22:44 Eýran haçanda Azerbaýjana dişini gyjasa, Ysraýyl mundan peýdalanýar | |
EÝRAN HAÇANDA AZERBAÝJANA DIŞINI GYJASA, YSRAÝYL MUNDAN PEÝDALANÝAR!
Publisistika
Eýranyñ, Azerbaýjanyñ we Ysraýylyñ arasynda güýçlenýän dartgynlylyk soñky ikisiniñ arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy berkidýär Stokgolmdaky Halkara parahatçylyk boýunça ylmy-barlaglar institutynyñ ýakyn wagtdaky habarnamasy 2018-2022-nji ýyllarda Azerbaýjanyñ Ysraýylyñ iñ köp ýarag satýan ikinji ýurdudygyny anyklady. Ysraýylyñ bu döwürdäki ýarag eksportynda Azerbaýjanyñ paýy 9,1% bolan eken. Birinji ýerde Ysraýylyñ ýarag söwdasynyñ 37%-ni düzýän Hindistan bar. Filippinler bolar 8,5% bilen üçünji ýurt. Şu döwürde Ysraýylyñ global ýarag eksportyndaky paýy 2,3% boldy. Şol bir wagtyñ özünde Azerbaýjan Ysraýyl döwletine energetika satuwyny güýçlendirdi we Ukraina uruşyndan soñ Ysraýylyñ energetika talabynyñ 40%-ni kanagatlandyrar ýaly derejä galdy. Şular ýaly ähli pragmatiki sebäpleriñ ýany bilen iki ýurduñ arasyndaky ýakyn gatnaşygyñ taryhy we medeni esaslary-da bar. Azerbaýjanda "Красная Слобода" diýilýän ýerde jöhit jemagaty ýaşaýar. Şol bir ýagdaýda XIX asyryñ soñlaryndan bäri Azerbaýjanda (köplenjem Bakuda) uly ýewropaly jöhit jemgyýeti ýaşaýar. Iki ýurduñ arasyndaky hyzmatdaşlyk beýleki ýurtlara garanda daşary syýasy ugurlaryna-da täsir etme potensialyna eýe we soñky Ysraýyl-Türkiýe ýakynlaşmagy bu potensialy iñ gowy görnüşde görkezýär. 2010-njy ýylda ysraýyl harby-deñiz güýçleriniñ Gazä ynsanperwer kömek alyp barýan türk gämisine çozan "Mawy Marmara" wakasynyñ yzyndan iki ýurduñ gatnaşyklaryna düýpli tow düşüpdi. 2016-njy ýylda Ysraýyl we Türkiýe Ysraýylyñ şol wakada wepat bolan aktiwistleriñ maşgalalaryna 20 million dollara golaý kontribusiýa tölemek şerti bilen ylalaşyga geldi. Muña garamazdan, ABŞ-nyñ Ierusalimi Ysraýylyñ paýtagty hökmünde ykrar etmeginiñ yzyndan 2018-nji ýylda Türkiýe Ysraýyl bilen gatnaşygyny kesendigi üçin ylalaşyk uzaga çekmändi. Regional syýasatyñ ýene bir möhüm öwrülişik sepgidi 2020-nji ýylyñ awgust aýynda Ysraýyl bilen Birleşen Arap Emirlikleriniñ (BAE), Bahreýniñ, Marokkonyñ arasynda Waşingtonyñ goldawy bilen gol çekilen "Ybraýym şertnamalarydy". Ilkibaşda Türkiýäniñ muña beren garşylygy otrisatel boldy, Türkiýäniñ prezidenti Rejep Taýýip Erdogan BAE bilen gatnaşyklaryny kesjekdigini aýdyp haýbat atdy. Emma Daglyk Garabagda turan uruş Ankara bilen Ierusalimi Azerbaýjany goramak üçin bir hatara düzdi we görnüşi ýaly bulam iki ýurda-da güýç birikdirseler nämeleriñ hötdesinden gelip boljakdygyny görkezdi. 2020-nji ýylyñ dekabryna gelinende, Erdogan hökümeti Ysraýyl bilen diplomatiki çekişmäniñ özüni bimaza ediji ýagdaýa salandygyna düşünipdi. On ýyllyk dartgynly gatnaşyklardan soñ hökümet ugruny üýtgetdi we bozulan gatnaşyklary düzetmek üçin işlemegi makul bildi. Şol üýtgeşmäniñ parçasy hökmünde Türkiýe Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny gowulandyrdy we hatda öñki tankydy belliklerini ýatdan çykaryp "Ybraýym şertnamalaryny" sesini çykarman kabul etdi. Azerbaýjan kadalaşma müddetinde potensial köpri roluny oýnamak üçin gowy pozisiýadadybwe 2020-nji ýylyñ dekabrynda Azerbaýjanyñ Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow: "Baku Tel-Awiw bilen Ankaranyñ arasynda araçylyk edip biler" diýdi. Soñra Azerbaýjanyñ Prezidentiniñ orunbasary Hikmet Hajyýew Balunyñ üçtaraplaýyn gepleşikleri geçirip biljekdigini mälim etdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky bu ýazylganlyk on ýyldan gowrak wagta çeken dartgynlylygyñ yzyndan boldy. Ysraýylyñ prezidenti Isaak Hersog 2022-nji ýylyñ mart aýynda Türkiýä eden resmi saparynyñ yzyndan iki ýurduñ daşary işler ministrleriniñ ikitaraplaýyn resmi saparlary gatnaşyklaryñ gowulanmagyna ýardam etdi. Geçen ýylyñ iýun aýynda Türkiýe we Ysraýyl bilelikde iş geçirip, Eýranyñ Türkiýä gelen ysraýylly turistleri alyp gaçma we olara garşy hüjüm etme pygyllarynyñ öñüni aldy. Iki aýdan soñ iki hökümet diplomatik gatnaşyklaryñ doly öñki ýagdaýyna gelendigini mälim etdi. Yzyndan 2022-nji ýylyñ oktýabr aýynda Türkiýäniñ we Ysraýylyñ Goranmak ministrleriniñ arasynda geçirilen ýygnak kadalaşma müddetiniñ öñe gitmegine ýardam etdi. Benni Gantsyñ Ankara eden resmi sapary on ýyldanam köpe çeken wagtdan soñ Ysraýylyñ goranmak ministriniñ eden resmi saparynyñ bolandygy sebäpli üns bereniñe degýärdi. Aýratynam, ysraýyl topary fewral aýynda Türkiýäniñ günorta-gündogar çatrygynda bolup geçen uly ýer yranmasyndan soñ halas-ediş toparlarynyñ geçiren işlerinde 19 sany türk raýatynyñ janyny halas etdi. Ysraýylyñ Daşary işler ministri Eli Koene minnetdarlyk bildiren Erdogan Türkiýäniñ Ysraýylyñ eden kömeklerini hiç haçanam ýatdan çykarmajagyny aýtdy. Azerbaýjan Türkiýe-Ysraýyl gatnaşyklarynyñ kadalaşmasyny esasy daşary syýasy ugurlarynyñ birine öwürdi. Eýran Yslam Respublikasyndan abanýan howpuñ derejesi ýokarlanyp ugranda, Baku iñ ýakyn ýaranlarynyñ arasyndaky gatnaşygy pugtalandyrmak üçin şundan amatly pursat tapyp bilmezdi. Eýranyñ, Azerbaýjanyñ we Ysraýylyñ arasynda güýçlenýän dartgynlylyk soñky ikisiniñ arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy berkitdi. Sentýabr aýynda Ermenistan bilen Azerbaýjanyñ serhedinde bolup geçen çaknyşyklardan iki hepde geçenden soñ Ysraýylyñ öñki goranmak ministri Benni Gantz Azerbaýjana geldi we ol bu ýerde prezident Ylham Alyýew we azerbaýjanly kärdeşi Zakir Hasanow bilen duşuşdy. "Ybraýym ylalaşyklary" Türkiýe bilen Ysraýylyñ arasyndaky ýakynlaşmabwe Azerbaýjan bilen Eýranyñ arasyndaky dartgynly gatnaşyklar, Azerbaýjan-Ysraýyl bilelikdeligine täze sepgit gazandyrdy. Ysraýyl 1993-nji ýylyñ awgust aýynda Bakuda ilçihana açandygyna garamazdan ýakyn wagta çenli Azerbaýjan Ysraýylyñ özüne hemişelik ilçi belleme talabyndan elmydama ýüz öwrüp geldi. Bu ýagdaý Azerbaýjanyñ otuz ýyla golaý wagtdan soñ meñzeş jogap berme (ilçihana açma we ilçi belleme) boýunça gutarnykly taryhy karara gelmegi bilen üýtgedi. Azerbaýjanyñ başdaky ikirjiñlenmesi beýleki musulman ýurtlary gynandyrmazlyk we biynjalyk etmezlik, Baku bilen Tähranyñ arasyndaky gatnaşyklaryñ bozulmagyndan Ysraýyly jogapkär hasaplaýan Eýrana gyjyt bermek endişesinden gelip çykýardy. Ysraýyldaky gysga ömürli Bennet-Lapid hökümeti döwründe Azerbaýjan bilen Ysraýylyñ arasyndaky bilelikdelik täze strategiki derejä ýetirildi. Ýair Lapid Azerbaýjany Ysraýyl üçin möhüm hyzmatdaş hasaplady. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda şol wagtyñ goranmak ministri Benni Gantzyñ Azerbaýjan zyýaraty öräm kesgitleýji boldy. Gantz resmi saparynyñ dowamynda "Ysraýyl döwleti bilen Azerbaýjan respublikasynyñ arasyndaky strategiki gatnaşyklaryñ saklanmagynyñ" we "Ybraýym şertnamalaryna gol çekilmeginden soñ Ýakyn Gündogardaky üýtgeşmeleriñ oýlanyp-ölçerilmeginiñ" ähmiýetini nygtady. Ol we Azerbaýjandaky ygtyýarlylar Ysraýylyñ Türkiýe, sebit we dünýädäki beýleki ýurtlar bilen ösýän gatnaşyklary boýunça hem gepleşik geçirdiler. Bu resmi saparyñ dowam edýän wagtynda geçirilen gepleşikleriñ Azerbaýjan ilçihanasynyñ açylmagy kararyna gelinmeginde kesgitleýji rol oýnandygyny aýdyp bolar. Ysraýyldaky hökümet çalşygynyñ Azerbaýjan-Ysraýyl strategiki hyzmatdaşlygynyñ üstünde görnetin täsiri bolmady. Ysraýylyñ täze ekstemistik sagçy Binýamin Netanýahunyñ hökümeti Azerbaýjan bilen ýakyn hyzmatdaşlygyny dowam etdirýär. 2023-nji ýylyñ 11-nji ýanwarynda Ylham Alyýew Azerbaýjanyñ Ysraýyldaky ilkinji adatdan daşary we dolu ygtyýarly ilçisi edip Muhtar Mämmedowy belledi. Geçen fewral aýynda Ysraýylyñ Goranmak ministri Ýoaw Gallant Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynyñ mejlisler zalynda prezident Alyýew bilen duşuşypdy. Soñky döwürde bolup geçýän dartgynlylyklaryñ saýasynda Azerbaýjan bilen Eýranyñ arasynda çaknyşyk bolma ähtimallygy hakda aýdulanda, Tähranyñ Bakudan has uly we has güýçli aktýordygy görnüp dur. Emma geosyýasy hakykatlary-da gözden salyp bolmaýar we bularyñ başynda Türkiýedir Russiýa bilen gatnaşyklaryny dowam etdirme zerurlygy bar. Şeýle-de, logistiki hyzmatlar taýdanam Azerbaýjana garaşly. Şonuñ üçinem iki ýurduñ arasynda haýsydyr bir ýaragly çaknyşygyñ bolma ähtimallygy beter daşda görünýär. Hüda HÜSEÝNI, Liwanly žurnalist, syýasy analitik. Anna, 02.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |