17:30 Ikatýok | |
IKATÝOK
– Sag gurgun otyrmyň, Bike enemiz? Gürrüň diňlemäge geldik ýene biz. Saçy juda agam bolsa, Agzynda diş ýogam bolsa, Gözleriniň owasy içine çöken, Bike ene diýseň dilewar eken. Assa nazar bilen bize gözlär ol, Soň ertekiň ýumagyny çözlär ol. – Bir bar eken, bir ýok eken, balalam, Gadym eýýam söýgi bilen halanan, Iki aty bar ekeni bir baýyň, Owadanmyş, misli bölegi aýyň. Birisi Laçynmyş, biri Kepderi, Ýadamazmyş geçselerem köp ýeri. Bärsinden girende ala meýdanyň, Ýada salyp uçuşyny peýkamyň, Süýnüşin görenler galarmyş haýran, Owazasy külli jahana ýaýran. Baý bolsa-da şol atlaryň eýesi, Garyp gojamyşyn olaryň seýsi. Barmyşyn bir ogly, aýaly bolsa, Gidenmişin gelinmeýän alysa. Işi-aladasy, ýürek karary, Atlarmyş ýanynda ýeke dikrary. Bahar günlerinde, ikindin çakda, Atlaryny daňyp gelip ýatakda, Gojaň öýlerine gelen pillesi, Güllän erikleri, ýykyk külbesi, Görünen mahaly has-da mähriban, Syrylan mahaly asmanda duman, Ezraýyl asmanda gamçysyn bulap, Ýere inenmişin atyn gamçylap, Gojanyň daşynda edenmiş öwrüm, Goja diýenmişin: – Bäri gel, oglum, Gözüm garaňkyrap, agyrap başym, Megerem, peýmanam dolar meň basym. Oglan gorkup, düşenmişin gyssaga, Goja başyn goýanmyşyn ýassyga. – Oglum, ýalňyz galmak bolsa miýesser, Atlary unutma, şol maňa bessir. Bakyber atlary bakyşym ýaly, Gije turup, suwa ýakyşym ýaly. Atlar öz tamaňy ödesin, oglum, Kem etmegin olaň idisin, oglum! Der döküp işlegin, işlegin guzym, Bagtyň açyk bolsun, ömrüňem uzyn. Ýerine düşsün seň tutan maksadyň, Ykbal seni penasynda saklasyn. Duz iýen ýeriňe bolmagyn duşman, Soňra ökünersiň, edersiň puşman, Jan oglum ýadyňda saklagyn hergiz… Yzynda ogluny galdyryp ýalňyz, Gutarmanka aýtmak islän sözlerin, Goja müdimilik ýumýar gözlerin. Suwsuz daragt deý başyny egip, Hossarsyz, dost-ýarsyz galanmyş ýigit. Her hal il-güni gowy eken, gowy, Oňa mydam beripdirler goldawy. Ýigidiň derdini paýlaşanmyşlar, Goja biçäräni jaýlaşanmyşlar. Aý geçýär, ýigidiň ýüregi sowap, Atasynyň kesbin etdirýär dowam. Bahar günlerinde säher çagynda, Atlarynyň garasyn-da, agyn-da, Alyp, uzaklarda edýärkä gezim, Alysda bir gara düşenmiş gözi. Golaýna barsalar bäş sany atly, Murty towly, bir-birinden haýbatly, Biri has-da öňe çykyp, sömelip, Guşagy sallanyp duran gamaly. Sakgaly ketgene, görnügi jyna, Garny bolsa, dykalanan horjuna, Meňzäp duran adam başlanmyş söze. Nöker: – Söküp uzak ýoly, uzak menzilden, Atyňyza aşyk bolup geldim men. Garyp, ýeňiýolukdygňy eşitdim, Ýüzüň neüçin solukdygny eşitdim. Isläniň al, atlaryňy bahala, Müýnürgeme, soň arama bahana. Ýigit: – Biri bagtym bilen göz röwşenim, Säher ýagyrnysy elwan öwsenim, Biri şatlyk bilen ömrümiň ýazy, Söwdaňyza bolup bilmerin razy. Nöker: – Ýigit, diýenimi etseň ýagşy bor, Toýuňda gygyryp, atly bagşylar, Sulh alan gyzyňa bolarsyň gurban, Razy bolaýgyn ýer depip durman. Ýigit: – Ýok, ýok, ýene aýdýan bolmaryn boýun, Şo tarapdan bolaýyň siz arkaýyn. Ata wesýetine zeper eýlemen, Alan nesihatym, pendim şeýle meň. Nöker: – Eger aýdanyma gulak asmasaň, Seni şunda guma duwlap, islesem, Sözüm diňläp, sarpa goýýan nökerlem, Gyrmyz ganyň katra-katra dökerler. Seýsiň ýere bakyp, dyman mahaly Nökeriň serine urup gahary, Duran nökerlerne berenmiş buýruk: – Tutuň-da deýýusy, kyrk gamçy uruň, Soňra jylawyndan tutup bedewleň, Gelen ýerlerine gaçyp gidenler. Baharyň şemaly, säher şemaly, Ýigidiň halyna halasgär ýaly Ýetişiň agyran başyn sypalap, Ony gam-gussadan eýläň siz halas. Baharyň görnügi, açylan güller, Päkize ysyňyz daşa ýaýradyň, Siz ýigide peýda ediň, haýr ediň, Çal tüssä çalymdaş bulut ýokarda, Äkit sen ýigidiň derdin gopar-da! Balalam, nädeýin uzaldyp gepi, Ýetişenmiş ne gülüň, ne bulduň nepi, Kä Kepderä münüp, käte Laçyna, Aýagynyň üstünde göge galşyna, Begenip, guwanyp, bolup şadyýan, Münüp, düşüp, oýnap, çapyp ýadaman, Oýun guran bir-birinden zyýada, Gelýän ýigit, gelýär bu gün pyýada, Çekýän ýaly biri ezeneginden… …Baý gyzy ak öýüň gözeneginden, Bakanmyşyn ýaş seýise naýynjar, Oýlanýar, bilenok nämeden ynjan. Näler barýar ýigit baýyň ýanyna, Baý habary eşdip, sygman donuna, Gözleri ýigrençden bolup pürepür, Buýrýar aýalna: – Gylyjy getir! – Şumy maňa berjek nepiň ýal ýagsy- Diýip, senden dynmaklykdyr gowusy. Gylyjy ýigide salan halaty Seýsiň uzaklara ýetip nalasy, Bolanmyş durşuna lowlaýan ýalyn, Baýyň ýüzne çabyranmyş bir salym. Birdenem şol ýalyn, galanmyş göge, Baýyň aýallarna diýdirip “toba”. Ýüzi daň säheriň şapagy ýaly, Billeri almanyň sapagy ýaly, Baý gyzy ak öýüň gözeneginden, Seredip pyşyrdan “ne gözel oglan”. Sereden gyrnaklar hem talabanlar, Baýyň özün, it-pişigin ýallanlar. Ot asmanda ögrüm edip az pille, Täsin guşa öwrülenmiş pel-pelläp, Ana şol wagtdan, şol günden bäri, Atlaryny küýsäp, artyp azary, “Ikatýok”, “Ikatýok” hany, ikatym, Päkize asmanda ýaýyp ganatym, Yzlasam, aýlansam ülkeme-ülke, Atlarym öňümden çykarlar belkäm- Diýip, gözläp ýörmüş şindi-şindizem, Gözlegde geçirmiş gije-gündizin. Gurbandurdy ORAZOW #çagalara degişli 12-nji goşgy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |