23:25 Gudrat diýip hasap edýäs wagty biz | |
GUDRAT DIÝIP HASAP EDÝÄS WAGTY BIZ
Goşgular
![]() Ýene geçip gitdi bir gözel bahar, Ýene tomus alyp gitdi yssysyn. Dökdi ýapraklary ýene-de bir güýz, Dyş döretdi turbalaryň tüssesin. Günlere ýugrulan gözellik bilen, Ýene geçip gitdi bir ajaýyp ýyl. ...Çynmy ýa ýalanmy gadym eýýamda, Her gezek gün ýaşsa ýaýrarmyş dowul: Geçdi, diýşip, ömrümiziň bir güni, Aglar eken gara günli bendeler. Şeýdip, her gününi garyp ömüniň, Geçiripdir bagry ganly bendeler. Gün üçin däl, Ýyl üçinem aglamzok! Gudrat diýip hasap edýäs wagty biz. Her günüň ýeterlik aladasy bar, Ýok, ýok biziň aglamaga wagtymyz. Geçer gözel günler – gudratly günler, Geçer gözel gözel ýyllar – gudratly ýyllar. Ýyllar nesilleri täzelär durar, Nesiller ýyllary täzelär durar... “Edebiýat we sungat” gazeti, 01.01.1966 ý. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |