08:33 RG Eýranda häkimiýetiñ sferasyny üýtgedip bilermi? | |
REWOLÝUSION GWARDIÝA EÝRANDA HÄKIMIÝETIÑ SFERASYNY ÜÝTGEDIP BILERMI?
Publisistika
Eýranyñ prezidenti Ibrahim Reisiniñ ölümi Dini lider Ali Hamaneýe ýakyn karar kabul ediji toparyñ içinde "Maşat topary" diýilýän tarapyñ täsirini gutulgysyz ýagdaýda azaldar. Reisiden soñ iñ güýçli şahs bolan gaýynatasy Alam el-Hudanyñ möhüm rol oýnap-oýnamajagy entek belli däl. Täsirli we güýçli "maşatlylaryñ" iñ esasy adamy Horasan Razawi welaýatynda Hamaneýe wekilçilik edýän we on iki ymamyñ sekizinjisi Ymam Ryzanyñ mawzoleýiniñ goragçysy bolan gaýynatasynyñ bu toparyñ hemmesini ýa-da bir bölegini goldap-goldamajagyny garaşyp görmeli bolarys. Hasam beteri şular ýaly düýpli sorag bar: Eýranyñ Rewolýusion Gwardiýasy (RG) häkimiýet oýnuny oýnap, şaýy ulamalaryñ çinini doly aýryp bilermikä? RG-nyñ harbylary köne donlaryny süýräp ýören öñki döwrüñ adamlaryna garanda döwür bilen aýakdaş gitmäge ukyply. Şu babatda şaýy ulamalary Osmanly döwletiniñ halyflary ýaly döwletiñ seremonial ýüzüne öwrülip bilermi? Şu soragyñ jogabyny bilýändirin öýdýän herkes edil häzir hiç zadyñ üýtgemejegini aýdýanlar bilen birmeñzeş ertekiniñ içinde ýaşaýarlar. Eýranyñ döwlet telewideniýesi Reisiniñ we onuñ ýanyndakylaryñ "şehitlik mertebesine ýetendigini" mälim etdi. Wertolýot heläkçiliginde aradan çykan döwlet ýolbaşçylary Reisiniñ ölümi bilen birlikde onuñ ýerine geçjek kandidatlaryñ sanawy örän uzyn we elli gün ýaly çäkli möhletiñ içinde öñ synagdan geçen şahslaryñ kandidat bolma mümkinçiligi has ýokary. Emma hiç kimiñ Reisi ýaly geçmişi ýok, "Tähran gassaby" lakamy her öñýetene nesip etjek lakam däl. Reisi bu lakamy segseninji ýyllarda Tähranyñ baş prokurory bolup işlän döwründe 33 müñ adamy ölüm jezasyna höküm edip alypdy. Reisi geljegiñ potensial lideri hasaplanýardy, şonuñ üçin öñümizdäki prezident saýlawlary oruntutar meselesi bilen koordinirlenmeli. Emma eýýämden munuñ üçin iñ taýynlykly adam Muhammet Bakir Galibaf bar. Ali Larijani ýalylaram Dini lideriñ olara üýtgeşme getirmek üçin amatly pursat döretjegine umyt edip bilerler. Başgalar Perwiz Fettah we Hüseýin Dehkan ýaly käbir hökümet tarapdarlaryny saýlasalar-da, bular elli günüñ dowamynda özlerini tassyklatma babatda kynçylyklara uçrap bilerler. Konstitusiýanyñ 131-nji maddasyna laýyklykda, prezidentiñ aradan çykan ýagdaýynda prezidentiñ wezipe ygtyýarlygy we jogapkärçiligi Eýran Respublikasynyñ Dini lideriniñ tassyklamagy biken prezidentiñ birinji orunbasaryna geçýär. Şeýle-de, Mejlisiniñ başlygyndan, Suduñ başlygyndan, prezidentiñ birinji orunbasaryndan ybarat geñeşiñ elli günüñ dowamynda täze prezidentiñ saýlanmagy üçin gerekli üýtgeşmeleri girizmegi gerek. Prezidentlik üçin teklip edilen şahslaryñ arasynda Mejlisiñ başlygy Muhammet Bakir Galibaf iñ taýynlykly kandidat. Muhammet Bakir Galibaf Tassyklanmaga ýa-da elli gün ýaly az wagtyñ içinde özüni tanatmagyñ hajaty ýok. Reisi bilen deñeşdirende Galibaf has ýerine ýetiriji işgär we hökümetiñ nukdaýnazaryna görä häzirki meseleleriñ bir bölegini çözüp biler. Galibaf özüni Mejlisiñ başlyklygyndan daşlaşdyrma tagallalarynyñ garşysynd Mejlisde bökdençlik döretme ýoly bilen manýowr edip biler. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda Galibafyñ gözegçiligi ýola goýmagy üçin gurala öwrülmegi ähtimal. Giñden ýaýran korrupsiýa esasy problemadygyna garamazdan hökümet gurluşynyñ içinde özi üçin problemalara getirmedi. Galibafdan soñ Ali Larijani bar. Yslam Respublikasynyñ Dini lideri eger esasy atmosferany üýtgetmek isleýän bolsa, geçmişiñ tersine Mejlisiñ öñki başlygy Ali Larijaniniñ prezidentlige mynasyp taraplarynyñ bardygyny görkezýän direktiwa gelip biler. Emma Larijaniniñ kemçilikli tarapy Ruhaniniñ toparyndan bolmagy we dogany Sadyk Larijani sebäpli jemgyýetçilik ulgamynda häkimiýet we geljekdäki liderlik meýilleşnamalaşdyryş işi üçin howatyr çeşmesi bolup galmagyndadyr. Bu ýagdaý deñlemäni hasam çylşyrymlaşdyrýar we amatlylygynyñ tassyklanmagy-da birnäçe baha berilşigi talap edýär. Ali Larijani Ýene bir şahs Muhammet Jewad Zarif. Ol daşarky konfliktleri çözmek üçin gowy saýlaw bolup biler. Hökümetiñ daşarky syýasy konfliktlerini we käbir içerki konfliktlerini çözmek üçin şondan gowy kandidat ýok hem bolup biler. Larijanä garanda Zarifiñ artykmaçlygy uly guramaçylyga eýe däldiginde we Dini lideriñ oruntutary meselesine goşulma ähtimallygynyñ pesliginde. Perwiz Fettah barada aýdanda bolsa, mynasyp kandidat hökmünde görkezilmekden uzak we ol dürli döwürde prezidentlige kandidat hökmünde tutulsa-da, edil häzir jemgyýetçilikde açyk-aýdyñ ady agzalmaýar. Fettahyñ ady öñem prezident saýlawlarynda teklip edilipdi. 2017-nji ýylyñ saýlawlarynda kandidaturasyna çynlakaý seredilipdi, emma Dini lideriñ özi hakyndaky kararyna hormat goýýandygyny we saýlawlara gatnaşmajakdygyny mälim edipdi. Bu berilen beýanatlara Fettah ýaly ýakyn wagtda Dini liderden kandidat bolmazlygy üçin direktiwa alan, şeýle-de bolsa prezident saýlawlaryna kandidaturasyny goýmagy makul bilen Ibrahum Reisä gep kakdyrma hökmünde baha berilipdi. Emma Fettah soñra Reisini ýañsylamak niýetiniñ ýokdugyny aýtdy. Fettahyñ beýleki käbir kandidatlara garanda artykmaçlyklaryndan birem türki dilden gürleýän eýranlylar üçin oñaýly kandidat bolmagy, özem bu saýlawçy gatlagy öñki saýlawlarda möhüm rol oýnapdy we wagtal-wagtal syýasy deñagramlylygy bozupdy. Sanawda Hüseýin Dehkanyñam ady bar. Ol RG-nyñ öñe sürýän adamy, ýöne Hüseýin Dekhan hökümetiñ özüne bildirýän ynamyndan gaçmajakdygyny görkezdi. "Mustafifan" fondunyñ başlyklygyna bellenmegindenem muny açyk-aýdyñ bilse bolýar. Şeýle-de Reisiden has köp dürli tarapdar toparynyñ gyzyklanmasyny özüne çekip biler. Galibaf ýaly Dekhanam goşunyñ içindäki toparlaryñ goldawyny alýar. Emma saýlawlarda kandidaturasyny goýmagy hökümetiñ atmosferasynda we garaşýan ugurlarynda uly üýtgeşmeleriñ girizilmegini talap edýär. Dekhan Milli Howpsuzlyk Geñeşiniñ sekretarlygy üçin prezident Ruhaniniñ gerekleýän adamlarynyñ biri bolandygyny, emma bu wezipeden ýüz öwrendigini aýdypdy. Ýöne elli günlük çäkli möhletiñ dowamynda onuñ bu wezipe üçin birinji alternatiw hasaplanmazlygy ýaly problema bilen garşylaşyp biler. Hüseýin Dekhan Mahmud Ahmedinejad bolsa çaklanylmaýan alternatiw. Şeýle-de Mahmud Ahmedinejad ýaly şahslaram hökümetiñ konfliktleri çözmek üçin özlerini saýlajagyna umyt edip bilerler. Emma Ahmedinejad Larijanä garanda tassyklanma babatda has düýpli kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolsa gerek. Onuñ hökümet nukdaýnazaryndan ýeke artykmaçlygy Larijani ýalu döwlet edaralaryny gysymyna gysyp biljek hünärmenleşen topara eýe däldigi. Ýaş alternatiwalaram özlerini tanatmaga synanyşýarlar. Ministrler Kabinetiniñ we fundamental dinçileriñ arasynda Ali Ryza Zakani we Mehrdad Bazarbaş ýaly örän tutanýerli ýaş syýasatçylar prezidentlige kandidaturasyny goýmak bilen gyzyklanýarlar. Munuñ bilen birlikde hökümetiñ elli günüñ dowamynda prezidentini kesgitleme gyssanmaçlygy göz öñüne tutulanda, haýsydyr bir töwekgelçilige girip bilmezler we kesgitlenen alternatiwalaryny saldarlamak bilen çäklenmeli bolarlar. Bu ýaş syýasatçylar diñe Muhsin Ryzaýi we Emirhüseýin Gazizade Haşimi ýaly şahslar bilen birlikde saýlaw atmosferasynyñ ýyladylmagynda rol oýnap bilerler. Merhum prezidentiñ wezipeden gitme ähtinallygy garaşylmadyk ýagdaý boldy we by Mustafa Purmuhammadi ýaly ulamalaryñam prezidentlik ýaryşyna girme ähtimallygyna ýol arçapdy. Munuñ bilen birlikde Müjteba Hamaneýiñ öñünden bilip bolmaýan hereketleri prezidentlige kandidaturasyny goýan bäsdeşler üçin uly endişe çeşmesi bolmagyny dowam etdirýär. Müjteba Hamaneýiñ liderlige ýetme usullaryna amal etme formasynyñam jedeli edilmeli. Ünsi çekiji zat bolsa, Dini lider üçin ähli alternatiwalaryñ bir gyra çekilmegi we ortada diñe oglunyñ galmagy. Hüda HÜSEÝNI, Liwanly žurnalist, syýasy analitik. Perşenbe, 23.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |