00:07 Ermenistan-Häzirbegjan konfliktinde Eýranyň roly! | |
ERMENISTAN-HÄZIRBEGJAN KONFLIKTINDE EÝRANYŇ ROLY!
Publisistika
Eýran özi bilen dini, medeni we dogan-garyndaşlyk taýdanam ýakyn bolan häzirbegjanlylary goldamaga derek Ermenistany goldap, Daglyk Garabagyň üstünde turan Häzirbegjan-Ermenistan urşuna burnuny sokdy. Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan Eýranyň prezidenti Ibrahim Reisi bilen. / Fotosurat: AFP Zenanyň gahar-gazabynyň täsinligini diýsene! Oňa uçran özüň bolma. Eýran režimi soňky sekiz hepdäniň içinde 300-den gowrak demonstratyň ganyna galdy, 15 müňden gowrak adamy türmä atdy, ýüzlerçesine ölüm jezasyny bermek haýbatyny atdy. Muňa garamazdan eýranly aýal-gyzlary saklap bilen bolmady. Ýokary okuw jaýlarynyň talyp gyzlarynyň şygary şu: Men - azat zenan! Deň-duş oglanlary tarapyndan goldanan ýaş gyzlar eýranly konserwatiwleri ýurduň derňew edaralaryna demonstratlara “mylakatlyklylyk görkezmezlik” çagyryşyny etmäge iterdi. Ýurt derejesinde müňlerçe adam protest demonstrasiýalaryna dowam edýär we mertlerçe şuny gaýtalaýarlar: - Saçymyzam görkezeris, tansam ederis, aýdymam aýdarys. Eýranda bularyň barsy diňe zenan bolandygymyz üçin bize gadagan. Bize ala seredýän kanunlary her gün aýagymyzyň astyna alýarys. Durmuşymyzy howp astyna salýarys, çünki azatlygyň pidasyz bolmaýanyny bilýäris. Şunuň üçinem gaýra durman soňuna çenli göreşmelidiris. Sebitde ýaşaýan birgiden wakalaryň galapyn eýran režimi bilen baglanyşyklydygyny bilmeýän ýok. Munuň şeýledigine şübhelenmegiň ýa-da ynanmazlygyň özi režimiň çakdanaşa ýykgynçylykly we bilkastlaýyn bolan hakyky roly babatda hiç zat bilmeýändigiňi ýa-da ýalňyş pikirlenýändigiňi görkezmekden başga zat däl. Mollalaryň zäherli elleri bilen gözegçilik astyna alynan her ýurdunda emele gelen syýasy, ykdysady, sosial bulam-bujarlyklar we krizisiň näderejä çykandygy indi hiç bir obýektiw garaýan adama gizlin syr däl. Araplar bilen ýetmiş ýyldan gowrak dowam eden çaknyşyklarda Ysraýylyň başarmadygyny başardylar. Liwandyr Yrak munuň iň bärki mysaly. Käbirleri şu iki döwletiň çökmegini Eýran bilen baglanyşygy bolmadyk sebäpler bilen düşündirjek bolýarlar, ýöne bular doly ýalňyşýarlar. Sebäbimi? Beýleki ýerlerde Eýranyň nyşanasynda bolan we käbirleriniň bilmeýän wakalaryny gözden geçireliň. Mysal üçin, sişenbe gününiň agşamy ABŞ Siriýanyň Yrak serhedinde Liwana barýan Eýranyň ýangyç ýükli kerwenini urdy. Birnäçesi raýat sürüjisi bolan otuzdan gowrak adamyň wepat bolandygy aýdyldy. 14-nji awgustda Ysraýyl iki sagat dowam eden sekiz sorti geçirdi, munuň netijesinde Damaskyň Halkara howa menzili işlemän galdy. Damaskyň eteklerinde Eýranyň Rewolýusion gwardiýasyna degişli lager bombalandy. Tartus portunyň ýakynlaryndaky Abu Afsa obasyndaky raketa zawody bilen rus güýçleriniň ýerleşen “Humeýmim” harby bazasynyň golaýyndaky ýene bir Rewolýusion gwradiýasynyň lageri bombalandy. Şol wagt ysraýyl goşunynyň press-sekretary howa hüjümleriniň müňden gowrak raketasy bolan uly raketa zawodyny ýer bilen ýegsan edendigini habar berdi. Ol sözüni bombalama wagtynyň wideoýazgysy, raketa zawodynyň hüjümden öňki we soňky ýagdaýyny görkezýän emeli hemradan alynan fotosuratlary bilen delillendirildi. Ysraýylyň hüjümleri 26-njy sentýabrda ysraýyl goşunynyň press-sekretarynyň Eýranyň Siriýadaky harby üpjünçiliginiň 90%-den gowragynyň ýok edilendigini aýdýan wagtyna çenli dowam etdi. Ysraýylyň agressiwligi barada Eýran tarapdan hiç hili aýyplama ýa düşündiriş gelmedi. Bir mahallar baş sekretary Ysraýylyň Siriýa çozan ýagdaýynda sesini çykarman durmajakdyklaryny aýdyp, haýbat baryny atan “Hizbullah” hem doly sessizlige bürendi. Şeýlelikde, geçmişde käbir mollalaryň paň-paň edip öwünişleri ýaly harby güýje Eýranyň däl-de, Ysraýylyň eýedigi belli boldy. Russiýanyň Ukraina çozandygy sebäpli Siriýadan çykmagy-da muňa goşant goşdy. Beýleki bir ýandan Eýran özi bilen dini, medeni we dogan-garyndaşlyk taýdanam ýakyn bolan häzirbegjanlylary goldamaga derek Ermenistany goldap, Daglyk Garabagyň üstünde turan Häzirbegjan-Ermenistan urşuna burnuny sokdy. Syýasy analitikler Eýranyň bu pozisiýasyna, Eýranyň Azerbaýjan bilen 700 kilometr uzynlykdaky serhediniň we iki ýurduň arasynda çaknyşyk bolan ýagdaýynda gözegçiligi ele almak öte kyn bolandygy üçin mantykly düşündiriş tapanoklar. Eýranyň bu pozisiýasy Ysraýylyň Azerbaýjandaky güýçli pozisiýasyny pugtalandyrmagyna sebäp boldy. Azeri goşuny Ysraýyl tarapyndan ýaraglandyryldy we tälim berildi. Bulam Ermenistan we onuň ýaranlary üçin masgaralaýjy ýeňlişine ýol açdy. Häzirbegjan Daglyk Garabagyň ep-esli ýerini yzyna gaýdyp aldy. Eýran has soňra serhet ýakasynda giň gerimli harby manýowrlar geçirdi we “Kuddus güýjünden” 25 müň urşujyny (ýagny, Rewolýusion gwardiýanyň üçden birini) serhet ýakasyna ýerleşdirmek üçin çekdi. Bu ädim iki ýurduň arasynda dartgynlylygyň güýjemegine we şol bir wagtyň özünde Häzirbegjanyň Ysraýyl bilen has-da ýakynlaşmagyna getirdi. Häzirbegjanyň prezidenti Ilham Aliýew 3-nji oktýabrda Ysraýylyň Goranmak ministri Benni Gantzy kabul edende, Häzirbegjanyň Ysraýyl ýaly dost-doganlyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edip, Eýranyň agressiýasyny soňlandyrjakdygyny we güýjüni tary-mar edip bolýandygyny görkezjekdiklerini nygtady. Molla režimine garşy ýaş gyz Mahsa Amininiň polisiýa işgärleri tarapyndan öldürilmeginiň barha tutaşýan halk gozgalaňynyň bolýan döwründe özüniň içerki konfliktinden gaçýan ýaly görünýän ädim bilen Rewolýusion gwardiýanyň 28-nji oktýabrda uçarmansyz bombalaýjy istrebiteller bilen Yrak Kürdüstanyna duýdansyz howa hüjümlerini edip, garawsyz adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde weýrançylyga sebäp boldy. 1-nji noýbarda ýokary ederejeli kürt delegasiýasy bilen Ysraýylyň Goranmak ministrliginiň ygtyýarlylarynyň we “Mossadyň” arasynda Londonyň eteginde bir ýerde duşuşyk bolup geçendigi hakdaky maglumat habar beriş serişdeleriniň diline düşdi. Habarda aýdylýanlara ynansaň, ondäa Eýranyň uçarmansyz istrebitelleriniň (EUI) hüjümlerini serpikdirmek üçin Ysraýylyň Yrak Kürdüstanyny aňrybaş raketalar bilen doldurmagy müwessa bilindi. Raketa tory gysga wagtda gurulmaly we kürtleriň türgenleşigi tamamlanýança tory ysraýyllylar işletmeli. EUI-lerine garşy gurulmaly raketa-goranyş torunyň Kürdüstan bilen Ysraýylyň arasynda häzire çenli çäkli, çekinjeň ýagdaýdaky syýasy, söwda, industrial, medeni gatnaşyklar torlary bilen birikmegi mümkin. Eýran bilen 540 kilometrlik serhedi bolan Owganystanda-da Rewolýusion gwardiýanyň goşun bölümleri neşe serişdeleriniň bikanun söwdasynyň öňüni almak we owgan bosgunlaryny togtatmak bahanasy bilen Talibana boýun egen owgan goşunyna garşy birtopar operasiýalary amala aşyrdy. Owganlar Eýranyň bu urdumşalygyna gazaply garşylyk berdiler we munuň netijesinde Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary dartgynlylygy ýumşatmak üçin Kabulda resmi saparda boldy. Resmi sapara garamazdan, iki ýurduň arasynda dartgynlylyk dowam edýär we haçan partlasa partlabermeli sebäpler kän, bularyň başyny bolsa mezhep we tire-taýpa dawalary çekär. Bulam owganlaryň arasynda Eýranyň emellerine garşy şübhe we ynamsyzlyk tohumlaryny sepeleýär. Çeşmeler Taliban bilen Ysraýylyň arasynda ýakynlaşmalar üçin araçy synanşygynda boljagyny we Talibanyň halkara arenasynda ykrar edilmeginiň şol ýakynlaşmalaryň netijesi boljagyny aýdýarlar. Sişenbe agşamy "Sky News" tarapyndan köpçülige ýetirilen habarlar Eýranyň özüni dolulygyna rus tekerleriniň astyna özüni oklandygyny görkezdi. Habarda howpsuzlyk çeşmeleriniň birine salgylanyp, Russiýanyň soňky wagtlarda ukrain obýektlerine garşy ulanýan kamikadze uçarlarynyň ýerine 140 million ýewro nagt pul bilen Ukrainada ele salynan köp sanly iňlis we amerikan ýaraglaryny, ok-däri serişdelerini Eýrana berendigi aýdyldy. Çeşme rus uçarlarynyň biriniň nagt pul we üç sany harby enjamy gizlinlik bilen Eýrana aşyrandygyna ünsi çekdi. Şol çeşme Rewolýusion gwardiýanyň şolar esasynda indi Günbatar tehnologiýalaryny öwrenip we belki-de, göçürme nusgasyny alyp biljekdigini, Garşylyklaýyn inženerçilik işiniň we geljekdäki uruşlarda şeýle ýaraglary ulanmagynyň mükindigi nygtaldy. Russiýanyň Eýrandan gizlin ylalaşyk esasynda 160 sany uçarmansyz dolandyrylýan istrebitel alandygyna we bularyň 100-siniň nyşana alynan obýekte degip partlan “Şahid” kysymly kamikadze dronlarydygyna ünsi çekdi. Şol sanda 200 million ýewro barabar başga bir dron şertnamasynyň üstünüde eýran-rus ylalaşygyna gelinendigine-de yşarat etdi. Iňlis žurnalistleriniň biri şeýle diýýär: - Zaporožýe ýadro terminalynda ýakyn wagtda Russiýa berilen drin görendigimi we surata alandygymy aýdyp bilerin. Eýran bilen Russsiýanyň arasynda jenaýat şärikdeşliginiň bardygy mesaňa görnüp dur. Ony göresi gelmeýänler ýa jogäpkärçiligi duýanok, ýa-da bu gabahatlygyň jenaýat şärikdeşidir. Harby konrrazwedka boýunça ygtyýarlylar urlup düşürilen EUI-laryň käbir şaýlarynyň Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina çozmagyndan soň öndürilendigini, şeýle-de Eýranyň çozuşdan soň Russiýa uçarmansyz istrebitelleri ugradyp başlandygyny nygtaýar. Eýran oslugyny uludan goýberýär, ýöne eýran halky bütin dünýä, ýowuz talaply ýaşuly ruhanylara seslerini we gozgalaňlaryny eşitdirmek bilen başagaý. Eýranyň döwlet ýolbaşçylygy halkyny äsgerenok, onuň isleg-arzuwlaryna, duýgularyna gulak geresi gelenok. Oýnuň ähli açarlarynyň öz elindedigine mäkäm ýapan gapylarynyň ýesiri bolan halkyny assa-ýuwaşdan öldürip, eger öz erkine goýberse halkynyň başarmajak zadynyň ýokdugyny bilip, uzak wagtlap, isleg-arzuwlary, duýgulary, küýsegleri, tamalary depgiläp gezdi. Ýaşlaryň dyzmaçlygy, ganygyzgynlygy eýran ýolbaşçylygyna hoş ýakmaýardy, gysga wagtda ony ynjaldýanam şudy. Şindi ýolbaşçylygy ala-sarmyk ýagdaýa düşüren soragam şu: Bu ýaşlar nätüýsli? Ne gan olary gorkuzyp bilýär, ne-de alagaraňky çygly türmeler saklap bilýär. Olar protest çykyşlaryny hökman dowam etdirerler, dowam etmekleri ýoluň soňuna ýetmegi we öňlerinden çykan hemme zady sylyp-süpürip aýyrmagy aňladýar. Eýran ýolbaşçylygy-da şol hemme zadyň içinde. Gynansak-da, eýran mollalary zamanabap wagt maşynyny ýalşyş işletdiler, şol sebäpli olaryň eliniň degen zady wagty yza saradýar. Sişenbe agşamy eýranly ygtyýarlylar sport türgenleriniň hökümete garşy aýaga galan demonstratlara raýdaşlyk bildirip, saçlaryny kesmeginiň yzyndan ýurduň waterpolo (suw topy) ýygyndy toparyny netijeli oýun görkezmedik ýagdaýynda “degişli işleriň” geçiriljekdigi haýbatyny atdy. Geçen hepde Tähranyň Sadabat etrabynda “Besic” (paramilitar güýçler) bilen ýörite polisiýa birikleriniň özara çaknyşandyklaryny (!) görkezýän wideoýazgy ýaýrady. Çaknyşyk “Besic” güýçleriniň ýalňyşlyk bilen (!) polisiýa güýçlerine göz ýaşardyjy bomba atmagyndan soň başlaýar. Eý, mahsa Amini, mazarlaryň ümsümligini bozup ne beýik iş başardyň, ine, indem Eýranyň Kontrrazwedka we howpsuzlyk boýunça ministri demonstratlary “Edenleriňiz jogapsyz galdyrylmaz!” diýip haýbat atyşyny bir görsediň! Geljekdikleri üçin olaryň ýanynda durmaly we olar hakda ýazmaly. Geň galaýmaly! Yslam rewolýusiýasy sudy režimi protest edendikleri üçin demonstratlary “Hudaýa garşy uruş yglan etmekde” aýyplaýar! Eýranlylar Eýrandaky mollalar režimine garşy gönükdirilen protestlerinde sungatyň dürli ugurlaryndan peýdalanýarlar. Şu günlerde ýurduň şäherlerinde hemmeleriň gözi köprülere asylan protest ýazgylaryny görýär. Eýrany ýada salan badyňyza çar ýanda ölüleriň, ýaralylaryň we tussag edilenleriň kartinasy göz öňüňde janlanýar. Emma gandarlar mundan soň ýakalaryny açyp, agaýana gezip bilmezler, çünki parahatçylyga çagyrýan çagyryşlar parahatçylygyň kepderisi bolmaly sellelileriň sylag-sarpasyny gaçyrdy! Soňky bir hepdäniň içinde sebitde araplara garşy bähbitlere şübheli ýagdaýda hyzmat edýän we goşant goşýan Eýranyň roly görnetin ýüze çykdy. Bu rol oňa kontrrewolýusiýanyň nähili başlandygyny we ony nähili agdarandygyny görkezen Muhammet Ryza Pehlewi režiminiň rolundan üýtgeşik däl. Hüda HÜSEÝNI, Liwanly žurnalist, syýasy analitik. Anna, 11.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |