09:02 Owganystan bilen Eýran suwuñ üstünde urşaýarmyka? | |
OWGANYSTAN BILEN EÝRAN SUWUÑ ÜSTÜNDE URŞAÝARMYKA?
Publisistika
Eýran we Owganystanyñ sebitleýin güýçleriñ we halkara guramalaryñ gözegçiliginde bu oñşuksuzlyk bilen dil tapyşmagyñ ýollary başga ýerlerde ýakyn wagtlarda çykmagyna garaşylýan suw üstündäki dawa-jenjellere mysal bolsa gerek "Eýran-Owganystan serhedinde Taliban bilen Eýran güýçleriniñ arasynda şenbe güni gyzgyn çaknyşyk bolup geçdi. Iki ýurduñ arasyndaky suwdan peýdalanmak hukuklarynyñ üstünde konkret ýagdaýda turan dawa bilen birlikde ýüze çykan çaknyşyk iki tarapda-da adam pidalaryna we ýaralanmalara getirdi". Bu sözler "Associated Press" (AP) habarlar gullugynyñ geçen aýyñ 27-sinde beren habarynda bar. Soñky birnäçe aýda Owganystan bilen Eýranyñ arasyndaky dartgynlylyk güýjedi we her iki ýurdy-da aýaga galdyran serhetýaka çaknyşyklary bolup geçdi. Çaknyşyklaryñ añyrsynda Gilmend derýasynyñ suwunyñ üstünde turýan düşünişmezlikler bar. Bu gurak sebit üçin esasy zat bolan derýa geosyýasy boşlukda uzaboýuna akyp, iki ýurduñam gündelik durmuşyna we strategiki bähbitlerine gönüden-göni täsirini ýetirýär. Iki ýurduñ arasyndaky oñşuksyzlygyñ jümmüşinde Owganystanda başlap Eýranyñ guraklykdan ýaramaz paýyny alýan gündogar etraplaryna tarap akýan müñ kilometrden gowrak uzynlykdaky Gilmend derýasy bar. Taryhy taýdan bu derýanyñ gurak sebitlerde ekerançylyga, elektrik energiýasynyñ öndürilişine, halkyñ gündelik eklenjine uly peýdasyny ýetirdi we iki ýurduñam esasy suw damary bolup geldi. Мunuñ bilеn birlikdе klimаt üýtgеşmeleri wе gаýtalanyp durаn gurаkçylyklar bilеn utgаşan suw ýеtmezçiligi dеrýanyñ suwundаn реýdalanmak hukuklаrdaky hаkdaky düşünişmеzligi güýçlеndirdi. Eýranyñ meteorologiýa gullugy soñky otuz ýyldan wagtyñ dowamynda gurakçylykdan ejir çekýän Eýranda ýurduñ takmynan 97%-niñ suwsuzlykdan kösenýändigini habar berýär. Beýleki bir ýandan Owganystan öñdenem ýetmeýän suw gorlarynyñ üstündäki basyşy artdyran aldym-berdimli gurakçylygyñ üçünji ýylyna gadam basdy. 1973-nji ýylda baglaşylan we her iki ýurduñam Gilmend derýasynyñ üstündäki hak-hukuklaryny kesgitleýän ikitaraplaýyn şertnama meseläni hasam bulaşdyrýar. Gilmend derýasy Owgan daglaryndan gözbaş alyp gaýdýar we Owganystanyñ serhedindäki birnäçe welaýatyñ içinden geçip, Eýrana girýär Munuñ bilen birlikde Kabulyñ elektrik energiýasyny öndürmek we ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak üçin bent gurma pikiri Eýranyñ gaharyny getirdi. Şertnamanyñ talaplarynyñ düşündirilmegi we ýerine ýetirilmegi boýunça täze birgiden jedeliñ üstüne benzin sepeledi. Bu gyzgyn jedel soñky ýyllarda agressiw hereketlere öwrüldi. Eýranyñ "Iran" döwlet habarlar gullygy Talibany çaknyşyga ilkinji bolup başlamakda aýyplady, owgan ygtyýarlylary bolsa, günäni kes-kelläm boýun almady. Bolup geçenler barada gürrüñ berilenleriñ esasy ünsi jedelli wakanyñ gürrüñ berliş formasydy. Eýran metbugatyndaky habarlar Owganystanyñ çaknyşygyñ gyzgynlygy boýunça heniz sessiz we sowukganly diliniñ tersine agyr ýitgileriñ bolandygyna yşarat edýärdi. Iki ýurduñ arasyndaky möhüm söwda ýoly bolan "Melak" gümrük postunyñ wagtlaýyn ýapylmagy-da dartgynlylygyñ ýagdaýyny hasam beterleşdirdi. Şeýle-de, bu çaknyşyklaryñ Eýrandaky owgan migrantlarynyñ ýagdaýyny hasam ýaramazlaşdyrma howpy bar. Häzir Eýranda 3,5 milliona golaý owganystanly migrant bar we güýçlenýän dartgynlyklar olaryñ öñdenem telli-pelli ýagdaýlaryny howpa atmagy ahmal. Klimat üýtgeşmeleri, geosyýasy bähbitler we üýşüp giden taryhy haksyzlyklar Kabuk bilen Tähranyñ arasyndaky gatnaşyklara ýaramaz täsirini ýetirip biljek çylşyrymly kartina döredýär. Serhetýaka çaknyşygynyñ netijeleriniñ Gilmend derýasyndan geçirýän täsirleri bar. Iki ýurdam çaknyşyga ýüz urmakdan çekinmändigine görä, regional güýçleriñ munuñ öñüni almak üçin ara girmekleri mümkin. Sebitde öñe çykýan aktýor Hytaý Taliban hökümeti bilen gatnaşyklaryny dowam etdirdi we şonuñ üçinem ol ýurduñ syýasy ugrunda we ykdysady ösüşinde agramly paýa eýe. Pekin ýurduñ basyrnyp ýatan magdan baýlyklaryna ýetmek üçin asuda Owganystanyñ bolmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Muña goşmaça hökmünde, Hytaý üç ýurdy birikdirjek Hytaý-Eýran-Owganystan gara ýoluny gurmaga gyssanýar. Şonuñ üçinem, Owganystan bilen Eýranyñ arasyndaky haýsydyr bir ýaragly çaknyşyk Pekinjñ iñ täsirli araçy hökmünde meýilnamalaryny we pozisiýasyny sarsdyryp biler. Eýran we Owganystan üçin amatly daşary ýurt maýa goýum alternatiwalarynyñ ýokdugyny göz öñüne tutanyñda, aýratynam energetika we infrastruktura pudaklarynda has köp hytaý goýumy ähtimallygy çözgüt üçin itergi beriji güýç bolup biler. Beýleki bir ýandan çaknyşygyñ düýp sebäbi we migrantlaryñ barlygy göz öñüne tutulanda, BMG araçylygynyñ syýasy hereket üçin basyş etmekde aýgytlaýjy rol oýnamagyna garaşylýar. Habarnamalara görä gysga wagtlaýyn öñüni alyş çäreleriniñ arasynda atyşygyñ bes edilmegi we dartgynlylygyñ gowşadylmagy üçin bar bolan diplomatiki kanallaryñ güýçlendirilmegine serediler. Uzak wagtlaýyn işlerde bolsa, klimat üýtgeşmelerini we Tähran bilen Kabulyñ arasynda 1973-nni ýylda baglaşylan ylalaşykda üns berilmedik suw kemterliginiñ üstündäki beýleki bar bolan basyşlary ünsli dowam etdirip biljek suw paýlaşyp mehanizmlerini kämilleşdirmek üçin işler geçiriler. Klimat üýtgeşmesiniñ, gor ýetmezçiliginiñ, geosyýasy bähbitleriñ täsiri göz öñüne tutulanda, Gilmend derýasy düşünişmezliginiñ 1973-nji ýyldaky ikitaraplaýyn ylalaşygyñ daşynda bir çykalgasy tapylýança garşylyklaýyn kabul edilip bilner we iki tarap oñlaýança dowam etmegi mümkin. Habarlarda güýçlenen diplomatiki täsiri we sebitde bu boýunça iñ soñky şowly iş bukjasy bilen Hytaýyñ araçy roluny oýnamagynyñ mümkindigi, ikitaraplaýyn gepleşiklere araçy bolmak we çözgüt üçin basyş etmek maksady nilen bar bolan we geljekdäki maksatnamalardan peýdalanyljakdygy nygtalýar. Munuñ bilen birlikde Owganystan bilen Eýranyñ arasynda suwdan peýdalanmagyñ hukuklarynyñ üstünde dowam edýän çaknyşyk suw gorlary boýunça klimat üýtgeşmesi we ilatyñ artmagy bilen gyzyşan global göreşleriñ anyk mysalyny görkezýär. Eýran we Owganystanyñ sebitleýin güýçleriñ we halkara guramalaryñ gözegçiliginde bu oñşuksuzlyk bilen dil tapyşmagyñ ýollary başga ýerlerde ýakyn wagtlarda çykmagyna garaşylýan suw üstündäki dawa-jenjellere iñ gowy mysal bolsa gerek. Hüda HÜSEÝNI, Liwanly žurnalist, syýasy analitik. Anna, 16.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |