12:51

Gözli ata zyýarat

GÖZLI ATA ZYÝARAT

Tañla duşmandan-da ystyg[1], adam ogly bol biliñ[2],
Tende bu janlar alamat, bolgusy bäş gün gonuk[3],
Ger iman birle barar bolsañ ajap jaýlar anyk,
Eý, Gul Geda panydan bizary bol, bizary bol.

Gurbany gitdigim, pygamberler öwlady Hasan atanyñ ömür durmuş, din-iman baradaky gyzyla gaplaýmaly hikmetlerini hakydamda aýlap, pikir derýasyna gark bolup otyryn. Ýol uzak bolansoñ, böwrüñi diñlemäge, taryha teşne adamlar bilen söhbetdeş bolmaga wagt näçe diýseñ wagt bar. Onda-da Gözli ata ýaly taryhda, türkmen halkynyñ durmuşynda öçmejek yz galdyran şahs barada. Ol, dogrudanam, ýatlanyña, ölçerip-dökeniñe degýär. Onuñ ömür beýanynyñ, rowaýatlarynyñ manyly-mazmunly gurşunly kenek ýaly hikmetleriniñ bolsa çykma ýok. Ol peder dowamy, dowamat-dowam. Goja taryhda ýaşap, ömür süren Gözli ata ýaly taryhy şahslaryñ ýerleri heniz-henizlerem baş bolup dur. 110 ýaşan Gözli atanyñ, 80 ýaşan Aksil apanyñ topraklarynyñ tartan ýerleri, XII-XIII asyrlara degişli keramatly mazarlar, bol suwly täsin syrly guýular, ýykylyp weýran bolan metjit, Gözli atany öz penasynda saklap, köp hupbatlary gören dag gowaklary, al ganyñ sil bolup akan ýerleri heniz-henizlerem göz öñünde janlanyp dur. Köp ýyllaryñ dowamynda bu mekana, Gözli atanyñ nazary düşen topraga adam aýagy sekmedi diýsek öte geçmesek gerek. Bu mukaddes gonamçylyga barýan ýol-ýodalara ot-çöp basyp gidipdir.
Her niçik-de bolsa, türkmeniñ çöregi bitin eken. Gözli ata kimin nijeme taryhy şahslaryñ tirsegine galjak zamanasy hem geldi. Nesilbaşy bilen ondan ösüp-örñän ulus-iliñ arasyndaky böwet ýykylyp, "hylwat ýaragyn kylgujy, nesline tälim bergujy, dyrnakda elen görgüji" Gözli ata külli türkmeniñ iñ uly tireleriniñ biri bolan ata tiresiniñ Mekge-Medinesine öwrüldi. Bu mukaddes ýere gelip-gidýän zyýaratçylaryñ bolsa yzy üzülmeýär. Olaryñ içinde döwletimiziñ çäginden daşardan gelýän zyýaratçylaram bar.
- Ara daş bolsa-da ýürek ýakyn - diýip, Lebap welaýatynyñ Darganata etrabynyñ "Watan" daýhan birleşiginden gelen Sapargylyç Hojaýew özüniñ içki begenjini şeýle beýan etdi. - Ata Watanyñ, ene topragyñ gadyry, mähir-muhabbeti bir başga bolýar. Bu ýerleriñ nähilidir bir gudratly dartyş güýji bar. Muny men öz durmuşymda göre-göre gelýärin. Aslymy sorasañ, men Durdy şyhyñ ogly. Gurt şahyryñ neberelerinden. Onuñ Allanazar, Hojanazar atly ogullary bar. Ana, şol Gurt şyhyñ özi ogullary bilen totalitar düzgüniñ, sowet ideologiýasynyñ "deminiñ daş ýarýan" wagtlary ogryn-dogryn Gözli ata gonamçylygyna gelip, ol ýerde haýyr-sahawat işlerini geçiripdirler. Olar Darganata ýaly ýerden düýeli gaýdyp, bir ýyla golaý Gözli atada işleýärler. Guýy gazmak musulman bendesi üçin parz iş hasaplanylýar. Daş-töweregi kert gaýaly dag gerişleri bilen gurşalan daşly ýerde guýy gazyp, suw çykarmak ýeñil düşmeýär. Olar esasan gündizlerine gizlenip, agşamlaryna hars urup işläpdirler. Olaryñ allaowaralardan gelip, hars urup işleşip ýörenlerini görüp, üstlerinden gülen adamlaram bolupdyr. Guýuçylar bolsa: "Gözli ata, Baba Selman şypa ber" diýip, gijelerini gündiz edip zähmet çekipdirler. Ýer gazmakdan halys surnugan Gurt şyh guýynyñ başynda çalaja ymyzganýar. Şol bada-da Gözli ata düýşüne girýär. Ol özüniñ hasasy bilen Gurt şyhyñ böwrüne dürtüp, şeýle diýipdir: "Tur, zähmetiñ ýerine düşdi. Allanyñ emri bilen guýyñdan suw çykdy. Özem süýji suw".
Gurt şyh gözüni açyp görse, dogrudanam, guýydan buz ýaly sowuk süýji suw çykypdyr. Gurt kakanyñ aýtmagyna görä, bu ýerde ýedi-sekize golaý guýy bolupdyr. Wagtyñ geçmegi bilen şol guýylaryñ köpüsi gömlüp, olaryñ diñe biri galypdyr. Onuñ tükenmez bol suwy bolup, özüniñem keramatly syrlary bar eken. Mus-muslap oturman, men saña şol guýy bilen baglanyşykly rowaýatlaryñ birini gürrüñ bereýin.

Tomsuñ depäñi deşip barýan jokrama yssy günleriniñ birinde iki-üç süri goýun bir bada guýa inýär. Her kimiñ öz sürüsini ilki bilen suwa ýakasy gelýär. Munuñ soñy dawa-jenjele direýär. Mallar yzzan-da-çuwwan bolýar. Çopanlaryñ biri suw çekmek üçin gowasyny guýa goýberende ol guýynyñ düýbüne patlap düşýär. Bu ahwalata geñ galan çopanlar toba gelip, mallaryny ýygnap, gezekli-gezegine suwa ýakýarlar welin, guýynyñ suwy tükener ýaly däl diýýär.

...Biziñ münüp barýan maşynymyz Jebel posýologyny yzda galdyryp, heññam deý goja Balkanyñ bir gapdalyny syryp, külli türkmeniñ gadymy siwilizasiýasynyñ mesgenine sary zymdyrylyp barýar. Durmuşyñ ajysynam, süýjüsinem deñ derejede gören dilleri senaly ýaşulularyñ berýän täsirli gürrüñleri, Gözli atanyñ many-mazmuna, filosofiki pikirlere, din-imana ýugrulan hikmetleri bolsa ýadaw göwrelere teselli, medet berýär:

- Garaälem ata, ýa Halatnebi,
Gözli ata, Baba Selman şypa ber - 

- diýip, magtymgulyşynas Aşyrmämmet Hasmämmedow tolgunmak bilen söhbet açýar.
Külli türkmeniñ pederi Magtymguly atamyzam başyna müşgil iş düşende welileriñ welisi bolan Gözli atadan medet sorapdyr. Gözli ata, dogrudanam, iññän kyn, müşgil işleriñem dogruçyl çözgüdini tapýan, Hakdan içen weli bolup taryha giripdir. "Medinede Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet" adyny alan, meşhur Hoja Ahmet Ýasawy öz şägirdi barada şeýle ýazgy galdyrypdyr:

"Muhun ata, onuñ ogly Hasam ata. Bu kişi tarypat babynda müşgil işleri çözdi. Bu sebäpden muña Gözli ata at goýdular".

Görşümiz ýaly, Hasan atanyñ adynyñ ulus-il tarapyndan "Gözli ata" diýlip tutulmagynyñ, külli türkmeniñ oña sygynmagynyñ añyrsynda giden bir hakykat, döwrüñ, taryhyñ synagyndan geçen inkär edip bolmajak taglymat ýatyr.

- Gözli ata dyrnagynda älem gören kişi - diýip, köpi gören ýaşuly zyýaratçylaryñ biri gürrüñ berdi: - Onuñ gözüniñ, eliniñ gudraty barada il arasunda dürli rowaýatlar bar. Pederlerimiziñ güwä geçmeklerine görä, galmyklaryñ ymgyr köp goşun sürüp ýetip gelýändigini ilden öñünçä iki adam bilipdir. Şolaryñ biri-ä Maşat ata, beýlekisem gurbany gitdigim Gözli ata bolupdyr. Maşat atanyñ beýik diñiñ üstünde gama gark bolup oturanyny gören Misserian ata oña aşakdan habar gatypdyr.
- Näme aýaklaryñy sallap otyrsyñ. Aýaklaryñy ýygna ahyry.
Ýer süýşen ýaly bolup gelýän duşmana nazary düşen Maşat ata akly haýran bolup oturan ýerinden oña şeýle jogap beripdir:
- Men-ä aýagyny ýygnaryn welin, sen yzyñy ýygnap bilseñ.
Gözli ata bolsa älem-jahany ýykan-ýumran edip gelýän galmyk goşunlaryny dyrnagynda görüp, olara gaýtawul bermegiñ aladasy bilen bolupdyr.

Biziñ münüp barýan maşynymyz Goşapba obasyny yzda galdyryp, eliñ aýasy ýaly tekiz düz meýdanyñ gutarýan ýerinde saklandy. Bu ýeri beýik bolansoñ, şosse ýoly egrem-bugram bolup dik aşak inýär. Ho-ol aşakda, gyzylymtyl, gögümtil gaýaly oý meýdan - Gözli atanyñ nazary düşen, añyrsy-bärsine göz ýetmeýän giñ meýdan alyslara uzap ýaýylyp ýatyr. Tomsuñ yssysyna garamazdan, sähranyñ sergin şemaly ýüzûñi ýelpäp geçýär. Hemmeleriñ nazary şol oý meýdanda, gudraty güýçli Gözli atanyñ daban yzlarynyñ galan ýerinde eglenýär. Bu wagt şeýle mähriban, mukaddes topraga tagzym etmäge, özlerinin nesil borjuny berjaý etmäge gelýän zyýaratçylar, gör, nähili duýgulary başdan geçirýändirler. Şol duýgulary, çäksiz buýsanjy, peder pendine, Watana, ene topraga wepalylygy, garaşsyzlygymyza bolan ummasyz söýgini, ygrarlylygy beýan etmäge bolsa şahyrana söz gerek. Şol minnetdarlyk duýgusy köñül nagşy bolup, her bir zyýaratçynyñ ganynda, añynda aýlanýan bolsa gerek. Bu pursat her kimiñ teşne kalby geçmişe galtaşyp, Gözli ata ady bilen hemmä belli bolan Hasan sopudan ruhy goldaw, medet alýar. Şeýle ýagdaýda adatça özara söhbetdeşlik tamamlanyp, ara dymyşlyk düşýär. Bu gezegem şeýle boldy. Ýöne dymyşlyk uzaga çekmedi:
- Bu ýerler Gözli atanyñ nazarynyñ düşen ýerleri - diýip, hälki ýaşuly ýylan kimin towlanyp, dik aşak inýän asfalt ýola elini salgap gürrüñe başlady. - Aýdyşlaryna görä, galmyklar şu ýerden aşak inipdirler. Balkan ili muña "Galmyk ýolam" diýýär. Gözli atanyñ topragynyñ dartan ýerem bu ýerden gaty bir uzakda däl. Aşak inip, saga aýlanan ýeriñde Ybyk ata-da bolmaly. Omar atany-ha biz ýol ugruna görüp gaýtdyk. Garasaý, Gözli ata öz ogullary bilen golaý-goltumda ýaşanyny kem görmändir. Üns berip seretseñiz, onuñ ýaşan ýeriniñ daş-töweregi iññän uly goranyş ähmiýeti bolan ululy-kiçili dag gerişleri bilen gurşalandyr. Bularyñ ählisi Gözli atanyñ harby söweş tälimlerinden oñat başynyñ çykýandygyndan habar berýär.
Gözli ata, dogrudanam, uzakda däl eken. Türkmenbaşy-Gyzylgaýa asfalt ýolundan saga sowlup, belent gerişleriñ birine çykanymyzda aşaky oýda tegelek gümmezli "Pygamberler öwlady" - Gözli ata metjidi göründi. Bu ýerde - bu mukaddes toprakda uzak ýerden aryp gelýän zyýaratçylary - Gözli atanyñ nesillerini Türkmenbaşy etrabynyñ Gürji, Ybyk, Awlamyş, Goşaoba obalarynyñ ilaty uly hormat, duz-çörek bilen garşyladylar. Gelenleriñ arasynda diñe bir Türkmenistandan däl, eýsem gaýry döwletlerdenem myhmanlaryñ bolmagy Gözli atanyñ belent tutulýandygyndan, onuñ peder pentleriniñ gyşarnyksyz berjaý edilýändiginden nyşan.
Bu ýerde iki zat adamlaryñ ünsüni özüne çekýär. Olaryñ biri-hä geçmişden miras galyp, biziñ şu günlerimize gelip ýeten Gözli ata guýusy, beýlekisem arap arhitekturasyna laýyk edilip gurlan metjidiñ uzaklardan seleñläp görünýän bäş sany gök gümmezi. Bu iki mukaddes zadyñ - guýy bilen metjidiñ özboluşly simwoliki manysy, nähilidir bir gudratly güýji bar. Şol guýynyñ janyña melhem berýän buz ýaly suwundan içýärsiñ welin, nepesiñ durlanyp, özüñi ýeñil duýýarsyñ. Göwnüñe bolmasa, Gözli atanyñ ykbaly dartan mukaddes topragyñ jümmüşinden syzyp çykýan "janly" suw seniñ emer-damarlaryña ýaýrap, kalbyña teselli berýän ýaly bolup dur. Aýdyşlaryna görä, bu guýynyñ suwuna gutarma ýokmuş. "Iýen-içeniñ özüñki, gören-eşdeniñden habar ber" diýilşi ýaly, men Gözli ata zyýarata baran adamlardan eşiden zatlarymyñ gylyny gymyldatman size gürrüñ bermegi müwessa bildim.

■ Sopy synagynda

Hoja Ahmet Ýasawy öz sopularyny talapkär nazaryndan sypdyrmaýan eken. Olaryñ her biriniñ ukybyna, akyl-huşuna, zehinine, iş başarjañlygy boýunça baha beripdir. Bir gezek ol öz sopularynyñ ukybyny barlamak maksady bilen özüniñ hasasy bilen öýüñ tüýnüginden zyñyp goýberipdir. "Meniñ hasamy alyp geliñ" diýip, sopularyna ýüzlenipdir. Sopularyñ Gözli atadan özgesi ylgaşyp gidipdirler. Emma hasany tapyp bilmän, boş gelipdirler. Ýerinden gozganman oturan Gözli ata bolsa: "Pirim, siziñ hasañyz bäri-bärde ýok. Ol baryp-ha Balkan daglaryndan aşdy" diýip jogap beren.
- Hasanyñ düşen ýeri seniñ mekanyñ bolar - diýip, pir Gözli ata ak pata berip ýola salypdyr.

■ Ata synagy

Gözli ata günleriñ bir güni ogullarynyñ akyl-huşuny synap görmek maksady bilen günorta çaglary daşarda ýalañaçlanyp ýatypdyr. Onuñ ogullary Nur, Omar, Ybraýym öýde ýok eken. Ilki kiçi ogly gelýär. Kakasynyñ bolup ýatyşyny görüp, gülmäge başlapdyr. Ortanjy ogly doganyna käýäp, kakasynyñ üstüni ýapypdyr. Uly ogly kakasynyñ gündiziñ günortany daşarda bolup ýatyşyny görüp, doganlaryna käýäp, kakasyny göterip öýe salypdyr. Şonda Gözli ata oglunyñ ulusyna: "Tüweleme, sen il ogly bolarsyñ" diýipdir. Ortanjy oglunyñ hereketinem oñlan, kiçi ogly Ybraýyma bolsa şeýle diýipdir: "Sen ulalañda agalañdan terse gidersiñ" diýipdir. Aýdyşy ýaly, Ybraýymyñ nesli Eýranda ýaşaýar.

■ Ýol ýitse-de, ýordam ýitmesin

Gözli atanyñ üç oglundan başga-da Aýsuluw, Akbibi atly ogul ornuny tutýan gyzlary bolupdyr. Ol gyzlaryny örän gowy görer eken. Ol gyzlarynyñ mert ýoldaşlarynyñ bolmagyny arzuw edipdir. Gözli ata bir gün Akbibini ýanyna alyp, gum içindäki guýylaryñ birine mallary suwa ýakmaga ugrapdyr. Bular düýäni zola goşup, gowa bilen suw çekmäge başlaýarlar. Düýe guýa golaý gelende onuñ iki aýagy çukura gaçýar. Gözli ata gyzy bilen onuñ aýaklaryny çykaryp bilmeýär. Şol wagt goñşy oba geçip barýan ýigit olaryñ ýanyna gelýär. Ol düýäniñ aýaklaryny bat bilen çekýär welin, düýe honda düşýär. Pälwan ýigit Gözli atanyñ, onuñ gyzynyñ göwnüne ýaraýar. Şonda Gözli ata: "Don bersem tozar, mal bersem ýiter" diýip, Akbibini oña bagyş edýär. Ýol ýitse-de, ýordam welin ýitmeýär. Şol ýigit Gerkez Gäbe eken.
- Şol pälwan ýigidiñ asly gerkezli bolmaly - diýip, Magtymgulynyñ Gerkezdäki muzeýiniñ işgäri Aşyrmämmet Hasmämmedow rowaýata özüçe düşündiriş berýär. - Deşlek, peşeneli pyýada bolansoñ Gäbe lakamyny alypdyr. Görşüñiz ýaly, gerkezliler ata türkmenleriniñ ýegeni bolup çykýar. Magtymguly-da öz wagtynda Gözli atanyñ mazaryny görüp, oña tagzym eden adam. Gözli atany görmek, onuñ mazaryna Magtymgulynyñ ýatan ýerinden getirilen bir gysym gumy sepelemek bagty maña-da miýesser etdi.

■ Pir keramaty

Galmyklaryñ gyrgynçylygy golaý-goltumdaky türkmenleri bir ýere - Gözli atanyñ töweregine ýygnanmaga, ondan medet dilemäge mejbur edýär. Şol oýtak ýer mähelleden ýaña hyryn-dykyn dolýar. Ol uzak wagtlap dumana duwlanyp, adamlary öz penasynda saklaýar. Paltasy daşa degen galmyklar dumanyñ bäri-bärde sowulmajakdygyna gözleri ýetip, dag gerişleriniñ bir ýerinden atlary bilen özlerini oýtaga oklaýarlar. Olaryñ köpüsi dagdan togarlanyp, gaýdyp heläk bolýarlar. Aman galanlary bolsa ýerli ilat bilen söweşe girýärler. Şol ene toprak, erkinlik ugrunda bolan söweşlerde Gözli ata-da, Aksil ene-de mertlerçe wepat bolýar.
Galmyklaryñ kert gaýadan inen ýeri "Galmyk agyz" ady bilen köplere bellidir. Şol ýerden aşak inen ýeriñde ýerli ilat tarapyndan dag daşlaryndan edilen berkitmäniñ harabaçylygy bar. Onuñ adam sygýan iki sany deşigi bolup, ol ýeriñ aşagyna gidýär. Şol berkitmedäki daşlaryñ birinde adam penjesiniñ yzy galypdyr. Egrem-bugram arap elipbiýi boýunça daşyñ ýüzünde galdyrylan sözler wagtyñ geçmegi, ýeliñ-ýagmyryñ täsiri bilen ýiteñkirläpdir. Bu ýerde her bir daş, her bir ýol-ýoda geçmişiñ syrly taryhyndan, pygamberler öwlady Gözli atanyñ ömür beýanyndan söhbet açýar. Bu ýerden uly-kiçili ýol-ýodalar çar ýana uzap gidýär. Olar bir ýa-da iki däl. Olar sanardan kän... Kemal ata, Awlamyş ata, Ybraýym ata barýan ýollar...
- Muña-da "Käbe ýoly" diýilýär - diýip, bu jelegaýlara bäş barmagy ýaly belet Agöýli aga bize täsin bir syrly ýoly görkezýär:
- Bu ýol Gözli atanyñ gudraty bilen döränmiş. Rowaýata görä, Gözli ata Aksil ene bilen Käbä baryp gelmek üçin ýola düşýärler. Şonda Käbäniñ özi: "Azara galmañ. Ynha, men Käbe" diýip, olaryñ golaýyna gelenmiş. Şeýle täsin gudrat bilen dörän tebigy zatlar Gözli atada näçe diýseñ bar. Gözli atanyñ penalan dag gowaklary diýermiñ, guýylary diýermiñ...
Agöýli aga mamla. Çig süýt emen musulman bendesi öñde-soñda Gözli ata ýaly gudraty güýçli eždatlarymyza sygynypdyr. Garaşsyzlyk gazanylandan soñ-a Gözli atanyñ sarpasy hasam belent tutuldy we tutulýar. Bu il-döwlet bähbitli işe ilkinji gezek Gulberdi Hojamämmedowyñ ýolbaşçylyk edip başlan "Gözli ata" haýyr-sahawat jemgyýeti özüniñ saldamly goşandyny goşup geldi. Hut Gulberdi aganyñ ýadawsyz tagallasy bilen 1996-njy ýylda bu ýerde ini 12, boýy 30 metr bolan "Gözli ata" metjidi ulanylmaga berildi.
- Metjit araplaryñ proekti boýunça bina edildi - diýip, Gulberdi Hojamämmedow guwanç bilen gürrüñ beripdi: - Arabystanda zyýaratda bolanymda şol ýerdäki ady belli metjitleriñ naýbaşylaryny synlap, olaryñ içinden iñ oñatlarynyñ birini saýlap aldym. Şol proekti oglanlar oñlap, ak pata berdiler. Haý diýmänem haýyr işe - metjidiñ gurluşygyna girişdik. Görşüñiz ýaly, garaşsyzlygyñ bäşinji ýylynda şol metjit doly taýýar edilip, ilkinji zyýaratçylary kabul etmäge başlady. Başga-da etsem-goýsamlarym ýok däl. Nesip bolsa, goñşy obalaryñ birinden Gözli ata elektrik toguny, suw turbalaryny çekmegiñ üstünde işleýäris. "Ýekäniñ çañy çykmaz" diýlişi ýaly, bu işde bize önümçilik kärhanalary, firmalar ýakyndan kömek berýärler.
"Gözli ata" haýyr-sahawat jemgyýetiniñ öñünde durýa esasy wezipe şol taryhy, legendar şahsyñ ömür beýanyny, bize goýup giden ummasyz mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmekden, ony öñküsi ýaly halka gaýtaryp bermekden, ulus-iliñ arasynda haýyr-sahawat işlerini geçirmekden ybarat bolup durýar. Dürli wezipelerde, dürli ýerlerde işleýän, özleriniñ ömrüni Gözli ata baglanyşdyran adamlar biziñ haýyr-sahawat jemgyýetimiziñ agzalary bolup durýarlar. Olardan alym, ataşynas Sabyr Orazguly oglunyñ (Sabyr Arazkulyýew) Gözli atanyñ nesil daragtyny, onuñ baý mirasyny öwrenmekde, onuñ geçmişini dogruçyl beýan etmekde alyp barýan işleri hemmeler üçin nusga alarlykdyr.
Zyýaratçylaryñ arasynda ata tiresiniñ nesil şejeresine şol Sabyr Orazguly oglundan beledi ýok eken. Sabyr aganyñ Gözli ata barada berýän täsirli gürrüñlerini diñläniñde onuñ bu babatda köp çorba sowadandygy, basa oturyp işländigi mese-mälim bildirip dur. Ol Gözli atanyñ neberelerine, onuñ geçmişine bäş barmagy ýaly belet. Şonuñ üçin bolsa gerek, oña il arasynda "janly ensiklopediýa" hem diýýärdiler. Ol şeýle adam mynasyp adamdy. "Inim, biziñ aslymyz arapdyr" diýip bir başlaýardy welin, taryha teşne adamlary "ýüpsüzje" dañyp goýaýardy. Şol gezegem şeýle bolupdy. Agşam şamy sowulansoñ, Sabyr aga gök çaýy öñüne alyp, zyýaratçylary daşyna üýşürip, tomus gijesiniñ patrak ýaly sansyz ýyldyzlarynyñ astynda Gözli atanyñ ömür beýanyny sözlär boldy. Ol gör, bak, nämeleri diýipdi:
- Hasan sopynyñ añyrsy araplaryñ kuraýyş tiresinden bolmaly. Taryhyñ güwä geçmegine görä, kuraýyşlardan tanymal adamlar çykar eken. Öz bilşiñiz ýaly, Gözli ata-da bihal adam bolmandyr. Bu barada Gözli atanyñ hikmetlerinde, halkyñ arasynda giñden ýaýran rowaýatlarda, Durdy şahyryñ, Kuraýyş lakamly Nedir şahyryñ, Misgingylyjyñ goşgularynda birin-birin aýdylyp geçilýär. Bularyñ ählisi birigip bir obrazy - Gözli atanyñ obrazyny göz öñünde janlandyrmaga, aslyña, nesliñe täzeden nazar aýlamaga mümkinçilik berýär.

Sözledi Misgingylyç, bir gizli yşgyñ odyýam,
Yzlaýyr men elmydam, Hak emriniñ saýýadyýam,
Kalby mümkin hak mekany mülküniñ paşadyýam,
Jetdim ol Gözlük ata, pygamberiñ öwladyýam,
Zaty päk, aslym kuraýyş, nesli Osman, eý köñül.

____________________________________
[1] Ystyg - ertir duşmanyndan golaý.
[2] Bilik - bilimli.
[3] Gonuk - gonak, myhman.

Toýjan BORJAKOW.

Категория: Ýol ýazgylary | Просмотров: 1117 | Добавил: Нawеran | Теги: Toýjan Borjakow | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Ýol ýazgylary bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 jumagylyjovao  
88
Taryhdan, durmuşdan,din-imandan, terbiýeden, akyl-paýhasdan söz açýan ajaýyp ýol ýazgysy.  Mukaddes, gudratly ýerlere zyýarat edeniňden soň, şeýle bir giňeýärsiň, göwnüňe özüň tutuşlygyňa üýtgän ýaly bolýarsyň.Keramatyny görkezip giden Pirler edil ruhuňy, kalbyňy, pikirleriňi, duýgularyňy bejerýän lukman ýaly seni durşuň bilen päkleýärler.

0
2 Mahirlije  
242
Örän gowy mowzuk şunuñ ýaly keramatly yerler pirler barada kopräk mowzuk acylsa govy boljak höwäs bilen okayarys.Eliñize güller bitsin.Ak işanjanyñ rowayatlaram bar bolsa nahili zyyarat yer maglumat berseñiz sol barada mowzuk acsanyz ginisleyin coh hosal bolardyk doganjan.Sagboluñ.Allajan razy bolsun!

0
3 Akmuhammetbay  
831
Gudartly ýerler, täsin ýerler, Taňry ýalkasyn agam, ömrüň bolsun !

0
4 Sergezzan  
707
Kim okayjy etdi meni?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]