17:24

Hukuk sorag-jogaplary – 1: Ýaşaýyş jaýyny sowgat etmek, satmak hakda

Категория: Hukuk maslahathanasy | Просмотров: 607 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Hukuk maslahathanasy bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 17
0
1 Haweran  
411
Agam, kiçigöwünliligiñ bilen, saýta girýän, sorag berýän her bir agzanyñ sowalyna işiñ daşyndan sypynyp wagt tapyp jogap berýäniñ üçin ähli agzalar-okyjylar bolup näçe minnetdarlyk bildirsegem az bolar. Diñe gyzykly eserlerdir makalalaryñ b.nem saýt ü.n hiç birimiziñkiden artyk bolmasa pes iş edeñzok. Beýik Allatagaladan bu edýän uly hyzmatyñlaryñyz ü.n jogapkärli işiñizde, durmuşyñyzda, döredijiligiñizde uly-uly üstünlikleri, rowaçlyklary ýar etmegini dileg edýärin. Ömrüñiz uzak bolsun!

0
2 Bagabat  
43
Sag bol. Bile ýalkasyn.
"Kilçerýä" diýme. Ýöne, çagalykdan bir tymsal gulagymda galypdyr:
"Dünýäde iň peýdasyz kişi kimdir?
Bilýänini özgelere öwretmeýän alymdyr".
Ýöne, pesgöwünsiremek däl, gara çynym, ýene-de bir zat aýdaýyn: "Özüni alym hasaplaýar-ow!" diýmersiňiz diýip umyt edýän.
Ine, halypam Tagan aga (Taganmyrat Goçyýew) hakyky alym. Ýene-de bir halypam Ata aga (Ata Eýeberdiýew) alym. Dostum Aýdogdy (Aýdogdy Çaryýew) alym. Rahmet aga (Rahmet Gylyjow) alym. Osman aga pahyr (Osman Ödäýew) çyn alymdy. Orazguly aga (Orazguly Annaýew) alym. mugallym Begmyrat aga (Begmyrat Weýisow) hakyky alym. Başga-da kän hakyky alymlar. Diňleseň diňläp doýup bolmaýar.
Meň bolsa, şoldugymy ýa däldigimi şolar aýdaýmasa.

0
3 Елена_Прекрасная  
462
Menem kellam dury wagty gyzyklanyan hukuk bilen. Gaty köp yerde gerek bolyar. Onson sorag: atamyn enemin doganlary menin yakyn garyndaşym bolyarmy?

0
4 Bagabat  
43
Ataň doganlary ýakyn garyndaşlaryňa girmeýär.
Ýakyn garyndaşlara kimiň girýändigini Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň ýaňky sanawynda görkezilýär.
Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 1-nji maddasynda garyndaşlyk hakda şunuň ýaly hukuk kesgitlemeleri bar:
14) garyndaşlar - öz aralarynda ganybir garyndaşlygy bilen baglanyşykly we biri-beýlekisinden ýa-da umumy ata-babadan gelip çykýan adamlar. Garry ata (garry ene), garry baba (garry mama), ata we ene, baba we mama, kaka (eje), ogul (gyz), agtyklar, çowluklar, doganlar, daýylar (daýzalar), ýegenler we beýlekiler garyndaşlar bolup durýarlar;
15) ata-babalaryna barýan ugur boýunça garyndaşlar - ata-babalaryna barýan ugur boýunça garyndaşlygy bilen özara baglanyşykly adamlar, ýagny haçan-da oňa zürýatdan ata-baba garalanda: agtyk, ogul, kaka, ata;
16) ata-babalaryndan gaýdýan ugur boýunça garyndaşlyk - ata-babalaryndan gaýdýan ugur boýunça garyndaşlygy bilen özara baglanyşykly adamlar, ýagny haçan-da oňa ata-babadan zürýada garalanda: ata, kaka, ogul, agtyk.
Ýöne, ýakyn garyndaşlykdan başga garyndaşlyk gatnaşyklary adatça hiç hili hukuk ähmiýetli netijeleri döretmeýär ýa-da ujypsyz hukuk netijelerini emele getirýär.
Diňe Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1096-njy maddasynda kanun boýunça mirasdarlykdaky nobatlar hakda kadalarda daşgyn garyndaşlygyň hukuk netijeleri bellenilýär. Ine şeýle:
1. Kanun boýunça miras edilende deň paýly hukuga şular mirasdar bolup durýar:
birinji nobatda – çagalar (şol sanda ogullyga alnanlar), äri – aýaly we öleniň ene – atasy (ogullyga alyjylar), şeýle hem ölenden soň onuň doglan çagasy;
ikinji nobatda – öleniň doganlary we uýalary, onuň atasy we enesi, babasy we mamasy.
3. Agtyklar, çowluklar we ýuwluklar, eger miraslyk ýüze çykan döwründe, miras galdyryjylaryň mirasdarlary bolmaly şolaryň ene-atalary diri bolmasa, başga görkezilenler kanun boýunça mirasdarlar hasaplanylýar hem-de kanun boýunça miraslyk edinilende olaryň ölen ene-atalaryna degişli bolup biljek paýa deň derejede miras alýarlar.
Agtyklar, çowluklar we ýuwluklar, eger olaryň ene-atalary mirasy almakdan ýüz öwren bolsalar, mirasdar bolup bilmezler.

0
5 Елена_Прекрасная  
462
Onda garyndaş bolyarda. umumy ata babadan gelip cykan adam bolyar a. Garry enem bilen garry atamyñ dogany, erkek doganynyñ çagalary

0
6 Bagabat  
43
Bägül, jigim, ýene-de "ýakyn garyndaş" bilen "garyndaş" düşünjesini çalyşýaň. Ýaňky teswirimde aýtdym ahyry: "ýakyn garyndaşlykdan başga garyndaşlyk gatnaşyklary adatça hiç hili hukuk ähmiýetli netijeleri döretmeýär ýa-da ujypsyz hukuk netijelerini emele getirýär."

0
7 Елена_Прекрасная  
462
Edil Abeliks bilen Asteriksiñ barda :)

0
8 Bagabat  
43
Saňa, jigim, maslahat bereýin:
2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda: "Administratiw önümçilik hakynda" Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Şol Kanunyň 8-nji maddasynda şeýle diýilýär:
1. Her bir şahsyň özüniň hukuklary we kanuny bähbitleri bilen gönüden-göni bagly bolan meseleler boýunça administratiw edara ýüz tutmaga, haýyşnama bildirmäge ýa-da administratiw edaradan maglumat almaga hukugy bardyr.
2. Administratiw edara bu ýüz tutmalar boýunça degişli çözgütleri kabul etmäge ýa-da maglumaty bermäge borçludyr.
Şonuň ýaly-da, şol Kanunyň 42-nji maddasynda şeýle bellenýär:
Gyzyklanýan şahslar öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen administratiw nama ýa-da administratiw namany kabul etmekden ýüz dönderilmegine, şeýle hem administratiw edaranyň hereketine ýa-da hereketsizligine şikaýat etmäge hukuklydyrlar.
Ýene-de şol Kanunyň 43-nji maddasyny okasaň, onda şeýle bellenýär:
1. Administratiw nama administratiw şikaýat bermek arkaly administratiw ýa-da kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.
2. Administratiw tertibindäki şikaýat ýokarda durýan administratiw edaranyň hut özüne ýa-da administratiw namany kabul eden ýa-da hereketi (hereketsizligi) amala aşyran edaranyň üsti bilen berilýär.
3. Eger şikaýat etmegiň gaýry tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk bolsa, kazyýet tertibinde administratiw nama şikaýat etmek, şikaýat administratiw tertipde seredilenden soň amala aşyrylýar.
4. Ýokarda durýan administratiw edara bolmadyk halatynda administratiw nama gönüden-göni kazyýete şikaýat edilip bilner. Şu ýagdaýda şikaýat etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Bu Kanunyň elektron görnüşini, ine şu taýdan tapyp bilersiň: https://minjust.gov.tm/mcenter-single/88

0
9 Bagabat  
43
Ýaňy "ýakyn garyndaşlara" kanunçylygyň nukdaýnazaryndan kimiň girýändigi hakda "Myhman depderi"-nde jogap galdyrypdym welin, üns bermedik bolmagyň ahmal.
Ine, täzeden goýýan:
Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 1-nji maddasynyň 17-nji bendine laýyklykda:
"ýakyn garyndaşlar - ata-eneler (şol sanda perzentlige alanlar), är-aýal, çagalar (şol sanda perzentlige alnanlar), ata we ene, baba we mama, agtyklar, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlar" bolup durýar.

0
10 Елена_Прекрасная  
462
Hawa düşündim muña. Myhman depdere serediñ. Name ucin notarial edara diñe yakyn garyndaşlaryn şertnamalaryny tassyklayar?? Garyndaşlaram tassyklasa bolmayarmy? Razycylyk bolsa tassyklap bilerä

0
11 Bagabat  
43
Siz, ilk-ä material edilip açylan maglumatlary ünsli okasaňyz, soňam 9-njy teswiri. Belki özüňize laýyk bolaýjak jogaby taparsyňyz?!
Şular bilen kanagatlanmasaňyz, mend-ä başga jogap ýok.
Ýa-da bu kadalary has bilýänräk, has tejribeli hukukçy bilen maslahatlaşaýmasaňyz...

0
12 Bagabat  
43
Onsoňam, hökman sowgat etmek şertnamasyny baglaşmagyň zerurlygy barmy?
Satyn almak şertnamasyny baglaşsaňyz bolmaýarmy?
Şol bir möçberde döwlet pajy tölenilýär.

0
13 Елена_Прекрасная  
462
Bir garyndaşyma gerekdi şondan soradym. Jogabynyza sag boluñ tanry ýalkasyn!

0
17 Bagabat  
43
Bile ýalkasyn, @Ýelena hanym! Kim sorap bermegi haýyş edenem bolsa, haýryna ýarasyn!

0
14 Adamzat  
141
Berekella, gaty aktual mesele, ýöne 5-nji we 7-nji bentler artykmaç.

0
16 Bagabat  
43
Men-ä artykmaç hasaplamaýaryn. Sebäbi düşünjeli hünärmene gabat gelseň, ol Forma-3 soramaýar, pasportyň özi barka onuň göçürmesinem talap etmeýär. Sebäbi Forma-3 kepilnamaň berýän maglumatyny pasportyň origanylynyň 9-njy sahypasy (ýazgyda durandygyň hakda möhürçe basylan sahypa) berýär. Emma, käbir dikdüşdä welin, gep düşündirip bolmaýar. Elbetde, özüň hukukçy ýa-da şerraý bolsaň, düşündirip bolar. Özüne düşündirip bolmasa, ýolbaşçysyna düşündirseň bolar. Ýöne, adatça, şol kepilnama bilen pasport kopiýasy şonça kelle agyrdanyňa degmeýär.
Şoň üçinem: "Кашу маслом не испортишь" hem-de "Praemonitus, praemunitus" (Кто предупрежден тот вооружен).
Türkmen aga bolsa: "Ýok bolup "wah" diýeniňden bar bolup "meh" diýeniň ýagşy" diýýär. Onsoňam: "Gerekli daşyň agramy ýok" diýen bir nakylam bar.
Umuman, sähelçe zatda-da: "Iki ýurist üç pikir" diýlenine baryp barýa :-).
Belligiňize minnetdar.
Bahana bilen diňe hukuk tejribesini däl-de durmuşy tejribänem aýtmaga mümkinçilik döredi.

0
15 Adamzat  
141
Has dogrusy, 7-nji bentdäki taraplaryň garyndaşlyk derejesini tassyklaýan resminamalaryň (nika ýa-da dogluş şahadatnamalaryň we ş.m.) nusgalary zerur, ýöne pasport muňa girenok.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]