08:15 Gaýgyçyl | |
Gaýgyçyl
Gurby atly oglanjyk bar, Biziň obada. Iller şeýle gürrüň edýär Gurby barada. Arada Gurbujyk aglap duranmyş, Çagalar sowal berenmiş: – Nämüçin aglaýaň? Sebäbi näme? Goý sesiň, jogap ber, Süpür ýaşyňy!. Başlanmyşyn Gurby Jogap bermäge: – Ulalsam, bolsam ýaşuly, Şonda çagalaryň bary Diýerler maňa Gurbaga. Utanaryn-da şonda men Şeý diýdirip durmaga. Gurbandurdy ORAZOW #çagalara degişli 8-nji goşgy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |