21:53 Edebiýatçynyñ ýazgylary | |
EDEBIÝATÇYNYÑ ÝAZGYLARY
Beýikler beýik ýeriñi, ejizler ejiz ýeriñi gõzleýärler, tapýarlaram. * * * Beýikleri biri birine deñemegiñ geregi ýok. Olaryñ hersi õzüçe beýik. Pesleri-de deñeşdirmegiñ derkary ýok. Olaryñ hemmesi õzleriçe, bir-birine meñzemeýan betbagt diýip pikir edýarin. * * * Uly ýazyjy Osman Õdäýew ýakyn adamlaryna "dogan, dogan jan!" diýip ýüzlenerdi. Maña Osman pahyr: "Mähriban agam, agamjan!" diýerdi. Bu sentimentallykmy? Yok. Bu sõzler Osmanyñ mährinden, adamlara bolan sõýgüsinden gelip çykýardy. Ol sõzler tõweregindäkilere ýaşamaga, dõretmage güýç-kuwwat, joşgun-ylham berýardi. Birek-biregi ýakynlaşdyrýardy, ysnyşdyrýardy. * * * Iki adamyñ uruşýanyny gõrdüm. Itleriñ uruşdyrylýanyny bilýarin. Horazlaryñ uruşdyrylýanyny eşidýarin. Arada telewizoryñ daşary yurt kanallarynyñ birinde düýeleriñ uruşdyrylýanyna tõtänden gabat geldim. Adamlar õzleriniñ uruşýanlaryny az gõrýarmikäler?! * * * Dramaturg Berdi Bäşimow gürrüñ berýär: - Medeniýet ministrliginde işleýän dõwrümde drama eserleriniñ bäsleşigi geçirildi. Meniñ ýazan pýessam birinji orun aldy. Ministrimiz Gara Seýitliýew - meşhur şahyr, ykrar edilen dramaturg, üstesine-de, ministr. Çekinip hem utanyp, ondan gaçyp tezip ýõrün. Muny añan Gara Seýitliýew meni ýanyna çagyryp: "Inim, seniñ birinjilik alanyña begenýarin. Durmuş dowam edýar. Ýaşlar halypadan ozdurmaly. Saña-da bir wagtlar õzüñ üćinji orun alyp, ýaşlaryñ birinji orny alanyny gõrmek miýesser etsin!" diýdi. Muhammetguly AMANSÄHEDOW, filologiýa ylymlarynyñ doktory. # garagum_2017 | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |
| |