00:44

Gören-eşidenimizden habar bersek: Ymam Homeýnä goýulýan hormat

IV. YMAM HOMEÝNÄ GOÝULÝAN HORMAT

Reza şanyň Sa’at-Abatda 75 ýyl mundan ozal saldyran köşgi belent çynarlaryň seleň saýasynda ýerleşýär. Ol şeýle bir uly köşk däl, rus pomeşikleriniň özleri üçin saldyran köşkleri bilen deňeşdireniňde-hä asyl çaklaňja görünýär. Onuň ýaly köşkleri biziň häzirki barly adamlarymyzdan özüne saldyrany az däl. Ýöne köşgüň içi, aýratyn-da, patyşanyň emeldarlary bilen maslahat geçirýän zaly kaşaň bezelen. Patyşanyň dynç alýan, nahar edinýän, ýatýan otaglary hem içindäki gymmatbaha halylary ýa-da dürli ýurtlardan getirilen düşekleriň möçberi diýäýmeseň, onçakly bir geňirgendirip baranok. Ýöne Ymam Homeýniniň ýaşan, işlän, ýurt dolandyran jaýy bilen deňeşdireniňde welin...

Köp nokady sözlerime aýratyn bir many bermek üçin goýmadym. Bu iki ynsanyň ýaşan we işlän şertlerini, olaryň adam mertebelerini deňeşdirere söz tapman goýdum.
Allanyň sadyk bendesiniň nazary bilen garanyňda Ymam Homeýniniň garyp külbesi adamkärçilik, ynsanperwerlik jähetden deňeşdireniňde Reza şanyň bu belent hem-de seleň ýerde salnan howalaly köşgünden has mähriban hem göze yssy görünýär. Onuň adamkärçilik, ynsanperwerlik, pes göwünlilik babatda öz esasy bäsdeşi Muhammet Reza Pehlewiniň atasyndan hem buirnäçe gez belent bolandygyna onuň garyp külbesi sessiz-üýnsüz, ýöne gaty ynandyryjy güwä geçýär.
Bize Muhammet Reza Pehlewiniň özüniň hem 66 ýyl mundan owal saldyran köşgüne baryp görmek miýesser etdi.
Onuň köşgi atasynyňka görä-de kaşaňrak. Ýöne ol hem gören adamyny haýran galdyrardan daş. Bolsa-da, bu jaý hem Homeýniniň patyşa garanyňda, halka-da, Hudaýa-da has ýakyn bolandygyna gözüňi açýar.
Muhammet Reza Pehlewiniň köşgüniň öňünde özünden galan bir ýadygärlik bar – çoýundan guýlan heýkeliň uýlugyndan ýokarsy ýok. Heýkeliň göwresiniň zyňlyp, iki uýlugynyň galdyrylandygy baradaky gürrüňe çynam bolsa ynanasyň gelenok. Rewolýusiýa döwründe gazaba münen halk ýadygärligiň ýokarky bölegini ýykypdyr-da, aşaky bölegini ýykman gidiberipdir diýip aýtdylar. Her niçik hem bolsa bu “ýadygärligiň” baranlarda galdyran täsiri uly.

Biziň neslimiz ençeme ýylyň dowamynda her gezek döwlet ýolbaşçylary çalşanda öňki ýolbaşça goýlan ýadygärlikleriň ýykylýandygynyň şaýady bolup geldi. Meniň pikimçe, akylly-başly çemeleşilende, olary halkyň hem-de jemgyýetiň peýdasyna bolar ýaly edip ulanyp boljak ahyry,
Paýtagtymyzdaky W.I.Lenine goýlan ýadygärligiň şu wagta çenli çýykylman saklanyp galanyny men Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaynyň parasatlylygynyň nyşany diýip düşünýärin. Ýöne ýadygärligiň ýüzüne W.I.Leniniň kim, nähili adam bolandygy, tutunan ynamy, eden işleri, 72 ýyldan soňra bolsa ynamynyň ýol almandygy, onuň sebäpleri ýazylyp goýlan bolsady – bu geljek nesillere oňat sapak bolardy.
Ymam Homeýni Yslam rewolýusiýasy ýeňenden soňra iýun aýynyň üçüni (Hordad aýynyň 15-ni) ýas güni diýip yglan edipdir. Şondan bäri hem bu sene Eýranda her ýylda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär eken. Iýun aýynyň ikisi güni giçlik, Tähranyň kaşaň restoranlaryndan birinde bu dabaranyň açylyşyna bagyşlanan agşam boldy. Ol dabara Ymam Homeýniniň ölen gününiň 8 ýyllygyna-da gabat gelen bolarly. Dabarany geçirmek boýunça komissiýanyň başlygy gysgajyk söz bilen dabara bagyşlanan agşamy açdy. Ol Homeýniniň halklary öz azatlygy ugrunda göreşmäge çagyrandygyny ýatlatdy, bu dabara dünýäniň kyrk üç ýurdundan delegasiýalaryň gelendigini habar berdi. Gelen delegasiýalaryň bu ýere ýaşyrynlyk bilen gelenleriňem bardygyny, aýallaryň hem köpdügini duýdurdy. Soňra öten şehitleriň hatyrasyna Gurhan okaldy.

Seýit Hasan Homeýni

Bu agşamda Ymam Homeýniniň agtygy Seýit Hasan hem çykyş etdi. Ol peşeneli, öz mertebesini bilýän owadan ýaş ýigit ejken.
Hasan öz sözünde Afrikadan, Aziýadan, Ýewropa ýurtlaryndan atasynyň ýadygärligine hormat goýup gelenlere minnetdarlyk bildirdi. Ol bu şanly senäni bellemäge gelenler atasynyň bütin ömrüni bagyş eden Yslam Rewolýusiýasy ýeňenden soňra ýurtda bolup geçen üýtgeşiklikleri öz gözleri bilen görüp, ondan dogry netije çykararlar diýip umyt bildirdi. Häzir Yslam Respublikasynyň syýasy sistemasynda ähli meseleleri halkyň özi çözýär, parlamenti, mejlisi halk saýlaýar. Ozal ykdysadyýetimiz daşary ýurt monopoliýalaryna garaşlydy, bu gün bolsa ol öz ösüş ýoluny saýlap alýar diýip nygtady.
Ol ýurtda syýasy azatlygyň rowaçlanýandygynyň subutnamasy hökmünde golaýda ýurtda bolup geçýän prezident saýlawlaryny mysal getirdi. Oňa ýurduň ilatynyň 90 prosenti gatnaşdy – diýip aýtdy.
Biz soň hem şunuň ýaly birnäçe agşamlara gatnaşdyk. Olaryň hemmesinde kim-de bolsa owadan owazly biri ýygnananlaryň öňüne çykyp, süýji labzy bilen Gurhan okaýardy. Homeýni barada goşgy okap, aýdym aýdanlar hem bokldy.
Metjitlere, ybadathanalara baranyňda, ýagşyzadalaryň guburyna zyýarat edeniňde Eýranuyň halkynyň dine bütin durky bilen berlen halkdygyny görüp, akylyň haýran bolýar. Maňa ozal Maşatda Ymam Rezanyň mawzoleýine zyýarata barmak miýesser bolupdy. Men zyýarata baranlaryň jany-dili bilen ýykylyşyp, aglaşyp oňa zyýarat edişlerini görüp, bu halkyň beýik Ymama aýratyn hormat goýýanlygy sebäpli şeýledir diýip pikir edýärdim. Kuma baryp, hezreti Mahsumanyň guburyna zyýarat edemizde içimden bu halkyň diniligi has düýpli bolarly diýen netijä geldim.
Giň giden metjidiň içi adamdan hyryn-dykyn doly. Olaryň içinde durup, oturyp Gurhan okaýanlary hem bar, özbaşyna doga okap, dileg edýänlerm bar. Allatagala mynajat edip, sesli gygyryşyp duranlar hem bar. Adam bolsa şeýle bir kän, geçere ýol ýok. Her kim onuň guburyna elini ýetirip, ýagşyzadany maňlaýyna sylmaga çalyşýar.
Bu zatlar ýagşyzadalaryň guburyna baryp, olaryň ruhuny bimaza etmejek bolup, ýuwaş ses bilen doga okamaga endik eden biz, türkmenler üçin geň görünýär.
Bärik zyýarata gelýän bendeleriň yzynyň üzülmeýändigi medreseden daş çykanyňdan soňra has-da aýdyň bolýar.
Şu zatlary synlanyňdan soň olary mazaly aňyňdan durlap geçiresiň gelýär.
Hawa, okyjy, gel, birsellem oýlanaly. Söhbetimiziň soňunam, nesip bolsa, ýene bir gezekde dowam ederis.
Категория: Ýol ýazgylary | Просмотров: 194 | Добавил: Haweran | Теги: Setdar Garajaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýol ýazgylary bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]