08:05 Edebiýatçynyñ ýazgylary | |
EDEBIÝATÇYNYÑ ÝAZGYLARY Adamzat özüniñ ýüz müñlerçe ýyllyk taryhynda dünýä, hakykata düşünmegiñ, baha bermekligiñ, özüñi alyp barmagyñ... ýene-ýeneleriñ ýüzlerçe ýoluny döretdi. Döretdi-de, şol ýollaryñ haýsy hem bolsa birini saýlamaga bolan hukugy, mümkinçiligi her kimiñ özüne goýdy. * * * Zehin böwetleri böwsüp, özüne ýol arçaýar, dürli tärler, ýollar arkaly özüni äşgär etmäge ilgezik bolýar. Türkmeniñ talantly, zehinli ene-mamalary, gyz-gelinleri sungatyñ iñ kämil, iñ seýrek görnüşlerine degişli bolan halylary, keçeleri, keşdeleri, läleleri, monjugatdylary... döredenlerinde, edebiýatyñ, sungatyñ ýazuwly, professional görnüşlerinde talantlaryny, zehinlerini görkezmäge, äşgär etmäge mümkinçilikleri bolmanlaryndan soñ, hut şu kanunalaýyklykdan ugur alypdyrlar. Professional sungatdan birjik-de kem oturmaýan şol sungat eserlerini döredenleriñ okuwlylardan, bilimlilerden birjik-de kem däldigini türkmen gelin-gyzlarynyñ bimöçber zehinliliginiñ, talantlylygynyñ güwäçisidir diýsek ýalñyşmarys diýip, pikir edýärin. * * * Hakyky zatlaryñ hemmesi baky. Ýasama zatlaryñ hemmesi wagtlaýyn. * * * Başga zat elinden gelmänsoñ, ol salamynam minnetli berýär. * * * Gapma-garşylykdan, dürli-dümenlikden doly bu dünýäniñ "ynsan" atly bir jandary şol gapma-garşylyklary düzetjek bolup, şol dürli-dümenliklerden baş çykarjak bolup, çyr-çytyr. * * * "Bitini iýme" biriniñ sahylyk baradaky söhbedini diñlemek nähili "gyzykly"?! * * * Är-aýal nikasyny bozmak bilen, çagalarynyñ öñünde uly günä edýärler. Çaga atasyndan ýa enesinden mahrum bolýar. Munuñ ene-atanyñ hut özleriniñ tarapyndan amal edilmegi şol günäni geçirilmesiz, bagyşlanmasyz derejä çenli alyp barýar. * * * Ýagşylyk edip, eden ýagşylygyndan lezzet alýanlar bar. Ýazyjy Osman Ödäýew, ana, şolardandy. * * * Akyllynyñ käte akmaklyk etmegi ahmal, ýöne akmagyñ käte akylly boljagyna ynanmaýaryn. * * * Adam ömrüniñ üç pursady: * * * "Iki adamyñ arasynda bolsun, halklaryñ, döwletleriñ arasynda bolsun, tapawudy ýok, akyl-paýhasyñ ejizlik edýän ýerinde dawa, oñşuksyzlyk başlanýar" diýip pikir edýärin. * * * Ýazyjy Atajan Taganyñ gündeliginden gazetde çap edileb bir hekaýasyny sorap, öýüne gelen bir podpolkownik bilen kapitan baradaky ýazgysyny okap, şahyr Atamyrat Atabaýew: "Atajan Taganyñ gündeligine girmek üçin, onuñ öýüne kürsäp girmeli eken" diýen netijäni çykarýar. * * * Ýazyjy Ahmet Halmyrat häzirki zaman türkmen prozasynyñ görnüklilerinden. "Edebiýat we sungat" gazetinde çap edilen "Ýunus" atly nowellasy ýazyjynyñ ussatlyk mümkinçiliginiñ, täze-täze tapyndylaryñ tükeniksizligine ynanmaga umyt döredýär. Muhammetguly AMANSÄHEDOW, # garagum_2018 | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||