21:05 Edebiýatçynyñ ýazgylary | |
EDEBIÝATÇYNYÑ ÝAZGYLARY
Adam ýazmany öwrenen gününden bäri, durmuşy kitaba salmaga synanyşyk edýär, ýöne bu oňa häli-häzir-ä başardanok. * * * Bir pursatda meşhur bolup bolýar, Bir pursatda masgara-da bolup bolýar. * * * Watikanda rim papasynyň köşgünde beýik italýan hudožnigi Rafaeliň Platony asmany nazarlaýan görnüşde, Aristoteli ýere seredýän görnüşde şekillendiren kartinasynyň bardygyny okapdym. Bu Platonyň idealistik garaýyşlydygynyň, Aristoteliň materealistik düşünjelidiginiň örän jaýdar, şowly çeper aňladylmasy diýip pikir edýärin. * * * Adamlaryň — her birimiziň köklerimiziň müňýyllyklardan alyp gaýdýanlygy ýaly, adamlary biri-birinden parhlandyrýan ynsanperwerlik, garasöýmezlik, mähribanlyk, wagşylyk ýaly häsiýetleriň hem taryhy müňýyllyklara uzaýar. Geň zat, ynsanperwerlik, mähribanlyk, wepalylyk ýaly adamzady bezeýän sypatlar, adamlary bezeýän häsiýetleriň mümkinçiligi şol müňýyllyklaryň dowamynda şol bir tebigatyny üýtgetmeýär. Tersine, wagşylygyň, garasöýmezligiň, şöhratparazlygyň amaly mümkinçilikleri gitdigiçe has artýar. Adamzady gyrgynçylyga sezewar edip biljek ýaraglaryň döremegi munuň subutnamasy diýip pikir edýärin. * * * Biz oňa «Dürli eje» diýerdik, ýogsam biz «Dürlügözel gelneje» diýmelidik. Dürlügözel gelnejemiz atam Goşa Aganyň bäş oglunuň iň ulusy, meniň kakam Amansähediň agasy Amandurdynyň aýaly. Amandurdy kakam 1939-njy ýylda goşun gullugyna alynýar. Ol topçularyň serkerdesi bolupdyr. Amandurdy kakamyň harby eşikde düşen suratyndaky görünýän harby nyşanlar onuň ýönekeý esger däldiginden habar berýär. Agam Amandurdy barada bilýän zatlarymy aýtsam, ol örän zehinli bolupdyr. Heniz ýetginjekgä, brigadir belläpdirler. Aman kakamdan galan patefon, bagşy-sazandalaryň aýdymlary-sazlary ýa- zylan patefon kartlar, dutar onuň intellektual derejesinden azda-kände habar berýär (Ýeri gelende ýatlasam, suratkeş inim Berdiguly özüniň «Agamyň patefony» diýen kartinasyny Amandurdy kakamyň hormatyna bagyşlady. Bu kartina häzir Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanylýar). 1941-nji ýylyň maý aýynda Amandurdy kakamdan: «Basym barjak, toýa taýýarlanyberiň» diýen hatgelýär. Şonuň yzýanyndan ýene-de bir hat. Ol hatda: «Men başga toýa gitmeli boldum» diýen ýazgy bar. Galam bilen ýazylan üçburç eplenen hatlary men gözüm bilen görüpdim. Ana şodur-şodur Amandurdy kakamdan ne hat bolýar, ne habar. Şondan ep-esli wagt geçenden soň «dereksiz ýitdi» diýen habar gelýär. Amandurdy kakamyň aýalyny tutuş ha-tarymyzyň ýaşulusy hasaplardyk. Atam-enem, ejem-kakam, dogan-garyndaşlaryň hemmesi onuň göwnüni tapjak bolardy. Ol tutuş obanyň Dürlügözel ejesidi. Men bir gezek: «Amandurdy kakamy gaty söýüpsiň öýdýän, şunça ýyllap garaşyp ýörsüň» diýdim. Ol:«Wiý, söýgi nirede, şu wagt gapydan girse, men ony tanajagam däl. Bary-ýogy ýaşanymyz bir aýa-da ýetenok, onda-da nä ýaşamak, il ýatanda gelýär, il örmänkä-de işe gidýär» diýdi. Ýene bir zat. Dürlügözel ejem özi aramyzda gezip ýörkä, Amandurdy kakamyň patasyny almaga rugsat bermedi. Agamyň «Öldi» habary gelmänsoň, ömrüniň ahyryna çenli uly umyt bilen oňa garaşdy. Oňa ogullyk berlen agam Hudaýguly Dürlügözel ejem aradan çykandan soň, kakasy Amandurdyny, ejesi Dürlügözeli ýatlap, sadaka berdi. Urşuň yzynda, tylda galan gelinleriň gahrymançylygy barada ençeme çeper sahna eserler, kinofilmler döredildi. Olaryň hemmesinde diýen ýaly gelinleriň öz söweşdäki ýanýoldaşlaryna, söýgülisine wepalydyklary nygtalýar. Dürlügözel ejeme diňe söýginiň hatyrasyna ýanýoldaşyna garaşypdyr diýip boljak däl. Onuň öz ýanýoldaşyna wepalylygy has aňry ätleýär. Bu ýerde MAŞGALA, OJAK, AT-ABRAÝ, MERTEBE, NAMYS ýaly borçlar-düşünjeler bar. * * * Mertebelilik ynsanyň ynsanlyk ölçegleriniň içinde mertebelenmäge mynasyp. Öz mertebesini saklap, gorap bilýän kişi Maşgalasynyň, Halkynyň, Watanynyň mertebesine şek ýetirmez, şek ýetirtmez diýip düşünýärin. Ýa-da tersine... * * * Didarberdi Allaberdiýew bilen ajaýyplyklaryň mesgeni Awazada tanyşdyk. Mundan öň hem Didarberdiniň goşgularyny, aýratyn-da rubagylaryny uly höwes bilen okaýardym. Gowulary görüp, guwanyp bilýän dostum Osman Ödäniň berýän bahasy boýunça-da mende Didarberdi barada gowy garaýyşlar bardy. Ýöne onuň bilen Awazadaky şahsy tanyşlyk uly açyş boldy (Şol tanyşlyk soňra aga-ini gatnaşygyna, dostluga ýazyp gitdi.) Didarberdiniň Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny tutuş ýatdan bilýändigi, diňe bir bilmek däl, şygyrlary örän çuňňur yzarlaýandygy, neşirlerdäki goýberilýän säwlikler baradaky pikirleri, beýik şahyryň şygyrlarynyň arapçasyny, parsçasyny, rusçasyny deňeşdirişi meni haýran etdi. Didarberdiniň dil we edebiýat ugrundan ýörite bilimi ýok. Onuň işlän käri hem çeper döredijilik bilen galtaşykly däl. Zehini Biribar eçilse kär-hünäriň tapawudy bolmaz ekeni. Didarberdiniň aýdym-saz sungaty baradaky örän çuňňur makalalary ýörite saz öwrenijiler üçin-de peýdalydyr diýip pikir edýärin. Zehini ezelden Didarberdi Allaberdiýewiň «Senaly» tahallusy bar. Bu jüpüne düşen tahallus. * * * Hakyky yşka, söýgä uçranlar birek-biregiň kemçiliklerini görerden has beýige galýarlar. * * * Öz golastyňdaky işgäri başga bir işgäriňe ýamanlamak seniň olardan asgynlygyňy boýun almak diýip düşünýärin. * * * Geçip duran wagtyň, geçip duran pursadyň, ýöne bir geçip duran wagt, pursat däl-de geçip duran wagty, pursady müdimilik taryha girizýän tebigy hadysalar, jemgyýetçilik wakalar bolýar. Beýik şahsyýetleriň, genileriň doglan, aradan çykan wagty, pursady-da taryha girýär. Diýmek, beýik şahsyýetleriň, genileriň doglan, aradan çykan wagty, pursady-da tebigy hadysalara, jemgyýetçilik wakalaryna barabar. * * * Men her gün irden işe gaýdan wagtymda: «Ýa Biribar, özüň abraý bereweri!» diýýärin. Muhammetguly AMANSÄHEDOW, filologiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň ussat mugallymy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |