09:02

Göwnühoşluk we şübhe

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 310 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 mango  
651
Oýlanmaňyz başga bir zady ýada saldy.
Eşitdim: musulman Gorky bilen Umydyň arasynda bolmalydyr.
“Günäkär men, gutardym, dowzahlyk men” diýip özüňi 100% gorka sokmaly däl. Şeýle-de “Men sogap işleýän biri, men jennetlik” diýip 100% umutda bolmaly däl.
Ýagny bular taýagyň iki ujy diýen ýaly. Ortalygy saýlamaly. Gork, ýöne umytda bol.
Musulmana gowy maslahat…
Siziňkem Serdar kaka, ýazýançy-döredýänçilere gowy maslahat, oýlanma bolupdyr.
Hawa, “Haýtjana! Eden boluberşim” bilen “Menden zat çykmazyň” arasyny gowja sazlamaly-da. Özüňi ýonup ýörmeli, tä artykmaýçyklaryň aýrylyp mermeriň içinden heýkel çykýança… Ýonmak, agyryly pişe.

Gurbannazar aga öz derejesini bildimikä? Şolam gyzykly.
Özüne “haýtjana, Gurbannazar!” diýdimikä. Belki eştdirmän diýendir?

0
2 Bagabat  
43
Özüňden aýry-aýry zatlary ýazanyňda belli bir derejede razy bolman ýazmak bolsa, mümkin däl. Ýogsa ýazmagam edil hiç hili aýlyksyz, taňryýalkasynsyz, baýraksyz, sagbolsunsyz, gadyrbilmezleriň hatyrasyna zähmet çekilen ýaly bir zada öwrülerdi.
Gadymy grek rowaýatlaryndan çykyp gaýdan “Sizifiň zähmeti” diýlip, atlandyrylýan bimany zähmetiň şertli aňlatmasy ýadyňyza düşdümi?
Zähmetiň manysy nämede?
Elbetde onuň üçin alynjak hak-heşdekde.
Bu ýerde: “hak-heşdek” diýenimde, bu düşünjäň diňe pul manysyny göz öňünde tutmaýaryn. Laýyk ýerinde aýdylan “sagbolsunam”, “berekella-da”, şo işi eden adamyň özünde döreýän kanagatlanmak, lezzet duýgusam...şu düşünjäň içine girýär.

0
3 sylapberdimuhamov  
1428
Sağ boluñ agam. Galamyñyza bereket!!!

0
4 Revo  
484
Magtymgulyny mysal alyp gördüm, köp ýerde sowa geçdi.

Özüne (sözüne) müňkür Magtymguly.
Aý ýok.

Hoş söze ýa-da at-abraýa mätäç Magtymguly.
Aý ýok.

Özünden göwnühoş Magtymguly.
Özüniň iň gowy eserini ýazanda "Haýtjana Magtymguly, Magtymguly, köpeý ogly, sen bola, men bola, özüň bola" diýip gördümikä?! Kanagatlanma duýgusy bilen ulydan demini alyp bir goýberse goýberendir, dünýäsi az-owlak giňese giňändir belki-de, ýöne şondan artyk däldir.

Eseriniň il içindäki haly-ykbaly bilen gyzyklanyp özelenýän Magtymguly.
Meň pikirimçe Magtumguly eseriniň ykbaly bilen dälde, eseriniň adama ýetirýän täsiri we ýüregindäkini ile düşnükli dilde kagyz ýüzüne geçirip bilmesi bilen has köp gyzyklanan ýaly.

Ýazyjy-şahyrlaryň illeriňkä meňzemeýän üýtgeşik içki dünýäleri bar. Olar şol dünýäleriň gözelliklerini adaty dünýä ýaýyp, onuň gözelligine gözellik, röwşüne reňk, garaňkylygyna aýdyňlyk goşmak bilen meşgul. Olar üçin esasy zat şol gözellikler, aýdyňlyklar, röwüşler okyjylaryň ýüreklerinde ýer tutup, olaryň ykballaryna öwrülmekleri, ondan ötrüsi bolsa, bu eýýam olara berilýän goşmaça serpaý.

0
5 Ependi  
284
Možet byt, byt ne možet. Meň pikirimçe, ýazmak kyn zat däl, seriňe gelen pikiri, isle oýlanma, isle şygyr bolsun, isle başga zat. Meselem: Kerpiçden jaý salyp gördüňizmi, ýagny, öz eliňiz bilen? Ýok, diýjegiňiz gümanasyz. Swarka edip gördüňizmi? Ýok. Çilim çekip, ýok o dälläý, başgasyny tapaly diýen bolmalyda. Sygyr, goýun bakyp gördüňizmi? Men bilemok, možet bakansyňyz. Indi, şu taýda näme diýmeli?
Dogry zady diýmeli. Halk şeýlebir suwsady edebiýata welin, çeniň-çakyň däl. Şu wagtam bir işşegä däl, on işşegiň muzduny töläp, halkyň zehinlerini gözleýän kän. Bize edebiýat ýat boldy, nireden okap galkynaly, nädip öseli? Nädip onsoň ýazýan jemgyýet emele gelsin. Esasy zat Kanagat. Kanagat diýen mowzugyňyzam uly täsir galdyrdy agam!

0
6 Bagabat  
43
Durmuşdan zarisowkajyk:

Ýigrimbäş ýyldan soň gullukdaşlaň biri ogluny öýerdi-de, sataşdylar. Toý ýerinde iýdiler-içdiler. Ilkibada hemmesem biri-biri bilen äbede-jüýje. Kelleler birneme sämäp ugransoň, ol-bi zatlaryny mazamlaşmaga başladylar.
-Äý şü-how, meň durmuşymda-ha görülmedigi görde galandyr-how! “Görmedigim görde galandyram” diýjekgä-de, hakyýt: “hemme zady gördüm” diýjek men-ä!-diýip, pataloganatom bolup morgda işleýän gullukdaş, kelläň gyzgynyna, soňuny saýman güpüledi.
-Äý goýsan-aý,-diýip, endam-jany kakan gurbakga ýaly, agajet beýlekisi, oň al-petinden aldy:-ynha, mysal üçin, pýançylykda bolgusyz zat üçin adam pyçaklap, on iki ýyllap türmede oturyp gördüňmi?
Ol aýbogdaşyny gurup oturan ýerinden, göýä: “şony sen etmeseňem men edip gördüm” diýýän ýaly, barmaklary göm-gök tenşekiller (tatuirowkalar) bilen bezelen penjesini dyzynyň üstünde goýdy.
-Ýa-da heleý bolup, çaga dogrup gördüňmi?-diýip, aýaly akuşer bolup işleýän ýene-de bir gullukdaş myňňyldap galdy.
-Maşyn ussasy bolup, aýagyňdan dwitil gaçyp, injigiňi mynjyradansoň, bejermegiň alajyny tapman, kesip aýyrtdyryp gördüňmi?-diýip, maýyp aýagyny kä eýläk süýşürip, kä beýläk goýup, hiç ynjalykly oturyp bilmeýän dördünji gullukdaşam, hüňürdedi.
-Durmuş-da bi,-diýip, hukukçy bolup işleýän bäşinji gullukdaşam gürrüňe goşuldy:-her kim nesibesiniň çeken kesbi-kärinden-ä çörek iýýär, ýazgydynam ýaşaýar. Şoň üçinem kimdir biri beýleki birine: “Sen şuny başaraňok! Inelikge sen pylan zady gaýryp gördüňmi?” diýen soragy bermegi mönçagajyklaryň oýnawajyny ýa-da kakasyny deňeşdiren ýaly bir zat bolýa. Sen druk, maslyk parçalap, nan iýýäň, çagalaňňy ekleýäň. Men adamlara kanuny öwredýän, maslahat berýän. Ýene biri tam ussasy, beýlekisi ömrüni çölde goýnuň yzynda geçirmek takdyry nesip eden... Garaz dünýe giň, ynsan kän, hünär sansyz. Haýsy birini agzajak, hetjiklejek? Ýöne bu diýýänim, seň hünäriňe kembaha garaýandygymy aňlatmaýar. Göräýmäge her kesiňem elinden geljek, aňsatjak zat ýalydyr, eliňe ýitije skalpeli alaga-da, gymyldysyz ýatan, agyryny-ynjyny duýmaýan jesediň garnyny parsa böwsäge-de iç-goşuny çykarybermek... Hemmämiz bolmasa-da aglaba köpümiz malyň damagynam çalyp görendiris, soýubam bilýändiris. Emma ynsan jesedini welin görenimizde ýüzden togsanymyzyň ýüzümiz üç ýuwlan ak esgä dönäýer. Bu dossumyzyň işleýşini dagy göräýsek, şu taýda oturanlaň agramly bölegi saklanyp bilmän gusar ýatar... Diýjek bolýanym, hemme pişäňem, hemme hünäriňem özüne ýetijek, göze görünmeýänje maýdaja, ýöne şol hünärde ussatlyga ýetmek üçin tükeniksiz wajyp zatjagazlary bardyr. Ine şumat, köpümizden goşgy düzmek barada sorasaň, “Goşgy näm-aý? Gerşiň bilen daş daşamak ýa-da jork läbikde ekin ekmek däl. Üç-dört oýnam sözi aldyň-da, seplediň kapyýa. Diýdiň: “Ýandym-ow, köýdüm-ow, söýdüm-ow, doýdum-ow, aýdym-ow...” bolany bor-da” diýip dodak çöwren bolarsyňyz. Emma, onna nämüçin, şygyr düzmek şeýle aňsat bolsa, dünýe Magtymgululardan, Zelililerden, Gurbannazarlardan, Nobatgulylardan... dolup, niräni görseň beýik şahyrlar gyryň daşy ýaly hiç kime gerekmez çaşyşyp ýatanog-aý, hä?!
Bäşinji gullukdaşlarynyň mesaýy geplän bolup, arkaýyn oturyşy, onuň baş-başa-da, jan-jana garpyşylýan dawa-jenjellerde sowukganlylygy saklap, gan duşmanyna dönüberen jedelkeşlerem ýaraşdyrjak bolup çytraşmaga endik edip gidendigini çakladýardy.
Ol äwmän-alňasaman gepläp oturyşyna, ýaňky bu sene-meneliräk gürrüňiň başyny başlan gullukdaşyna äňetdi:
-Senem-aý druk, gaty öz käriňden dawolnyý bolup, ony arşa göterme. Biziň başymyzy jem göreniňe çärýek asyr geçdi. Sen şo ýyllarda biziň haýsy birimiziň nirede, näme bilen meşgullanyp görendigimizi bileňog-a! Pikir edýäň, şu taýda ýeke özüň prozektorhanada pyrlanyp ýörensiň diýip. Hany, gowuja oýlanyp gör bakaly, belki beýle däl bolaýmasyn? Belki, sendenem başga seniň diýýän zatlaryňy görenler, daşa gitmek gerek däl, şu taýda-da tapylaýmasyn... Mysal üçin, men şo geçen ýyllarda kerpiç örüp jaý gurdummy, meýdanda mal bakdymmy, mellekde daýhançylyk etdimmi ýa-da işimiň häsiýeti boýunça kazyýet-lukmançylyk seljermeleriniň sansyzynyň geçirilişine gatnaşdymmy...
...Gullukdaşlar sögüşmediler. Ýa olara soňky aýdylanlar sähel-mähel täsir etdi. Ýa-da olaryň kellelerindäki gyzgynlygyň gradusy sowady. Garaz, toý imi-sala dowam etdi.

0
7 Ependi  
284
Možet byt, byt ne možet. Meň pikirimçe, ýazmak kyn zat däl "ýalydyr", seriňe gelen pikiri, isle oýlanma, isle şygyr bolsun, isle başga zat. Meselem: Kerpiçden jaý salyp gördüňizmi, ýagny, öz eliňiz bilen? Ýok, diýjegiňiz gümanasyz. Swarka edip gördüňizmi? Ýok. Çilim çekip, ýok o dälläý, başgasyny tapaly diýen bolmalyda. Sygyr, goýun bakyp gördüňizmi? Men bilemok, možet bakansyňyz.
Indi, şu taýda näme diýmeli? Dogry zady diýmeli. "Ýazmak - kerpiçden jaý salan ýaly däl eken, ýagny, ýokarky mysallardan haýsyny alanyňda".

@Serdar aga, aşaky tewiriňizi okamda, näme sebäbe görä ýazdyk-a muny diýsem? Asyl günä özümde eken. Dogrusy, şol wagt howlukmaç ýazyldy-da, teksti gaýtalap okajagam bolman goýberipdim, dogrudyr öýdüp. Edil, bilgeşlin ýazylan ýaly bolupdyr. Indem düzedýän ýaly, buda birhili. Kelläni ýaýkap oturan etdi. Bagyşlarsyňyzda! Ýokarky, "goşadyrnak" içindäkiler ýazylmandyr. Türkmen aga "aý, bähbit bolsun" diýen gürrüňi bardyr. Gaýtam, bulam bähbide çekdi. Aşaky tymsalyňyz gaty ýerlikli bolupdyr. Tüýs, döşüne kakýana okadaýmaly tymsal eken. Zametkama belläp alyp goýdum. Käte-käte aýagy ýerden üzmez ýaly, muny okap durmaly. Kanagatyňyza berekella agam!

0
8 Bagabat  
43
Dogry düşünýäniňe minnetdar.
Bujagaz tymsaldaky bolan wakany maňa dostum gürrüň berdi. Hakykatda-da bolan waka. Onsoň "dile geldi bile geldi" diýdim-de, bärde goýaýdym.
Za to, gowy gürrüňçilik boldy. Dostumyň aýdyp beren wakasam, indi meň ýadymdan çykansoň, ýitip gitmez. Sebäbi ýazyldy, köpçüligiň dykgatyna ýetdi, adamlar okadylar.
Käbir adamlar-a hernäçe ýumşaklyk bir zatlar diýjek bolýaň welin, öz pikiri bilen gabat gelmeýän islendik sözi hut şahsy "öz mellegine atylan daş" diýip hasaplaýar-da, dawa-jenjele başlaýar. Şeýle adamlar üçin, adatça, dünýäde pikirleriň diňe iki görnüşi bolýar:
Birinjis-ä ýeke-täk dogry öz pikiri;
Ikinjisem hemme galan adamlaryň pikiri :-).

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]