18:10 Guwanç | |
Guwanç
– Söýdügim, haladygym Garagöz balajygym! Gözlerini güldürer, Galdyryp gabajygyn. Özi ýuwar öz elin, Aş iýen tabajygyn. Elleri çeper bolar, Dilleri şeker bolar. Kitap bolar oýnagy, Süýdümiziň gaýmagy. Enesiniň goldawy, Guzym, gumrym, guwanjym! Diregim hem daýanjym! Her gezek enesiniň Ýumşuny bitirende, Getir diýen zadyny Ylgapjyk getirende, Söýýär ony enesi: «Mähek daşym, Mähegim, Gulpajygy ýüpegim!» Diýýär oňa enesi. Gurbandurdy ORAZOW # Çagalara degişli 2-nji goşgy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |