13:24

"Goşgy talañçylarynyñ" eline kakmaly...

Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 284 | Добавил: Moderator | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Remezan  
1397
Şu çekişmeli mesele barasynda biriniñ ýanynda içimi dökdüm.
Bolýan zat kime näme aýdýañ diýsene?
Içiñi ýakyp seniñ wawwaly ýeriñden tutýar. "Sen ogurlap özüñi tanatsañ bolanokmy? Et-dä senem eliñden gelse! Sen şonça bolup bileñok, görübileñok. Eger düzüp bilýän bolsañ, düz şoñky ýaly bolmasa ogurlap özüñi reklama et! Senem şoñ ýalak bol!
Garaz saña näme? Indi o zamana ýok, almaly, ýolmaly, gazanmaly sen özüñi bil! " Diýilen jogaby aldym. Ýa hakykatdanam, adamlaryñ düşünjesi şeýle ýa-da edebiýat düýpli ünsden düşürilipdir.
Aýtmasañ özüñi günäkär duýýañ. Aýtsañam özüñ günäkär.
Häzirki ýagdaýda kelebiñ ujuny ýitiren ýaly bolup, maña näme diýişip ýörmegimiz.
Men edebiýat okyjy hökmünde şu ýalñyş, şu dogry diýmäge bilimim ýeterlik däl. Özüm aýdanyma ýalñyşmaýyn diýen gorky ýok däl. Gorkam däl. Ýalançy bolmakdan çekinmän duramok.

0
2 Remezan  
1397
Soñam ogrydan ogurlamak ogurlyk däl diýýilýän bolsa menem ogurlyk edesim geljek bolýa :)))

0
3 Remezan  
1397
Ýeke biri däl goşgy ogurlaýan bolsa goşgularyny derñäp, anyklansa kem däl.
Ýene bir pikirdeş bolup biljek goşgy bolup biler emma sözme-söz alynan goşgyny özüm düzdüm diýmek bu bolup bilmejek bolanda-da diñe biri bolsa ony hem hakykatdanam ogurlamadyk bolsañ soñkylaryñda birazajyk seljerseñ bolardy.

0
4 Haweran  
411
Häzir bütin dünýäniñ başynda birgiden global problemalar bar. Bir alajy tapylmasa, şol problemalar, bela-beterler biziñ başymyzdanam hem sowlup geçmejegi köre hasa. Kontinental klimat üýtgeşmesi we gurakçylyk diýjekmi, global agyz suw problemasy we azyk ýetmezçiligi diýjekmi, howanyñ çakdanaşa gyzmagy diýjekmi, jokrama yssylaryñ netijesinde bolmagyna garaşylýan köpçülikleýin ýokanç keseller diýjekmi, döwletara uruşlardyr bosgunlar diýjekmi, termoýadro uruş howpy diýjekmi... adamzada howp salýan problemalaryñ sany-sajagy ýok. Şu zatlar çözüldi-de, bar çözüp bilmedik zadyñyz, aladañyz "edebi ogurlyklar" boldumy diýjekleriñ tapylmagy mümkin. Dogry.
Ýöne bütin bu problemalara düşünmek üçinem ýene şu günki gozgalan meselelere düşünýän ýokary añ-düşünjeli, intellektual nesil kemala gelmeli, beýle nesili şahyrsumaklaryñ sanawaçlaryny goşgy, oñ-muñ sazyna ýanap aýdym aýdýan "aýdymçysumaklaryñ" samyrdamalaryny aýdym hökmünde kabul edýänleriñ arasyndan çykarmak mümkin däl.

0
5 Kovalevskiy  
1521
Üstünde duran meselämize gelýän seslenmelere awtor bilen birlikde men hem begendim. Başga teswirlerimde belleýşim ýaly "...Günsaýyn gerimi giňäp barýan gözboýagçylyklardan halys ýadadym...". Emma bu çekişmeler gazet-žurnallara ýetýänçä kimdir biriniň agzynda gurap galarmyka diýip gorkýan. Söýgüli žurnallarym bolan "Dünýä edebiýaty", "Garagum" žurnallary barada anyk bir zat aýdyp biljek däl. Ýöne bilmedim-dä. Henize çenli şular ýaly temada taýýarlanan materiallary okamandym.

0
6 Osman  
1527
"Edebiýaty ösdürmek üçin ile öz zadyñ bilen, özüñ bolup çykmaly.
Seslenmelere begendim. Bu gün bolmasa ertir bilinerine däl-de, şu gün bilinmegini gazanmaly. Kitapçy saýtyna berekella diýýärin. Ýöne şeýle çekişmeler gazet-žurnallarda-da bolsa "goşgy talañçylarynyñ" eline kakylardy. " gaty dogry aydypdyr menem goşulyan

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]