13:14 Eýranly aýallar ýadro ylalaşygynda öz hak-hukuklaryny gözleýär | |
EÝRANLY AÝALLAR ÝADRO YLALAŞYGYNDA ÖZ HAK-HUKUKLARYNY GÖZLEÝÄR
Publisistika
Olardan ýeke-täk islenýän zat - gepleşiklerde üstünde ylalaşyga gelinjek täze kararlaryñ ýa-da maddalaryñ eýranly aýal-gyzlaryñ hak-hukuklaryna, ölüm jezasyndan, maşgala arasyndaky urlup-sögülmelerden we garyplykdan goranmalaryna degişli maddany-da öz içine almagydyr. Eýran türmelerindäki ölüm jezasyna höküm edilen aýallar / Fotosurat: Sadegh Souri Dünýä Eýranyñ ýadro maksatnamasyndan howatyrlanma hukugy ýaly, geljekde Eýrandaky maýa goýumlary üçin höweslenme hukugyna-da eýedir. Emma molllar režiminiñ ýönekeý raýaty, ekstremizmiñ tarapdary, ylymlysy-bilimlisi, elbetde, eger bar bolsa, liderlerini begendirmäge gyssanýanlaryñ wyždanlary ABŞ-daky "garaýagyzlaryñ ömri möhümdir" şygary ýaly öz-özüñe kast etmegiñ özleri üçin iñ soñky çykalga öwrülendigi eýranly aýal-gyzlaryñ ýagdaýynyñam derwaýysdygyny ýatdan çykarmaly däl. Eýranly aýallaryñ, ýaş gelin-gyzlaryñ arasynda öz janyna kast etme hadysalary barha artýar. Munuñ gönüden-göni sebäbi-de, hut hökümet ygtyýarlylarynyñ we hünärmenleeiñ boýun alşy ýaly garyplyk we eden-etdilik. Muña garamazdan Eýranda prezidentler çalyşsa-da, çalşyrylman oturan Prezidentiñ Zenan we maşgala işleri boýunça orunbasary Masumeh Ebtekari Eýranda maşgala arasynda urlup-sögülmeleriñ, aýal-gyza we maşgala gönügen beýleki eden-etdilik görnüşleriniñ derejesiniñ "o diýen ýokarda däldigini" we ýurduñ başgalardan has gowy ýagdaýdadygyny aýdýar. Ebtekarä jogap Içeri işler ministriniñ orunbasaryndan, Sosial işler edarasynyñ başlygyndan geldi. Häzirki ýagdaýyñ añrybaş derejede gaýgylandyryjydygyny ýatladan Içeri işler ministriniñ orunbasary şeýle diýdi: "Geçen ýyllarda öz janyna kast etmeleriñ artýanyna şaýat bolduk, öz janyna kast etme derejesi ýylda 4-5% artyp barýar. Ýöne bärde ünsüñi çekýän zat öz janyna kast edýänleriñ ýaş tapawudynda üýtgeşmeleriñ bolup geçenligi". Eýranda 18 ýaşa ýetmedik we 60 ýaşdan geçen kişilerde soñky bir ýylda öz janyna kast edýänler köpeldi. Döwlet Sud-medisina edarasyndaky bir çeşme hem munuñ şeýledigini tassyklady. Çeşme her gün 15 töweregi zenanyñ öz janyna kast edip ölýändigini, munda aýratynam iñ çalt we anyk netijeler bilen soñlanýan görnüşleriñ saýlanyp alynýandygyny aýtdy. Jemgyýetçilik zyýany babatda sosiolog Halid Tewekkuli hem soñky wagtlarda bu görkezijilere maşgalaly we orta ýaşly är-aýallaryñ arasyndaky öz janyna kast etme wakalarynyñ goşulandygyny nygtaýar. Tewekkuli munuñ howply ýagdaýdygyny aýdyp, Kürdüstandaky bir gelin bilen 14 ýaşly gyzyñ öz janyna kast etmelerine ünsi çekdi. Resmi statistika şowsuz tamamlanan öz janyna kast etme synanşyklaryny hasaba alanok, eger hasaba alsa, onda gürrüñsiz, resmi taýdan mälim edilýän hasapdan has köp bolardy. Masumeh Ebtekari Çakdanaşa garyplyk Eýran üçin uly howp. Bizem şeýle pikir edýärdik. Eýranda işsizlerij sany 30 milliona ýetýär we şunuñ iki essesindenem köpi garyplykda ýaşaýan bolsa, "Baýam baýa berer, Hudaýam baýa..." diýlişi ýaly baýlar öñküsindenem beter baýaýar. 38 milliondan gowrak eýranly-da garyp raýonlarda ýaşaýar. Eýranda soñky ýyllarda aýallaryñ we gyz çagalaryñ öz janyna kast etme wakalary boýunça taýýarlanan statistiki görkezijiler agzyñy uçukladýar we aýratynam 11 ýaşly çagalaryñ saýlap alýan birnäçe gorkunç görnüşleri bar. Synçylar mollalar režiminiñ içindäki ogurlykdyr talañçylyklaryñ, döwletiñ gaznasyndan şahsy hasabyña pul geçirmegiñ, korrupsiýanyñ Eýranda garyplygyñ çuñlaşmagynyñ we öz janyna kast etmeleriñ artmagynyñ sebäp bolýandygyny aýdýarlar. 60 million eýranly ykdyssdyýetde sistematiki gözegçilik ulgamy bolmandygy sebäpli garyplyk derejesindenem pesde ýaşaýar. Eýranly aýal-gyzlaryñ başdan geçirýän ýeke-täk tragediýasy öz janyna kast etmeler däl, režim tarapyndan ölüm jezasyna höküm edilen aýallaryñ sany-da 113-e ýetdi. Erdebil türmesinde 8-nji fewralda ölüm jezasy berilen şahsyýeti mälim edilmedik aýal bilen birlikde sowatly gatlakdan saýylýan Hasam Ruhani döwründe eýran režimi azyndan 113 aýal-gyzy ölüm jezasyna höküm etdi. 8-nji fewralda berilen ölüm jezasy Senendejiñ merkezi türmesinde 27-nji dekabrda Zeýneo Hodamoradiniñ ölüm jezasyna höküm edilmeginden bir aý gowrak çemesi wagt geçensoñ ýerine ýetirildi. Diñe şu ýylyñ ýanwar aýynda režim azyndan 27 aýaly ölüm jezasyna höküm etdi. Eýrandaky aýal-gyzlaryñ aglabasy jenaýat jogapkärçiliginden ölüm jezasyny alýar. Ýöne diñe şunuñ özi-de, režimiñ aýal-gyzlar boýunça ähli ugurlarda nähili emelsizdigini görkezýän başga bir subutnama. Sebäp şeýle aýallar umuman alanda maşgalada urup-ýenjilmeleriñ gurbany bolan aýallardyr. Olar çekip-çydardan agyr we adalatsyz durmuşyny soñlandyrmagyñ kanuny ýoly bolmandygy üçin özlerini ýa-da çagalaryny gorajak bolanda jenaýat edip bilýärler. Adam hukuklary bilen baglanyşykly türmede oturyp-çykan bir syýasy tussagyñ aýtmagyna görä, şeýle aýallar birden dörän gahar-gazap netijesinde ýa-da ençeme ýyllap dowam eden kemsidilmä, zorluga, taýaga çydaman öñden meýilleşdirip goýan niýet bilen ärlerini öldürýärler. Syýasy tussag muña sebäp hökmünde-de aýallaryñ aýrylyşmaga arza bermäge hukugynyñ bolmandygyny görkezýär we olara aýrylyşmak üçin arza bermäge hukuk berilse hiç bir ýagdaýda ganhor bolmazdylar diýýär. Beýleki ýurtlarda ýaşaýan ýeriniñ şertlerine görä ärlerini öldüren aýallara belli bir derejede eglişik edip bilinýär, ýöne Eýranda beýle zat ýok. Çünki bärde jenaýata getiren sebäpler we şertleriñ arasynda hiç hili aýyl-saýyl etme ýok, näme bolanda-da, nähili ýagdaýda bolanam bolsa, jenaýatyñ jezasy ölüm! Elbetde, gürrüñini edýän görkezijilerimiz narkotoki serişdeler bilen baglanyşykly we beýleki etmişler ýa-da syýasy hereketler ýaly halkara hukuga laýyklykda ölüm jezasy berilmeýän jenaýatlar sebäpli ölüm jezasyna höküm edilenleri öz içine almaýar. Eýran režimi ölüm jezasyny gönüden-göni adamlaryñ gözüniñ oduny almak üçin jeza formasy hökmünde ulanýar. Köplenç ýagdaýda dini we etniki azlyklaryñ agzalaryny, syýasy oppozisiionerleri, aýal-gyzlary diskriminasion görnüşde ölüm jezasyna höküm edýär. Geçen şişenbe güni režim düşünjesiniñ aýrydygy üçin tussag eden dört raýatyna sud etmezden we olary gynandan soñ ölüm jezasyny berdi, höküm ýerine ýetirilenden soñ şum habary hossarlaryna ýetirdi. Ölüm jezasy berilenleriñ arasynda Ahwaz oblastyndanam iki ýaş juwan bardy. Eýran ilaty boýunça alanda ölüm jezasyny bermekde dünýä boýunça birinji ýerde durýar. 2013-nji ýylda "sowatly" Ruhani häkimiýet başyna gelenden bäri aýal-gyzlaryñ we kämillik ýaşyna ýetmedik aýyplanýanlaryñ 4.300-den gowragy ölüm jezasyna höküm edildi. Emma aýal-gyzlar bilen bir hatarda ölüm jezasy berilenleruñ mundan has köpdügini aýdýarlar, çünki ölüm jezalarynyñ köpüsi şaýat gatnaşdyrylmazdan, gizlinlik bilen ýerine ýetirilýär. Şonuñ üçinem Eýranda köp adam ölüm jezasynyñ ýatyrylmagy we gelin-gyzlara aýrylyşma ýaly birnäçe ugurra deñ hukuklary bermäge çagyrýar. Eýranly aýal-gyzlaryñ meselesi şunuñ bilenem gutaranok, maşgala arasyndaky urup-ýençmelere üns bermeýändigi sebäpli režime garşy gahar-gazabyñ çägi ýok. Ýanwar aýynda polisiýa we sud Eşref Sedat Hüseýniniñ 27 ýyllap dowam edip gelen maşgala oñşuksyzlygyny çözüp bilmändigi üçin eýran halkynyñ gazaply nägileligine uçrady. Tähranda ýaşaýan şol aýal birküç hepde öñ äri tarapyndan ýenjilip, soñundanam pyçaklandy. Öldürdim edip taşlanan aýalyñ üstüne ogly Ali Ryza gelip, çykdajy çykarmaga kör-köpükleriniñ ýokdugyna garamazdan, ejesini hassahana ýerleşdirmedik bolsa, ol şol ýatan ýerinde ölüp galaýmalydy. Hassahana baryp, onuñ hal-ahwalyny soran žurnalistleriñ biri aýalyñ alan ten şikeslerini şeýle beýan etdi: - Gözi görenok, ýüzünde tikmeli köp sanly ýara bar, bir eliniñ birküç barmagy we aýasynyñ içi kesim-kesim, beýleki eli-de ysanok. Eşref Sedat Hüseýni Eýrandaky köp sanly maşgala arasyndaky urup-ýençme wakalarynda bolşy ýaly, Hüseýni-de muña birinji gezek uçranoldy. Aslyýetinde ol dürli-dürli wagtlarda degişli polisiýa bölümine gidip, bu boýunça ýüz tutupdy. Soñky gezek äri uly waza bilen ony urup, gapyrgalaryny döwende polisiýa arz edipdi, emma her gezeginde polisiýa çäre görüp bilmejekdigini aýdyp, onuñ ärini jogapkärçilikden boşadýardy. Ine, şu soñky gezek hem üstünden polisiýa arz edendigi üçin äri ondan ar aljak we öldürjek bolýardy. Wakanyñ bolan ýerine goñşy-golamlar ylgap gelýärem welin, ol gaçýar. Ýöne gaçmanka kesip alan barmaklarynyñ birini ýanyna alýar. Hüseýni soñ prezident bolan Suduñ şol wagtky başlygy Ibrahim Reisä ýazan hatynda: "Sud, hökümet we sistema nämüçkn azarsyz-bizarsyz ýaşasy gelýän aýalyñ arkasynda duranok? Nämüçin şeýle ýaramaz adamlary saklap bileñzok? Kanunlar nämüçin olara çäklendirmeleri girizenok?" diýip ýazdy. Oppozisioner gazetler Hüseýniniñ hassahanada ýatan fotosuratlaryny çap etdi, bu barada giñişleýin ýazdy. Emma Masumeh Ebtekari Eýranda barha ulalýan problema boýunça doly dymdy. Ebtekari üçin rewolýusiýanyñ başky ýyllarynda Tährandaky ABŞ-nyñ ilçihanasyna garşy gurnalan hüjümden bäri režimiñ läliksireden zenany bolmak ýeterlik. Eýranly gelin-gyzlara garşy eden-etdilik korona ýokanjyndan bäri 15 esse artdy. Munuñ özi maşgala arasyndaky eden-etdilikler boýunça-da dünýäde birinji birinji orny eýeleýän eýran hökümetiniñ halkyna deñ göz bilen garamaýandygy bilen bir hatarda birnäçe aýal-gyzyñ duçar bolýan düzgün bozulmalary polisiýa bölümlerine habar bermeklerine böwet bolýan sosial basyş sebäpli-de aýratyn howatyrlandyrýar. Aýal-gyzlar polisiýanyñ özleri üçin hiç zat etmeýänliginiñ bildirýän arz-şikaýatlary üçin hakyky howpa we has beter wagşyýanalyga sezewar edip biljekdigini gowy bilýärler. Hasam ýamany, pandemiýa döwründe işsiz galanlaryñ 70%-i aýal-gyzlar. Režim eýranly aýal-gyzlary däl-de, daşary ýurtlardaky jansyzlaryny pul bilen üpjün etmek bilen başagaý bolansoñ, dini ýolbaşçy Ali Hamaneý-de elindäki ýüz millionlarça dollaryñ belli bir bölegini garyp-gasarlara paýlap bilýärkä, muny etmänliginden bir ýylyñ dowamynda işinden jyda düşen bir million çemesi aýal-gyz häzirki wagtda güzerenyny dolamak üçin "it gyrkýar". Iñ ironiki ýeri bolsa, şol puluñ köp böleginiñ garyplary goldamaga borçly edaradyr guramalaryñ gaznasynda saklanýandygy. Häzir hemmeler ABŞ bilen Ýewropanyñ Eýran bilen gepleşikler geçirmäge taýýarlanýandygyny aýdýar. Amerikan we ýewropa delegasiýalary ýadro ylalaşygyny täzeden dikeltmäge höwesli aýal-gyzlary-da öz içine aljakdygyna şübhe bolup bilmez. Olardan ýeke-täk islenýän zat - gepleşiklerde üstünde ylalaşyga gelinjek täze kararlaryñ ýa-da maddalaryñ eýranly aýal-gyzlaryñ hak-hukuklaryna, ölüm jezasyndan, maşgala arasyndaky urlup-sögülmelerden we garyplykdan goranmalaryna degişli maddany-da öz içine almagydyr. Günbatarly ýurtlar munuñ deregne gelin-gyzlary görmezlige salmagy makul bilseler, onda Eýranyñ täsiriniñ ýöreýän ýurtlaryndaky gelin-gyzlaram şeýle eden-etdiçilikli hakykata taýýarlykly bolsunlar. Ähli gelin-gyzlaryñ Halkara Zenanlar güni gutly bolsun. Hüda HÜSEÝNI, Liwanly žurnalist, syýasy analitik. Sişenbe, 09.03.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |