14:02 Büdreýän režim bilen köçe rewolýusiýasynyň arasyndaky Eýran! | |
BÜDREÝÄN REŽIM BILEN KÖÇE REWOLÝUSIÝASYNYŇ ARASYNDAKY EÝRAN!
Publisistika
Protest demonstrasiýalary togtamaz, sebäbi iň az aýlyk haklaryny bermeýän we halkyň iň ýönekeý talaplaryny kanagatlandyrmaýan doňýürek režimiň barlygynda adamlara umyt edip oturara zat galmady. Geçen aý Ali Larijaniniň we onuň doganynyň Eýran Yslam Respublikasynyň aýatollasy Ali Hamaneýe edenlerinden we ogly Mujtebanyňam gatnaşan duşuşygyndan söz açypdym. Baş aýatolla demonstratlara ölüm jezasyny-da öz içine alýan iň agyr jezalaryň berilmelidigi hakda fetwa çykarypdy. Eýranyň radikal gazetleri aýatollanyň fetwasyny oňlapdy, “Keýhan” gazeti “Ölüm jezalary ýaýdanmazdan ýerine ýetirilmeli!” rubrikasyny atypdy. Bu çemeleşme režimiň heniz ynsabyny ýitirmedik gatlaklarynyň umydyny üzdi we gaharyny getirdi. Olar prezident Ibrahim Reisiniň çagyran ýygnaklaryna gitmän, nägileliklerini bildirdiler we sütemkär häkimiýetiň edýän zorluk-zulumyny, öldürmelerini protest bildirmek üçin öýlerinden çykmadylar. Eýranyň prezidenti Pour Muhammadiniň ýolbaşçylygyndaky häkimiýet güýçlerine demonstratlary rehim-şepagatsyzlyk we eglişik etmezden basyp ýatyrmagy buýrupdy. Adam hukuklaryny öwreniş guramasy demonstratlaryň we olaryň maşgalalarynyň turzan halk gozgalaňyna ýakynlyk duýýandygy üçin sekiz müňden gowrak adamyň tussag edilendigini mälim etdi. Gurama dekabr aýynyň başyna çenli “Besic” güýçleriniň güllesinden wepat bolanlaryň sanynyň aýal-gyzlar we çagalar bilen birlikde 237-ä ýetendigini aýtdy. Majit Ryza Rahnawand Maşat türmesinde, Muhsin Şakari bolsa Tähranda ölüm jezasyna höküm edildi. Demonstrasiýalarda ýaralananlara medisina kömegini beren Zenan hak-hukuklary guramasyndan Aýda Rostami atly aktiwistkanyň-da wepat bolandygy habar berildi, neressäniň ölüm sebäbi jaýyň ýokarsyndan ýere düşdi diýip görkezildi. Molla režiminiň kada-kanunlaryna uýmaýan aýal modelýeralaryň demonstrasiýalaryny gurnan Reýhan Malaýrä-de ölüm jezasy berildi. Malaýriniň garşysyna toslama jenaýat aýyplamasy bildirilip, sud edilmezden jezalandyryldy. Huzystandaky öýi duýdansyz basylan boks çempiony Ali Mutairi hem “Besic” güýçleriniň elinden wepat boldy. Mutairiniň Günorta Koreýada geçirilen Olimpiada oýunlaryna gatnaşandygy köpleriň ýadyna düşýän bolsa gerek. Ali Mutairi Režim Eýranyň hemme ýerinde internet aragatnaşygyny kesmegini dowam etdirýär we geçen asyryň segseninji ýyllarynda bolşy ýaly daşarky dünýä bilen ýurduň içiniň gatnaşygy bolup geçýän zatlaryň belli bir bölegini habar berýän ses ýazgylary bilen çäklenýär. Fransiýada, Awstraliýada, Daniýada bolup geçýän wakalary ýazgarmak, režimden basyş etmegi, adam öldürmegi we adam hukuklaryny basgylamagy bes etmegi talap etmek üçin Eýrandaky ilçiler yzyna çagyryldy. Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň press-sekretary-da Eýranda ýagdaýlaryň çylşyrymlaşýandygyny we munuň özlerini gaýga goýýandygyny mälim etdi. Hytaýyň bu beýanaty Hytaý bilen Saud Arabystanynyň arasynda baglaşylan şertnamalary öňdenem gaş çytyp synlap duran eýran režiminiň çetini gyzdyrdy. Angliýanyň beýanaty-da režimiň degnasyna degdi we şonuň üçin Tährandaky iňlis ilçihanasynyň diwarlaryna “içaly hini” diýen ýaly ýazgylary ýazmaklary üçin jansyzlaryny ýollady. Eýranly ýaş oglan-gyzlar Angliýanyň Eýrandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Simon Şerkliffe şeýle ýazgylary öçürmäge kömek etdiler. Günbataryň diplomatik çeşmeleriň habar bermegine görä, Ibrahim Reisiniň peýdalanmagyna päsgel berip biljek saglyk sebäpleri zerarly, zerur bolan ýagdaýynda ähli ygtyýarlylyklaryny kabul edip almak üçin aýatolla Ali Hamaneýden razylyk alandygyny we aýatollanyň ygtyýarlyklaryny onuň ogly Mujteba berendigi aýdylýar. Mälim bolşy ýaly, aýatollanyň saglyk ýagdaýy onçakly gowy däl, ol bejerip bolmaýan düwnük keselinden ejir çekýär. Diplomatik çeşmeler sud edaralanyň ýolbaşçylygynda mollalar režimine garşy çykandyklary üçin müňlerçe adamy ölüm jezasyna höküm eden Ibrahim Reisiniň absolýut (çäklendirilmedik) ygtyýarlyklara eýe bolmagyndan endişe duýýandyklaryny agzadylar. Dini ruhany Ali Muntazeri ýatlamalarynda “Dörtli ölüm” komitetiniň başyndaky Ibrahim Reisiniň 3 müň 800 adamyň ölüm jezasyny oňlandygyny we şu sebäpli oaň “ölüm jezasynyň häkimi” unwanyna mynasypdygyny aýdýar. Eýranyň onlarça şäherinde köçeler 2009-njy we 2019-njy ýyllardakysyndan has uzak wagta çeken demonstrasiýalara gatnaşýan gahar-gazaply adamlardan dolup-daşýar. Köp sanly eýranly ýurdy gysymynda saklaýan ruhanylaryň agdarylmagyny talap edýär. Olaryň şygary “Zenan, ýaşaýyş, azatlyk!”. Maksat - Ali Hamaneýiň režimini agdarmak. Eýranyň prezidenti Ibrahim Reisi garaşylşy ýaly demonstratlara garşy çykýar we: “Kanuny protestler bilen gozgalaňlary biri-birinden tapawutlandyrmaly” diýýär. Ol sözüniň üstüne: “Yslam respublikasynyň eldegrilmez hasaplaýan gymmatlygy adamlaryň jany we emlägidir” diýen jümläni goşýar. Ýöne bir synçynyň ýazyşy ýaly, ol demonstrasiýalaryň “Segseninji ýyllardaky Eýran-Yrak urşundan bäri Yslam respublikasyna abanýan iň uly howpdugyny” gowy bilýär. Režimiň berk garşylygy şeýle pikire gulluk edýändigini anyk görkezýär. Eýranda režim demonstratlary jezalandyrmak üçin has köp ölüm jezalaryny berjek bolýar, emma eýranlylar muňa garşy çykýar. Mahsa Amininiň ady häzirem dillerden düşenok we birnäçesiniň ady mälim edilmän galan ýüzlerçe başga öliniň awusy häzirem ýüreklerden çykanok. Protestler iň oňaýly we iň oňaýsyz wagtlarda başlady. Iň oňaýly wagtdygy – aýal-gyzlara we umuman adam hukuklaryna goýýan hormatyna gezek gelende 1989-njy ýyldan bäri höküm sürýän hamaneý teokratiýasynyň etmişleriniň ummadan aşanlygy. Protestler mundan öň görlüp-eşdilmedik derejä ýeten batyrgaý hereketler bilen goldanýar. Mysal üçin, Eýranyň döwlet telewideniýesi bloklandy we Hamaneýiň ýanyp duran oda taşlanan fotosuraty ýaýlyma berildi. Eýranyň milli futbol ýygyndysy Katarda geçirilen dünýä çempionatynda döwlet gimniniň sözlerini gaýtalamakdan ýüz öwürdiler. Eýranda bir kürt futbolçy režimi tankyt etdi we tussag edildi. Protestler halkara goldawa mynasyp we olar şobada ähli demokratik hökümetler tarapyndan goldandy. BMG-nyň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 16 sany ses bermekden saklananlar bilen bir hatarda 6 sany garşylyklaýyn ses berenleriň bolandygyna garamazdan, 25 sesiň köplüginde Eýran Eýranda adam hukuklary boýunça bozulmalry öwrenmek üçin derňew toparynyň gurulmagyny makul bildi. Mejlisiň başlygy Wolter Türk “Häzir adam hak-hukuklary boýunça doly yzagaýdyşlyga düşdük” diýdi. Habar beriş serişdelerinde eýran režiminiň “ahlak polisiýasyny” ýatyrjakdygy barada habarlar çykdy, ýöne muňa ynanmak kyn. Hamaneý Aleksis de Tokwiliň şu meşhur sözüniň manysyna gowy düşünýän bolmaly: “Ýaramaz hökümet üçin iň howply wagt – öz-özüni reformirlemäge başlan pursatydyr”. ABŞ-nyň demonstratlara berýän goldawy sebäpli, ýokarda aýdyşymyz ýaly protest çykyşlary oňaýsyz wagta-da gabat geldi. Protestlere berilýän goldaw ýadro gepleşiklerini ikinji orna zyňýar we ylalaşyga gelmek meselesi mundan soň hiç haçan orta atylmanam bilner. Haýsy bolanda-da, geçen duşenbe güni wideokameralar ABŞ-nyň prezidenti Jo baýdeniň Eýran bilen baglaşyljak ýadro ylalaşygynyň “öelendigi” hakdaky sözüni gapyp aldylar. Munuň özi Waşingtonyň ylalaşygy täzeden janlandyrma umydyndan assyrynlyk bilen çekilendigini görkezýär. Beýleki bri ýandan Günbatar mediýasy eýran režiminiň 4-nji dekabrda “Ahlak polisiýasynyň” ýatyrylandygyny habar berýän ýalňyş maglumaty paýlaşdy. Aslynda režim beýle eglişik etmedi. Günbatar mediýasy ýurduň baş prokurory Muahmmet Jafer Muntazeriniň 3-nji dekabrdaky beýanatyna ýalňyş düşündi. Muntazeri žurnalistleriň biriniň beren sowalyna jogap hökmünde howpsuzlyk güýçleriniň soňky aýlarda “ahlak polisiýasyny” kemeldendigini aýdypdy. Bu beýanat Günbataryň käbir habar beriş serişdelerinde ýalňyşlyk bilen režimiň “ahlak polisiýasyny” ýatyryandygynyň subutnamasy hökmünde formulirlendi. Eýranyň döwlet telewideniýesi has soňra Muntazeriniň “ahlak polisiýasynyň” ýatyrylandygyny aýtmandygyny, diňe olaryň şahsy düzüminiň kemeldilendigi hakda aýdandygyny habar berdi. Sebäp diýseň, başga hiç bir eýranly ýolbaşçy režimiň “ahlak polisiýasynyň” ýayrylandygy hakda aýtmandy. Hamaneýiň bular ýaly haýsydyr bir üýtgeşmäni režimiň dowam etmegini üpjün etmäge gönükdiren wagtlaýyn pragmatizm hökmünde görýän bolmagy mümkin. Hamaneý yzygiderli diýen ýaly režimiň adamlaryň aňyny ýeterlik derejede ideologiýalaşdyrmandygyny öňe sürdi. Ol köpçülikleýin aň ýuwuşlygynyň Eýranyň birnäçe meselesine hakyky dowa boljagyna ynanýar. Hamaneýiň häkimiýetinde režimiň mejbury bürenjek ýaly syýasatyny gowşatjakdygy hakdaky pikir onuň reformalary inkär edýän geljekki köpgyraňlylygyna doly çapraz düşýär. Eýran režiminiň büdräp başlandygyna şek-şübhe bolup bilmez, režim demikdirop barýan ykdysady şertleriň saýasynda basyşyň we öldürmeleriň peýda berip bilmejekdigine düşünenok. Şeýle şertler indi hasam ösüp, durnukly ýurtlara-da howp abandyrýar. Onsoň onlarça ýyllap dowam edip gelýän sanskiýalaryň täsirinden ejir çekýän we režimi halkynyň, esasanam ýaşlarynyň talaplaryny kanagatlandyrmaýan Eýrana nädip howp abandyrmasyn?! Protest demonstrasiýalary togtamaz, sebäbi iň az aýlyk haklaryny bermeýän we halkyň iň ýönekeý talaplaryny kanagatlandyrmaýan doňýürek režimiň barlygynda adamlara umyt edip oturara zat galmady. Protestler dowam etdigiçe Ibrahim Reisi-de özünden öňki ähli zalymar ýaly “ölüm jezasynyň häkimi” roluny oýnamagyna dowam eder we ahyrsoňunda režim çöker. Aýatollanyň ölümi režim çalşygyny çaltlandyryp biler, şol wagt onuň ötegçi dünýäden ömürlik gidişi mollalaryň elinden görmedigi görde galan eýran halky üçin rehmet bolup biler. Her niçik-de bolsa, ýaşlar toparlary “Eýran raýonlarynyň ýaşlar bileleşigi” atly guramanyň döredilendigini mälim etdiler. Bileleşik maksadynyň “rewolýusiýany üstünlige ýetirmegiň meýilnamalaryny kordinirlemek bilen bir hatarda häkimiýet çalşygynyň aýgytlaýjy döwürlerinde ýurt meselelerine seretmek üçin gerekli infrastrukturany kemala getirmekdigini” nygtady. Eýran režiminiň ertriki güni we bitewi döwlet hökmünde Eýranyň ertirki güni hakda gaty köp nämälimlikler bar. Hüda HÜSEÝNI, Liwanly žurnalist, syýasy analitik. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |