13:28 Eýranda oruntutarlyk saýlawlaryñ öñüne geçýär! | |
EÝRANDA ORUNTUTARLYK SAÝLAWLARYÑ ÖÑÜNE GEÇÝÄR!
Publisistika
Tähranda Içeri işler Ministrliginde prezident saýlawlary üçin kandidatlar hasaba alynýan wagty Ibrahim Reisiniñ suraty görünýär / Fotosurat: Reuters Eýranyñ prezidenti Ibrahim Reisi we onuñ egindeşleriniñ wertolýot heläkçiliginde aradan çykmaklarynyñ yzyndan Dini lider Ali Hamaneý eýranlylara seslenip, prezidentiñ ölendigini, onuñ we ýoldaşlarynyñ şehit bolandygyny, emma döwletiñ sagdyn we güýçli durmagyny, edara-guramalary we berkligi bilen ýoluny dowam etdirýändigini mälim edipdi. Hamana bir sahypanyñ ýapylyp, ýene biriniñ açylandygyny we özüniñ respublikanyñ dini lideri bolmagyny dowam etdirýändigini aýdýan ýalydy. Kimiñ Ibrahim Reisiniñ oruntutary we prezident bolmalydygy hakdaky meselä eýran köçeleriniñ hiç hili üns bermändigi äşgär. Şonsuzam prezident wezipesiniñ ygtyýarlygynyñ ýurduñ gündelik işlerini dolandyrmakdan añry geçip bilmeýändigini, prezidentiñ birinji günden başlap kandidatlary kesgitleme karary bilen döwlet agalygynyñ elinde bolan režime we beýleki häkimiýet edaralarynyñ jogapkärlerine borçludygyny hemmeler bilýär. Şonuñ üçinem arzuw-islegleriniñ, etsem-petsemleriniñ saýlawlar arkaly amala aşmajagyny bilýändiklerinden 2021-nji ýyldaky prezident saýlawlaryna eýranlylaryñ bary-ýogy 23%-i gatnaşypdy. Bu gezek saýlawlara gatnaşygyñ 20%-denem aşak düşmegine garaşylýar. Bu ýagdaý prezidentiñ saýlanma müddetini diñe munuñ Hamaneýiñ oruntutaryna nähili täsir etjegini çaklamak üçin yzarlaýan eýran meseleleri boýunça synçylaryñ arasynda-da şeýleligine galýar. Çeşmeleriñ biri diñe oruntutarlyk prosesine halkara arenasynda gyzyklanma bildirilýändigini, başga üýtgeşmeleriñ wakalara täsirini ýetirip bilmeýändigini we mediýada uly ýer tutmajagyny aýdýar. Eýranyñ dualizmi ýaş nesillere wekilçilik etmeýän, ýaşlaryñ isleg-talaplaryna gulak asmaýan režim bolmagynda galýar. Ýaşlar onlarça ýyllap ilatyñ 47%-den geçen garyplyk derejesiniñ astynda kösenýärler. Ýaşlarda işsizlik 22,8%-e, inflýasiýanyñ derejesi bolsa 45,2%-e ýetdi. Reisiniñ Dini lideriñ oruntutary bolmagyna garaşylýardy. Hamaneý Reisini ünsli taýýarlamak üçin ýyllaryny bagş etdi we onuñ ölümi Eýranyñ geljegi boýunça käbir nämälimlikleri döretdi. Emma Reisiniñ wertolýoty düşüp, ol we ýoldaşlary ölmezden öñ Hamaneýiñ Reisini goldama babatda pikirini üýtgedendigi barada gep-gürrüñlerem bar. Hamaneý ogly Müjtebany potensial oruntutar hökmünde öñe çykaryp biler. Emma oruntutaryñ öz maşgalasyndan saýlanmagyny gadagan edýän ýörite kanunyñ ýoklugy bilen birlikde Eýranyñ syýasy, ideologiki, taryhy baglanyşygy bu hemläni diýseñ jedelli ýagdaýa öwürýär. Düýpli çekişme bolmazdan beýle başlangyjyñ kabul ediljegi o diýen mümkin däl. Eýranyñ kanunlaryna laýyklykda, prezidentiñ birinji orunbasary wagtlaýyn prezidentiñ wezipesini ýerine ýetirip bilýär we täze prezidentiñ saýlawlarynyñ elli günüñ dowamynda geçirilmegi gerek. Şuña esaslanyp, prezidentiñ birinji orinbasaty Muhammet Muhbir Dini lider Hamaneýiñ tassyklamagy bilen prezidentiñ wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijilige bellendi. Muhbir radikal topara degişliligi bilen tanalýar. Ol Ysraýyl bilen çaknyşygynda "Hamasa" berýän goldawynyñ ýany bilen ABŞ-dyr Ýewropa garşy-da dostlukly garaýyşda däl. Muhbiriñ Russiýa bilen gatnaşyklary dolandyrmak bilen birlikde Eýranyñ daşarky gatnaşyklarynda hem möhüm jogapkärçilikleri bar. Ol täze ýaraglaryñ getirilişi boýunça ylalaşyklary baglaşmak üçin ýokary düzümli eýranly howpsuzlyk işgärleri bilen Moskwa gidipdi. Muhbiriñ özüni milliardlarça dollarlyk maliýe imperiýasy bolan "Setadyñ" başyna hut özi saýlan Dini lider bilenem ýakyndan gatnaşyklary bar. Eýranyñ geljekki prezidenti birnäçe kynçylyklaryñ hötdesinden gelmeli bolar. Inflýasiýanyñ çaltlyk bilen ýokary döwri ykdysadyýetiñem ýagdaýy agyr. Halkara arenada Eýran ABŞ-da, Ýewropada we birnäçe Ýakyn Gündogar ýurdunda sebitdäki durnuklylygy bozýan milisiýa otrýadlaryna we wekillerine yzygiderli goldaw berip gelýändigi üçin halanmaýar. Munuñ özi haýsydyr bir täze syýasatçynyñ döwlet dolandyryşyny ýa-da hökümeti ele salmagy üçin kyn döwür. Emma Eýranda saýlawlar indiki prezidentiñ ýa-da daşary işler ministriniñ kim boljagyny kesgitlemeýär, ahyrky kararlary režimi dolandyrýanlar we beýleki güýç toparlary kabul edýär. Eýranda prezidentlige kandidaturasyny goýanlaryñ ilki bilen Konstitusiýasyny Goraýjylar Geñeşi tarapyndan tassyklanmagy gerek. Bu meşhur kandidatlaryñ ýygy-ýygydan ret edilýändigini añladýar we bulam eýran halkynyñ eradasyny püçege çykarýar. Prezidentiñ potensial alternatiwalarynyñ üstünde pikir alşylanda, Daşary işer ministri Hüseýin Emir Abdullahiýanyñ öldürilendigini we ýerine birini bellemegiñ gerekdigini-de aýtmak gerek. Emir Abdullahiýanyñ general Kasym Süleýmany bilen ýakyn gatnaşygyndan oña miras galan Rewolýusion gwardiýa bilen ýakyn gatnaşyklary bardy we ýadro ylalaşygyny soñlandyrmakda aýyplanýardy. Eýranyñ "hamasçy" lider Ysmaýyl Heniýýe bilen gepleşikleri geçirmek üçin bellän adamy-da şoldy. Emir Abdullahiýanyñ syýasy işler boýunça orunbasary Bakiri Kani häzir ministriñ wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup otyr. Olam Günbatara garşy radikal garaýyşly adamlaryñ biri. Emma Eýranyñ Ýakyn Gündogarda oýnaýan merkezi roly, Russiýa we Hytaý bilen ösýän gatnaşyklary göz öñüne tutulanda, täze lideriñ global meseleleriñ üstünde agramly täsiri bolar. Emma prezident we daşary işler ministriniñ wezipelerine geçip biläýjek kandidatlaryñ we hatda Dini lideriñ oruntutarynyñ Eýranyñ häzirki syýasy ugurlaryny dowam etdirmegine garaşylýar. Bulardan eýran jemgyýetini azatlyga çykarmak ýa-da dünýä bilen, ABŞ-dyr Günbatar bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak garaşylmaýar. Munuñ wagty heniz gelmedi, siriýa režiminiñ başdan geçirenini we häzirem başdan geçirýänini eýran režimi-de başyndan geçirmese, entek-entekler gelmezem. Hüda HÜSEÝNI, Liwanly žurnalist, syýasy analitik. Penşenbe 06.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |