07:49

Gadymy türkmen taryhyna degişli tapyndy

GADYMY TÜRKMEN TARYHYNA DEGIŞLI TÄZE TAPYNDY

Mongoliýanyñ paýtagty Ulan-Batorda birnäçe wagtlap arheologik işleri geçiren ýapon professory Göktürklere degişli häzirki wagta çenli tapylan iñ uly daş ýazgynyñ üstünden bardy. Ulan-Bator şäherine 400 km uzaklykdaky bir ýerde gazuw-agtaryş işlerini alyp baran ýapon professory iññän uly taryhy açyşyñ awtory bolmaklygy başardy. Osaka uniwersitetinde gadymy türk taryhy boýunça hünärmen bolup işlän professor Takaşi Osawa göktürklere degişli her biriniñ ini 4 metr we uzynlygy 3 metr bolan iki daş ýazgyny ylmy jemgyýetçiligiñ dykgatyna hödürledi.

Jemi 20 setirden we 2832 sütunden ybarat görnüşde gadymy türkmen obrazlary janlandyrylan daş ýazgylaryñ syry çözüldi. Ýazgylaryñ “Ah, öýüm!”, “Ah, topragym!” diýen ýaly aradan çykan adamlaryñ maşgalasyndan we öýünden jyda düşýän pursatlaryny beýan edýändigi mälim boldy. Daş ýazgylaryñ Orta Aziýada 682-744-nji ýyllarda höküm süren Göktürk türkmen döwletiniñ döwlet sistemasyny we düzgün-tertibini öwrenmek üçin juda gymmatly taryhy tapyndydygy aýdylýar. Mundan 120 ýyl öñ Mongoliýada Göktürklere degişli Orhon ýazgylary tapylypdy. Öñki ýazgylar Göktürk türkmen hökümdarlary Bilge Kagana we Kül Tegine degişlidi. 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Edebiýat täzelikleri | Просмотров: 441 | Добавил: Нawеran | Теги: Taryhy tapyndylar | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebiýat täzelikleri bölümiň başga makalalary

14-nji fewral - Halkara kitap sowgat bermek güni - 15.02.2023
Всемирный день поэзии 21 марта - 21.03.2023
Ýüzünji ýylynda - 02.02.2023
TÜRKSOÝ-yň ýanynda ýazyjylar bileleşigi döredildi - 11.03.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]