09:32

Hukuk sorag-jogaplary – 4: Döredijilige bolan hukuk we onuň kanunçylyk esaslary

Категория: Hukuk maslahathanasy | Просмотров: 396 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Hukuk maslahathanasy bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 16
1
1 mango  
651
haýsy döwürde ýaşaýanlygyna garamazdan dürli kärdäki adamlar döredijilik bilen meşgullanmak üçin Konstitusion we beýleki kanunlaryň kepillendirmegine garaşmandyrlar.


1
6 Bagabat  
43
Muň üçin, 50 000 ýyl geçmişe gitmeli. Eşigiňi sypyryp, diňe sulbaňy bölejik deri bilen örtmeli. Ýaragyň - ujy oda ýakylyp ýiteldilen agaç, iriräk haýwanyň gemrilen omaçasy, öýüň - gowak ýa-da tokaý, iýmitiň - gündeki tapan-tupanjaň, jemgyýetiň - üç-dört sany özüň ýalydan ybarat süri, sungat esbabyň - komp, smart däl-de, galam deregine ulanylan ýanman galan agaç kömür bolmaly. Minnetem özüň bilen töweregiňdäkilerden çekäýmeseň, gylyçgyýak babyr topulsa-da, gowak aýysy ýa-da garaşir atsa-da, şahburun hüjüm etse-de, özüňden başga dadyňa ýetjek ýok. Sowugam, gyzgynam, açlyk-doklugam, kesel-saglygam, zeruryýetiňi gandyrmagam, bir-ä diňe özüňe, birem ýanyňdaky üç-dört sany sürüdeşiň seni goldaýşynyň pugtalygyna bagly...
Bu-da medalyň beýleki tarapy.

1
9 mango  
651
dogry, bagabat däde.
ýöne bu öküze baksana.
meniň üçin-ä bu näbelli awtoryň öküzi babasaryň berzengidäki öküzinden kem däl.
ajaýyp gowak eseri.
eser döretmek üçin geýim geýmegem şert däldirle.
şertleriň döredilmegem şert däl ýaly.
eliňe bir bölek kömür almak ýeterlik....

1
10 Bagabat  
43
O manyda diýýän bolsaň, aýdýanyňy 100-ä däl, 1000% goldaýan.
Daş asyrynda ýaşan paleonakgaşlar üçin kömür bölegi gerek bolan bolsa, şahyr üçin elmydama-da, hatda kömürem gerek däl.
Diňe ýüregi bilen aňy – ikisi birigibem ruhy bolsa bolany.
Ýazmagam gerek däl.
Şygyr şo derejede ýüreklere ýol salsa, halkyň özem ony ýat bekläp, gursagynda saklap, apalap, atadan-ogla, eneden-gyza miras geçirip, müňlerçe ýyl ýaşadýar.
Mysalmy?
“Alp Ärtöňňe”, “Ergenekon”, “Oguznama”, “Bozgurt”, “Gaýawata hakda aýdym”, “Beýik Ýuý hakda rowaýat” we ş.m..
Sungat näme?
Daşyň artykmaç bölegini aýryp, nepis eseri lokga harsaňyň bendiliginden çykarmakmy?
Meniň pikirimç-ä – ýok.
Sungat – bu, ýürekden çykaranyňy ýüreklere barar ýaly görnüşde aňlatmak (muňa beýan etmegem girýär, şekillendirmegem, eşitdirmegem, görkezmegem, syzdyrmagam, ýonmagam, taraşlamagam, dokamagam, sünnälemegem, çitmegem, gaýamagam...).

1
11 mango  
651
(ýazasym gelýän zatdan bir bölejik epizodyny senden soraýynla, serdar kaka)
ine, göti ýalaňaç çagajyk uly täretini ejesine görkezýär:
–eje, seretsene, bokumdan gül ýasadym.
seret owadandygyny, seret oň inçelip, towlanyp durşuny.... :-)
indi, sorag.
bu esere sungat diýip bolarmy?
iň bolmanda çaga we ejesi üçin (we käbir meň ýalylar üçin).
edil aýdyşyňyz ýaly ýürekden çykyp ýürege barmasada....
meniň üçin, çaga sungat eserini döretdi.
berekellasyny bermeli şeýle çagalara.
köpler üçin bolsa ol diňe bir - poh.
(manyny tutjak boluň :-))

1
12 Bagabat  
43
Düşündim, diýjek bolýanyňa.
Ýöne, hut şonuň üçinem: "wagt görkezer" diýilýär-dä.
Elbetde, utrirowat etseň, islendik çyrşaňňyny sungat derejesine çykarsaň bolýar.
Ýaňky teswirde-de öz pikirimi aýtdym. Haýsydyr bir döredilen zat (heniz eser däl, haçan-da ol sungata öwrülensoň “eser” bolýar) hakykatdanam sungat derejesine çykmagy üçin ol wagtyň, birnäçe nesilleň synagyndan geçmeli, şol birnäçe nesilleň aňyna, hüý-häsiýetine täsir etmeli.
Elbetde, köpçülik tarapyndan haýsydyr bir gysga wagtlaýyn şowhuna eýerilip ykrar edilýän ýa-da jemgyýetde ýüze çykan hadysa bilen hörpdeş geleninde köpleň (“ýöntemleň” diýseň kemsitdigiň boljak) huşuny başyndan uçuryp, “tolkuny eýerleýän” zatlaram bolýar.
Mysal üçin, şu wagt Ýeriň ýüzünde ürç edilip görülýän (inet maglumatlaryna görä ony 110 million tomaşaçy görüpmiş) Günorta Koreýaň "Kalmara oýny" serialy?
Sungatmy?!
Eger-de, köp adamlaň tomaşa etmegi we ony ykrar etmegi nukdaýnazaryndan ugur alsaň-a ol serial "naýbaşy sungat". Ýöne, diňe şü "köpçülik" kriteriýasyndan ugur alynmaýanam gowy.
Ýa-da öz pohuny çüýşä salyp, ondan "eser" ýasap sergä çykaran italýan hudožnigi Pýero Mandzoni ýa-da adaty peşewnowadan "skulptura" ýasan Marsel Dýuşanam megerem, öz ýanlaryndan "sungat eserini döretdik" diýip hasap edendirler.
Adatça, şuň ýaly çekişmeler ýüze çykanda bir sowal berýärler.
Sorag:
Nejasat nejasat bolýarmy ýa-da onuň tagamy hil-hilmi?
Jogap:
Muny bilmek üçin özüň nejasatyň tagamsöýeri (gurmany) bolmaly!

2
2 Haweran  
411
Ady, kimdigi wajyp däl. Bir daýza bar. Şahyr. Gowy şahyr özem. Saýtda-da eserleri bar. Eserlerini öler ýalam kitapçyda goýdurasy gelýär, bize göçürdip ýöne.
"Halypa" diýip ýanyna barýan talyp gyzjagazlara-oglanjagazlara el hakyny berip göçürdibermeli, onam edenok. Ýagdaýy, mümkinçiligi ýoksuzam däl. Biz ýaly kireýsiz kilim kakýanlar gerek oña. Internete-de şeýle bir aktiw - günde-günaşa imo diýdi-ýene näme diýdi gündelik ulanylýan internet ulgamlarynda gysga ýazgylaryny, goşgularyny goýýar, kitapçyñam ýegre okyjysy.

* * *

Gürrüñiñ başga bir tarapy: saýtda eserleri paýlaşylýan ýa özi paýlaşýan gelin-gyzlarymyzyñ käbirini "eserleriñizi metbugatdan başga ýerde bermäñ, internetde görünmäñ, kitapçydanam aýyrdyñ!" diýip ürküzýär, dowul ýaýradýar. (Imo, instagram ýaly wälli-wüllili ýerler internet dälmiş-de, kitapcy.com internetmiş).
Ýogsam bolmasa, kitapçyda berilýän eserleriñ agramly bölegi öñ metbugatda çap bolan we metbugatyñ web saýtlarynda ýaýradylan eserler.

* * *

Sanly ulgama geçilýän, internet ulgamyndan netijeli peýdalanylýan we pudaklaýyn web saýtlara ünsüñ şeýle açyk we güýçli berilýän döwründe, munuñ döwletimiziñ ýöredýän syýasatynyñ bir ugrudygy görnüp durka, döwletiñ öz goldawyndaky pudaklaýyn we edebi saýtlar (milligosun, serhetabat-dowletabat we ş.m) barka we bu saýtyñ şol asylly işlere diñe şahsy goşantdan başga zat däldigi açyk-aýdyñ görnüp durka, bular ýaly gereksiz we adamlaryñ añyny bulaşdyrýan işlere güýmenmegiñ özi - döwrüñ adamyna, onda-da döredijilik adamyna diýseñ gelşiksiz, hatda çişirip aýdýar diýmäñ - şol zamanabap işleriñ aýagyna çolaşýan hapa kerep...

* * *

Serdar aga, uzyn gepiñ keltesi, şahsy döredijiligiñ internet bilen baglanyşygy barada-da agzalarymyzyñ ýüregine sowuk suw sepiji-arkaýynlaşdyryjy taraplarynam ýazaýsañyz, köp hoşal bolardyk.

0
3 Bagabat  
43
Ok.

1
4 Aksary  
876
Bu suratda birnäçe şekil barmy!
Men-ä ýekeje öküz bar-a meñzetdim.

1
5 Hyýalkeş  
752
"Eserlerini göçürdip goýdurasy gelýär. Talyplara el hakyny berip göçürdäýmeli"
Özi girýän bolsa nämä gerek göçürtmek? Telefonda (kompda) ýazyp bilýändir-ä. Başga biriniñ adyndan goýsa-da bolýar-a özüdigini mälim etmejek bolsa.

1
7 Nurdan  
100
Alla ýalkasyn Agam, sagboluñ, bar boluñ, köp, köp minnetdar!

1
8 Bagabat  
43
Ok.

1
13 Елена_Прекрасная  
462
Mysal üçin: Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 153-nji maddasyna laýyklykda, awtorlygyň eýelenilmegi, awtorlyk ýa-da gatyşyk hukuklaryň obýektleriniň, şeýle hem patent bilen goralýan oýlap tapyşlaryň, peýdaly modeliň ýa-da senagat nusgasynyň bikanun peýdalanylmagy, eger olar:
a) bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,
zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär. Onda gönümel jenayat jogapkarciligine cekip bolanok ekeni dä Awtorlyk hukugyny bozan adamy ??

1
14 Bagabat  
43
Jogap, materialyň tekstinde bardy:

Türkmenistanda raýatlaryň awtorlyk hukuklary kanun esasynda goralýar. Awtorlyk hukuklarynyň bozulmagy bolsa hereket edýän kanunçylykda bellenen jogapkärçilikleriň dürli görnüşleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Hukugyň nazaryýetinden belli bolşy ýaly, awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklaryň bozulmagy bilen baglylykda ýüze çykýan hukuk (ýuridiki) jogapkärçiliginiň esasy görnüşleri şular bolup durýar:
1. Raýat-hukuk jogapkärçiligi;
2. Administratiw-hukuk jogapkärçiligi;

3. Jenaýat-hukuk jogapkärçiligi.

Mysal üçin: Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 342-nji maddasyna laýyklykda, awtorlyk ýa-da gatyşyk hukuklaryň, şonuň ýaly-da awtorlygyň eýelenmegi, patent bilen goralýan oýlap tapyşlaryň, senagat nusgalarynyň, seleksiýanyň gazananlarynyň bikanun peýdalanylmagy, eger bu uly möçberde ýitgi çekilmegine getiren bolsa – binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

Mysal üçin, Biriniň awtorlyk hukugy bozuldy. Ol degişli edara bellenen tertipde ýüz tutdy. Etmiş edeniň günäsini şol edara subut etdi we ony administratiw jogapkärçilige çekdi. Hukugy bozulanam bir wagtyň özünde kazyýete raýat hak isleýiş arzasy bilen ýüz tutup, öz awtorlyk hukugynyň bozulandygy üçin özüne ýeten maddy we moral zyýanyň öwezini doldurtdy.
Bir aýdan soň ýaňky etmiş eden fiziki şahs ýene-de gaýtadan şol öňki awtoryň awtorlyk hukugyny bozdy. Ine şu ýerde jenaýat jogapkärçiligi ýüze çykýar.
Ýa-da şeýle etmiş adamlaň topary (iki we ondan köp adam_ tarapyndan edilen bolsa, onda jenaýat jogapkärçiligi göni ýüze çykýar.

0
15 Елена_Прекрасная  
462
Düşündim

0
16 Hyýalkeş  
752
Nefertita, başga biriniñ adyndan diýdigim ýagny, ýazgysyny özi taýýarlaýa, ýöne goýduran-da saýtdaky başga bir agza goýdurýa. Bu islendik kişi bolup biler. Kimdir birine bu saýta agza bol diýip biler. Şony göz öñünde tutupdym. Muña-da @Haweran jogap beripdir hemem dogry düşünipdir: Kompda ýa da telde uzak işläp bilmeýärler diýip.
Nefertita, size-de maslahatym ýazylan zatlara dogry düşünjek boluñ.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]