01:40 Gitleri kimler we nämüçin goldady? | |
GITLERI KIMLER we NÄMÜÇIN GOLDADY?
Taryhy makalalar
(Makala gysgaldylyp alyndy) Adolf Gitleriñ nemes halkyndan gören goldawy onuñ diñe häkimiýete gelmegini we 12 ýyllap jemgyýetiñ ähli gatlaklarynda örän uly üýtgeşmeleri geçirip häkimiýetde galmagyny üpjün edip bilmändir, barha ýaramazlaşyp barýan uruş ýyllarynda-da birnäçe ýyllap nemes halkynyñ ony goldamagyny üpjün edipdir. Diñe bir nesil öñ nemes ýurdunda duşman garasyny görmezden öz islegleri bilen hökümet sistemalaryny çalşyran nemesler Gitler boýun bolandan we öz janyna kast edenden soñam söweşi dowam etdiripdir. Eýsem-de bolsa, Gitleri kimler we näme sebäpli goldapdyr? • Fýurer¹ legendasy: Gitlere bildirilen söýgi Gitleriñ we nasist režiminiñ nemes halky tarapyndan goldanmagynyñ açary hut Gitleriñ özünde ýatyr. Propoganda ministri Paul Žosef Gebbels² tarapyndan goldanan we öwlüp arşa çykarylan Gitler özüni nemes halkyna adatdan daşary we hatda hudaýtarapyn adam hökmünde tanatmagy başarypdyr. Gitler nemes halkyna syýasatçy hökmünde tanadylmandyr. Germaniýada syýasatçy kän. Alnyp barylýan propoganda emelleri Gitleriñ nemes halkymyñ añynda syýasatdan has ýokardaky şahsyýet hökmünde kabul edilmegini gazanypdyr. Germaniýada ýaşaýan birtopar etniki azlyklar häkimiýet başyna gelmeginden soñ kän wagt geçmänkä Gitleriñ olaryñ goldawyny gereklemeýändigini, gaýtam özlerine azar bermek we hatda ýok islemeýändigini bilipdirler. Emma Gitler birnäçe adamyñ göz guwanjyna öwrülipdir, elmydama iñ ýokardadygyny öñe sürüp we berýän signallaryny göz öñüne tutulan gatlaklara siñdirip, biri-birlerinden doly tapawutly toparlaryñ goldawlaryny Germaniýany dolandyrmaga, üýtgetmäge we gorkunç soñuna äkitmegi başarypdyr. Birinji jahan uruşynda ýeñilen Germaniýada bolup geçýän ykdysady kynçylyklar, inflýasiýa, işsizlik, jemgyýetdäki görnetin bölünişik we agzalalyklar bilen dürli gozgalañlaryñ bolýan çylşyrymly şertlerinde Adolf Gitler Germaniýanyñ Işçiler partiýasyna agza bolupdyr. Ol partiýanyñ arasynda çaltlyk bilen ösüpdir. Partiýanyñ adyny Germaniýanyñ Sosialistik işçiler partiýasy diýip üýtgeden Gitler nasionalistik ideýanyñ astynda nemes jemgyýetiniñ her gatlagyndan bolan adamlary bir agza bakdyrmagy başarypdyr. Gitleriñ absolýut häkimiýetini berkiden waka 1933-nji ýylyñ 27-nji fewral gijesi Germaniýanyñ parlamentiniñ ýakylmagyndan soñ bolup geçipdir. Esasy saýlawlaryñ öñüsyrasynda ýakylan bina Adolf Gitlere ýeke özi häkimiýetiñ başynda çäklendirilmedik güýç bolup oturmagyny üpjün edipdir. Ýalan şeýle bir uly we ýönekeýje bolsun. Ýalan sözläberiñ, sözläberiñ, ahyry ynanarlar. Adolf Gitler birnäçe garşydaşy ýaly sosialist, monarhiýanyñ tarapdary, demokrat bolmakdan zyýat, özüni Germaniýa bilen bir bitewi hasaplapdyr we hasap etdiripdir. Gitler nemes halkynyñ gözünde Germaniýadaky birnäçe gahar-gazabyñ we agzalalygyñ sakasyny bilýän, olary düzedip biljek adam bolupdyr. Ol gözüni häkimiýet yşkyna gapdyran milletparaz biri bolmasa-da, Germaniýany we nemesleri hemme zatdan ýokarda görüpdir. Hakykatdanam Adolf Gitler jemgyýet tarapyndan Germaniýany ekstremizme itermegiñ ýerine hemmeleri birleşdirip biljek biri hökmünde görünip, şeýle obrazy adamlaryñ añyna guýmagy başarypdyr. Adolf Gitler ilki sosialistleri we kommunistleri ýanap (ilkibaşda köçe uruşlary we saýlawlar, soñra olary konslagerlere salyp) sosialistik rewolýusiýanyñ öñüni alandygy üçin ýene bir mertebe öwgä mynasyp bolmagy başarypdyr. Häkimiýete ýeke özi eýe bolmak islän Adolf Gitler taryha "Uzyn pyçaklylar gijesi" ("Night of the Long Knives")³ diýip giren operasiýada öz sagçy garaýyşly (käbir çepçi garaýyşlylary-da) ýoldaşlarynyñ agdarylyşygynyñ öñüni almagy başarandygy üçin has beter öwülip başlanypdyr. Nemes halkynyñ gözünde Gitler mundan beýläk birleşdiriji, agzalalygyñ öñüni alyp bilýän, duruzýan we hemmeleri bir agza garadýan belent mertebeli beýik şahsyýete öwrülipdir. Nasistik režimiñ aýgytlaýjy sepgidinde propoganda maşynynyñ "Fýurer" legendasyny durmuşa geçirme işini bilgeşleýin saklandygy we Adolf Gitleriñ öz at-abraýynyñ propoganda serişdesi hökmünde ulanylmaga başlandygy öñe sürülýär. Adamlar uruşda ýeñiş gazanyljakdygyna we Gebbelsiñ hüşgärlik bilen işiñ hötdesinden geljekdigine ynanypdyr, çünki hemme zadyñ başynda Gitler durupdyr. Şu tapgyrda Gitlere şowlulyk we birkemsiz bähbitçilligi-de kömek edipdir. 1933-nji ýylda ykdysady krisiz sebäpli häkimiýet başyna gelen Gitleriñ döwründe global ykdysadyýet eýýäm 1930-njy ýyldan bäri kem-kemden düzelip başlapdyr. Gitlere üstünlige eýe çykmakdan başga edere iş galmandyr, şowlulyk hiç zat etmedik Gitleriñ ebeteýine gelip duruberipdir. ___________________________ [1] Nemes öñbaşçy manysyny berýän fýurer sözi iñlis dilinde diktator we awtokrat manysyny berýär. [2] 1897-nji ýylyñ 29-njy oktýabrynda Germaniýanyñ Rheýdt diýen ýerinde dünýä inen Gebbels Üçünji reýh döwründe Faşistik Germaniýanyñ propoganda ministri bolup işläpdir. Ol faşistik režimiñ nemes halkynyñ añyna siñdirip boljak ýaşaýyş-durmuş formasy hökmünde wagyz-nesihat edilmegine jogap beripdir. Gitleriñ öz janyna kast etmeginiñ ertesi güni bary-ýogy bir gün nemes kansleri bolup işlån Gebbels aýaly Magda bilen bilelikde alty çagasyny öz elleri bilen öldürenden soñ öz janlaryna kast edipdir. [3] "Ýagyş suwy operasiýasy" ("Operation Hummingbird") diýilýän operasiýa Faşistik Germaniýada 1934-nji ýylyñ 30-njy iýunyndan 2-nji iýulyna çenli dowam edipdir. Faşistik režim Gitleriñ absolýut agalygyny berkitmek maksady bilen syýasy ölüm jezalaryny amala aşyrypdyr. Öldürilenleriñ birnäçesi nasistleriñ ýarym harby edarasy "SA"-nyñ ("Sturmabtellung") agzalarydyr. Gurban edilenleriñ iñ tanhmaly-da Gitleriñ uzak wagtdan bäri dosty we goldawçysy bolan Ernst Rýohm eken. Öldürilenleriñ arasynda nasistik partiýanyñ çepçi garaýyşly ýolbaşçylary-da bolupdyr. Jenaýatlaryñ bir sebäbi-de nemes jemgyýetiniñ gözünde Gitler hökümetiniñ at-abraýyny we agramyny galñatmakdyr. Operasiýada azyndan 85 adam öldürilipdir, müñlerçe adam tussag edilipdir. Jenaýatlaryñ köpüsi "SS" we Gestapo tarapyndan amala aşyrylypdyr. Tutha-tutlyk çäresi Gitlere garşydaşlaryny ýok etme we häkimiýetini berkitme mümkinçiligini beripdir. Şu wakadan soñ Gitler nemes halkynyñ gözünde ýokary adalaty ýola goýujy öñbaşçy pozisiýasyna göterilipdir. Robert UAÝD. 27.01.2017 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |