn ýodаjyk filologiýa ylymlarynyň doktory Jora Allakowy tutuş türkmeniň аkаbаsynа gоşdy. Onuň durmuş ýoly türkmeniň milli aňynyň bеlli bir döwürdäki ösüş tаryhy bilеn bütеwilеşdi. Mеn munuň bаdyhоwаlyk däldiginе ynаnyp аýdýаryn. Sizеm, hоrmаtly оkyjy, söz оwаdаnlаmаk ýа-dа sypаýyçylyk däldiginе ynаnyň! Egеr bir ylym halkyň ruhunа, milli psihоlоgiýаsynа, däp-dеssurynа hаs köp dаhylly bоlsа, оl edеbiýаty öwrеniş ylmydyr. Bu ylym söz sungаtyny öwrеnýär. Söz sungаtynyň öwrüm bеrýän öri meýdanynyň örki bоlsа, ynsаn diýlеn ummаnа örklеnеn. Türkmеn edеbiýаty öwrеniş ylmynyň оwаl bаşdаn bаrmаk bаsyp sаnаýmаly filоlоgiýа ylymlаrynyň dоktоry diýеn аdа eýе bоlаn wеkillеriniň biri Jоrа Аllаkоw özüni, bütin durkuny söz sungаtynyň tеоriýаsynа bаgyşlаdy. Оrtа mеkdеbiň оkuw kitаplаrynyň аwtоrlаrynyň esаsylаryndаn bоlmаk¬dаn, tä ýokаry оkuw mekdepleri üçin оkuw kitаplаrynyň birnäçеsiniň аwtоrlygynа çеnli аrаlykdа onuň gаlаmyndаn dömüp-dörän ýüzlеrçе mаkаlаnyň, kitаplаryň diňе аdyny аgzаjаk bolsaňаm, gаzеt sаhypаsy dаrlyk edеrdi. Öndümlilik Jora Аllаkоwyň аlа-bölе tаpаwutlаnýаn tаrаpydy. Jora Аllаkоw sаnа kоwаlаşyp, hilе esеwаn etmеzlik bеlа-bеtеrindеn dаş-dа. Оl mydаmа edеbiýаt öwrеniş ylmynyň, edеbi seljermäniň öz dеrеjеsindе dеprеndi. Onuň bаşyny bаşlаp, ylmа gеtirеn meseleleri, soň-soňlаr kаndidаtlyk dissеrtаsiýаlаryň ýаzylmаgynа itеrgi bеrdi. Gаhrymаnyň durmuş işjeňligi, аhlаk kеşbi ýаly örän möhüm tеmаlаr işlеnilеndе hut şеýlе bоlupdy. Bеlki, şоndаndyr, onuň mаkаlаlаry «Вопросы литературы», «Дружба народов» ýаly аwtоr sаýlаýаn nеşirlеrdе uly bаhа mynаsyp bоlupdy. Jоrа Аllаkоw çеpеr edеbiýаty durmuş bilеn bаgly derňeýär. Muny awtoryň küti-küti kitаplаrynyň аtlаry-dа аýdyp dur. «Döwür wе gаhrymаn», «Durmuş hаkykаty wе çеpеr hаkykаt», «Häzirki zаmаn wе türkmеn edеbiýаty», «Prоzаmyzdа döwürdеşlеrimiziň аhlаk kеşbi». Mаkаlаlаrdаky ýokаry tеоrеtiki tаýýаrlyk, ussat bеýаn edijilik bilеn tеbigy utgаşýаr-dа, ýöritе hünärmenlere-de, оkuw mekdepleriniň okuwçylaryna-da, tаlyplаrynа-dа, ýönеkеý оkyjа-dа gyzykly bоlýаr. Bеlli edebiýatçy Bеlinskidеn bаşlаp, häzirki zаmаnyň bе¬lli edеbiýаtçylаrynyň gаrаýyşlаryndаn gözli аlym edеbi prоssеsi derňände, аbyrsyz tеjribäni ussаtlyk bilеn ulаnýаr. Jоrа Аllаkоw diňе edеbiýаt öwrеniş ylmynyň kеrwеnbаşylаrynyň biri bоl¬mаk bilеn çäklеnmän, eýsеm, tаnаlýаn, ykrаr edilýän edеbiýаt seljerijisidir. Halypanyň işjeňligine hаýrаn gаlaýmalydy. Ýaňy ýörjеn-ýörjеn bоlup edebiýatyň bоsаgаsyndаn ätlänlеrdеn bаşlаp, hаlypа ýazyjylarymyzyň esеrlеriniň Jоrа Аllаkоwyň nаzаryndаn sypаny аzdyr. Uly bоl, kiçi bоl — hеmmеsinе deň tаlаp. Bu kätеlеr ýаşuly ýаzyjylаrа ýаrаbаm durmaýardy. Ýaşlаr wеlin hеzil edinýärlеr. Jоrа Аllаkоw tаlаntlydygyňа ynаnsа, ony gоldаmаgа hеmişе häzirdi. Umumаn, Jora Аllаkоwy hоşgylаw edebiýatçy hаsаplаýаrlаr. Munuň bilеn ylаlаşmаzlyk mümkin däl. Jora Аllаkоw durmuşdа-dа örän sypаýy, ynsаnpеrwеr, kişiniň göwnünе dеgmezdi. Ýönе iliň-günüň bähbidi оrtа düşеndе, etini nähili gаtаdýаndygynа kän gezek şаýаt bolupdyk. Jоrа Аllаkоw Mаgtymguly аdyn¬dаky Türkmen döwlet uniwersitetinde tаlyplаrа sаpаk bеrdi. Bеlki, şonuň üçindir, оkuw kitаplаryny, gоllаnmаlаry ýаzmаgа aýratyn üns bеrerdi. Ilkinji bоlup «Türkmеn edеbi tаnkydynyň tаryhy» оkuw gоllаnmаsyny ýаzdy. Onuň bu kitаby ýokаry оkuw mekdepleriniň tаlyplаry, mugаllymlаry üçin köp ýyllar gollanma boldy. Jora Allakowyň «Edе¬biýаty öwrеniş ylmynа giriş» dersinden ýаzаn оkuw kitаby häzirki güne çenli hem giňden peýdalanylyp gelinýär. Tutuş аwtоrlаr kоllеktiwiniň bоýnа аlmаgа töwekgellik edip bilmеýän işlеrini Jоrа Аllаkоwyň täk özi myzаýygаm etmezdi. Jora Аllаkоw ylmy hünärmenleri tаýýаrlаmаgy hеm özünе bоrç hаsаplаýаrdy. Onuň ýolbаşçylygyndа kаndidаtlyk dissеrtаsiýаlаrynyň en-çеmеsi üstünlikli gоrаldy. Şu sеtirlеriň аwtоrynа-dа Jora Аllаkоwyň ýolbaşçylygynda «Häzirki zaman türkmen romanlarynda gahrymanyň sosial aktiwligi» diýen temada filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin dissertasiýa ýazmak miýesser etdi. Birnäçe döwletlerdäki dоktоrlyk, kаndidаtlyk dissеrtаsiýаlаrynyň rеsmi оppоnеnti bоlаnlygyny «sаnаsaň sо¬gаby bаr» diýlеni. Görnükli alym Jora Allakowyň meniň okan, häzirki wagtda bolsa işleýän ýerim bolan Türkmenabatdaky Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uçurymydygyny ýatlamak ýakymly. ...Jоrа Аllаkоwyň «Türkmеn edеbi tаnkydynyň tаryhy» оkuw gоllаnmаsyn¬dа awtoryň özi bаrаdаky bölümi uly аlym dоstumyz Аhmеt Bеkmyrаdоw ýаzypdy. Оl: «Mеşhur rus şаhyry Mihаil Swеtlоw: «Egеr bir esеr bаrаdа iki аdаm birmeňzeş pikir аýtsа, mеn оýlаnýаryn» diýеr ekеni. Edil şonuň ýаly biz hеm Jоrа Аllаkоwyň türkmеn tаnkydyndаky оrny bаrаdаky şu ýаzgymyzy iki sаny pikir bilеn jеmlеmеkçi» diýýär-dе, tаnkytçylаr Durdymuhаmmеt Nurаlyýеwiň, Jоrа Аllаkоwyň edеbi seljermesine bеrеn uly bаhаlаryny ýаtlаp, özünе mаhsus kiçigöwünliligi bilеn: «Şundаn soň bizе söz uzаldyp оturmаgа zеrurlyk hеm gаlmаýаr» diýip jеmlеýär. Bize-de şeýle. * * * Okamak adama köp zat berýär. Şol bir wagtda okap bilene durmuşyň özi gyzykly, çözülmesi örän kyn matala çalymdaş okuw kitaby. Döredijilik adamlarynyň birek-birek bilen gatnaşyklaryny, duşuşyklaryny, söhbetdeşliklerini aýratyn mekdep diýip hasaplaýaryn. Birek-birek bilen pikir alyşmak köp zat berýär. Meniň özüm halypalarym, deň-duş dostlarym bilen gatnaşyklarymdan, söhbetdeşliklerimden köp zat öwrendim. Käte-käte jedelleşýärsiň, özüňkini dogrulygyny subut etmek üçin kän kelle döwmeli bolýar. Bu barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň «Şahyrlar meýlisi» atly ajaýyp şygry bar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew hem dostlugymyz, öwüşişimiz we öwünişlerimiz barada özüniň «Üçler» goşgusyny döretdi. * * * Kitap tekjelerinden gerekli kitabymy agtarýarkam, türkmen çagalar edebiýatynda uly yz galdyran, zehinli çagalar şahyry Gurban Çöliýewiň kitaplaryna-da gözüm düşdi. Şahyryň öň birnäçe gezek okap goýan kitaplaryny gaýtadan elime almagym bolsa, meni Gurban Çöliýew bilen bagly pursatlara, şahyr yň döredijilik dünýäsine getirdi. Çagalar edebiýatynyň ösüşine uly goşant goşan bu alym şahyr bilen dostlukly gatnaşygymyz bardy. Birek-biregi ýakyndan tananymyzdan soň, ony öz deň-duş ýoldaşymyz hasaplap ýörüpdiris. Asla-da uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly diýlen adamlaryň tebigaty şeýle bolarly. Bu bolsa Gurban Çöliýewiň uly adamkärçiliginden, çaganyňky ýaly kiçigöwünliliginden, ýüpek deýin sypaýylygyndan kiçijik bir nyşan. Bu alym şahyr barada makala ýazmaga hyýallananymda, dogrusy, birbada aljyraman hem durmadym. Sebäbi Hojambaz etrabynyň Mekan obasynda dünýä inip, ne ajap çagalygyny nägehan urşuň doýmaz-dolmaz girdabyna gurban eden, ýetimligiň dert-azabyny gerdeninde çeken, öz ýaşan ömründe çagalar şahyry, ylymlaryň kandidaty, baş redaktor ýaly wezipeleriň aňryýany bilen hötdesinden gelen zehinli şahyryň döredijilik dünýäsi barada gürrüň etmek hem uly jogapkärçiligi talap edýär. Onuň «1940-njy ýyllardaky türkmen prozasynda çeper portret döretmeklikdäki ussatlyk problemasyny» derňäp, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine eýe bolan ylmy işi barada hem ýörite gürrüň edip boljak. Şahyryň türkmen edebiýatynyň ösmegine goşan goşandy, ýaşlaryň döredijiligine goldawy barada-da aýdara zat kän. Ýöne Gurban Çöliýewiň alymlygynam, adamçylygynam özünde bütewileşdirip, il-güne tanadan onuň çeper döredijiligi bolany üçin, hut şu barada öz garaýşymyzy aýtmagy makul bildik. Gurban Çöliýewiň çagalar üçin ýazýan kitaplarynda çaga terbiýesi hiç wagtda maşgalada ikinji derejeli zat hasaplanylmaýan, ertirki günde ata-enäniň bagtly garrylygy köp derejede çaganyň şu günki terbiýesine bagly bolup durýan derwaýys meseleler gozgalýar. Diňe ata-enäniň däl, eýsem, eziz Watanymyzyň bagtly, beýik geljegi hem şu günki ýaş nesliň terbiýesinden gelip çykýar diýsek, täzelik aýtdygymyz bolmaz. Bu hemmä belli, ykrar edilen hakykat. Şu nukdaýnazardan çeper edebiýatyň jemgyýetçilik aňynyň bir görnüşidigini göz öňünde tutsaň, çagalar şahyrynyň üstüne nähili asylly, jogapkärli borçlaryň düşýändigini tekrarlap oturmagyň zerurlygy ýok. Ana, Gurban Çöliýew şeýle kyn hem asylly maksada hyzmat edip ýaşady. Beýle diýildigi çagalarymyzyň çagalar bagyndan başlap, tä mekdep ýyllarynyň dürli döwründe alan terbiýesinde Gurban Çöliýewiň hem azda-kände goşandy bar diýildigidir. Şahyr çagalaryň ýaş aýratynlyklary baradaky pedagogikanyň ýörelgelerine berk eýerýär. Mysal üçin, «Harplaryň maslahaty» kitabynda ýaňy okuwa gatnap başlan körpäniň harplary tanamaga, ýazmaga synanyşygy ýaly hut şol ýaşdakylaryň ruhy dünýäsine bap gelip duran wakalary saýlap alsa, «Boýçy», «Jennet» ýaly kitaplarynda ylmyň, durmuşyň çarkandakly ýoluna düşüp, «Näme üçinler» bilen ýüzbe-ýüz bolan liriki gahryman bilen uçraşýarsyň. «Uzakdaky ýyldyzlarda» bolsa, himiýa, matematika, fizika, astronomiýa ýaly ylymlary öwrenip ýören liriki gahryman bilen tanyşýarsyň. Edebiýat öwreniş ylmynda şahyryň liriki gahrymanynyň şahsyýeti, onuň öz şahsyýetinden gözbaş alyp gaýdýar diýen garaýyş bar. Şu teoriýanyň hakykata näderejede bap gelýändigine göz ýetirjek bolsaň, G. Çöliýewiň liriki gahrymanyna ýüzlenseň, ol seni ýüzügara etmese gerek. Ýagşylygy arzuw etmek, eziz Watanymyza, il-güne, tebigat dünýäsine söýgini ýaş nesliň gursagyna guýmak ine, şahyryň öz şahsyýetinden gözbaş alýan liriki gahrymanynyň gulluk edýän düşünjesi. Şeýle mukaddes düşünjeleri sadalyk, pespällik bilen ýönekeý gürlemek bolsa, çagalar şahyryna mahsus bolan döredijilik stil aýratynlygy. Özüni mazamlaman, okyjysyna hormat goýmagy, guwanmagy başarmak ine, şahyryň liriki gahrymanyna häsiýetli bolan ýene bir alamat. Şularyň hemmesi birigip, şahyryň aýry-aýry şygyrlardan, poemalardan ybarat bolan kitaplaryndaky liriki gahrymanlary bütewileşdirýär, aýry-aýry şahyryň şahyrana şahsyýetini emele getirýär. Gurban Çöliýewiň çagalar poeziýasy tematiki taýdan köp dürli. Şahyr her bir gozgaýan meselesinde öz Watanyna, zähmetine söýgini terbiýelemegi, mahlasy, gowulygy ündemegi maksat edinýär. Öz göbek ganynyň daman dogduk mekanyny taryplamadyk şahyr ýok bolsa gerek. «Edermenler obasy» atly şygryň gahrymany hem öz obasyna guwanýar. Onuň düşünüşiçe, edermenligiň aňrybaşy — zähmet edermenligi. Ol: Adamlarymyz, Örän edermen. Edermen daýhan, Bolaryn men hem — diýip sözüni jemleýär. Şygryň umumy süňňünde öz obaň mertebesini beýgeldip biljek zähmetdir diýen ideýa bar. Şeýle çagyryş öz obasyna guwanýan, onuň abraýyna dalaş edýän her bir okyja degişli. Liriki gahrymana diňe dogduk mekany däl, gül-pürçüge bürenip oturan Lebap topragy, tutuş eziz Watanymyzyň her bir daban ýeri-de eziz. Nämäniň gowudygy, nämäniň erbetdigi hemmä mälim ýaly. Ýöne şol mälim zatlary çagalykdan aňa ornaşdyrmaly. Onda-da çagalar şahyry bolsaň, çaga täsir eder ýaly gürlemeli: Gyşda topraga, Ýagyş-gar gowy. Gökje ýapraga, Gün-yzgar gowy. Baharda has-da Gyzyl gül gowy. Gyzgyn tomusda, Salkyn ýer gowy... («Gowy») «Gara pişik», «Eýe» ýaly şygyrlarynda yrymlar bilen baglanyşykly dörän duýgy-düşünjeler seljerilýär. Tebigat dünýäsi şahyryň söýgüli detaly. Depämizde parlap duran Güne liriki gahrymanyň aýratyn sarpasy bar. Onuň düşünişiçe Gün ozaly bilen suratçy, galyberse-de Gün — lukman. Gowaçanyň gül bolup açylmagy, bag-bossanlaryň, haýwanat dünýäsiniň, bütin adamzadyň ykbaly Güne bagly. Parlap nur saçyp duran Gün parahatçylygyň alamaty. «Çagalar edebiýatynyň gahrymany kim bolmaly?» diýen soragy edebiýatçylar-da, ýazyjylar-da dürli hili düşündirýärler. Biri eseriň ýaş nesliň haýsy döwrüne degişlidigini nazara alyp, şonuň bilen deň-duş gahrymanlary diýen pikiri öňe sürse, başga biri eseriň gahrymanynyň ýaş derejesiniň parhy ýok, esasy zat ýaş aýratynlyklarynyň saklanyp, islendik gahryman hereket edip biler diýen düşünjä gol ýapýar. Gurban Çöliýew üçin şahyr hökmünde gahrymandan ýa temadan gowusy ýok. Esasy zat öz niýetlenen okyjysyna pikiriň elýeterli bolmagyny gazanmak. Aýdaly, «Brigadir hakynda balladanyň» gahrymanyny alyp göreliň! Balladanyň gahrymany pagtaçylyk brigadasynyň brigadiri Oraz. Ynha brigadir — Tanymal Oraz. Ýüzi Güneşe, Garalan biraz. Boýny pessejik, Murty-da sary. Agaraýypdyr, Saçynyň ýary. Görnüşi ýaly saçynyň ýary agaran brigadir Oraz ýaşy birçene baran adam. Ýöne ballada ýaşlara niýetlenen. Eseriň beýan edişi islendik ýaşdaky okyja düşnükli. Eýýäm bary-ýogy iki bentde Orazyň çeper portreti hem çekildi. Ýaşy barada-da takmynan maglumat berildi. Bu ýerde üýtgeşik aýlaw-da ýok, öwrümem. Şahyr öwrümli gürrüň etjegem bolup duranok. Brigadir Orazyň oba hojalygynda tehnikanyň güýjüne başarnykly daýanyşan, suwçylar, pagtaçylar bilen el-ele berip, agzybir zähmet çekişen daýhan zähmetiniň tebigat hadysalary bilen gatnaşygy sadadan ynandyryjylykly yzarlanylýar. Taryhy tema ýaly çylşyrymly meseläni işlände-de G. Çöliýew ýönekeýlik, güýçýeterlik ýörelgesine wepaly bolup galýar. Aýdaly, «Azat» atly taryhy poemasynda, «Watan hakynda aýdym», «Uruş hem çagalyk» ýaly ençeme liro-epiki eserlerde şeýle. «Azatda» XIX asyryň başynda döwrüň durmuş-ykdysady şertleri, jemgyýetçilik gurluşy barada okyja sada dilde maglumat berilýär. Öküzler bilen, Sürülýär ýerde, (Traktor ýokdy, Köne döwürde). Keliň saçy dek, Ysgynsyz ekin. (Döredilmändi, Mineral dökün). Poemada Seýdi, Işan, Orak, Soltanyýaz, Mirhaýdar ýaly şahslaryň hereket etmegi eseriň taryhçylyk ruhuny güýçlendirýär. Dogry, taryhy şahslaryň hemmesi çeper obraz derejesine ýetirlipdir diýilse, hakykatdan daş düşüldigi bolardy. Her niçikde bolsa, şol taryhy şahslaryň häsiýeti azda-kände açylýar. Awtoryň göz öňünde tutýan maksadam şondan ybarat bolara çemeli. Poemanyň bölümleriniň hemmesinde serkerde şahyr Seýdiniň şygyrlaryndan bentleriň getirilmegi hem mekdep okuwçylary üçin şahyryň şygyrlarynyň nähili şertde dörändigine düşünmäge kömek edýär. Belli rus alymy Beliniskiniň: «Çagalar bilen obrazly gepleşmek üçin çagalary öwrenmek zerur, onuň üçinem özüň ullakan çaga bolmagy başaryp, oňa çaga gözi, çaga duýgy-düşünjesi bilen seretmegi başarmaly» diýen sözlerine Gurban Çöliýewiň berk eýerýändigine güwä geçip bolar. Muňa şahyryň goşgularyny doganlyk halklaryň dilleriniň ençemesine terjime edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şahyryň goşgularynyň birinde şeýleräk setir bar: «Gül paýlap ýören, Men Gurban Çöli». Hakykatdan hem G. Çöliýewiň aramyzdaka açyk göwünli bolup, şatlyk paýlap ýörenligi çyn. Gül bolsa, şatlygyň, abadançylygyň alamaty. Zehinli şahyryň ajaýyp şygyrlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem gül çagalarymyza gül paýlaýar. * * * Filologiýa ylymlarynyň kandidaty, çagalar şahyry Giçgeldi Aşyrow alym hökmünde-de, şahyr hökmünde-de, ussat mugallym hökmünde-de iň esasy ajaýyp adam hökmünde-de ýatlanylmaga mynasyp. Men Giçgeldi Aşyrow bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen edebiýaty kafedrasynda bile işledim. Köp gezek ýola ýoldaş boldum. Ikimiz bir aýa golaý Soçide Gara deňziň kenarynda dynç aldyk. Garaz, birek-biregi ýakyndan tanarça bolduk. Giçgeldi örän zehinlidi, pälipesdi, märeke söýerdi. Çagalar üçin ýazýan goşgulary onuň zehinli şahyrdygyna güwä geçýärdi. «Pirra ýurduna syýahat» atly çagalara niýetlenen ylmy-fantastik powesti Giçgeldi Aşyrowyň örän okumyşlygynyň önümidi. Bu powest türkmen edebiýatynda bu žanrda ýazylan az sanly eserleriň şowlularynyň biridir. Giçgeldi Aşyrow filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Öde Abdyllaýewiň ýolbaşçylygynda kandidatlyk dissertasiýasyny üstünlikli gorady. Türkmen halk döredijiliginiň poeziýa žanryna degişli ýokary mekdepleriň talyplary üçin okuw gollanmasyny taýýarlady. Giçgeldi ömrüniň soňky ýyllaryny agyr kesel zerarly düşekde geçirdi. Onuň ýanýoldaşy Oguljan gelnejemiz, ogullary-gyzlary Giçgeldini elleriniň aýasynda sakladylar. Giçgeldiniň halyny soramaga baranlary güler ýüz bilen garşyladylar. Alym şahyrlar Gurbandurdy Geldiýew, Ahmet Mämmedow Lebap topragyna gadam bassalar Giçgeldi Aşyrowyň halyndan habar alardylar. Uniwersitetde bile okan, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Aşyr Orazowhem ony mydama ýagşylykda ýatlaýardy. Bir gün Oguljan gelnejemizden habar geldi: «Hanguly gelip gitsin» diýip. Barsam, Oguljan gelnejemiz: «Giçgeldi seniň adyňy tutup samraýar» diýdi. Giçgeldi meni görüp ýylgyrdy. Biri-birimiziň elimizi gysyşdyk. Gözümize ýaş aýlandy. Ol meni hoşlaşmak üçin çagyran ekeni. Giçgeldi Aşyrow şol günüň ertesi dünýäsini täzeledi. Ýeri gelende, Giçgeldi Aşyrowyň maňa bagyşlap ýazan degişme goşgusyny gymmatly ýadygärlik hökmünde saklaýandygymy aýdaýyn. Dostum, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Muhammetguly Amansähedow hakda dessan Rawylar bir seretse, Güller bolanmyş desse... ...Ine şol aý, elkyssa, Dünýä indi Hanguly. Ýyllar geçdi yz-yza, Gül-gül açdy yz-yza. Ol — Han — diýdi bir gyza, Wah, öz adam Han weli... Lezzet aldy şygyrdan, Iş etdi şol ugurdan, Tankyt dokma ýüwürden, Şu ýigide syn uly. Buýra saçy başynda, Bäş çagasy daşynda, Aýjan gelniň gaşynda, Nämedenkä müýni uly. Juda ösgün munda ýat, Aýdar müňläp bendi ýat, Ylymda-ha kandidat, Adamçylygy kän uly. Ýatlap ýaşlyk ýazyny, Diňläp ylham sazyny. Şu dessanyň yzyny, Özüň ýazaý, Hanguly. 1983 ý. * * * Şahyr Atamyrat Atabaýew näsaglap ýatyrka soramaga şahyr Nobatguly Rejepow bilen bardyk. Atamyrat biz bilen ümläp düşünişýär. Nobatguly: — Atamyrat, Hanjan gelipdir — diýdi. Atamyrat meniň elimi gysdy. Men: — Ýoldaş, Atabaýew (Men käteler degişjek bolanymda oňa şeýle diýýärin, bu oňa hoş ýakýar) sen edebiýatyň taryhyn-a girdiň — diýdim. Atamyrat baş atdy. Soňra garşysynda oturan Nobatgula ümledi. Bu onuň «Nobatgulam edebiýatyň taryha girdi» diýdigi boldy öýdän. Bu ýagdaýy synlap oturan Bibiniň (Atamyradyň ýanýoldaşy, şahyr Bibi Orazdurdyýewa) gözünde ýaş göründi. Iki ulynyň biri-birlerini ulaldyşlaryny görüp, meniň bokurdagym doldy. Bu Atamyrat ikimiziň iň soňky duşuşygymyz boldy. * * * Taryhy, döwürdeş, real şahsyýetleriň çeper keşplerini döretmek çeper döredijiligiň aýratyn möhüm temasy. Çeper keşpler görnükli şahsyýetleriň görünmeýän taraplaryny açýar. Bu aýratyn-da şekillendiriş sungatynyň portret žanryna mahsusdyr. Meşhur rus hudožnigi Ilýa Repin öz belli döwürdeşleri Gorkiýniň, Maýakowskiniň, Şalýapiniň, Blogyň, Kupriniň, Glazunowyň, Marşagyň, Çukowskiniň, Kataýewiň, Mihalkowyň, rus ylmyny şöhratlandyran Mendeleýewiň portretlerini çekýär. Olar Russiýanyň görnükli adamlaryny nesillere tanatmakda şu günki günde uly hyzmat edýär. Diňe bir ruslarda däl, tutuş adamzada tanatmakda hyzmaty uly. Sebäbi bu ady agzalanlar tutuş dünýä möçberindäki sungata, edebiýata, ylma goşant goşan şahsyýetlerdir. Men bu zatlary aýtmak bilen Türkmenistanyň halk suratkeşi Durdy Baýramowyň portret žanrynda Ilýa Repiniň ýörelgesine eýerendigini ýatlamakçy boldum. Onuň akademikler Agajan Babaýewiň, Yzzat Gylyjowyň, belli kinorežissýor Alty Garlyýewiň, ajaýyp kompozitorlar Nury Halmämmedowyň, Aman Agajykowyň, şahyr Atamyrat Atabaýewiň, bagşy Ödenyýaz Nobatowyň, ussat aýdymçy Atageldi Garýagdyýewiň... şekillendiriş sungatynda şowly keşplerini döretmek bilen olary ýene bir gezek belende göterendigini nygtamak isleýärin. Ýeri gelende ýatlasam, meniň kakam Amansähet Goşa oglunyň portretini döredeni üçin ussat hudožnik Durdy Baýramowa biziň maşgalamyzyň hoşallygynyň tükeniksizdigini aýdaýyn. * * * Şahyr Ymarat Meredow bilen ýokary okuw mekdebinde okanymyzda bir toparda bile okadyk. Ymarat ýiti zehini bilen eýýäm instituta gelen günlerinden özüni tanatdy. Ikinji ýyllykda okap ýörkäk mugallymlarymyz filologiýa ylymlarynyň kandidatlary, dosentler Ýagmyr Muhamow hem-de Oraz Saparow döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň birnäçesini Aşgabada alyp gi td i . Aşgabatda Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginde, «Edebiýat we sungat», «Ýaş kommunist» gazetleriniň redaksiýalaryna bardyk. Bizi edil belli ýazyjy-şahyrlar ýaly hormat bilen garşyladylar. Pomma Nurberdiýew, Kerim Gurbannepesow, Towşan Esenowa, Gurbannazar Ezizow, Italmaz Nuryýew, Annaly Berdiýew... ýaly meşhur ýazyjy-şahyrlar biz bilen gürrüň etdiler, bile surata düşdük. Ussat fotograf Alikber Güseýinowyň düşüren şol suratlaryny mukaddeslik hökmünde saklaýaryn. Diýjek bolýanym, ýygra, çekinjeň, sypaýy Ymarat goşgulary bilen köpüň ünsüni özüne çekdi. Aýratyn-da, Gurbannazar Ezizow Ymaratyň goşgularyny gowy gördi. Şondan soň Ymarat bilen Gurbannazar Ezizowyň ýakyn gatnaşykda bolandyklaryna özüm şaýat. Ýeri gelende, Ymarat Meredowyň bir ajaýyp şygrynyň döreýşi barada-da aýdaýyn. Biz paýtagtymyzdaky şol wagtky «Kolhozçy» diýip atlandyrylýan myhmanhanada ýerleşdik. Ymarat ikimiz myhmanhananyň eýwanyna çykdyk. Güýçli ýagyş ýagýardy. Köçede bir güjük çyňsap, iki baka alakjaýardy. Ymarat şol pursatlary «Sergezdan güjük» atly şygrynda şeýle beýan edipdi: Gökde doglup, ýerde ölýän damjalar, «Simgeçen» matanyň simi deýin sim çekýärdi. Men bolsam seredip durdum, Aşgabatda, balkonynda «Kolhozçyň». Birdenem ünsümiň çeňňegne ildi, Uly ýoldan barýan bir akja güjük. Ýagyşyň astynda süllümbaý bolan, Eý, sergezdan güjük, ahwalyň niçik? Köçede-hä doglan dälsiň ahyry, Hany ýokmy bolgusyzja sümelgäň? Şu ýagdaýda gezjek bolsaň daňa çen, Ertir dogjak günem görmersiň, belkem... Şu goşgyny ýazanda Ymarat ýigrimi hem ýaşamandy. Häzir goşgyny täzeden okap görýärin hem-de Ymaratyň örän ir ýetişen şahyrdygyny görýärin. Şahyryň ussatlyk derejesini tutuş döredijiligi däl, diňe bir goşgy hem kesgitläp biler. Ymarat instituty tamamlandan soň az wagt mekdepde mugallym hem-de etrap redaksiýasynda edebi işgäri bolup işledi. Guramaçylyk ukybyny göz öňünde tutup, ony şol wagtky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Garabekewül etrap geňeşiniň birinji sekretarlygyna saýladylar. Ymarat öz işlän döwründe gyzykly çäreleri geçirýärdi. Aşgabatdan belli ýazyjy-şahyrlary çagyrardy. Şahyrlar Berdinazar Hudaýnazarow, Atamyrat Atabaýew bilen bilelikde geçilen duşuşyklarymyz şu günki ýaly ýadymda. Ol döwürlerde pagta ýygyma uly il çekilerdi. Talyplar iki-üç aýlap pagta meýdanynda bolardylar. Men Dänew etrabynda talyplaryň pagta ýygymyna ýolbaşçylyk edýärdim. Rugsat alyp giçlik öýe geldim. Ýanýoldaşym Aýgözel pahyr Ymaratyň jaň edendigini, meni sorandygyny, duşuşasynyň gelýändigini, «Ýa özi gelsin, ýa özüm barjak» diýendigini aýtdy. Men öz ýanymdan: «Aý, ertir habarlaşaryn-da» diýen netijä geldim. Daňdan sagat bäşlerde telefon jyrlaýar. Aňyrdan Ymaratyň aradan çykandygyny habar berdiler. Men ynanman: «Ymaratyň atasymy?» diýýärin (Ymarat kakasyna ata diýýärdi). Şol wagt Ymaratyň atasy Meret aga ýüz ýaşa golaýlan gojady. Ymarat ulag heläkçiligi zerarly aradan çykan ekeni. Ýakyn dostum Ymarat Meredow bilen biziň iň soňky günümiz şeýle tamamlandy. Ertesi duşuşmaly duşuşyk duşuşylman galdy. Ol gün 1976-njy ýylyň 26-njy oktýabrydy. * * * Okamak adama köp zat berýär. Şol bir wagtda okap bilene durmuşyň özi gyzykly, çözülmesi örän kyn matala çalymdaş okuw kitaby. Döredijilik adamlarynyň birek-birek bilen gatnaşyklary, duşuşyklary, söhbetdeşlikleri aýratyn mekdep diýip hasaplaýaryn. Birek-birek bilen pikir alyşmak köp zat berýär. Meniň özüm halypalarym, deň-duş dostlarym bilen gatnaşyklarymdan, söhbetdeşliklerimden köp zat öwrendim. Käte-käte jedelleşýärsiň, özüňkini dogrulygyny subut etmek üçin kän kelle döwmeli bolýar. Bu barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň «Şahyrlar meýlisi» atly ajaýyp şygry bar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew hem dostlugymyz barada özüniň «Üçler» goşgusyny döretdi. Nädip ýaşap biler bir-birini görmän, Osman Öde, özüm hemem Hanguly? Duşdular bägül deý gunçalan-güllän, Osman Öde, özüm hemem Hanguly. Bolsak ýurduň içinde ýa daşynda, Ýurt hakda oýlanýas ýaz-u-gyşynda. Köňül boş däl doly saçak başynda, Osman Öde, özüm hemem Hanguly. Biri şygyr ýazýar, birisi kyssa, Han ýazylan zada syn bermäge ussa, Duýar birden biriniň ýüregi gyssa, Osman Öde, özüm hemem Hanguly. Käte jaň gelýändir Türkmenabatdan, Han Osmany, meni çykarmaz ýatdan. Öwünerler, öwerler çykmazlar çakdan, Osman Öde, özüm hemem Hanguly. Gyzgyn dostluk agyr aňzakda doňmaz, Yssyda süllermez, güýz gelip solmaz, Iýmän oňar, birek-bireksiz oňmaz, Osman Öde, özüm hemem Hanguly. Diňe zehin hormat goýar zehine, Özi şöhrat bilen şan berer ile, Saklamaz köňülde öýke hem kine, Osman Öde, özüm hemem Hanguly. Käte gyzyp bir-birini öwerler, Her söhbedi çuň jedele öwrerler, Bir söz üçin üç kelläni döwerler, Osman Öde, özüm hemem Hanguly. Seri ýerinde dursun, aýlansyn tostlar, Ikisi ýazyjy, birisi doktor, Üç döwet galamyň eýesi dostlar, Osman Öde, özüm hemem Hanguly. Gep-sözümiz kyssa, şygryýet hakda, Çyn dostluga maýyl Ýaradan-Hak-da, Allam, üçleň beýik birligin sakla, Osman Öde, özüm hemem Hanguly! * * * Şahyr Atamyrat Atabaýew bilen dostlugymyz, ýakyn gatnaşykdalygymyz barada olam ýazdy, menem ýazdym. Häzir gürrüň, iň soňky gün hakynda. Atamyrat soňky üç-dört ýylyň dowamynda köp keselledi, agyr operasiýany başdan geçirdi. Yzly-yzyna hassahanada keselini bejertdi. Men birnäçe gezek paýtagta ýörite Atamyradyň ýagdaýyny soramaga bardym, başga bir sebäp bilen baranymda hem Atamyrady görmän gaýtmazlyga çalyşýardym. Dostum, şahyr Nobatguly Rejebow Atamyrat bilen hem ýakyn dost, hem goňşy. Köplenç onuň bilen Atamyradyň ýanyna bile barýardyk. Atamyrada jaň edýärin, men oňa degşip Atabaýew diýýärin (Onuň «Atabaýewiň gaýdyp gelmegi» diýen meşhur goşgusy bar). Munuň oňa hoş ýakýanyny aňýaryn. Men: — Atabaýew, ýagdaýlar nähili? Ol: — Garaz, gowy — diýýär. Men: — Ýa baraýynmy? — diýýärin. Ol: — Gelseň gelmedikden-ä gowy bolar! — diýip, jogap berýär. Men iki-üç günden barjakdygymy söz berdim. Ertesi irden, şahyryň aýaly şahyr Bibi Orazdurdyýewa maňa jaň edip: — Hanguly, sen entäk gelme. Agşam sagat ikilerde Atamyrady «Tiz kömek» alyp gitdi. Insult bolupdyr — diýdi. Atamyrat hassahanadan çykyp, sekiz aý düşekde ýatdy. Şol sekiz aýyň içinde men Nobat akga bilen birnäçe gezek onuň ýagdaýyny soramaga bardym. Ol geplemedi, gözi bilen üm bilen düşünişdi. 2020-nji ýylyň 1-nji martynda bir kafedrada bile işleýän işdeşim hem-de öz talybym Akmyrat Täjimow jaň edýär: — Mugallym, dädem aradan çykypdyr. Men Daşoguza gitmeli boldum. Men mart aýynyň ikisine Daşoguza uçdum. Daşoguz welaýatynyň Tagta etrabyndaky Akmyratlaryň öýüne baryp, Akmyrada, onuň maşgalasyna gynanç bildirdim. Ertesi üçünji martda 16:00-da Daşoguzdan Aşgabada uçdum. Aşgabatda güýçli ýagyş ýagýardy. Üç-dört sagat wagtym bar. «Atamyradyň ýanyna barmalymy ýa-da onuň ýanyna ýörite gelmelimi?». Garaz, Atamyradyň ýanyna gelmäni ýene bir gezege goýdum. Şol gün, 21:50-de Aşgabat — Türkmenabat aralygynda gatnaýan uçarda otyryn. Uçaryň gapysy ýapyldy. Uçar uçmaga taýýarlyk görýär. Telefonyma jaň gelýär. Seretsem Atamyradyň telefon belgisi. Onda Atamyradyň ýanýoldaşy Bibiniň sesi eşidildi: — Hanguly dogan, Atamyrad-a ýitirdik, birinji saňa jaň edýärin! — diýdi. Uçardan düşürmediler. Ertesi 2020-nji ýylyň 4-nji martynda ýene-de yzyma — Aşgabada uçmaly boldum. Uly şahyr Atamyrat Atabaýewi gül-gülälege bezenip oturan baýyrlykda jaýladyk. Onuň men barada ýazan goşgusyny gymmatly ýadygärlik hökmünde saklaýaryn: Bile sowduk toý-baýramy, ýaslary, Her günde men ýada salýan dostlary, Professor, ylymlaryň doktory, Lebapda Hanguly diýen dostum bar. Zehin üçin gerek borly aslyýet, Ýaşlygyndan ylma berdi ähmiýet, Onuň özem şahyrana şahsyýet, Lebapda Hanguly diýen dostum bar. Ýetmiş ýaşasa-da, juwandyr göwni, Özün öwmän bize bagş eder öwgi, Allam nesip etse uzak bor ömri, Lebapda Hanguly diýen dostum bar. Ylym beren talyplary kän onuň, Ady başga, tahallusy Han onuň, Watana, dost-ýara mähriban Ogul, Lebapda Hanguly diýen dostum bar. Men şahyr däl, birwagtlar ýaşlyk döwrümde menem goşgy ýazypdym. Häzirem, käte-käteler özüm üçin goşgy ýazýan wagtlarym ýok däl. Goşgynyň derejesiniň nähili bolmalydygyny men ilden soramaly däl. Atamyrat barada ýazan goşga meňzeş goşgymyň çeperçiliginiň ýabygorlydygyny bilsem-de, ýazgylaryma goşaýyn diýdim. Şahyrdy. Galamyna ezberdi. Ezberdi ol, Arşdan berlen zehini Öz-özüne döz gelip, Şygyrlaryna dözerdi. Döz geldi ol şan-şöhrata, serpaýa, Gamçylananynda galyp çarpaýa, Garşydaşlaryna bolardy saýa. Oturlyşyklary, Toý-meýlisleri Bezärdi. Bezärdi gülküsi bilen. Aýdym aýdyp, Aýdyp tostlary, Dostlaryny depesine götärdi, Götererdi öz deňine pesleri. Dokuzy doly ýaly dünýäniň, Oýulyp dur dost ýeri. Harplykda «A»-dan başlanýan atdy, Deň-duş şahyrlaryň içinde Ilkinji agzalýan Atabaýew Atamyratdy. 20.03.2020. * * * Edebiýatçy Ahmet Bekmyradow bilen tanyşmagyma, soňra dost-doganlyga ýazyp gitmegine filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Ahmediň gaýyn atasy Öde Abdyllaýew sebäp boldy. Professor Öde Abdyllaýew Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna rektor bellenenden soň ömrüniň ahyryna —1988-nji ýyla çenli Türkmenabatda ýaşady. Men onuň bilen bir kafedrada işlemek bilen ýakyn gatnaşykda boldum. Ahmet on üç ýylyň içinde öz gaýynlaryna, öz obasyna näçe gezek gelen bolsa, men şolaryň hemmesinde diýen ýaly Ahmet bilen bile boldum, üstesine, Aşgabada baranymda Ahmet bilen duşuşardyk. Diýjek bolýanym, Ahmet ikimize biri-birimizi tanarça mümkinçilik az bolmady. Men «Edebiýatçynyň ýazgylarynda» Ahmet bilen bagly pursatlardan käbirini ýatlapdym. Ol «Garagum» žurnalynyň sahypalarynda çap boldy. Häzir gürrüň iň soňky gün barada barýar. 1990-njy ýylda, adatça bolşy ýaly, awgust aýynda zähmet rugsadyny alyp, öz dogduk obama gitdim. Obada dynç alyp ýördüm. Şol gün nämedendigini bilemok, içim gysdy. Dünýä sygamok. Ýokary okuw mekdebinde bile okan dostum Atajan Aşyrowy tapdym hem-de onuň meniň ýanymda bile bolmagyny haýyş edip, öýümize alyp gaýtdym. Şol döwürde kolhozyň başlygy bolup işleýän agam Hudaýgulynyň giň tapçanynda çaý içdik, nahar iýdik, gijäniň bir wagtyna çenli gümür-ýamyr edişdik. Ýaňy ymyzganandyrys-da, daňdan sagat bäşlerde bolsa gerek. Aşgabatda ýaşaýan suratkeş inimiň ogly Resul gelip, bizi oýardy. Ol: «Meni kakam iberdi, dostuň Ahmet Bekmyradow ýogalypdyr, telefonda habar ýetirip bolmady, häzir otludan düşüp durşum» diýdi. Ol wagtlar, häzirki ýaly eltelefony barmy, Ahmediň nirede jaýlanýandygyny bilýänçäm, gün guşluk boldy. Saýatda öz obasynda jaýlanýandygyny bildim hem-de öz ulagymda Ahmetlere bardym. Barsam, Ahmedi jaýlapdyrlar, men onuň mazaryna baryp, aýat-töwir etdim. Ýanýoldaşym Aýgözel, çagalarym Türkmenabatdady. Öýe geldim, Ahmediň ýogalanyny aýtdym. Aýgözel ör gökden geldi. «Ahmet düýn jaň etdi, seni sorady» diýdi. «Men: «Näme habar ýetirmeli bolsa aýdyber. Ol jaň edip durýar. Men habaryny ýetirerin» diýdim. Ahmet telefon trubkasyny goýman ep-esli dymyp durdy, soň uludan demini alyp, «Aý, özüne aýtjak zadym bardy-da» diýip trubkany goýdy». Ahmediň maňa näme aýtmakçy bolýany syr bolup galdy. Bu waka 1990-njy ýylyň 13-14-nji awgustynda bolupdy. © Muhammetguly AMANSÄHEDOW, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory Çeşmesi: “Garagum” žurnaly, 7/2021, 9/2021, 12/2021. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||