09:49 Gyş paslynyň ak sowgady | |
GYŞ PASLYNYŇ AK SOWGADY
Güýz paýawlaberende, enem pahyr miwelerden, ir-iýmişlerden ullakan gazanda toşapdyr mürepbe gaýnadardy. Bizem çür-çülpe çaga bolup gazanyň daşyndadyrys. Enem ullakan kepgir bilen gaýnap duran gazany bulap durşuna, wagtal-wagtal bize gatyrganardy: — Gazanyň daşynda kebeleklemäniňizde, oýnamaga başga ýer tapan dälsiňiz. Görýäňiz-ä, ulularyň işlidigini! «Gara gyş» gelýär. Bu zatlardan wagtynda ýüküňi tutmasaň, soň hezil bermez. Enemiň bu sözleri çaga aňymda saklanyp galypdyr. Her gezegem gyş gelip, ilkinji gar ýaganda, men ap-ak bolup ýatan dünýeden «gara gyş» jümlesiniň manysyny gözlärdim. Gyş pasly meniň üçin hemme wagtda-da akja gary, aýazyň gijelerine aýna çekýän täsin nagyşlary, öýleriň üçeginden asyl-asyl bolup sallanyp duran buz bölekleri bilen orun aldy. Gün çykaýdygy damýan tämiz damjalara eliňi tutarsyň welin, ýokardan gaýdýan damjanyň aýaňda gursagyny ýaryşyny synlap doýmazdym. Ejem şunçalar tabşyryp-tabşyryp goýberse-de, mekdebe barýançak, «ýoljagazyň üstündäki köljagazlaryň» ýüzünde doňan ýukajyk buzuň ýekejesinem sypdyrmazdym. Ylgap, buzuň üstüne bökersiň welin, buz edil aýna ýaly döwüler. Seniňem özüňden göwnüň hoşdur, aýagyňdan suw geçip jorabyň öl-myžžyk bolanyny öýe golaýlabereňde ýatlarsyň. Bu zatlary ululardan gizlejek bolup, derrew pejiň başyna geçip öl jorabyňy çykaryp bir çüňkde gizläpjik goýarsyň. Irden gözüňi açarsyňam welin, düýnki jorabyň ýene-de tämizjedir, hamala bir perişde joraplaryň hemmesini ýuwup, kindiwanja köwüşleriňi ýalpyldaýança ýaglap goýan ýalydyr. Diýmek, gyş täsinlikleriniň ýene-de bir gününe başlabermelisiň. Hezillik! Ýylyň pasyllarynyň hersiniň özüne ýetik ýakymy bar. Gyşda welin açylmadyk kän syr bar. Aýaz nirede ýaşaýar?! Ol tomusy nirede geçirýär?! Garly bulutlary asmandan kim kowalap getirýär?! Elbetde, gar tozgajyklarynyň bu täsin hereketine howa akymlarynyň, aýazly şemalyň sebäp bolýandygyny bilýäris. Çagalykda welin şol sowallaryň jogabyny tapmazdyk, onsoň düşündir-dä, düşündirip bilseň! Bir zat welin hak. Gyş pasly meniň üçin hemişe-de ajaýyp Täze ýyl baýramynyň paslydyr. Aga-gara düşünip başlanymdan beýläk, ol kalbyma Güneş ýaly tegelek, ýyly hem tükenmez ýakymly, ilkinji dilimjigini agzyňa salan badyňa diliň üstünden jenneti tagam bolup ýaýraýan pyrtykal miwesiniň ysy bolup ornady. ...Ýyllara salym barmy?! Olaryň badyna badak saljak gümanyň ýok. Ýöne iň ýakymly ýatlamalar bizi adaty ömürden has uzak ýaşadýar. Bizi gözelliklere bolan teşnelik öz erkimize goýmaýar. Gözellikler görer gözüňi ýagtyldýar, göreçleriň ýüzünden ýyllaryň gubaryny ýuwýar. Gyş paslyna bu babatda goşa paý berlipdir, muňa sözsüz ynanýaryn. Ýene-de gyş geldi. Dünýäler aklyk, älemler päklige bürenip ýatyr. Baglary diýsene! Aýaz aga özüniň ussat galamy bilen olaryň her şahajygyny yzarlapdyr, birinem unudaýmandyr. Gyraw dürleriniň her zerrejigine müň bir uçgun gonupdyr. Owadan paýtagtymyzyň ugrunda zähmetsöýer bagbanlaryň gujurly gollary bilen döredilen gülzarlyklary görmäge göz gerek. Olarda saklanyp galan birlän-ikilän gül-gunçalar ilki terliginde doňup galypdyr. Aňzakly aýaz aga olary ýowuzlyga dözmedik bolmaly, gözelligiň güýjem şonda-da! Al ýaňagyndan aýaz ogşan bägüller juwan gözellere çalymdaş bolup, uýaljyrap dur. Gözel Diýarymyza gyşyň ak aýazlary hem aşyklyk bilen gelýän bolmaly. Bu ýakymly duýgy gözüň düşen ýerinden syzylyp dur. Ýöne has uly täsinlik gije başlanýar. Gijäniň mahmal tümlüginde ak paýtagtymyzyň iň owadan künjeklerinde, giňden göni köçeleriniň ugrunda asmandaky ýyldyzlara «gaýra dur» diýýän görkana yşyklaryň ýüzlerçesi, müňlerçesi birbada ýanýar. Olar syrdam boýly agaçlaryň, köşki-eýwanlaryň synasyny hem daş-töweregini özüniň jadysy bilen gurşap alýar. Bu yşyklary synlamakdan hijem ýadaňok, sebäbi olar her bir öýe iň arzyly baýramçylyklaryň biri bolan Täze ýylyň ýetip gelýändigini buşlaýar. Tämiz gyşyň ilkinji mübärek gadamlary eziz topragymyza akja gary bilen geldi. Gyrawa beslenen agaçlaryň gyş nagyşlaryna döredijilik ylhamy gonupdyr. Eliňe galam alyp, olardan iň owadan söz aýlawlaryny, ganatly meňzetmeleri göçüribermeli. Hakyky gözellik, ine, şeýle sahy bolmaly! Çünki bu pasylyň zanny päklige eýlenen. Bagtyýar durmuşymyzyň her güni, sagady, pursady bize Aýazbabaly, Garpamykly, ertekili hem süýjülik sowgatly Täze ýyl şüweleňini bagyşlaýar. Baýramçylyk jadysyna garaşmak duýgusy her bir adamyň gursagynda orun alyp, göreçlerinde ýagty şatlyk hem ýagşy umytlar bilen şugla saçýar. Arkadagly zamanamyzda bolelin ýaşaýyş dowam edýär. Adamlar ak bazaryň bolçulyk hatarlaryna aýlanyp, öz sebedine göwün tutan harydyny salýarlar. Munda Günüň parçasy, gyşyň göwheri, ýazyň ýalkymy, aýazyň hoştap terligi bar. Aýazbaba bilen Garpamygyňam bu günler iş-aladasy ýetik. Olar tämiz buşlukçylary — gardyr aýazy, gyrawdyr aňzagy, müňläp-müňläp toý yşyklaryny bize ýollapdyr. Olar her bir döwletli törüň, her bir ylhamly kalbyň gapysyny kakyp, toý habaryny söýünjileýärler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |