08:11 Garlawaç | |
GARLAWAÇ
Göwrede mejal ýok, Aýakda ysgyn. Ştangaçyñ synasyna çalymdaş Gollañ gujur gaýnan myşsalarynda Çyrpynmansoñ gadymky deý damarym Güýç lapykeçlikden gelende asgyn, Gurapdy ýürege nem beren gaýrat. Birmahal şirnigip söýlen ömürim Garalşypdy gargyşsiñen daş kimin. Wepasy bolmansoñ aşnalaryñ-da, Iñ soñky dostumy kalbymda süýräp, Ýörmekden iremsoñ ýüz dönderipdim. Tüýküripdim göni bäbenegine Ömrümi bihuda güýmän yşkymyñ... Husyt hem-de pany dünýä köñlüme mynasyp döwrany rowa görmänsoñ, Namyrat öljegiñ gözleri ýaly Haýallanda gözleñ agyp dönmesi Ýalançy ýüzlerden, Galat sözlerden, Halysalla bizar-peteñi çykan bilbiliñ ketegne öwrülen ruhuñ, Golaýlanda Gökdepe deý synmasy. Sen garlawaç bolup meniñ dünýäme Sürünen adamhor Ebreheleriñ Depesinden tepbet daşyn ýagdyryp Peşmek deýin togarlañda ummana Dirilerden öli, Ölüden diri çykaran Allanyñ gudraty deýin Öçüşen ruhumda Gün bolup dogduñ; Göwre mejallandy, Damar çyrpyndy. Gujurlandy barha gol-aýaklarym. Täze söýgi indi hassa ýüregme Arygy suwlandy ham-süýekleriñ. Gülberim arkamda, Tutulgy şaýym, Ýene hyýallandym halasgärimiñ, Dünýäsine birikdirip dünýämi Gamyn iýmän ýogumyñ hem barymyñ Intipis eýlemän harçlyk engamy Şelaýyn dilleriñ Aç nazarlaryñ Ýetäýjek ýerinden has alyslara Gorkudan, ürküden ýat uluslara Gaçyp gitmäge... Has TÜRKMEN. | |
|
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |